Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:55
Goşguly kagyzy ýere taşlamaň!


Ol ýürek ahyry!
Ol-ýürek!
Ýürek!..
Goşguly kagyzy ýere taşlamaň!
Ýürege iru-giç çykýandyr gerek,
Goşguly kagyzy ýere taşlamaň!

Hemme şahyr meňzeş bolmaz, bolmanam.
Käsi ýazman oňar,
ýazar oňmanam.
Bu olaň öz işi, diýjek bolýanym:
Goşguly kagyzy ýere taşlamaň!

Owal-a söz diýlen aýalsa käşgä.
Akla ezlip, duýga boýalsa käşgä.
Olam bolmadymy...
Bolmasyn äşgär,
Goşguly kagyzy ýere taşlamaň!

Görseňiz, eýesiz çaşyp ýatanyn,
Ýygnaweriň, haýa edip, utanyp.
Mümkin, ady bardyr eziz Watanyň,
Goşguly kagyzy ýere taşlamaň!

Şahyr bolup gelmedikleň hakyna,
Şahyr bolup bilmedikleň hakyna,
Şahyr bolup, ölmedikleň hakyna,
Goşguly kagyzy ýere taşlamaň!
Bölümler: Goşgular | Görülen: 231 | Mowzugy paýlaşan: Aygul | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 39
avatar
-1
1 Gerceknazar • 15:04, 17.04.2023
"Çagalykdan bäri ýazan goşgylam,
Porsaşyp ýatyrlar hajathanada."

(Gerçeknazar Amannazarow "Şirinli günler" sonetler çemeni )
avatar
0
2 Мango • 15:20, 17.04.2023
Aýgül hanym, nämüçindir meni ynandyryp bilmediň.
"söz ...akla ezlip, duýga boýalmadyk" bolsa ol goşgumy?
her kagyza ýazylan setirlere goşgy diýip bolarmy?
öli dogan setirleri topraga ibermän başga näme etjek?

düşünýän Söz barada diýmek isläniňize.
(ilkibaşda Söz bardy...)
avatar
0
3 Aygul • 15:21, 17.04.2023
Gowy setirleri mysal getiripsiňiz.
avatar
0
4 Medicall • 15:25, 17.04.2023
Soňky bent has güýçli bolupdyr, umuman "Iniňi tikenekledýän" diýilýänlerden bu.

