17:09 Hatanyñ hasaby | |
HATANYŇ HASABY Her birimiz ýykala-ýykyla ýöremegi öwrenişimiz ýaly ýalňyşlyklaryň esasynda dogry zady, dogry ýoly saýgarýarys. Ynsan öz ýaradylyşy boýunça ömürboýy öwrenmek, kämilleşmek üçin dowamly hereketde bolýar. Sebäbi her birimiziň içki dünýämiz kämillige aşyk, kämilligiň pellehanasyna ýetmek üçin ähli synaglara döz gelýäris. Aslynda dünýäde hiç bir zat we hiç kim kämil däl, emma oňa golaýlaşmak babatda biziň netijelerimiz bir-birinden tapawutly. Ynha, bu ýolda biz dürli-dürli säwlikler,hatalar göýberýäris. Beýle hatalaryň hasabynyň agyr ýa ýeňil boljaklygy garşymyzdaky ynsana bagly. Ol her kim bolup biler: hossaryň, dostuň, ýaryň, başlygyň, işdeşiň...Eger ol “Ýamanlygy çägä, ýagşylygy daşa” ýazyp bilýän biri bolsa-ha ne ýagşy. Ýogsam-da bir tymsalda aýdylyşy ýaly, ullakan ak kagyzyň ýüzündäki bir kiçijik gara nokady gören adam ýaly bolaýmagy ahmaldyr. Bu tymsalyň düýp mazmunynda bir kişi ýekeje ýerde ýalňyşlyk göýberse, öňki ähli üstünlikleriniň üstüne atanak çekýär, onuň birnäçe üstünlikleriniň däl-de bir ýalňyşlygynyň üstünde has köp durýarlar, şeýlelikde ýekeje gara nokat sebäpli tutuş ak kagyzyň arassalygy inkär edilýär diýen many bar. Käbir adamlara söz ýiti täsir edýär. Gaharyňa gatyrak gatyrgansaň, ajy sözlerden sugşursaň, olara bir ömürlik ýeterlik bolýar. Ýöne şol käýinjiňi yzygiderli dowam etseň, beýle adamlarda ýuwaş-ýuwaş kine tohumy şineläp başlaýar we birinji gezekdäki sapak bolan sözler ol adamlarda tersine iş ýöredip ugraýar. Bu ýagdaý uzak dowap etse hatanyň hasaby ýitýär, ýagny kim hak,kim nähak saýgarar ýaly bolmaýar. Her kim öz ýanyndan beýlekini ýazgarýar. Şonuň üçin hem beýle adamlar säwlik göýberse, olara bir gezek düşündirmek ýeterlikdir. Pedagokikanyň inçe tilsimlerinden oňat baş çykarýanlara ýalnyşan adamy dogry ýola ugrukdyrmak aňsat başartsa-da, durmuşda hemmämiz pedagokika ylmynda ussat däl ahyry. Şol sebäpli-de düşünişmezlik häli-şindi döreýär. Ynsany iň gözel görkezýän hem-de kämillige ýakynlaşdyrýan häsiýetleriň biri-de geçirimlilikdir. Gaharyňa ýalňyşan kişä beren jezaň diňe oňa däl-de ýene-de bigünä birnäçe adamlara agyr zarba bolup biler ahyry. Bu bolsa “Daş bilen urany aş bilen urmak-ha däl, hat-da daş bilen urmak hem däl belki-de agyr ýaralamak bilen deňdir. Men bu ýerde ýalňyşyp ýa-da nähilidir bir duýga aldanyp “ daş zyňan” adamy göz öňünde tutýaryn. Durmuşyňy düzýän her bir ynsanyň bir hatasy üçin ähli hasaplar ýapyljak bolsa olara daş-töweregimizde ynanar ýaly ýekeje adam hem galmazdy. Sebäbi geçirimsiz adam wagtyň geçmegi bilen hemmeleri özünden daşlaşdyrýar. Emma diňe hatasyna düşünen adama geçirimlilik etmek ýeterlikdir. Özüni hatasynyň geçirilmegine mätäç däl saýýan adamy bagyşlamak akmaklykdan başga zat däl. Ýene-de durmuşda käbir adamlar bolýar, ýagny özüne edilen ýagşylygyň onuň öňünde zerreçe hem ähmiýeti ýok. Beýle adamlar ilki ulanyp boljak adamlary “awlaýarlar”. Ençe wagtyň dowamynda ol adamyň hözürini görýärler, soňra bolsa onuň özüni awa şam edýärler. Bu ýerde diýmek isleýän zadym: ol görgüli adam “ulanyşdan” galandan soň, ony ulanan adam “adalatyň hatyrasyna” ulanylany beýlekiler bilen deň hatarda görüp başlar. Beýlekilere görkezýän “ajylyklaryny” oňa hem görkezip başlar. Eger adamlaryň arasynda : “Sen näme üçin plankesi beýle agyr ýagdaýa salýarsyň,ol seniň üçin hemişe elinden gelen işi edýär ahyry” diýse-de onuň öz ýanyndan we daşyndan aýtjak sözi şu äheňde bolar: “Adalatyň hatyrasyna!” Kimiň, nämäň adalaty?! Ol weli belli däldir. Ýagşylyk eden adam garşysyndakydan bir zada garaşýan däldir, diňe hoşgylawlykdandyr onuň islegi. Ol garşysyndakydan hiç wagt gowluk gelmejegine düşünen pursatyndan başlap özüni alyp gaçar... Hata göýberip, ýalňyşana düşünen adam bilen, hatany görüp, ony hem gün-günden ulaldyp barýan adamy terezide goýmaly bolsa, haýsy has agyrrak gelerdikä? © Meñli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |