Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:20
Hemişe bolşy ýaly

HEMIŞE BOLŞY ÝALY
(tymsal)

Gagym döwürde Günorta Gresiýadaky Lakoniýa diýlen ýurtda ýaşan lakonlar (olara şol ýerdäki şäher-döwletiň ady boýunça spartalylar hem diýilýär) örän merdanalygy, sada durmuş ýörelgesi hem-de iňňän ýowuz tälim-terbiýesi bilen tapawutlanypdyrlar.

Lakonlaryň ýene bir häsiýetli aýratynlygy – az sözlülik bolan. Olar öz pikir-duýgularyny gysgadan manyly jümlä sygdyrypdyrlar, jogaplary bolsa birki sözden ybarat bolupdyr. “Daş heýkeller hem biziň ogullarymyzdan köp gürleýändirler” diýip, spartaly gojalar degişer ekenler. Häzirki wagtda hem çöp döwen ýaly gysga we anyk jogaba “lakonik jogap” diýilýär.

Haýsydyr bir ýurduň ilçisi lakonlara uzyn-uzak nutuk bilen ýüz tutsa, olar “Sözüň ahyryna ýetýänçäň başy ýadymyzdan çykdy, bize aýtjak zadyňy gysga aýt!” diýip talap edýän ekenler.

Isgender Zülkarneýniň atasy, Makedaniýanyň patyşasy Pilkus (Filippus) lakonlaryň bu häsiýetine belet eken. Bütin Gresiýany basyp alan Pilkus boýun egmezek Lakoniýa garşy güýç ulanmazdan öň olara abaý-syýasat etmegi ýüregine düwüp, şeýle buýruk beripdir:

– Lakonlara bolsa şeýle gysgajyk hat ýollaň: “Leşger dartyp, ýurduňyzy alsam, oba-şäherleriňizi ýere ýegsan etjekdigime şek-şübhe ýokdur!”

Lakonlardan bu gezegem adatdaky ýaly gysgadan aýdyň manyly jogap gelip gowşupdyr:

“Alsaň!”

© Ýaran ÝAGMUR

Çeşme: https://makalam.com/hemise-bolsy-yaly-tymsal-525/
Bölümler: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 15:23, 15.08.2023
лаконичный – mundan gelip çykd-ow...
avatar
0
2 Мango • 15:37, 15.08.2023
lakonlaryň (spartalylaryň) lakoniçnyja beren jogaby hakynda şu postda hem agzalýar.
"GYP GYSGA":
https://edebiyat.clan.su/news/gyp_gysga/2022-12-08-181
avatar

Старая форма входа
Total users: 203