09:05 "Gyzlar galasyna" remarka | |
“Gyzlar galasyna” remarka we epizodlar. Her bir halkyň taryhynda zenanlar erkekler bilen bir hatarda ýa-da aýratyn goşun düzüp, gözleriniň göreçleri deý, şirin janyny gaýgyrman ata Watanyny gaýry duşmanlardan gorapdyrlar. Ol gahrymanlar hakda her dürli rowaýatlar, ertekiler düzülipdir, olaryň gahrymançylygy dilden-dile, nesilden-nesile geçip gelýär. Zenan esgerleriň gahrymançylygy diňe ertekilerde ýa rowaýatlarda gürrüň berilmän, ygtybarly resminamalarda beýan edilýär. Beýik türkmen halkynyň şöhratly gelin-gyzlarynyň görkezen gahrymanlygy, Tumar soltanyň, Altynjan hatynyň, Turkan hatynyň edermenlikleri taryhyň altyn sahypalaryna gazma harp bilen ýazylandyr. Zenan esgerleriň hakykatdan hem bolup geçenligini taryhyň resminamalary we dünýäniň ähli künjeginden tapylýan arheologik tapyndylar subut edýär. Gadymy grekler söweşjeň zenanlara “amazonka” diýip at beripdirler, ýagny gadymy grek dilinde amazos (ἀμαζό): a—ýok, mazos—göwüs, ýagny “göwüssiz” manyny berýärmiş. Gadymy grekleriň rowaýatlaryna salgylansaň, hamala, ýaý atanda göwsi päsgel bermez ýaly, geljekki esgerleriň, entek bäş ýaşyndaka, ösmez ýaly sag göwsini gyzgyn mis bilen daglapdyrlar. Bu barada deslapky resminamalryň aýdyň we ýeterlikli däldigi sebäpli, pýesa-rowaýat, hut amazonkalaryň özleri hakda gürrüň bermän, edermen türkmen gelin-gyzlarymyzyň geçmişde görkezen gahrymançylyklaryny umumylaşdyryp, çeper eseriň bir žanry, rowaýat görnüşinde beýan edýär. Söweşjeň zenanlar massagetlerde, skiflerde, sarmatlarda, türklerde,saklarda, alanlarda bolupdyr we ençeme ýüz ýyllap, erkekler bilen deň hatarda söweşipdirler. Dünýäniň ýurtlarynyň aglabasynyň geçmişinde, halkyň dilinde sena bolup giden beýik şahslarynyň arasynda ençeme zenanlaryň atlary göwher gaşy kimin henize çenli şöhle saçyp, nesillere ýol-ýörelge görkezýär. Her bir halk, halkyýet, millet geçmişinde we şu güninde edermen zenanlaryna guwanýar we buýsanýar. Pýesanyň baş gahrymany Maman han 30-36 ýaşlarynda, durmuşa çykmadyk, görmegeý, gaýduwsyz, batyr, merdana gyz. Onda erkek adamlara mahsus bolan çuňňur mantykly seljermek ukyby, her bir çylşyrymly hadysalardan dogry çykalga tapyp, aýgytly hereket etmek häsieti her ädimde duýulýar. Onuň mähir-muhabbetden doly kalby esger gyzlaryň ruhyny galkyndyrýar. Maman han esgerlerini öz jigileri, gyzlary ýaly eý görýär, ýöne onuň bu söýgisi galada berk düzgün-nyzamy ýöretmäge-de, gyzlar bilen ynamly dostlugy saklamaga-da päsgel berenok. Maman han her bir wajyp meseläni pähim-paýhasly Garasaç ene bilen maslahatlaşýar. Ýüregi ýuka we köp hasraty gören Maman han, aşygyny ýitiren Pöwrizäniň ahy-nalasyny deň paýlaşýar. Pyesada ýurduň hökümdary Kemaleddin şanyň şekili iň adalatly, paýhasly, edermen patyşa hökmünde halkyň dilinde sena bolýar. Ol ýeke perzendi, şazada Aýçiçegi jeňe iberip, sözi bilen hereketiniň çapraz düşmeýänligini we pemanlarynyň raýatlarynyň ählisine ikuçsyz degişlidigini görkezip, adyllygyny subut edýär. Watançy esger gyzlaryň her biri dürli häsietli, ýaşy boýunça ululy-kiçili. Olaryň hemmesiniň arzuwy: basym uruşdan-jeňden azat bolup, parahat, asuda durmuşda ýaşap, maşgala gurmak. Gadym döwürlerde ýagyň gelýänini depeleriň, baýyrlaryň gündizlikde tüsse goýberip, gijelikde bolsa ot ýakyp duýdurar ekenler. Gyzlar galasy bilen Ýigitler galasyndaky aragatnaşygy Mahygülüň “telegrafynyň”—geliografynyň, ýüz görülýän aýnasynyň kömegi bilen aşyrylýar. Mahygül öz abonenti, aşyk oglany bilen diňe özlerine düşnükli, Morze elipbiýisine meňzeş şekiller bilen habarlaşýar. Pýesanyň başyndan aýagyna çenli Garasaç ene esger gyzlary edil öz çagalary deý eý görýär: olara erteki aýdyp berýär, ruhy taýdan goldaw berýär, wajyp maslahatlar berýär. Gyzlar Maman hany “atasy” hökmünde sylasalar, Garasaç enäni “käbesiniň” ornunda söýýärler. Gadymdan gelýän alma zyňmak oýunynyň ýagşy niýeti bar. Aşyk-magşuklar bir-birine duşýarlar. Pöwrize, wepat bolan aşygynyň sarpasyny tutup, Maman han ýaly, ömrüniň ahyryna çenli, beýik söýgüsine wepaly boljakdygyna wesýet edýär. Parahatçylyk zamanynda Paraw bibiniň ruhy gyzlara öwüt-ündew berip, ýagşy niýetleri arzuw edýär. Her bir uruş parahatlyk bilen tamamlanýar. Ilkinji ssenada wepat bolan esgerleriň harby lybaslaryny geýinip, ýaraglanan gyzlar, iň soňky ssenada tuwulgalary—jygaly gupba, sowutlary, çaraýnalary—gülýaka, tirseklikleri, bileklikleri—bilezige öwürip, toý lybasly çykýarlar—berkarar döwletiň bagtyýar adamlary parahatçylygyň hözirini görýärler, asuda durmuşda toý tutýarlar, maşgala gurýarlar. Diňe bitaraplygy ündeýän, eziz Watanynyň goragynda, indi, gelin-gyzlaryň atalary, agalary, gerçekleri, ogullary durýar. Gelin-gyzlar gije-gündiz watangoraýjylarynyň saglygyny diläp, maşgalasynyň-baş galasynyň ojagynyň mährem ýylysyny gorap saklaýarlar. Harby ýörişler, jeňler, garşydaş leşgerleriň söweşleri sahnanyň arkasyna geçirildi. Garşydaşlaryň söweşjeň gapma-garşylyklary tutşlaýyn görkezilmän, bölek epizodlary görkezilip, söz bilen beýan edilýär. Pyesada köne, gadymy sözler we jümleler mümkingadar seýrek ulanylyp, tomaşaçylara has düşnükli bolar ýaly, onuň leksikasy sadalaşdyryldy. “Gyzlar galasy” taryhy, dokumental oçerk däl, onuň wakalary belli bir senäni, ýa taryhy şahslary beýan edenok (pýesanyň gahrymanlarynyň atlary türkmen halkynyň taryhynyň meşhur şahslarynyň atlaryna gabat gelýän hem bolsa, olar toslanandyr). Bu pýesa çeper eser—pýesa-rowaýat, şonuň üçin tomaşaçylar, režissýorlar, artistler we tankytçylar, bu esere taryhy nukdaýnazar bilen garap, baha bermekden saklanarlar diýip umyt edýärin. “Gyzlar galasy” pýesa-rowaýatyna ýardam üçin ulanylan edebiýat: 1. Gurbanguly Berdımuhamedow “Mertler Watany beýgeldýärler”. Aşgabat, TDNG, 2017 ý. 2. Gurbanguly Berdımuhamedow “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýarlar”. Aşgabat, TDNG, 2017 ý. 3. Gurbanguly Berdımuhamedow “Enä ragzym—mukaddeslige tagzym”. Aşgabat, TDNG, 2018 ý. 4. Gurbanguly Berdımuhamedow “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”. Aşgabat, TDNG, 2020 ý. 5. “Paýhas çeşmesi”. Aşgabat, TDNG, 2016 ý. 6. Türkmen halk döredijiligi I-II jiltler . Aşgabat, TDNG, 2017 ý. 7. “Görogly” eposy. 8. Orazguly Annaýew “Tumar” (ömür beýany) (“Garagum” 2019 ý.:11, 12 sanlar; 2020 ý.:1-3 sanlar) 9. Osman Ödäýew “Altynjan hatyn” I-II jiltler 10. Türkmen halk matallary Aşgabat, «Miras», 2005 ý. 11. Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi I-II jiltler, Aşgabat, 2016 ý. 12. Abu Osman Jahyz “Türkmenleriň mertebeleri” (arap dilinden terjime). Aşgabat, MGI, 2013 ý. 13. Gurbanjemal Ylýasowa, Amangül Durdyýewa, “Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi”. Aşgabat, “Miras” 2005 ý. 14. Azym Ahmedow “Gadymyýetiň ýaňy”. Aşgabat, Magaryf, 1992 ý. 15. “Türkmen halk yrym-ynançlary” (Çapa taýýarlan Gurbanjemal Ylýasowa). Aşgabat, «Miras», 2005 ý. 16. “Türkmen galalary hakynda rowaýatlar”. (Çapa taýýarlan Baýrammyrat Baýmyradow) Aşgabat, “Miras”, 2004 ý. 17. Ýazyjy ogly Aly “Seljuk türkmenleriniň taryhy” I-II-nji jiltler, Aşgabat, «Miras», 2004 ý. 18. Ýazmyrat Mämmediýew Taryhşynaslaryň maglumaty (Edebiýat we Sungat žurnaly)-2002 ý. 19. Şamuhammet Suwtyýew “Şan-şöhratly hunlar”. Aşgabat, 2015 ý. 20. Е. Е. Фиалко «Амазонки в памятниках античного искусства» 21. О. Гундогдыев, К. Байрамов «Туркменистан в женских лицах» 22. 23. Говхер Гелдиева“Легендарные женщины Туркмении”. 24. Gereý B~Türkmen halkynyň taryhy ©Kakajan Balkanow 2021 ýyl. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |