Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:50
"Hassahana"

«HASSAHANA»

Yşkyň uçgunyndan syçrap bir gün,
Gujagyňda aglan bolup dogýas biz.
Kalby däl-de, garny doýuryp ýörkäk,
Söýgüsizem oňýas biz.

Ýykylsak, zemiňe ýapyşyp turýas.
Emma arka direýäris dünýä biz.
Biri-birimizden habarsyz diýýäs
— Dünýä!
— Dünýäm!
— Dünýämiz!

Bir gün giň, bir günem daralyp duran,
Çölüstanmyň, bizem gorkak tez jeren.
Gollary ho-ol gökde, köki... kim bilýär?
Agaçlarnyň depe saçy hüžžeren.

Çagakam sen juda owadandyň-la,
Dünýä, ýuwaş-ýuwaş gartaşýaňmy ýa?!
Timar ber özüňe, galkyndyr göwni.
Senem gussa bilen galtaşýaňmy ýa?!

Gözlermizi baglap söýgi salgymna,
Düze kowmaň döndi gitdi düzgüne.
Sataşsa, heýjana geldi ýürekler,
Ýogsa, üzlere...

Zemin söýgi aýdymyňy diňleýär,
Goşgularyň yşkyň pagyş-parasy.
Seniň goýnuň «söýgi» diýip iňleýän,
Yşkdan ýaralylaň «hassahanasy»

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 17:06, 24.10.2023
"Çagakam sen juda owadandyň-la," hawa, çagakak ol juda, juda owadandy...

Saýrap duran, ajaýyp goşgy üçin minnetdar Aýgül!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203