Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:18
Gündeligimden - 2
GÜNDELIGIMDEN – 2

05.06.2023. Duşenbe.
Hepdäniň başy bolansoň hysyrdysy ýetik gün. Bu duşenbe adatdakylardan geñ hem agyr. Howanyñ yssydygyna garamazdan şenbeden bäri üşedipdirin.
Hepdäniñ argynyny ýekşenbäni öýde dynç almaga sarp ederin pikirim bardy. Ol pikirimdenem dänmeli boldum. “Iş, iş” diýip dogan-garyndaş ýatdan çykyp barýar-a. Gutlanmaly toýlar, doglan günler.. doganym jaň edip mensiz giden toýlaryny sanap başlansoň: "Adamyñky göwündir-da, geçenem bolsa gutlaýyn.." diýip indiki hepdäñ ýekşenbesiniñ nobatçylyk etmeli günüme düşýändigini ýatladym-da, bu dynç günümem özüme dözmedim..
Sesim gyryk, üsgülewik hem meni sypdyranok, goýany bar ýaly gelýär-de dykylýar demligime. Jañ edip işe baryp bilmejegimi, mümkin bolsa tölegsiz rugsat bermeklerini haýyş edip duýdurmagy niýetledim. Telefony aldymam elime, ýene baş lukmanyñ belgisinden jañ geldi, möhüm işi tabşyrdy-da, menden öñürdip ýetişdi.. Howlukmaç borly, sesi alňasaýana meňzeýär. Şeýdip bu duşenbe kabul edilmeli raýatlaryñ köplügi sebäpli "ölýän bolsañam işläp öl" "işlän ölmez, iglän öler" diýen ýörelgä eýerip özümiñ özjanyny idemäne elim degmedi.
Günortan. 13-00 günortanlyk nahary iş otaga getirenem bolsalar başyna geçmän güýmendim. Esasy Iş otagym birinji gatda, penjire tarapy tutuşlygyna aýna bolanlygy üçin daşardaky bag-bakjalygy synlamagam argynlygyňy aýyrmaga goşant goşýan ýaly ýakymly. Emma bu pursat meni birahat edýän kalp ynjylarym ol gözelligi synlap lezzet almakdan rüstem.
kä wagt şeýle bir giň ýeriň gürrüňini edýän adamlara gabat gelýaris, jany-sag, on iki süňňi abat, dokuzy düzüw wagty hem öz gününden nadyl bolup oturandyr. Şonda: eýsem –de janyň saglygynyň, öý-ojagyň, ýurduň abatlygynyň özi bagt dälmika?! diýip pikir edeniňi duýman galýaň. Edil şu pikirleri etmegime sebäp bolanam şu günki sagat 9-00 da işe başlap 13-00 çenli 41 raýaty EKG barlagyndan geçiren aralygyndaky pursatlar boldy. Sagat jan ähli ynsana ýetdiribem baranok. Ýaşy bir çene baran adam hassalasa ýarawsyzlygy garrylygyñ üstüne ýükläp "garraýansyñ" diýilýär. Emma nebir juwanlygyň möwjündäki nowjuwanlaryň, dogabitdi maýyplaryň bimelhem dertlerini görüp durkalar jany sagdynlaryň olara nobat bermän dawa turuzyp olardan öňe geçip bilişleri hasam ýürekgyýyjy...
Maýyp arabada ýigrimi bäş ýaşyndaky görmegeý ýigit. 5 ýyl mundan öň ýol heläkçiligine uçrapdyr. Bilinden aşagy hereketden galan. Arkanlygyna ýatmakdan ýaňa arka tarapyny tutuş ýara tutupdyr, şol sebäpli arabasyndan düşürmezden EKG barlagy geçirildi. Ol ýigidiň derdi juda çökderkä-de ruhy belent, sabyrly, umytly. Nurana dideleri gelejege ynamly bakýar, bizden haýyr tapjagyna uly ynamy bar.. Emma gapynyň agzynda garaşyp durkalar nobatyň üstünde dawa turuzyp duran elli bäş ýaşyndaky adam bolsa (tüweleme) saglygy gurat bolsa-da adamlardan, saglygyndan tutuş-düýrmegi bilen nägile, iň gynandyrýan ýerem maýyp arabada oturanlaň öňünden girmäge dawa turuzyp duranlygy.. Adamyñ adamdan parhy köp diýileni-da.

şeýle alasarmyk wakalaryň täsirine gark bolup oturşyma birdenem aýna kütläp degip yzyna serpilip giden zadyň tarkyldysyna tisgindim. Seretsem hol beýle-de betonyň üstünde seňsiräp ýatan guşy görüp geň galdym. Howla çykyp guşy ýerden galdyrdym, hernä jany bar. Bir enaýyja, sary çüňklije owadan bilbil. Otaga gelinçäm bilbil hem özüne gelip ugrady. Bilbili otag gülleriniň ýanynda goýdum-da, ýene raýatlaryň garaşýanlygy sebäpli gapyny daşyndan ýapdym-da, gyssanmaç ikinji gata ugradym. Işlerimi doly dyndym edip gelsem bilbil uçmaga meýilli bolmasa-da öňküsinden çuslanypdyr. Ýanynda goýup giden çörek owuntgylarym, analgin gerdejigini eredip taýynlap goýan melhemlik suw hem öňkisi ýaly dur. Öýe gaýtmak üçin alňasap bilbili hem elime alyp daşary çykdym. Gelşime gülleriň arasyndan has göze ýakymly görünip duran ak gülüň üstünde bilbili goýdum-da beýleräkde baglara esewan edip ýören bagbana bilbili hem-de dermanly suwy tabşyrdym, ertir gelinçäm gowja seretmegi haýyş etdim.

SIŞENBE. Ir sagat 08-30 Gelşime bagbany görmek üçin sowuldym. Görsem bilbili “gowja seret” diýilensoň uçurmajak bolup, öz jaýynda ýerjagaz ýasap saklapdyr. Bilbili aldym-da ýene düýnki gülüň ýanyna geldim. Gülüň üstüne goýanymam şoldy. Göýä minnetdarlyk bildirýän dek ýüzüme sereden bilbil ganatjygyny galgatdy-da pasyrdap uçmaga meýlini bildirdi. . Men bolsa bilbiliñ näzijek ganatlaryna emaý bilen ellerimi degirdim-de, uly bir iş bitiren ýaly ýylgyryp durşuma uludan demimi alyp: “hernä ölmediň, indikile gözüňi açyp uçgun, ýene bolsa meň aýnama çarpdyň, otagda ýok wagtym, ýa başgalaryňka çarpaýan bolsaň aýňalman geçerdiň, bar indem erkana uç, owadan owazyñ eşdilip dursun, ýöne seresap bolgun , ýoluñ ak bolsun,..” diýip, entegem açylyp ýetişmedik gyryk sesim bilen pyşyrdap, degişme äheňinde ak ýol arzuwlap ýola saldym.

06.06.2023 ý.

© Kalba NUR
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 151 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Mergenowna • 20:23, 12.06.2023
Желаю тебе никогда не испытывать жизненных трудностей, получать от жизни все блага и радоваться каждому дню!
avatar
0
2 Балканов • 18:32, 20.04.2024
Meniň körpe gyzym Ankara uniwersitetiniň TIP fakultetini (medisina) tamamlap, Istanbul şaherinde lukman kärinde işläp ýör. Gyzym mekdebi gutarmanka online ekzamen tabşyryp, ýeterlik ball gazanansoň, Maýami (ABŞ) uniwersitatiniň matematika fakultetinden we Bursa (Türkiýe) uniwersitatiniň biologiýa fakultetinden okamaga çakylyk geldi, ýöne gyzym "Kakam ýaly lukman boljak" diýip, indiki ýyl höwes edýän fakultetine girip, üstünlikli tamamlady. Erjelligi we ynamlylygy bilen maksadyna--söýen kärine eýe boldy. (Надо стремиться к невозможномуб чтобы достичь возможного). Häzir ol pediatriýa ugrundan klinordinatura taýynlyk görüp ýör. 
     Gyzym hakda mysal getirip aýtjak bolýan pikirim--medisina diňe höwesli göwünler hyzmat etmeli, Lukmançylyk kärine azaşyp ýa biriniň maslahaty bilen barmaly däl--olardan ir-u-giç oňat doktor ýetişmeýär. A.P. Çehow aýtmyşlaýyn "Ynsan ajaýyp bolmalydyr: onyň ýüzi nurana, egin-eşigi tämiz, ruhy päkize we paýhasy dury bolmalydyr"--bu jümle ilki bilen lukmanlara degişlidir. Lukmanyň ýene bir ynsanlyk aýratynlygy: empatiýadyr--kesekiniň duýgusyny, hassanyň agyrysyny, kişiniň gaýgy-hasratyny edil özüňki ýaly duýup, bile jebir çekmekdir. Empatiýa duýgusy lukmanyň bütin ňmrüne hemra bolmalydyr, ol taraşlanyp, kämilleşmelidir.
     Biz, lukmanlar halkyň hyzmatkärleri, bu wezipämize wepaly bolup, "Allis inserviondo consumor" (Светя другим, сгораю сам) dogany boýnumyzdan asyp,  gije-gündiz ejir çekýänlere akgöwünlik bilen hemaýat etmelidiris
avatar

Старая форма входа
Total users: 203