Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:25
Gyşdan galan gargalar
Exclusive


GYŞDAN GALAN GARGALAR
(hekaýa)

Nasibjan howlusyndan ýagşy bärde maşyndan düşdi. Gapysynyň agzynda goşa “Žiguli” durdy. Gelenler kimkä janlarym? Ony idäp geläýjek dogan-garyndaşlary-ha bolmaly däl. Eýgilikmikä beri. Aý, saglyk bolgaý hudaýjan diýip bosagadan ätledi. Aýaly sekiniň üstünde oturyp howlukmaç tüwi arassalaýardy.

Eýwandaky saçaga goýlan üç-dört mejime, olardan somsanyň, hasibiň, warakiniň we başgada süýji tagamlaryň hoş ysy bark urýardy. Aýaly onuň aýak sesini eşidip kellesini galdyrdy. Nasibjan haýran bolup durşuna:

-Eýgilikmi, näme gep?- diýdi. Anzirat guwanç bilen:

-Wiý, garyndaşlaryňyz geldiler-diýdi.- Işiňizi gutlap gelipdirler. Daýzaňyz bilen ejekeňiz örän dilewar zenanlar eken. Bir agyz gepleseler on agyz gülýärler, tüweleme. Daýyňyzy diýsene, şeýle mähriban, şeýle parasatly...

Anzirat gepini soňlap ýetişmedi.

-Meniň dogan-garyndaşlarym hem bar eken-ow! Eýsem ejem, kakam ýogalansoňlar gargyş tutup baryna gyrgyn degäýdimikä, ýa-da ählisini ýer hopdumyka diýip ýördüm.

-Goýaweriň, aýdýanyňyz näme! Näçe wagtdan bäri size garaşyp otyrlar. Hany içeri giriň ahyry.

Eýwanyň öňünde sabyngutusy ýalyjak radiopriýomnigi gulagyna tutup onalty ýaşlaryndaky bir gyz otyrdy. Boýnunda, gulaklarynda gymmatbaha şaý-sepler, on barmagynda hem goşa goşadan ýüzük. Ol Nasibjana seredip, gyzyl dişli agzyny açyp “ýyrş-ýyrş” edip radio diňleýärdi.

Nasibjan aýalyna bu kim diýen manyda garady

-Wiý, tanamasaňyz tanap goýuň. Bu geljekki gelnimiz. Daýzaňyz guda bolarys diýip ýörite tanyşdyrmak üçin gyzyny-da alyp gelipdir.

-O-ho, bir kemimiz şüdi.

Nasibjan aýalyna alarylyp seretdi. Onuň bu garaýşyndan olary näme üçin öýe saldyň diýen manyny okamak mümkindi.

Nasibjan bilen Anziradyň durmuş guranlaryna ondokuz ýyl boldy. Uly ogullary ýokary okuw jaýynda okap ýör. Emma şunça ýylyň içinde Nasibjan bir gezek hem aýalyny garyndaşlarynka eltmändi. Olar hem ýegenimiz bardy diýip ýekeje gezek hem ony sorap gelmändiler. Aralaryndan nä-niçik gep-gürrüň bolup geçipdir, äri hiç zat aýtmansoň Anzirat bilenokdy. Ýöne äriniň öz garyndaşlaryndan öýlenmändigi üçin aralaryna tow düşüp, gatnaşyk galandyr diýip çak edýärdi.

Nasibjan garyndaşlarynyň iýip-içip oturan tamyna barýarka özüni üstünden höküm çykaryljak sud zalyna barýan ýaly duýdy. Giren badyna hem uly daýzasy tarsa ýerinden turup ony bagryna basdy.

-Waý-e-eý, ne bela doňbagyr çaga bolup dörediň sen. Men ejeňiň dogany dälmidim. Daýzam jan ölümi-dirimi diýip bir sapar hem habar alaňok. Kime meňzediňkäň sen.

-Bu özi şeýle- diýip, doganynyň gujagyndan Robiýa daýzasy dartyp aldy. Ol gaşlaryny osma bilen boýap bir-birine birikdirip goýan etli-ganly, tulpar ýaly zenandy.

-Sen bolaňda doganjygym ogla gözüm düşdi diýip niçik begenipdi. Menem seni ýerde goýsam pos bolar, gökde goýsam ys bolar diýip, arkama hopba edip ýörerdim. Birenaýy bolup gujagymda uklap galardyň.

Nasibjan şu mähriban Rabiýa daýzasynyňka iň soňky gezek institutyň ikinji kursunda okap ýörkä barypdy. Gün-güzeran aladasy bilen gowy okamaga hem eli degmän, talyp hakyna-da ýetişip bilmän galdy. Egin-eşikleri hem horaşajady. Oňly iýip-içip hem bilenokdy. Az-owlak garbanyp bolmazmyka diýip şol daýzasynka bardy.

Daýzasy nahary buguna goýan eken. Deme duran naharyň ysyna agzy suwaryp gitdi.

-Hä, ýagdaýlaryň gowumy? - daýzasynyň habar gatmasy “Şu wagt gelip näme bardy” diýen ýaly bolup duýuldy. Öňüne getirip çaý goýşy hem gödek boldy.

-Gapyşan, öýde nan hem galmandyr. Ýegenleriň bir-birinden perwaýsyz. dükandan nan getirip soňra işiňize gidiň diýip ertirden bäri jibrinmek jibrindim. Bir zat diýseň gulaklarynyň deňinden geçirip gidýärler. Ählisini ese-boýa galdyransoň günüm gaty çörege galdy.

Daýzasynyň ogul-gyzlary işden-okuwdan gelip başladylar. Olar mähir bilen “daýyjan-daýyjan” diýip Nasibjanyň boýnundan aslyşdylar. Enesi olary ümläp ýekän-ýekän daşary alyp çykyp gitdi. Biraz wagtdan olar ýaglyja dodaklaryny ýalap geldiler.

Daýzasynyň bu eden işinden Nasibjanyň göwni gaty syndy. Ol şu bosagadan iň soňky ätlänim bolsun diýip, daýzasynyň öýünden içini tutup çykyp gaýtdy. Daýzasy:

-Haý, howlukma, häzir naharyň ugruna çykaýyn, guryagyz gitme- diýip, onuň yzyndan gygyryp galdy.

Ine, ýigrimi üç ýyl bäri görmedik daýzasy ýegenim uly wezipä geçipdir diýip onuň gapysyndan gelipdir.

-Daýzaňjan senden aýlansyn, indi gep şeýle. Sen indi kim- ministr sen! Ýat-ýala gapdalyňda garnyny ýallap ýörmesin. “Goýnuňdan dökülse gonjuňa” diýipdirler. Ýegeniňi pomoşnik edip ýanyňa al. Etjek-goýjaklaryňy ýat-bigänelere bildirip ýörüp näme etjek. Mümkinçiligi bolsa ýegenleriň birini özüňe sürüji edip al. Nesip bolsa ikimiz guda bolarys. Körpe gyzym ýetişip, gül deý açylyp otyr. Gapymdan gelýän sawçylaryň yzy üzülenok. Şu gyzym ogluňa mynasypdyr. Gyssagyň özüň bilen, gijä galaýma.

Geplände ýasama dişleri “şyk-şyk” edip duran Nurmat daýysy howlukman söze başlady:

-Daýzaň sowatsyz bir naçar. Ýöne ýurt gören aýal. Ýedi ýyllap poýezdlerde prowodnik bolup barmadyk-görmedik şäheri ýok. Özüň bilýäň prowodniklik işi agyr iş. Bir günde her dürli adamlar bilen gepleşmeli. Daýzaň rast orsçalap sögende orslar hem gulagyny ýapyryp gaçardylar. Gazanmady diýjek däl, gazandy. Gazananyny çagalaryny okuwa ýerleşdirmek üçin sarp etdi. Özüň bilýäň okuwlaryň nyrhy keýgiň şahyna çykyp gitdi. Häzirki mugallymlaryň nebsi bir menzil öňünden ýüwrüp ýör. Ynsapsyzlar göýä maňlaý derini döküp gazanýan ýaly bereniňi barmagyna tüýkürip sanap alýarlar. Daýzaň biçäre çagalarynyň baryny diplomly etdi. Onuň ýaňky aýdanlary ýadyňda dursun. Pomoşnik meselesi oýlanyp göreniňe degýän zat, ýegen. Indi meniň aýdanlarymy hem diňle. Ýaşym ötüşip indi öňküligim ýok. Garraňsoň dogan-garyndaşlaryňy köp küýsär ekeniň. Göresim gelýär. Indi ýaşymyň soňunda bir ýagşylyk edeýin. Ýaňy sen gelýänçäň howlyňa aýlanyp çykdym. Indi sen kiçi-girim adam däl-ministr sen. Munuň ýaly öý, howly saňa gelişenok. Özüňe meňzeş ýokary wezipeli kişiler ýanyňa geler. Onsoň olary nädip şu dört diwara alyp girjek?! Indi saňa derejäňe mynasyp öý gerek. Ýanymdan oý-çen edip gördüm. Oniki otagly, iki gatly jaý guraly. Eýwanyna keminden altmyş adam arkaýyn ýerleşer ýaly bolmaly. Aşagynda bilýardhana, fin hammamy, sport zaly bolmaly. Maňa seret, kerpiç zawodlary seniň eliňde. Takmynan ýetmiş sany kerpiç zawodyň bar diýip eşitdim. Tagta skladlaryň hem ýüzden ötýärmiş. Hersinden bäş tagta alanyňda hem ähli tohum-tijiňe ýetýär. Direktorlaryňa meni görkezip, şu adam meniň wekilim diýip aýtsaň, bolany; galanyny özüm oňarýan...

Nasibjan ýokary okuwyň ikinji kursyny tamamlap, tomusky dynç alşa çykjak bolup ýörkä ine şu mähriban daýysy bir uly bazanyň müdiri halyna uly başyny kiçi edip ony sorap geldi.

-Eý, sen kime meňzediňkäň. Tohum-tijimizde-hä beýle gylykly adam ýokdy. Daýym görgüli jaý başlapdyr, kösenip ýörendir diýip oýlanmadyňmy? Senden bir döwüm nan soramok “Arma, işiň ileri” diýmäge hem ýaraňokmy? Ertir dynç alşa çykýaň. Bir günem bolsa bikär ýatma. Hä diýmän ýagy ýaly gyş geler, işläp bäş-üç teňňäni beýläňe atyp goýsaň böwrüňi deşesi ýok. Günlükçi bazaryna çykyp bizi uýada goýma. Bir student ýoldaşyňy hem alyp meňkä gel, kerpiç guýarsyňyz. Nahar-owkadyňyzyň aladasyny etmäň. Üç aýda oh-ho, näçe kerpiç guýup balýar. Ertir maşynly gelip alyp giderin. Soň ýoluna belet bolaňsoň baryberersiň.

Nasibjan kaşkadarýoly talyp ýoldaşy bilen daýysynyň täze melleginde eý-ho, näçe kerpiç guýup taşlady. Segsen müňden agarak... daýysy aýdyşy ýaly agşamlyk üçin ikisine dört sany somsa alyp gelip, her günki guýlan kerpiçleri hem gözden geçirerdi. Endigine görä, «Hä, berekella» diýip goýardy. Daýysynyň her günki getirýän durşuna sogandan taýýarlanan ýaly somsalary Nasibjanyň şeýle bir mädesine degdi weli, biri somsa sözüni agzasa hem ýüregi bulanýan boldy.

Daýysynyň hasap-hesip etmeli wagty gelip ýetdi. Ýöne nämüçindir ol howlugyberenokdy. Nasibjan puldan gep gozganda ol ýüzüni turşartdy.
-Uýalaňokmy, ýedi ýat däl-ä men! Gaçyp baramog-a... şujagaş hyzmatyňa hem minnet bilen hak soramaga nädip diliň barýar? Ýoldaşyň bolsa başga gep, ol ýat. Bäş-alty manat bersem bolar. Emma sen özümiňki ahyry, ýegen. Haşarda hak sorasaň gelşiksiz bolar. Beýle ownuk bolma. Şu gepi sen aýtmadyň, men eşitmedim.

Üç aýlyk zähmeti köýen Nasibjan talyp ýoldaşynyň ýanynda hem ýüzügara boldy. Şundan soň ol öz mähriban daýysyny görmedi. Asla göresi hem gelmedi. Dogry bir sapar gördi. Şol ýyl gyş ygally boldy. Gar ýagýar, dessine hem ereýär, ýagýar ereýär. Nasibjan çyg geçip öl bolan esgi köwüşli “şylt-şylt” ýöräp aýakgap dükanyna bardy. Düýnki alan stipendiýasyna köwüş edinmekçidi. Bir köwşi eline alyp ýaňy synlap ugranda tanyş ses eşidildi. Peştagtanyň (prilawkanyň) aňyrsynda Nurmat daýysy durdy. Diýmek bazany mazaly gowzadansoň hamyrdan gyl sogrulan ýaly çykyp gaýdyp şu dükana geçipdir-ow.

-Stipendiýaňy alypsyň gerek, ýegen? Haryt tanaýan ekeniň. Gowy köwüş saýlapsyň.

Nasibjan puluny sanasa üç manat ýetenok

-Daýy, üç manat ýetenok, ertir taşlap ötäýerin.

-Ýok, ýegen beýtsek bolmaz! Bu harytlar hökümediňki. Rewiziýa bolsa şo 3 manat üçin meni nätjeklerini bilýäňmi? Goý, maňa azar berme. Puluňy jemläp soňra köwşi alyp ötägit.

Nasibjan daýysyna «hoş» hem diýmedi, geplemän çykyp gitdi. Ine, şondan bäri ol mähriban daýysyny ýaňy görüp durşy.

-Indi şeýle etsek-diýip, daýysy ýene ýasama dişlerini «şyk-şyk» etdirdi.-Menem garradym. Gaýdyş pellä golaýladym öýdýän. Ýalňyz oglum böwrüme dürtgi bolup dur, gözüm ýumulansoň näme boljagyny bilemok. Ine, maňlaýymyzdan sen ministr bolduň. Bu hem Allanyň emri. Soltan süýegini harlamaz diýipdirler. Şu oglumy ýanyňa al. Köne şäher bazaryny alyp ber. Bazar suwuny içip ulalan oglan, oňarar.

Ol gapdalynda oturan serhoş ýigidi ýerinden turuzdy.

-Gal, ýeriňden, ministr daýyňa minnetdarlygyňy bildir. Bazar seňki boldy, nadan. Indi içgiňi hem azalt, ýolbaşçy adama beýle köp içip ýörmek gelişmeýär.

Kükregine Brýus Liniň suraty düşürilen maýkaly zeberdest ýigit ýerinden turup, goluny gursagyna goýup tagzym etdi. Nasibjan geň galyp otyrdy. Oglanyň boýnunda her dänesi şänik ýaly altyn zynjyr, agzy bolsa durşuna gyzyl diş. Nasibjan «Boýnundaky zynjyrynyň özi müň dollar-a bardyr...» diýip içini gepletdi. Görüp otursa dogan-garyndaşlarynyň barynyň dişleri altyndan. Göýä, tapan bar baýlyklaryny agyzlarynda ýerleşdiren ýaly. Bolgusyz bir zat gepleseler hem ha-ha-haýlap gülüşýärdiler. Şonda agyzlarynyň içinde çyra ýanýan ýaly bolýardy. Aýallaryň boýny, gulaklary, goşarlary edil Täze ýyl arçasyny ýatladýardy. Bu gün Nasibjanyň öýüne garyndaşlary däl-de «Ýuwelirtorgyň» göçme dükany gelen ýalydy.

Nasibjanyň daýysy, daýzasy şeýle bir ynanç bilen gürleýärdiler weli, soraýan zatlary agyzlaryndan çykmanka ministr ýegenleri bitirip oturan ýaly. Nasibjan weli bu geplere ne «bolýa» diýdi, ne-de «ýok». Aýdylan gepleri içine ýuwudyp oturyberdi. Hökümet ony bu wezipä dogan-garyndaşlaryň dokuzyny düze diýip geçiren ýaly.

Şolaralykda Rabiýa daýzasy delminip oturan kiçi doganyna azgyryldy:

-Başga köýnegiň ýokmy? Ministriň öýüne şu sypatda geldiňmi?! Bu ştapel letdäňi Açawadyň syganlary hem geýmeýär-ä. Salima:

-Näme edeýin, ejeke, bir topar çaga. Ärim ýönekeýje gara işçi bolsa! Tapanyny çagalara agzyna ýetirsem egnine ýetirip bilmän ýörün.

-Äriň hem özüňe meňzeş hudaý uran ketjal! Prowadnik wagtym iki-üç sapar ýör, alyp gideýin diýdim, äriň etmedi. Dişleriňi tutuş tylladan goýduryp bererdim. Ine, ýörsüň indi itiň art aýagy ýaly bolup.

Daýysynyň gudasy kömelek ýaly kep-kelte, boýny içine girip giden, bir tarapa seretjek bolsa ýerinden turup azara galýan köseleç adam söze başlady:

-Haý, ynsabyňyz barmy?! Neressäni goýun soýan ýaly bölek-bölek etdiňiz-ä. Maňa nämesi galdy. Diňe şakyr-şukur süňk galdy. Indi gep beýle «Sabisdäkiler» namartlyk edip pensiýanyň iň pesini bellediler. Bereni nas puluma-da ýetenok. «Sabisiň» başlygy gaty degnama degdi. Saňa pensiýa beýlede dursun, köne dolak hem köp diýdi. Hökümede zyýanyňdan başga peýdaň degen däldir diýdi. Nädeýin, boýum pes, boýnum ýok. Bir tarapa seredeýin diýsem ýerimden turup şol tarapa tutuş göwräm bilen aýlanmaly. Maňa birje «Trudawoý» ýazdyryp ber, pensiýamy hem sähelçe galdyryp beräýseň. Sen, eşitdiňmi ýokmy, golaýda meni maşyn kakdy. Harap bolan boýnum düýbünden gymyldaman galdy. Maşyn kakdy-da güm boldy. Iki aý keselhanada ýatdym. Hälki kakyp giden şopurdan aýyna bäşýüz şirwandan şykyrdadyp alyp otyryn.

Howluda nämedir bir zat tarkyldady. Serhoş adamyň käýinji eşidildi:

-Şermendeleri nämä öýe saldyň gelin, kow olary!

Eýwandakylaryň sesine suw sepilen ýaly boldy. Daýysynyň ýüzi ak esgä döndi. Rabiýa daýzasynyň osma basyp birleşdiren gaşlarynyň arasy üzülip giden ýaly boldy.

-Iş bulaşdy, aga!-diýip Rabiýa daýzasy gorka-gorka pyşyrdady.-Ölümberen «Diwar gazet» geldi.

«Diwar gazet» bu Nasibjanyň ortanjy daýysy Turgunbaý.

Onuň hepdede bir gezek içmek adaty bardy. Içende hem içen şekilli içerdi. Serhoş halda ähli aga-inileriniňkä, ýeňňe-daýzalarynyňka aýlanyp çykardy. Gezekli-gezegine hemmesine mazalyja sögünerdi. Keýpi ýazylýança, özi ýadaýança sögünerdi. Mähelle ony hepdelik «Diwar gazeti»diýen lakam bilen tanaýardy.

Turgunbaý ozallar içmeýärdi. Öz gününe kaýyl, ýuwaş adamdy. Ellerinden dür dökülýän gançkär*(Gançkär- diwara, petiklere oýup nagyş çekýän ussa.) ussady. Şäheriň kaşaň köşkleri onuň çeken ajaýyp nagyşlary bilen gaýtalanmajak mugjyza meňzeýärdi. Güzerany gowy bu adamyň maşgala durmuşy birden agdar-düňder boldy. Günden-ýelden gorap, apalap ýören ýalňyz ogullaryna bagtly geljek diläp ýaşardylar. Är-aýal şol eziz perzentlerini Owgan urşuna ugradan günleri ýürekleriniň bagy üzülen ýaly bolaýdy. Deňli-derejeli maşgalanyň gapysyndan barylyp, guda bolupdylar. Täze gelin bolmaly gyzyň bukjasy hem taýyndy. Ata-ene bir topar ýagşy arzuwlar bilen ýaşaýardylar. Emma alysda-owgan topragynda partlaýan bombalar olaryň hem öýüni berbat etdi. Turgunbaýyň ogluny demir tabytda getirdiler.

Esgerler tabyt göterip işikden girenlerinde enesi gan eňräp tabydyň üstüne özüni oklady. Pahyr gaýdyp ýerinden galmady. Howluda kyýamat gopdy. Şol gün bir işikden goşa tabyt çykdy.

Gelin düşüriljek öý gugaryp galdy. Turgunbaýyň ak arzuwlary gara ýere gömüldi. Toý gazanlary üçin gazylan ojaklara ot ýakylman galdy. 27 ýyl birek-birege sen diýmän «sizläp» ýaşan aýalyndan, 18 ýyl mähre çolap ulaldan balasyndan alasarmyk ýatlamalar galdy. Ol içdi, içiberdi. Dost-ýarlarynyň nesihatyny hem almady. Teni başga dert bilmez, özümden geçenini özüm bilýän diýip içiberdi.

Bu gün dem alyş güni däldi. Turgunbaý diňe dem alyş günleri içýärdi. Bu gün ol içdi. Içmän durup bilmedi. Çünki, ogluna adaglanan gyzy düýn dabaraly toý edip, «ýar-ýar» aýdyp durmuşa çykardylar. Turgunbaý gijesi bilen gözüni gyrpman, iki-ýana urnup çykdy. Säher wagty kalby doly gam bilen yrgyldap gonamçylyga bardy. Goşa mazar bolup ýatan aýaly bilen oglunyň guburynyň başynda dyza çöküp, gözleriniň owasy doly ýaş bilen aýat okady.

Müjewür gelip goltugyndan götermedik bolanda, ol entek-entekler ýerinden galmazdy.

-Oglum, özüňizi ele alyň. Siz erkek kişi ahyry. Ine, şu ýüzlerçe merhumlaryň hem ata-enesi, perzentleri bar. Alajymyz näme, bu Allajanyň eradasy.

Turgunbaý hiç zat diýmän, başyny aşak salyp derwezä tarap ýöneldi.

Ol gaýdyşyn hem içdi. Onuň derdini aýdýan adamy ýokdy. Ini-agalaryna içini dökmezdi. Umuman olary görüp durmaga bir minut hem takady ýetmeýärdi. Edýän işlerini görende, bir ata-eneden doglandyklaryna ynanmajak bolýardy.

Bir wagtlar Nurmat agasynyň arlap gezen zamanlary bolupdy. Aýakgap bazasynyň müdiri bolup, aýdany aýdan, diýeni diýe wagty 5 müň, 10 müň manady dagy pul hem hasap etmezdi. Şäherde on sany «Pobeda» bolsa biri şonuňkydy.

Alys-ýakyn ýurtlardan gelýän müşderiler şeýle uly şäherden onuň öýüni aňsatja tapýardy. Belent üçegiň gyralary «Horaz tarnawly»jaý nirde diýseň boldy, ýaş çagalar hem hanha diýip görkezerdiler.

Onuň tutýan toýlarynyň dabarasy dag aşýardy. Şol toýlara gelýän bagşylar özüne tutulýan puldan arkaýyn ogul öýerip bilýärdi. Ata-enesiniň ýaş toýlaryna bagyşlap berýän märekelerinde hem bir däl iki bagşa habar etdirýärdi. Biri gelmese bir geler diýip.

Onuň arkasyndan näçe saýak-sandyrak güzeranyny aýlaýardy. Şäheriň gyrasyndaky mähellelerde gizlin skladlary bardy. Nurmat daýy ol ýerlere bir gezek hem barmandy. Bu işleri uýasy Rabiýa dolandyrýardy. Çeh köwüşleri o döwür atla ýetdirmeýän, pyýadanyň-ha asla düýşüne-de girmeýän zatdy. Nurmat daýy baza düşýän şol gymmat köwüşleri ysyny hem çykarman hemmeleriň nazaryndan «ýaşyryn» bir kempiriň jaýyny ammar edinip şoňa ugradýardy.

Ýöne niredendir mähelläniň «görüpleri» ys alyp, gizlin ammar dogrusynda degişli ýere habar berdiler. Gije miliseler geldi. Segsen ýaşlaryndaky sandyrap oturan kempiri sorag etdiler.

Ýeriň astynda ýylan gäwşese bilýän Rabiýa bolan wakany şol gije eşidýär. Şol töwereklerden aýagyny kesýär. Ammarda müň jübit köwüş bardy. Hälem ýagşy, üç gün ozal 600 jübütini alyp gaýdany, bolmasa ählisi köýüp gitjek ekeni.

Howlynyň eýesi Rabiýanyň nirede ýaşaýandygyny, hakyky adyny bilmeýärdi. Kireý puluny wagtynda töläp duransoň soraşdyryp nämetsin.
Rabiýa ol ýere egni gara halatly, başyna hem ak ýaglyk orap gartaşan aýallara meňzäp barardy. Kempiriň nury öçüşen gözleri onuň ýüzüni oňly saýgarmazdy. Şonuň üçin milisiýanyň beren soraglarynyň birine hem dogry jogap berip bilmedi.

Şeýle uly şäherde Rabiýany tapmak, bir küde samanyň arasyndan iňňe agtarandan aňsat däldi. Şondan üç gün geçenden soň iki aýagyny göre sokup oturan kempir amanadyny tabşyrdy. Segsen ýyl tagat-ybadat eden, ir-säherler Alladan iman diläp oturan ak guş ýaly kempir ýüzigara bolup hak dergähine gitdi. Milisiýanyň barlagy netijesinde tapylan köwüşler eýesiz haryt hökmünde döwlet haýryna geçirildi. Şol wagtlar baýramçylygyň öňýanynda milisiýa işgärleri täze ýaz eşigine geçmäge taýýarlanýardylar. Diňe ýeňil gara köwüş tapylanokdy. Şäher milisiýasynyň başlygy ýokary edaranyň rugsady bilen pul geçirip, şol köwüşleri özlerine alyp galdylar.

Baýramçylyk çärelerinde tertip-düzgüne gözegçilik edip ýören milisionerleriň aýagyndaky gara köwüşlere gözi düşen Rabiýa «Gara köwüş geýen aýaklaryňyz döwülgeý» diýip, öz ýanyndan gargynýardy.

Aý, garaz iki dogan aga-uýa bir mömin-musulman, kalby tämiz kempiriň bilkastdan pajygaly ölümine sebäp boldular. Olar bu iş syr bolup galar öýtdüler. Emma Turgunbaý bu geplerden habarlydy. Şonuň üçin hem agasyny, uýasyny görmäge takady ýetmeýärdi. Gördügi sögüniberýärdi. Köplenç hem içen wagty ýadaýança keýp edip olara sögünerdi. Onuň şeýle ykaratly sözlerine çydamasalar-da alaçlary hem ýokdy.

Bu tentek içgä aňyny aldyran inimiz syrymyzy açyp oturybermekden hem gaýtmaz diýip olar agyzlaryna suw alan ýaly dymardylar.

Ozal maşgalasynyň başy bütin mahaly Turgunbaý ýegeni Nasibjandan habar alyp durardy. Dem alyş günleri ogluny iberip ony çagyrdardy. Içine yssy nahar düşsün diýip naharlardy. Gaýtjak wagty zorlap diýen ýaly jübisine pul dykardy.

Indi bolsa Nasibjan aýaly ikisi baryp onuň öýlerini ýygnaşdyryp, howlusyny syryp-süpürip gaýdardylar. Öýde üýtgeşik nahar bişirilen güni oňa hem paý alyp giderdiler. Oňşugy kemräk Salima atly uýasy hem köp barardy. Ol gurluşykda betonçy bolup işleýän adamsynyň gazanjyny ol aýdan bu aýa zordan ýetirip güzeranyny aýlap ýören köp çagaly aýaldy.

Ol ýygy-ýygydan agasynyň öýüne gelip, jowrana-jowrana syryp-süpürip giderdi.

-Eger şeýdip içip ýörjek bolsaňyz, bilip goýuň, gelmämi goýaryn!-diýip, uýasy gahar ederdi. Barybir Salima gelmesini, agasy hem içmesini goýmazdy.

Turgunbaý bolsa agzyna içgi degdigi agalarynyňka, aýal doganlarynyňka baryp, ýaltanman sögünip gaýdardy. Bu wezipesini bitirip bolup Nasibjanyň öýüne entirekläp gaýdardy-da, gelişine daşarda howluda duran sekiden aýagyny aşak taşlap uklap galardy. Nasibjan ony düşege geçirip, üstüne ýorgan ýapardy.

Ertir oýanyp ýegeninden, gelninden utanjyna olar turmanka gidip galardy. Anzirat onuň beýdip ýörşüni gaty görmezdi. Diňe «Daýysy şeýleräk adam»diýip goýardy.

Turgunbaý garyndaşlarynyň oturan eýwanyna arslan deý arlap girdi.
-Nädip otyrsyňyz?! Bu oglan üçin ýedi ýat, bigäne dälmidiňiz! Ol wezipä geçenden soň aýagy bişen towuk ýaly byzbyldyklaberipsiňiz-ä? Hany, güm-derdiňizi çekiň!

Agasydyr uýalary dem-düýdüni çykarmaga milt etmän otyrdylar. Hemmäni agzyna bakdyryp oturan Nurmat agasy dilini ýuwudana döndi.
Her hepdede öýüne baryp Turgunbaýyň aýdýan: Alypsatar sen... Puldan başga derdiň barmy... Haram iýmedik günüň ýatyp ukyň gelmez... Sen adamhor sen, aýdaýynmy nähili adamhorlugyňy. Ine, şu şärikleriňi hem ile belli edeýinmi!? Gorkýarsyň, hä!» diýenýaly gürrüňlerinden Rabiýa doganynyň gulagy ganykdy.

Turgunbaý çaýly käsäni başyna göterdi.

-Eşitdiňizmi, diş dogtarynyň işleri rowaç alypdyr.

Agasy gep başga ýana sowuldy öýdüp begenip:

-Näme bolupdyr?-diýip soran boldy.

-Aý, ýoga, entek habaryňyz ýokmy?! Şäherde ýol basýan garakçylar peýda bolupdyr. Tramwaýdamy, awtobusdamy, ýa köçede, dogtarhanada çekgesi saralgy adamlaryň san-sajagy ýok.

-Gepiň gursun, aýdýan zadyň özüňden hem sowuk...

Rabiýanyň gepi agzynda galdy.

-Itine tylla diş goýduran, toýdan toýa eňip ýören aýdymçy bar-da, şol biçäräniň hem başyndan gara gün inipdir. Garakçylar onuň itiniň kellesini kesip alyp gidipdirler. Itiň kellesini almakdan gaýtmadyk garakçylar tylla dişli adamy aýap goýarlarmy!

-Tapyp gelen gepiň şumy? Haý, ýaramaz adam ekeniň sen-ä.

-Gepiň ulusyny häzir eşidersiňiz.- Ol dört töweregine alakjady. Tekjede duran ütügi görüp, yraň-daraň atyp bardy-da eline aldy.- Gitmeseňiz şunuň bilen urup külüňizi çykararyn.

Kömelek ýaly kep-kelte myhman hemmeden öňürdip gapa tarap omadaklady. Uly aýal dogany Rabiýa hem «dat» diýip howla çykyp gitdi. Öý bir demde boşap galdy. Eli ütükli howlynyň ortasyna baran Turgunbaý dabaraly äheňde:

-Ýoldaşlar, bu gün täzelik güni, ýagny, «sanden», öý dezinfeksiýa edilýär!-diýdi.-Eşidip goýuň, şu öýe gaýdyp gadam basaýmaň! Garaňyzy görmäýin!

Soň ol kiçi uýasy Salima:

-Sen gitme, gal!- diýdi.- Sen bularyň tohumyndan däl. Enem pahyr ördegiň ýumurtgasyny basan ýaly bolupdyr-da. Bulaň bary suwa girse gury çykýandan.

-Enem pahyryň adyny tutma, didaryň gursun!.. Rabiýa dogany agasyna gargaý-gargaý sögüne-sögüne çykyp gitdi.

Salima uludan dem alyp:

-Indi menem gideýin.-diýdi.- Baryp çagalara nahar taýýarlaýyn.

-Nahary näme üçin taýýarlajak?! Ine, göreňokmy, bir gazan palaw demine dur. Şundan bir okara salyp bereris! Doganlaryňy kowanymy gaty gördüňmi? Goý, gynanma, adam däl olar. Gynanma.

Turgunbaý hemişeki ýaly jowranyp-jowranyp uklap galdy.

Nasibjan 20 ýyldan bäri gözlerinden uçan, aç-ýalaňaç galanda ýeke gezek ýagdaýyň niçik diýip habar almadyk, bir käse naharyny bermäge gynanan, 80 müň kerpiç guýduryp hakyny bermedik, esgi köwüşde aýagy öl-myžžyk bolup gelende 3 manat puluny gysganan indi adam sanyna goşulyp, halal zähmedi bilen il nazaryna düşüp, döwlet tarapyndan ýokary wezipä laýyk görülende et ysyny alan arylar dek peýda bolan dogan-garyndaşlaryny ýürekden ýigrenmek ýigrendi.

Turgunbaý daýysy içgili hem bolsa-da hakykaty aýdýar:

-E-eý, ýegen bularyň gepine gulak asma! Olary gyşdan galan gargalar diý-de, öz işiň bilen boluber. Bilip goý, tomus näçe yssy gelse sowuk günleri küýsän gargalar şonça gaty gagyldaýar.

© Seýit AHMET
Özbegistanyň gahrymany, halk ýazyjysy.

Özbek dilinden terjime eden
© Sylapberdi MUHAMOW.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 96 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Seýit Ahmet | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
2
1 Lacrymosa • 18:38, 24.02.2024
hasibiň, warakiniň diýen bolup, terjime etdigiňizem däl-ow bi, Sylapberdi aga! ýarpy sözi dur-a muň. meň terjime edişimden enaýy däl munyňyz. Menem terjime etsem, türküň, orsuň öz sözüni goýuberýän. şundan gowy nädip aýtjak diýen bolup...
hasib näme, näili zat, waraki näme zat ---çykgytda düşündiriş bir beriň-dä. hamyrly zatmy, üzümden edilýän zatmy, özi-ýä iýilýän zatlar ýaly. üstesine-de hindiçe ýaly
avatar
0
2 derwushhana • 01:37, 25.02.2024
Adaty gowy hekaýa
avatar

Старая форма входа
Total users: 203