Aýgül! "Ikimiziň gürrüňimiz gutarmaz" diýip goşgyň bardy, Paýlaşsaň begenerdik!
avatar
0
5 Medicall • 15:35, 17.04.2023
Aslynda-da goşguly kagyzy görmesiz ýerde görseň başgalar-a bilemok, men-a gynanýan. elbetde her sözden goşgy bolanok, şonda-da goşgy ýazjak bolmagyň özem ýüregiň bilen arzuwlaňy, duýgulaňy kagyza geçirjek bolmakmyka diýýän. Söze hormat goýsaň-a eltip bolmaýar olary her ýere.. taşlamaly, ýakmaly ýerlerem bolsa bolýandyr, emma ýer bar, ýer bar, söz bar, söz bar-da..
avatar
0
6 Medicall • 15:37, 17.04.2023
@ Gerçeknazara sorag. Ol goşgularyň köplüginden ýaňa özüň eltip taşladyň gerek olary şol ýere?!
avatar
0
7 Pero • 15:42, 17.04.2023
Ýa-da utanypmy? Utanyp diýmegiñi näler islärdim,emma weli beýle däldir öýdüp öñünden gynandym.
avatar
0
8 Pero • 15:48, 17.04.2023
Aýgül,söz bar sözjan bar. Goşgy bar goşgyjan bar. Señ bu goşgyñdaky sargydy hemmesine degişli hasap etmeli dälmikä diýýän.
Eger ýazanyñ özi "taşlaýan" bolsa goý taşlasyn! Diýmek iller bilmäkä ýazanyñ özi taşlamaga mynasypdygyny bilen bolmagy mümkin.
Ýazyp dur,galamyñ ýiti bolsun!
avatar
0
9 Мango • 15:59, 17.04.2023
hajathana goýlan goşgularyň onuň erbetligini aňlatmaýar.
просто hajathana kagyz geregem bolup biler ahyry :-)
avatar
0
10 Aygul • 16:02, 17.04.2023
Menem görünmeýän ýerde bir goýsalar diýjek bolýan, iň bolman. Bu goşgy "goşgular"hakda.
avatar
0
11 Aygul • 16:03, 17.04.2023
Goşgy diýilýän zady ýürekden cykaraňda beýle-de bolmaz welin
avatar
0
12 Medicall • 16:03, 17.04.2023
"Şirinli günler sonetler çemeniniňem" bir gün şol ýerden çykjagyna uly ynamym bar-aý :))
avatar
0
13 Gerceknazar • 17:09, 17.04.2023
Ýok özüm taşlamok. Şol çagalykda ýazan goşgylarym bolan bolsady şu wagt üstünde işläp , has gowy goşgy döredip bolardy. Iň bolmanda ýatlama döredip bolardy. Indi golýazmalarymy juda aýap saklaýan.Şeýtmeseň boljak däl. Iň bir gerek däl hasaplaýan goşgylaryň içindenem gowja setirler duş geläýýär. Şonuň üçin aýap saklamak gowusy.
avatar
0
14 lirika • 20:21, 26.04.2023
Menem öz pikirimi aýtsam. Gosgyny ýere taslanyñ bilen üýtgesik aýyp zady ýokmyka diýýän (hapa bedrä taslasalar onda basga gürrüñ...). Çünki adamyñ özem iñ sonuñda ýeriñ teýinde ýerlenýär.
Babakelanlarymyz: ,, Iñ ynamly zat - ýer" diýip rast aýdypdyrlar. Hakykatdanam, su ýer sara bolan ygtykadymyz bilen ýasaýas, öý gurýas, isleýäs, arzuwlarymyza baka assa-assa ýöreýäris. Diýmek, ýere taslanany bilen aýyp zady ýog-a

