Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:16
Gürleme!

GÜRLEME!

Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
Gürrüňde kölege,
Şelaýynlyk, haýýarlyk.
Haramlyk, haýynlyk
Näme diýseň bar
Sözde.
Gürleme.

Gögüň gümmürdisi,
Asmandan daman damja...
Ejemiň gözleri,
Çytyk gaşlary kakamyň...
Çagamyň boýnundaky düwmäň
Şyňňyrdysy.
Çüýi gowşan gapymyň
Çalaja iňňildisi.
Dagdan iýnen dury çeşmäň
Şildirdisi...
Ýüregmi üzere getiren dutaryň
Tirňildisi...

Gürleseň gürle, şulaň dilinde,
Dilin-de...
Ýogsa, gürleme!

Dileseň Hakdan dile
Diliň bile däl.
Gözden akýan ýaşyň bile
Biri kem ýetmişe ýeten
Ýaşyň bile...

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=posts&id=81
Surat: Tokar TUGUROW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.8/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Pero • 09:09, 19.04.2023
Hakytjak "Gürleme" diýesiñ gelýän adamlar bolýan eken ýaşap ýörseñ. Şonda içiñden bir ses aýdýar:
- Hä zeýrenç näli eken. Gowu-da saña geregem şol-da. Ýogsa señ özüñem gidip-gidip iññildäp başlaýañ-a. Ana şonda men saña "Gürleme" dp kän aýtsamam meni eşitmediksireýädiñ-ä. Gowy-da "Diñle" indi.
avatar
0
2 Medicall • 07:36, 31.12.2023
Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203