Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:57
Haçan-da Hudaý gülende...

“HAÇAN-DA HUDAÝ GÜLENDE”

(Meditasiýa-hekaýajyklaryň ýygyndysy)

Ol meni hakykydyr öýdýär!

Bir maşgala restorana günortanlyk edinmäge gelipdir. Ofisiant gyz ululardan isleýän zatlaryny ýazyp alandan soňra olaryň ýedi ýaşlyja ogluna tarap öwrülipdir.
-Siz näme sargyt edersiňiz?
Oglanjyk ýygralyk bilen ululara seredipdir-de:
-Men hot-dog alardym...-diýipdir.
Hyzmatçy gyz sargydy ýazyp ýetişmänkä, ejesi goşulypdyr:
-Hiç hili hot-dog bolmaz! Oňa ýeralma goýultmagy we käşir bilen kakmaç (bifşteks) getiriň.
Hyzmatçy gyz oglanjygyň ejesiniň sözlerine pitiwa etmän:
-Siz hot-dogy ajyhurş (gorçisa) bile iýersiňizmi ýa-da üwmeç (ketçup) bilen?-diýip, oglanjykdan sorapdyr.
-Üwmeç bilen.
-Men ýene-de bir minutdan gelerin.-diýip, hyzmatçy gyz aşhana ýönelipdir.
Ol gidensoň ara agyr dymyşlyk aralaşypdyr. Birhaýukdan soň oglanjyk töwereginde oturanlara seredipdir-de:
-Bilýäňizmi, näme? Ol meni hakykydyr öýdýär!-diýip pyşyrdapdyr.

Ynjyk çaga

Kiçijik Meri ejesi bilen deňziň kenaryna gelipdirler.
-Eje, men çägede oýnaýaýyn?!-diýip gyzjagaz haýyş edipdir.
-Ýok, mähribanym. Sen tämizje eşikleriňi hapalarsyň.
-Eje, onda men suwda ylgaýaýyn?
-Ýok. Sen myžžyk bolarsyň we sowuklarsyň.
-Eje, men beýleki çagalar bilen oýnasam bolýarmy?
-Ýok. Sen köpçülikde ýitersiň.
-Eje, maňa buzgaýmak satyn alyp bersene!
-Ýok. Sen bokurdagyňy sowukladarsyň.
Kiçijik Meri şondan soň ulili bilen aglamaga başlapdyr.
Ejesi bolsa ýakynragynda duran zenana garşy öwrülipdir-de, zeýrenmäge başlapdyr:
-Eý Hudaý janym! Siz şunuň ýaly ynjyk çagany mundan öň heý gördüňizmi?

It üçin balyk ýagy

Bir adam özüniň doberman itine balyk ýagyny berip başlapdyr. Sebäbi oňa munuň it üçin örän peýdalydygyny aýdypdyrlar. Ol her gün özünden dyzap sypmakçy bolýan itiň kellesini dyzlarynyň arasyna gysypdyr-da, zor bilen onuň äňini açyp, bogazyna balyk ýagyny dykypdyr.
Bir gezek bolsa, it ondan sypypdyr-da, balyk ýagyny ýere döküpdir. Soňam öz hojaýynyny biçak geň galdyryp, ol yzyna dolanypdyr-da, ýere dökülen ýagy ýalamaga başlapdyr. Itiň eýesi soň aň ýetirse, it balyk ýagyny iýmejek bolup garşylyk görkezmeýär eken-de, şol ýagyň özüne berlişine gaýtawul berýän ekeni.

Çapak çalýan perişde

Gadymy rowaýata görä, haçan-da Hudaý dünýäni ýaradýarka onuň ýanyna dört sany perişde gelipdir. Olaryň birinjisi: “Ýa Ýaradan, sen muny nädip edýärsiň?” diýip sorapdyr. Ikinjisi: “Ýa Ýaradan, sen muny näme üçin edýärsiň?” diýen sowal bilen ýüzlenipdir. Üçünjisi: “Ýa Ýaradan, men saňa ýardam edip bilerinmi?” diýen soragy beripdir. Dördünjisi bolsa: “Ýa Ýaradan, şunuň bilen meşgullananyňa degýärmikä beri?!” diýipdir.
Perişdeleriň birinjisi – alym, ikinjisi – pelsepeçi, üçünjisi – altruist (özgeleriň göwnüni görmäge ilgezik adam), dördünjisi – gozgalmaýan emläk boýunça agent (dellal) ekeni.
Bäşinji perişde bolsa Hudaýyň ýanyna barman, bolup geçýän zatlary guwanç bilen synlap durşuna, tüýs ýürekden çapak çalyp durupdyr. Ol mistik (doga-jada ynanjaň) ekeni.

Jonni mekdep sahnasynda oýnaýar

Kiçijik Jonnini mekdep sahnasynda oýun oýnamak üçin barlap görýärdiler. Onuň ejesi oglunyň sahna juda gatnaşasynyň gelýändigini bilýärdi, ýöne ol ony saýlap aljakdyklaryna şübhelenýärdi. Bir gün okuwçylara sahnada oýnamaly keşpleriniň edebi esasyny paýladylar. Jonni öýlerine dolanandan soň ejesiniň gujagyna özüni oklady. Ol buýsançdan hem-de tolgunçdan ýaňa dyňzap durdy.
-Eje!-diýip, ol gygyrdy:-Meni saýlap aldylar! Maňa çapak çalmagy we “Ura!” diýip gygyrmagy ynandylar.

Okuwçynyň gündeligindäki ýazgy: Samuel, aýdymçy topara, özüniň ony ünsli diňleýändigi bilen kömek edýär.

Astronawtyň guwanjy

Aýda bolup gören astonawtlaryň az sanlysyndan biri, özüniň şol ýere barandan soň gursagyny doldurýan guwançly duýgulary basyp ýatyrmaga mejbur bolandygyny gürrüň beripdir.
Ol özüniň bir gezek Zemini görüp, guwançdan ýaňa doňup galandygyny ýadyna salypdyr. Ol duran ýerinde doňňara-daşa öwrülipdir-de: “Hudaý jan! Neneňsi owadan!” diýip oýlanypdyr.
Soňra ol nerme-näzik duýgulary bir gyra zyňypdyr-da, öz-özüne diýipdir: “Wagtyňy biderek ýitirme, bar, topragyň nusgasyny topla!”.

Bilimiň iki görnüşi bar: biri nädip gazanç etmelidigini öwredýär, beýlekisi nädip ýaşamalydygyny...

Munuň nähili edilýändigini undupdyryn

Endrýu Karnegiden, dünýäde tütjar baý adamlaryň birinden sorapdyrlar: “Siz islendik pursatda saklanyp bilýärdiňiz, şeýle dälmi? Çünki siziň maýaňyz ýeterlikdenem köp ahyry”.
Karnegi jogap beripdir: “Hawa. Örän dogry. Ýöne, men saklanyp bilmeýärdim. Men munuň nähili edilýändigini undupdyryn”.

Köpler, pikirlenmegi we nämedir bir zat bilen gyzyklanmagy bes etseler, soňra muny täzeden başlap bilmeris öýdüp gorkýarlar.

Ummandaky ajaýyp ada

Goja ömrüniň agramly bölegini, dünýäde iň gözel ýerleriň biri hasaplanýan adada ýaşapdyr. Haçan-da ýaşynyň soňunda ol uly şähere göçüp baranda, kimdir biri oňa: “Jahanyň täsinlikleriniň biri hasaplanýan adada şunça ýyl ýaşamak, diýseň ajaýyp bolmaly!” diýipdir.
Goja biraz oýlanypdyr-da, şeýle jogap beripdir: “Bilýäňizmi, dogrusyny aýtsam, eger-de men ol ýeriniň şeýle meşhurdygyny bilen bolsam, iň bolmanda ony doly synlab-a çykardym”.

Adamlara nähili seretmelidigini öwretmek gerek däl. Olary diňe olary kör edýän mekdepden halas etmeli.

Uistleriň çagalary

XIX asyryň ortalarynda amerikan suratkeşi Jeýms Mak-Neýl Uistler, West-Poýntda, ABŞ-nyň Harby akademiýasynda akademiki bilimiň nukdaýnazaryndan şowsuz hem gysga bolan bilim almak tapgyryny geçipdir. Aýdyşlaryna görä, şol döwürler, haçan-da ondan köprüniň suratyny çekmegi haýyş edenlerinde, ol gür ota beslenen iki kenary birikdirýän nepis daşköprüni we şol köprüde durup balyk tutýan iki sany çagajygy çekipdir.
-Çagalary köprüden aýryň! Bu sap-arassa inženerçilik ýumuşy!-diýip, ondan tälimçisi haýyş edipdir.
Uistler çagalaryň suratyny köprüden aýrypdyr-da, olary kenarda balyk tutýan görnüşde çekip, ýene-de suratyny görkezipdir. Gahary gelen tälimçi:
-Men size çagalary ýok ediň diýip aýtdym ahyry! Doly ýok ediň! Çagalary suratdan ýok ediň!-diýip gygyrmaga başlapdyr.
Ýöne, Uistler özüniň döredijilik alawyny söndürmegiň hötdesinden gelmändir. Şol suratyň indiki görnüşinde suratda çagalar hakykatdanam ýok ekeni. Olar derýanyň kenarynda, iki sany kiçeňräk mazardaşynyň astynda jaýlanypdyr...

© Entoni de MELLO

Terjime: © Serdar ATAÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 116 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Serdar Ataýew, Entoni de Mello | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Lacrymosa • 11:08, 19.01.2024
Suraty ulaltdym öýdýän hi-hi!
Ýoksada, suraty men ulaltdymmy ýa Adminşa?!
avatar
0
2 Мango • 12:11, 19.01.2024
ýaňlyşlar üssünde iş
“Haçan-da Hudaý gülende”
“HAÇAN-DA HUDAÝ GÜLENDE”
sözbaşyny postyň içinde ÜLLÄKÄN ýazmaly.
bu bir.

Terjime eden Serdar Ataýew.
Terjime: © Serdar ATAÝEW
terjimeden soň ikije nokta, soň © tagmasy, familýanam ÜLLÄKÄN ýaz.
buda iki

üçem şü:
Entoni de Mello
© Entoni de MELLO

şeýt inkilede.
bomy.
ikilikçi.
avatar
0
3 garagar • 23:33, 19.01.2024
birinji hekaýa serim gitdi. Hemmesem gowy eken. Terjime üçin minnetdar!
avatar
0
4 Lacrymosa • 17:23, 21.01.2024
Entoni de Mello daýy pahyr-a tirsekläpjik ýatandyr şumat. Gaty elinje goýulypdyr-a bendäň ýazany! Terjime eden Serdar aga-da, suratyny klip eden ýa kollažmy eden Nurdan soltana-da, elbetde posty döreden Lacrymozka-da zähmetleri üçin köp sagbolsunlar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203