00:30 Günüň çyrazlary / hekaýa | |
GÜNÜŇ ÇYRAZLARY Günüň çyrazlary özüne-de kemlik edip başlan mahaly, ölülerem ýer ýüzüne sygman biri-birlerini gysyp, itekleşip, bar düşýän yşygy paýlaşyp bilmän ýatyrka, iň soňunda gije bilen gündiziň gan döküşýän meýdançasynda hezil edip günä ýygyp bolýarka, şeýtan sogap işlemegiň kül-külüne düşdi. Onuň imany ynsanlaryň ynanjyna garanyňda has güýçli. Ol Ýaradanyň bardygyna diri şaýat. Şübhelenýänler üçin aýdýan. Onuň işi şübhelendirmegem däl. Şeýtan – neneň owadan ýaňlanýar, özüniň gözellik çaýyşy kimin. Iblis – aýdylmasy kyn, ýazmasy ondanam beter muşakgatly. Ol ymam bolubam görüpdi birmahallar, heniz adam ogly palçyga bürenmänkä. Otdan ýaradylan bolsa-da, ol özüniň jähennemde ýanmaga ukyplydygyny aňşyranam däldir. Şeýtan, adam, jyn, günä, sogap... Gep owadanlamak üçin hezillik meýdan. Emma welin, ýöne ki, ol şu wagt ber başagaý bolup ölmäge taýynlanýar. Aznawur ýaly ýuwdup-ýalmap barýar sogaplary. Ozal werziş bolmadyk pişesi üçin ýeňini çermäp, ilkinji muşdagynyň ugruna çykdy. Uzakdan biriniň başyny egip duranyny gördi, nirädir bir ýere nazaryny dikip dur. Kimdigini aňşyrmak üçin eli bilen günüň ýakyp barýan şöhlesinden goranyp, çiliminden bir owurt aldy-da, ýa byssymylla, işe girişdi. Ol – gamkeş perişde bolup çykdy. Kä milletler oňa melek hem diýýär. Muňa juda begendi akylly şeýtan. Derdine derman boljakdy; kalbyna iman doldurjakdy. Güneşiň astynda ýuwdunýan sap ýürekli perişdäniň içýän gussasy bokurdagynda görnüp dur. Bu owadan perişdä golaýlaşdygyça ýüregi başgaçarak gürsüldäp başlady. Onuň gaçyp gitmeginden howsala etdi. «Olar bizi ýigrenýärler». Bu kalby gubarly melejik bolsa, özüne ýakynlaşyp gelýän oduň ýakaryndan hederem edenok, gaýtam almytyny alar düşünjesi bilen, aýagyna gazyk kakylan ýaly butnaman garaşdy. Şeýtan ýanyna ýakynlaşanyna mähetdel sapýürek perişde ilkinji soragy özi berdi: – Zannyýaman, maňa-da hökmüň geçer öýdýärmiň? – Gam bahryndan dür çöpleýşiňi gördüm-de, nepim deger öýdüp geldim. – Inçe damarymdan tutjak bolýarmyň? – Çygjaran gözüňi çalykdyrmak üçin yhlasymy gaýgyrmaryn. – Saňa uýanlaryň soňuny magat bilýän men? – Geljegi Ýaradandan başga takyk biljek tapylmaz. – Biz Onuň aýdany üçin bilýäs. – Bir äňine jaň kakylan perişde ekeniň-aýt. Niýetimi bozdurman, eçil ýüregiňi gyýym-gyýym edýän dertleriňi. Perişde gaňrylyp onuň gözüniň içine bakdy. Alawlap duran ataşa derek, göýä mähir saçyp duran nury-didelerini gördi. Ilkibaşda şübhelenjegem boldy onuň şeýtanlygyna. Soň synag edip görmegi ganatlaryna düwdi. – Ýygnan günälerimiň hasabyny ýitirdim. – Oň üçinem melul bolarlarmy? Mende näçe diýseň bar ondan. Ýöne sen perişde halyňa neneň edip günä işe baş goşduň? – Men seniň günäleriňi hem gysganarsyň öýdýärdim. Şeýtanyňam gowusy bar ýaly – diýip, şeýtana gabak astyndan bakdy. Heşelle kakýan gözlerini görjekdi, bu gezegem tersine boldy. Ünjüli we aladaly göründi. – Oňa başyňy agyrtma, gynanjyň köküne palta urarys. Asyl şoň kellesini agyrdaly. Perişde içini hümletdi: «Biz günä işlemeýäris. Bu şeýtanyňky näme diýsene, nireden sataşdy, kejir diýsänim». – Sen şu ýerde garaş maňa, häzir gelýän – diýip, perişde biraz arany açyp, ony ýanyna çagyrdy: «Euzubillähimineşşeýtanirrajim!» – Seň munyň çakylykmy ýa çaltrak başyňdan dep etmekmi? – Sogap işläsiň gelýäni çyn bolsa, süýş bärik. Şeýtan ilki çiňerilip meniň ýüzüme seretdi. «Gözel göwnüň!» diýdim, «Başymy özüm çararyn» diýdi. Aňardan muňa tomaşa edip duran perişde-de maňa «Işiň bolmasyn!» diýdi. Baş atdym. Bu ikisi meniň gaharymy getirjek oguşýar. – Ine, geldim, aýdyp otur indi, görýän welin, sen menden has beter kejir ekeniň. – Ýör onda, adamlaryň arasyna gideli. Seň bilen agyz deňäp durasym gelenok meniň. – Gahar menden diýip, hiý, eşitmänmidiň? Gidäýeris, araňyza düşüp, belki işiňizi rast getirerin, ýaraşarsyňyz. Halys gidere ýer galmadyk ýaly, ala-böle meniň işleýän kafemde düşlediler. Menem bir olara, bir Güneşe, birem asmanyň aňyrsynda bukulgy, şol bir wagtda-da her ýerde göze ilýän Ýokarka tiňkämi dikdim. Eglenmän her elim bilen biriniň ýakasyndan tutdum: – Bolup ýörşüňiz näteňet? Hudaý görse näderdiňiz? Melegiň zenanlygy piňime-de däldi, onuň bu bolup ýörşi maňzyma batmandy ozalam. Beýle herekete garaşmadyk bu iki mahlugyň gözleri biri-beýlekisiniňkä çiňerildi. «Durda-dur!» boluşdylar. – Bir zerre maý ber! – diýdi otdan ýaradylany. – Biraz diňläý bizem! – diýdi nurdan döräni. Mazaly silterläp, hersini bir ýana pylçasym geldi. «Ne işiňiz bar bärde, ýa menden başlajak bolýaňyzmy?» Birdenem beýnime urlana dönüp, saklandym. Näme edip durun beýle? Sypaýy keşbe girdim: – Näme içýäňiz? – Maňa sowujak kokteýl – diýdi şeýtan. – Maňa-da gyzgynjak amerikano beräý. – Bir salym garaşyň! Bu sözüm ne gaharly, ne mylakatly, ne-de bir resmi eşidildi olara. Derrew taýýar edildi. Hersiniň öňünde içgilerini gütüledip goýdum, daşyna syçrady. Nädip içerler, soň nähili täsiri bolar, hiçisi piňime-de däldi. – Sen oturjak dälmi – diýişdiler. – Içerde işim bar – diýdim. Soňra bularyň gürrüňlerini ýazga geçirdim. Sogap çöplemekden geçen şeýtan, perişdäň hüýrsypat jemalyndan gözlerini aýryp bilmän aňkaryp otyr. – Hany seniň sogap ýygmak arzuwyň? – Hiç kime päsgel beremok, bent tutamok. – Munyň näme diýmek indi? – Ulagly batly öten harsydünýä adamy öz erkine iberdim. Işi bilen gydyrdaýan gözeliň gazanç üçin täze pişe tapmagyna böwet bolmadym. Ho-ol ýaş ýigidiň töwekgelliginiň öňüne hendek gazmadym. Baş hasapçyň ýalňyşyny jübüsinde saklatmadym. Ylmu-l-jemende öwrenjekleriň mugallymlarynyň hezil etmeklerine maý berdim. Magşugyň öz aşygynyň duýgusynda takdyra ten bermegine ýol açdym. Bir takwanyň ybadat-y-tagatyny ýeňilleşdirdim. Tütjaryň ynsan mahlukatyna ýetirmek üçin harydyny köpeltmegine göz ýumdum. Serbaşa ünjilerini ruz-y-lezzete öwrüp bolýandygyny görkezdim. Adalatu-l-Hakkyň diňe sözüniň ýaşaýandygyny ýazgyda galdyrdym. – Sen bulara haçan ýetişdiň? – Şu ýerde oturmazdan ozal. – Men nämüçin görmedim? – Onuň sebäbi juda alňasaýar biziň waspymyzy ýetirýän kişi. Beýle akyla haýran perişdäniň gürrüňdeşine şu gezekki bakyşyna özümem geň galdym. Ýüzünde mähir göründi. Baryp ýanlarynda oturdym, ýüzüme bakdylar. Aýtmaga sözleri ýokdy. Diňe ýüzüme garap, ugurly-ugursyz samramaga başladylar. Şonda meniň ýazmaýanym belli boldy. Dillerinden çen tutsaň, adamça-ha däl. Aşyk bolanmyşlar bular biri-birine. Nika gyýyp bermegimi haýyş etdiler. Menem «Semeşe*» diýip, hersine bir şarpyk çaldym-da hasaby getirmek üçin gaýtdym. Yzyma dolananymda, ikisem gidipdir. Stoluň üstünde bir kagyzjyk duran eken, ýazuwyndan çen tutsaň – perişdäňki, pikirinden kesgitleseň – şeýtanyňky: «Sen bikarar, muň üçin bizi günäkärlemän, demiňi dürsän çagyň bizi çagyr. Nikamyzy gyýmagy agyr görüp, ýewmül kyýamatdaky hasapdan gorkduň. Rozy-magşardan öň nury-didämize zar bolsaň, biz bir garyş golaýyňda seni garawullap ýörendiris. Hasabymyzam şonda ýaparys». © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |