Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:31
Gülki. On dokuzynjy onluk

GÜLKI. ON DOKUZYNJY ONLUK

Aeroportyň habar beriş bölüminindäki gyza habar gelýär:
-Maýajan, Dubaýdan uçan samolýot ýolda heläk boldy. Muny garşylaýanlara seresaplyk bilen habar bereweri.
Bu ajy habary Maýa gyz şeýle yglan edýär:
-Pikir beriň, pikir beriň! Dubaýdan gelmeli samolýoty garşylaýan jenaplar we hanymlar! Arkaýyn öýüňize gaýdyberiň.

***

Bir oglan köýneginiň öňüne “Men SAMSYK!” diýip ýazyp köçeden ýöräp barýamyş. Munuň öňünden çykan her kim “dünýede her hili samsyk bar-ow” diýip onuň duşundan ýylgyryp geçýämişler. Soňra bu dirije “samsygy” ýene-de bir gezek synlamak üçin onuň yzyndan seredýämişler. Görseler onuň köýneginiň arka tarapynda “Sen hem SAMSYK!” diýen ýazgy barmyş.

***

Bir gün tokaýda Piliň çagasyny Begomotlar urupmyşlar. Muňa kaka-Piliň gahary gelipdir, ol tokaýyň ähli pillerini toplap, begomotlaň üstüne oglunyň aryny almaga “razborka” etmäge gidipmiş. Ine bir süri pil ala-tozan edip, begomatlara tarap okdurylyşyp barýamyşlar. Olaryň aýaklarynyň aşagynda ýer lerzanamyş, beýleki haýwanlar bir çetde gizlenişip durmyşlar. Birdenem pilleriň öňünden Garynja çykýar. Ol:
-Duruň, saklanyň piller! Hiç hili „razborka“ bolmaz, häziriň özünde yzyňyza öwrüliňde şu taýdan garaňyzy saýlaň... –diýenmiş.
Pillerem yzlaryna öwrülip, öýli-öýüne dargapmyşlar. Dagy näme etjek, polisiýaň diýenini etmän bolýamy? Polisiýa her ýerde polisiýa ahyryn.

***

Iki ýewreýiň gürrüňi:
-Sen maňa 100 dollar bergiň bardygyny ýadyňdan çykaraňok gerek?
-Nädýäň-aý dost! Men ony ölinçäm ýadymdan çykarman!

***

Goşun gulugyna giden esgeriň yzyndan söýgüli gyzy hat ýazýar. Ol gyz hatynda başga bir ýigidi halaýandygyny, indi hem özüne hat ýazmazlygy we ýadygärlik üçin beren suratyny yzyna ibermegini soraýar. Gama batan esger ýigit ähli gullukdaşlaryndan gerekmejek gyz suratlaryny toplaýar we aşakdaky ýaly hat bilen suratlary biwepa gyza iberýär: „Ezizim, gynansamda seniň kimdigiňi ýadyma salyp bilemok. Sen öz suratyňy şu gyzlaryň içinden saýlap al-da özüňe degişli däl suratlary yzyna ibermegiňi haýyş edýärin.“

***

Gyzjagaz ejesi bilen nahar iýip otyrka soraýar:
-Eje, name üçin kakamyň saçy az?
-Sebäbi gyzym, kakaň akylly adam. Ol köp pikir edeni üçin saçlary dökülýär.
-Eje-eje, seň saçyňa dökülmändir. Kän hem uzyn....
-Geplemän iý!!!!

***

-Ezizim, itimizi nähili saklaýan bolsaň meni hem şeýle saklamagyňy isleýän!
-Näme diýjek bolýaň?
-Gaýrat et-de meni gowja naharla-da daşaryk gezmäge goýber! Haýyş edýän!

***

Giriş ekzameninde professor abiturientden soraýar:
-Size iň soňky soragym şeýle. Näme sebäpden biziň uniwersitetimize girmäge karar berdiň?
Abiturient:
-Biderek sorag soramasana, kaka…

***

Professor studentden soraýar:
-Näme beýle tolgunýaňyz? Meniň soraglarymdan gorkýaňyzmy?
-Ýok, öz jogaplarymdan gorkýan.

***

“Demokratiýa” sözini grek dilinden terjime edeniňde “halkyň häkimiýeti” manysyny berýändigini hemmeler bilýändir. Emma, bu ýerde haýsy halk barada aýdylýanyny Amerikanyň hökümeti dünýäniň beýleki halklaryna eýýäm näçe ýyl bäri düşündirmek bilen başagaý.

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul19.htm
Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy.
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 149 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Pero • 14:14, 16.11.2023
:))))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203