Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:49
Deleted
Deleted
Bölümler: Makalalar | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
0
1 Bagabat • 13:50, 22.11.2022
Adamzadyň ykrar eden genial adamlarynyň biri Galileo Galileý barada anekdotlar:
 
Sowet goşunynda, praporşik
lül-gammar bolup, esgerleriň agşamky barlagyny geçirmek üçin hatara durzupmyş:
-Ýoldaş esgerler, siz
näme gyşyk-çaýşyk hatara durupsyňyz?
-Sebäbi Zemin
togalak!-diýip, hatarda duran esgerleriň ýeserräk biri seslenipdir.
-Muny kim aýtdy?
-Galileý.
-Galileý, hatardan bir
ädim öňe çyk!
-Ol birmahal öldi ahyry!
-Ine görýäňizmi, ýoldaş
seržant, size ynanylan goşun bölüminde adamlar birmahal ölýärler. A siz bolsa
bu barada habaram bermeýärsiňiz?-diýip praporşik, yraň atyp durşuna seržanta
yrsarap başlaýar.
avatar
0
2 Bagabat • 13:50, 22.11.2022
*****
Bir gün lül-gammar bolan Galileý itenek-çomanak
bolup ýöräp barşyna, büdräp, süssenekläp gidipdir-de: “Ol barybir aýlanýar...”
diýip oýlanypdyr.
avatar
0
3 Bagabat • 13:50, 22.11.2022
*****
Günlerde bir gün Galileý
inkwizitorlaryň zyndanyndan gaçypdyr. Onuň yzyndan näçe kowalasalar-da ýetip
bilmedik inkwizitorlar haş-haşlap duruşlaryna:
-Zeminiň togalakdygyny
özüň aýtdyň! Ahyry bir gün onuň bir nokadynda biziň bilen sataşarsyň!-diýşip,
gygyryşypdyrlar.
avatar
0
4 Bagabat • 13:51, 22.11.2022
*****
Florensiýanyň suw
çüwdürimini gurýan ussalary täze uly suw çüwdürimini guranlarynda näçe zähmet
çekseler-de çüwdürimiň suwuny boşlukda 32 futdan (bir fut - 0,3048 metr)
ýokaryk galdyryp bilmändirler we bu soragyň jogabyny anyklamak üçin:
-Hormatly professor, hany
siz hemişe öz çykyşlaryňyzda: “Tebigat boşlugy halamaýar” diýip gaýtalap
ýörsüňiz welin, näme üçin biziň suw çüwdürimimizde suw 32 futdan ýokaryk
çykmaýar?-diýip, Galileo Galileýe ýüz tutupdyrlar. Onda Galileý egnini
gysypdyr-da jogap beripdir:
-Megerem, tebigat diňe 32
futa çenli boşlugy halaýan däldir...
avatar
0
5 Bagabat • 13:51, 22.11.2022
*****
Platon “Akadem” diýen
ýerde öz döreden mekdebiniň girelgesiniň ýokarysynda: “Şu ýere geometriýany
bilmeýän girmesin” diýen ýazgyny asypdyr.
Onuň şägirdi Aristotel
özüniň Likeide açan pelsepe mekdebiniň gapysyndan: “Şu ýere matematikany bilýän
girmesin” diýen ýazgyny asypdyr.
Galileý bolsa Aristoteliň
bu hereketini doly goldamak bilen, öz garaýşyny şeýle düşündiripdir:
-Sebäbi matematikany
bilýän adam Stagiritiň[1]taglymaty üçin örän howpludyr. Sebäbi matematika ol taglymatyň ýalňyşlyklaryny
we galplyklaryny aýdyň açyp görkezýär...


