15:36 Gülki. Ýedinji onluk | |
GÜLKI. ÝEDINJI ONLUK Eneküti daýzamyz elmydam Ependi agamyza „Seniň eliňden gelýän zat ýok, iş oňaraňok“ diýip käýinjiräp ýörermüş. Ine-de Ependi agamyz Eneküti daýzamyza diýýär: -Seretsene hany Enekütim, jaýymyza nähili oboý ýelmäp çykdym! Ýekeje ýygyrdam ýok, hemmesi gönije! -Tüweleme daş edipsiň! Emma, hany biziň gapymyz? *** Ependi gaplaň awlamaga daga gidýär. Ine-de gaplaň. Ependi gaplaňdan atýar. Daş-töwerek ala-tozan. Ependi pikir edýär: -Degdimikä? Degmedimikä? Degdimikä?... Bir salymdan tüpeňiň tüssesi aýrylýar we gaplaň Ependiniň ýeňsesinden tutýar we: -Degmedi Ependi aga, degmedi! – diýýär. *** Ependi ogluna käýinýär: -Oglum, seniň ýaşyňda Napoleon öz mekdebinde iň gowy okaýan çaga bolupdyr, sen bolsa diňe ikilik almagy bilýäň. -A seniň ýaşyňda kaka jan, Napoleon Fransiýanyň karoly bolupdyr... *** Iki garry ýaşuly gepleşýär: -Heý seniň çagalykda arzuw eden arzuwyň hasyl boldumy? -Howwa-la! -Hany aýdyp ber. -Men kiçikäp ejem jan saçymdan çekip urardy. Menem bahymrajyk kel bolsam diýip arzuw ederdim... *** Sudýa ogryny sorag edýär: -Näme üçin sen onuň gapjygyny ogurlapsyň, ustesine-de ony gowy edip urupsyň? -Gapjygynda puly ýok eken-dä how... *** Bir sekretarka işe ýerleşmek üçin firma gelýar. Ol özi barada gürrüň berýär: -Men minutda 1200 harp urup ýetişýän! Her kim geň galýar. Sekretarka bolsa gürrüňini dowam edýär: -Aý, onsaň ýazan zadymy özümem okap bilemok. *** Iki poliseýler ýaragly banditi tutmak üçin jaýa girmeli bolýalar. Biri beýlekisine diýýär: -Birinji sen gir dost! Eger seni olar öldüräýseler, men hökman seniň aryňy alaryn! *** -Hyzmatkär, siziň naharhanaňyzdaky siňekler meniň ýüregime düşdi! -Siňekleriň haýsysy ýüregiňize düşdi, hojaýyn! Men ol siňegi itden çykaraýyn! *** Iki sany akula gepleşýär: -Men şu akwalangistleri iýmegi halamok. Bir gezek iýdim welin, siňdirip bilmän aşgazanym agyryp gitdi. Özem reziniň yzy gelip dur. Ikinji akula: -Samsyk! Akwalangistleriň daşyny arassalap iýmeli ahyryn! *** Mugallym: "-Piwo diýip nämä aýdylýar?" Okuwçy: "-Piwo - turşadylan spirtli Coco-Colanyň bir görnüşidir, towariş mollym!" Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul7.htm | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |