22:08 Gussadan dörän goşgular | |
GUSSADAN DÖRÄN GOŞGULAR Durmuş - meniň antonimim. Men ,,A" diýsem, ol ,,Be" diýýär. Men ,,Eý" diýsem, ol ,,Beý" diýýär. Men ,,Gel" diýsem, ol ,,Git" diýýär. Men ,,Bar" diýsem, ol ,,Ýok" diýýär... ...Dost-ýarly ýalňyza dönüp, Galdym elenip-elewräp. Ýa, Ýaradan, eziz Allam, Başart durmagy sabr eýläp! Ýollar gapma-garşy käte, Aljak elýetmez erkiňi. Kä günler - çaýkalýan käse Haýyrlysydyr belki bu... MAŇA DÜŞÜNÝÄN GEREK Köňül derdiňi sözle, Ýaşsyz aglara derek. Galam-kagyzdan özge, Maňa düşünýän gerek! Ýapyk ömrüň şaýoly, Ne etsem bolmuş telek. Gaýga ýüz bermez ýaly, Maňa düşünýän gerek! Şatlyk bilen daş ara, Ykbal oýnuna seret. Özüm bolup ýaşara, Maňa düşünýän gerek! 2.04.2023 | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |