00:31 Göwünlik | |
Göwünlik Kemsitseler begen, begenip bilseň, Serpaý eçiljekdir gudraty kerem. Daşlanyp, çüýlenip, töhmet atylyp, Kemsidilmedimi pygamberlerem?! Olaryň ýanynda biziňki hiç zat, Her kimiň öz "agramyna" göräräk. Heý-de kemsidilip kiçelen barmy, Şonuň üçin öz ýoluňa ýöräber. Kemsitmez enäni, atany söýýän, Kemsitmez Hudaýa iman getiren. Bu duýgydan ezýet çekmesin ýürek, Beýle pikir daş atmasyn netiňe. Belli däldir nirelere eltjegi, Jylawyna mäkäm bolmasaň diliň. Edeniň ile däl, egniňe düşer, Kasas kyýamata galmaýar, biliň. Kim kimden üýtgeşik, kim kimden beýik, Kime ýakyn bolduk, kimlerden bizar. Bu zatlary aýtmak bize galmandyr, Ony aýan etjek mizan bar mizan. Dertli ýüreklere dertdeşdir şahyr, Emma şahyrdanam öňde Alla bar. Gowulyga gowuşjakdyr bigüman, Ejizler hem olaň daşyn gallanlar. Kemsinme, kemsitme, dileg et dileg, Hak saňa ýetişer, Hak seni biler. Gurbanjemal Annakowa | |
|
Ähli teswirler: 0 | |