Hawa, bu gosgyny Türkmen döwlet nesirýat gullugy tarapyndan geçirilen dususykda(dususyga gatnasmasamam) okanyñ ýadymda Ýöne has gowrak gosgy okanyña garasypdym
avatar
0
15 Aygul • 20:28, 26.04.2023
Salam Bägül. Gowymy ýagdaýlaryň? Pikiriňi aýdanyň zyýany ýok-la.
avatar
0
16 Aygul • 20:37, 26.04.2023
Ýene-de goşgularym bardyr, görüşdirseň.
avatar
0
17 Saryýew • 20:43, 26.04.2023
Goşgynyň 3-nji, 4-nji, 5-nji many gatlaklary barada gürrüň ediläýjek ýaly welin, eger-eger... Harplyk baýramy ýadyma düşüp gitdi, teswirleri okap...:)
avatar
-1
18 lirika • 21:08, 26.04.2023
Men Bägül däl-ä. Men näme gyza meñzeýänmikäm?. Aýgül hanym, men erkek adam
avatar
0
19 Aygul • 21:11, 26.04.2023
)))
avatar
0
20 Балканов • 23:24, 26.04.2023
Salam Aýgül jigim! Diliňe güller bitsin! Seniň ullakan gelejegiň bar, nesip erse sen meşhur şahyr bolup ýeyişersiň. Kim näme diýse diýibersin, sen şu ýörelgäňi ädimme-ädim kämilleşdiriber. "It üýrer, kerwen geçer", aýdylan-diýilen zatlar kän bolar, içinde ýagşysam bolar, her hilisem.
Şygyr ýazylan kagyzy ýere (topraga däl) zyňmak ädil külli günä bolmasa-da, biedepligiň alamaty. Zyňylan kagyz basgylanmagy, hapalanmagy mümkin. Bir kişiniň gijeler ýatman joşan kalbynyň owazy äsgermezlik bilen haraplanmagy mümkin.
Goşgy ýazylan kagyz indiden beýläk ulanylmaga ýaramasa, onda ata-babalarmyzadan gelýän asylly däp boýunça ýazgyly kagyzyň (isle latynça, isle kirilisada, isle arapça bolsun) ýüzüne üç gezk arassa suw akydyp, soňra "jaýlamaly"--arassa topraga, çägä gömmeli. Ana şeýdilse biz eždatlarymyzyň ýolundan azaşmarys hem-de näbelli-belli awtoryň öňünde wyždanymyz päk bolar.
avatar
0
21 lirika • 23:44, 26.04.2023
Balkanow, kalby josup gosgy ýazýanlañ gelejekde meshur sahyr bolmak üçin ýazýarlarmyka? Menem Aýgüli döwürdes zenan sahyrlaryñ arasynda ikinji orunda goýýan. Onsañam, men ýamanlyk etjek bolmadym (aslynda, hiç kim bu dünýäde adam adama ýamanlyk edip bilmez-Rahmet Gylyjow-Olar diñe ýagsylyk edýärler).
Men Aýgüliñ esasy bir zadyna beýleki sahyrlaryñky ýaly ak gosgy görnüsinde däl-de sygryñ 12süññüni saklajak bolsuna begenýärin...
Men diñe öz pikirimi ýazasym geldi. Pikirlerim gödegräk esidilýändir. Ýöne men gödek dälmikäm diýýän Göwnüñize degen bolsam bagyslañ!
avatar
1
22 Балканов • 00:02, 27.04.2023
Siz-ä meni tanaňzok, men hem Sizi (özüňizi tanyşdyrasyňyz gelenok--ol öz işiňiz), onsoň men Sizden näme üçin, nämäň esasynda gaty görmeli? Bu ýerde birek-birekden göwün galar ýaly hiç bir hadysa bolmasa näme?
Öz müňkürligiňiz bilen söz içinden monjuk göläp, ýersiz ýere yrsarajak bolýaňyz.
avatar
0
23 Mergenowna • 07:47, 27.04.2023
Balkanow, siziñ pikirñize goşulýan!
avatar
2
24 Medicall • 11:12, 27.04.2023
Hormatlylar, birine biri goşga öz düşünişini aýdany bilen, ol agzañ pikirini "it üýrip,kerwen geçer" derejede terse çekmek dogry däl meniñ pikirimçe. @ Balkanow pikiriñize hormatym bar, öň bilemokdym üç gezek suw akydylyp çägä ýerlenýändigini, görýärmiň diýmek ata-babalarymyz SÖZE uly sarpa goýupdyrlar. Gowy zatlar ýazylan, Allaň, watanyň ady ýazylan, gowy gürrüňler edilen kagyzlary hijem aýak aşak oklap, musora, zibile taşlap bolmaz, öňki gazet 1urnallary-da ýyrtmaga dözemok özüm-ä, ýygnap goýulan bary, äkidilml däl ýere äkidilmeýär.. elbetde Aýgül gowy ýazýan şahyr, muny hiç kim inkär edip bilmez, emma @lirikañ hem pikirine hormat goýmak gerek, olam erbet zat ýazanok, öz pikirini ýazýar, Aýgül onça munça bellikden çekinip yza teserden belentdigine, kine-kitüw saklap bulanyp, iñirdäp ýörmejegine, entek zady "menden aslyşýarlar" düśünjesine berilmejegine ynanýan men-a. Edebiýatda, eseri okan her kim tarapgöýlik etmän öz pikirini aýtsa (şahsyýete ýetilmezden) gowy, bir pikir ýene täze pikiriñ döremegine, awtoryñ açyk aýtmadyk pikirini doldurmaga-da ýardamy bolýarmyka diýýan. Bu ähli ýazýançylarada degişlidir.

Geliñ agzybirlikde bir birimizden ters pikirleri gözlemäliñ-de itdir kerweni ýolda taşlap bitarap pikirler bilen çemeleşeliñ okanlarymyzy seljermäge.

Ähliñize uly hormat bilen üstünlikler!
avatar
1
25 Aygul • 11:48, 27.04.2023
Men goşguly kagyzy ýere taşlamaň diýmek bilen, pes goşgy ýazyp, ýa goşga ýeňil çemeleşip, onuň mertebesini ýere çalmalyň diýjek bolupdym. Düşündirip başarmandyryn meger.
Men ünsi goşga gönükdirmeklerini islesem-de, ol nämüçindir kagyza düşýä. Megerem, kgyzyň bahasy gymmatly bolmaly.
Kagyz-kagyzdyr-da.
avatar
1
26 lirika • 14:42, 27.04.2023
wiý asyl meni gyz hasaplaýanlarynyñ bir emmasy bar eken-ä profilimde gyz diýip durun ekenim. Admine haýys etdim suwagt üýtget diýip
avatar
0
27 Мango • 15:00, 27.04.2023
birem "wiý" diýmäňizi azaltsaňyz :-)
avatar
0
28 Aygul • 15:02, 27.04.2023
Gyza meňzemez ýaly diýýäňizmi?))
avatar
0
29 lirika • 15:44, 27.04.2023
Hmm bor Mango azaldaýarys...
avatar
0
30 Pero • 16:15, 27.04.2023
Bee,görseñizläñ,aýaly erkek adama öwrüp,ýa-da tersine edip bilýä internet. Munuñ uniwersallygyny diýsenäñ :)
avatar
0
31 Pero • 16:34, 27.04.2023
Degişýändiris,Lirika gaty göräýmesin!
avatar
0
32 Nurdаn • 16:51, 27.04.2023
Hawa, degişendiris, göwne almaşak ýok! Pikirlzriñize garaşýarys!
avatar
0
33 Belki • 16:13, 09.03.2024
Şu goşgyñyzy paýlaşaýyn diýip ýördim. Özüñiz goýupsyñyz. Bir-iki ýerinde üýtgeşiklik geçiripsiñiz. Öñkisem-ä erbet däldi. Özüñiz bilýäñiz.
Ideýa hakda: Şoñ üçip goşgulary meñ ýaly telefona ýazmaly hiç kim görmäkä-dä pozup goýbermeli Wessalam )) Indi-hä asyl kelledekä pozýan. Özümem görmeli däl))
avatar
0
34 Aýgül_Baýadowa • 17:55, 09.03.2024
Döremänkä gömülýän zat kändir, Mahym jan.
avatar
0
35 paragraph • 04:58, 10.03.2024
arap dili hünärinde okaýan dostum şeýle wakany gürrüň berdi:
"öýde depderlerimi açyp ýerde goýup gidipdim, ejem görüp ýokara galdyryp goýupdyr" Arap haty ýazylan kagyzy görsek çörek gören ýaly köpümiz mukaddes zat hasaplaýas. Eždatlarymyzyň ýazgyly kagyza mukaddeslik hökmünde garaýanynyň bir sebäbi şu bolmagam mümkin...
Ýöne Makedonskiniňki ýaly sebäbiň bolsa Awesta ýaly kitaplary (kagyz hakda-ha gürrüňem ýok, tutuş bir kitap) ýakmak günä däl-de sogap bolaýmasa (elbetde, günä sogaby biz kesgitläp bilmeýäs...)
Awtor goşgy-diýmek bilen poeziýa derejesine ýeten goşgulary nazarda tutandyr diýip pikir etdim başda. soň şygyr goşgy däl-de söz hakynda gidýär diýen netijä geldim.
Söze hormatym uly, ýöne her zadyň ulanyşyna baglylykda peýda/zyýany bolýar... Pyçak ýaly...
avatar
0
36 aygull • 09:42, 10.03.2024
Menem şonuň peýdaly tarapy hakda.
avatar
0
37 paragraph • 05:01, 11.03.2024
:)
avatar
1
38 Pegas • 06:56, 11.03.2024
35-nji teswiri okap bir anekdot ýada düşdi:

- Arap telekanalyndan futbol görüp otyryn welin, kommentatoryň her aýdan sözüne enem "Omyn" diýip otyr. :))
avatar
0
39 Medicall • 07:00, 11.03.2024
Hehe)))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203