[1] Stagirit - buFrakiýanyň Stagir şäherinde dünýä inen Aristoteliň lakamlarynyň biridir.
avatar
0
6 Bagabat • 13:51, 22.11.2022
*****
Inkwizitorlar Galileýi
sorag edenlerinde oňa:
-Hormatly professor,
haýyş edýäs, bize aýdyň, Gün Ýeriň daşyndan aýlanýarmy ýa-da Ýer Günüň
daşyndan?-diýip, ol näme diýip jogap berse-de, ony şol wagtky resmi ykrar
edilen Älemiň gurluşy baradaky ylahyýet taglymatyna garşy gitmekde aýyplamaga
mümkinçilik berjek içi güjükli sowal bilen ýüzlenipdirler.
Galileý kän pikirlenip
durman:
-Baryňam gümüňizi
çekiňsen-aý!-diýip, bu çykgynsyz ýagdaýdan baş alyp çykypdyr.
avatar
0
7 Bagabat • 13:51, 22.11.2022
*****
Galileý termometriň täze görnüşini
oýlap tapypdyr. Onuň içinde temperaturany ölçeýji suwuklyk hökmünde simap ýa-da
spirt däl-de çakyr hyzmat edýän ekeni. Galileý özüniň täze oýlap tapyşyna baha
bermegi üçin termometrini Angliýada ýaşaýn dostunyňka ýollapdyr. Emma, ýolda
onuň termometriň gapdalyna goşup iberen haty ýitipdir. Birnäçe wagtdan soň
Galileýe Angliýadaky dostundan hat gelipdir. Hatda şeýle ýazylypdyr:
“Gardaşym, sagja bol.
Maňa ýollan şerabyň iňňän gowy ekeni. Ýöne sen näme üçindir ony biderek gaba guýup
ugradypsyň”...
avatar
0
8 Bagabat • 13:51, 22.11.2022
*****
Galileý ýaşlykdan özüniň
ylmy işine juda berlen adam ekeni. Ol öýlenen gününiň ilkinji gijesinde-de,
kellesine gelen täze çaklamanyň änigine-şänigine ýetmek üçin uzakly gijäni
çirim etmän kitap okap geçiripdir. Irden bolsa öz otagyndan çykypdyr-da, özüniň
hyzmatkärine sorag beripdir:
-Meniň düşegimde ýatan
zenan kim?
Hojaýynynyň ýagdaýyna
belet hyzmatkär hiç zada geň galman:
-Ol siziň aýalyňyz,
jenap!-diýip, parahat jogap beripdir.
avatar
0
9 Bagabat • 13:52, 22.11.2022
Şu ýerde esasy bellemelizadam, halk diňe özüniň hakydasynda orun alan adamlar barada henek, ýomak,
hekaýat we rowaýat döredýär. Heneklerdir, ýomaklaryň aglaba köpüsiniň esasy
maksady bolsa henekleriň gahrymany bolan adam baradaky hakydanyň üstünden
gülmek däl-de, aglaba köp ýagdaýlarda şol adama we onuň eden işine bolan mähirli
gatnaşygyny beýan etmekden ybaratmyka diýip pikir edýärin. Mysal üçin, Hoja
Nasreddin Ependi, Myraly we Soltansöýün, Kemine we Äraly pir, Keýmir kör we
Nedir şa, Gowşut han, Nurberdi han, Gara batyr, Dykma serdar, Esenpolat,
Görogly, Aşyk Aýdyň pir, Sapar Köse we ş.m. baradaky henekler we ýomaklar.
avatar
0
10 Pero • 08:50, 23.11.2022
Her henegiñ arkasynda bölejik hakykat barlygyna ynanylýar. Genileriñ "akyl şarikleri" 99 ya 101 bolarmyş diýlen henekden çen tutsak,hakdaniçenleriñ adaty bolmadyk hüy-häsiyetleri adaty adamlara geñ bolonsoñ,dürli henekler dörän bolmaly.
avatar
0
11 Pero • 08:54, 23.11.2022
Kyssasyl enbiýany” okasaňyz, ol ýerde Allatagala adamy toprakdan ýaradanda adamyň jany ynsanyň toprakdan tenini garaňky görüp, oňa girip bilmän çekinip durýar, şonda-da Keremli Allatagala toprakdan tene öz nurundan bölüp berip, onuň içini ýagtyldýar. Diýmek her bir ynsanda, owalybeletde ol ýaradylanda Allatagalanyň nurunyň bir ülüşjigi bar." Bu bir wariant. Başga bir ýerde adam jismine girmäge gorkan ruhy sazyñ kömegi bilen Allah ynsanyñ içine salypdyr diýilýär.
avatar
0
12 Bagabat • 12:41, 23.11.2022
Saz bilen söhbedi ýaman diýmäňler,
Adam Ata, Howa bolanda bardyr.
Habyl bile Kabyl ene goýnunda,
Olar bu dünýäge gelende bardyr.
 
Mollalar jem bolup tapmady delil,
Men saňa sygyndym, ýa, Repbim Jelil,
Ysmaýyl pygamber, Ybraýym Halyl,
Mekge binýadyny salanda bardyr.
 
Mollalar jem bolup geldiler heme,
«Hazar ente» diýmäň manysy näme?
Patyşa bolup ötdi şahy Jüm-jüme,
Dünýäniň lezzetin dadanda bardyr.
 
Bu dünýäni kimse tutdy serşite,
Adam ogly her haýsysy bir işde,
Harut, Marut atly iki perişte,
Babyl çah içine düşende bardyr.
 
Şiri-Haýdar diniň gapysyn açdy,
Bilal azan aýtdy, kapyrlar gaçdy,
Abubekir, Omar, Osman uruşdy,
Aly din gylyjyn çalanda bardyr.
 
Igne üçin Isa asmanda galdy,
Isgender Zülkarnaýyn dünýäni aldy,
Musanyň hasasy aždarha boldy,
Nesiminiň postun soýanda bardyr.
 
Şeýtany kowdular jennet öýünden,
Her kim tapar öz pyglyndan, küýünden,
Özüň sakla, huda, azap suwundan,
Nuhuň gämisine münende bardyr.
 
Daglaryň başyndan gitmez dumany,
Bir gün bolar ýaradanyň permany,
Mäti gelip alar ýagty dünýäni,
Dawydyň kyrk ogly ölende bardyr.
 
Molla Gaýyp aýdar, Hydyrdyr pirim,
Pirim Şahymerdan-Aly destgirim,
Soltan Söýün Mürze Mir-Aly şirim,
Dünýäniň toýuny tutanda bardyr.
 
Mahmyt Gaýyby. Diwan. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 377 sah.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203