Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:09
Goşgy we şahyr
GOŞGY WE ŞAHYR

"Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil"
© Magtymguly PYRAGY

Kä şygry okasaň, ahmyr-dert içden,
Okamasaň, günä ýaly bolup du:r.
Duýgusyz setirler laýsyz kerpiçden
Galdyrylan bina ýaly bolup dur.

Döz gelmeýär sähelçejik şemala,
Ne pikri, ne duýgy, ne-de mantygy .
Ýeke özi kemsiz ýaly hamala,
Aýbyn açyp haýsydyr bir «samsygyň»

Isleýär akylly görünmek ile.
«Çöp başy yranmaz Alladan bi:din.»
Sen iliň kemini almankaň dile,
«Perişdäm» Alladan aldyňmy i:din.

Mahym bilen ara gylyç goýmaga
Zöhrä bagryn beren Tahyr bolmaly.
Ili ýigrenmäge däl-de söýmäge,
Waspyny etmäge ŞAHYR bolmaly.

© Aşyrmät GARLY
Bölümler: Goşgular | Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Pero • 08:41, 14.10.2023
Ýa-da G.Ezizowyñ aýdyṣy ýaly,"...Diñe gül döredýär ṣahyr ýüregi"(yalñyṣan bolsam. düzedäýiñ)
Garaz,ṣahyr hemme zadyñ gowy tarapyny görmeli diýýä-dä. Hadysda hem bar:"Eger bir gul baṣga bir guluñ aýbyny örtse,Alla-da onuñ aỳbyny örter." Bu kyn wezipe ilki bilen ṣahyra degiṣli eken-dä onda,saýtdaṣlar! Siz ne diýersiz? Bäṣ keleme aýdyp otyryñ!
avatar
0
2 Medicall • 22:14, 14.10.2023
dogry, her iki setiriň başyny çatan ŞAHYR bolanok, şahyr bolmasa-da ŞAHYR ýürek bolmaly adamda. diýmek mesele ýürekde))) saýtdaşlar uklap galdy bolmaly bugün, aýaldogan:)
avatar
0
3 atayeva • 00:01, 15.10.2023
Bu goşgynyň özi ýigrençden dolup dur ekeni. Negatiw birhili duygulary oýarýar. Hany bir göwün göteriji zatlary paýlaşyň. Meselem, şägirtleriňiz sylag alandyr. Şolara begenip guwanyp ýazan şygyrlaryňyz ýokmy "Tüweleme, bize-de nesip etsin" diýen ýaly arzuwlar bilen
avatar
0
4 atayeva • 00:04, 15.10.2023
Ine meselem, sen bir ýaş zenan, ýaňy durmuşyň bayrakly yerine girdiň. Menem indi ençe ýyllar goşgy ýazyan. Sen çaltlyk bilen menden ozdurdyň. Saňa guwanýaryn, bize-de şeyle bagt nesip etsin diýen ýaly ýazsaňyz
avatar
0
5 Medicall • 08:33, 15.10.2023
neme, näme diýjek bolsaň gönile hany. gep kakdyrýan bolsaňam biderek samrap wagtyňy giderýäň, kakdyrma geplere hijem düşünemok. eger maňa diýýän bolsaň-a, men baýraga gyzygamok, gyzygmaga wagtym ýok, gyzygan bolsam sen ýaly "ýaş zehinkäm" aljagymy alardym. sen ýaly baýraga mynasyp bolýanlara gep süýkäp ýörmezdim. kime näme alýan, alan bolsalar nesip etsin.

Aşyrmät aga diýýän bolsaňam onuň goşgularyny seniňki bilen deňeşdirip kimiň gowy ýazýanyny aýdybam bilerdim, emma seň paýlaşýan zatlaryňy hijem okamok. sebäbi ömür her bir samyrdyny okap oturardan gysga. wagt ýok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203