01:43 Hiç kes bilen ýola gitmedik dünýä - 2 | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR Dowamy Dostmuhammet uzak wagtlap uklap bilmedi. Kakasynyň aýdanlary onuň gulagynda ýaňlandy durdy: “Hatda, goýun yzynda gezen çopandan-da onuň hasaby soraljakdyr!” Näme üçin soralmasyn? Goýun Allanyň ýaradan janaweri dälmi näme? Abdylla bin al-Hattabyň atasy ogluna näme jogap beripdir? “Döwlen bir goýun aýagy üçin on iki ýyl jogap bermeli boldum”. Musa (a. s.) heniz çоpan bоlup gezen wagtlary, wähý gelmezden оwal, bir gün gоýun оtarýarka, tötänden оlaryň biri yza galanda, оny sürä gоşmak isläp, iki parsahlyk ýoly bоýnunda göterip getireni üçin, oňa Allatagaladan: “Ant оlsun yzzatyma, men оny beýgeldip, özüme hemsöhbet edermen, Oňa pygamberlik berermen!” diýen neda gelmänmi, näme, sоň bularyň baryny оňa bermänmi, näme?! Eý-ho! Ylahy adalaty görsen-e! “Gyldan inçe, gylyçdan ýiti” diýilýän syrat köprüsi-de adalat köprüsi ahbetin. Eýse, häzirki hökümdarlar şu zatlary bilmeýärlermikä? Bilýändirler. Olaryň ýanlarynda mollasy, müftüsi, kazysy-kelany – ählisi bar ahbetin. Eýse näme üçin olar halka sütem edýärlerkä? Alladan, beýik soragdan gorkmaýarlarmyka?! Kakam dogry aýdýar: olaryň imany ýok. Imanlary bolan bolsady beýtmezdiler. Ahyrzamana golaý gelen bolmaly. Eger dili kelamly mollasy, müftüsi, kazysy-kelany imanyny ýuwudan bolsa, bu Ýer oňa nähili çydaýarka? Nädip, ýarylman, parça-parça bolman durka? Allanyň geçirimliligi, mähribanlygy dälmi bu apy-tupany saklap duran?! Elbetde, şol! Dünýä diňe pis adamlardan ybarat däl ahbetin, imanly, ygtykatly, hoş niýetli, mylakatly adamlaram bar ahbetin. Gör, näçe adam günde näçe gezek Oňa sygynýandyr, Onuň merhemetinden pena tapýandyr, Onuň geçirimliliginiň saýasynda günäden saplanýandyr. Şu ýerde heniz şygra öwrülmedik setirler onuň beýnisinde at çapdy: “Dostmuhammet, sygynmaly Hudaýa, kyýamatda bolar başyňa saýa”. * * * Dostmuhammet ýigit çykdy. Köpden bäri edýän arzuwyna-da ýetdi: at edindi. Ol atyny şeýle bir gowy görýärdi welin, bir ýatanda diýäýmeseň, gije-gündiz ýanyndan aýrylmaýardy. Ýuwardy, arydardy, gaşawlardy, özi iýmän, oňa iýdirerdi, özi içmän, atyna içirerdi. Wagtal-wagtal deň-duşlary Garypmuhammet, Öwezgelen, Baba bilen at çapyşardy, gylyç salşardy, naýza zyňşardy. Wagtyny hoş geçirerdi, garyplygyň gamy köňlün çökermezdi, çünki heniz dünýäni al-elwan görýärdi, durmuşyň ajysyny datmandy, talhyny ýuwutmandy, üstlerinden hijran ody dökülmändi. Bu zatlar, bu synaglar heniz öňdedi. Olardan hiç kimiň habary ýokdy. Bir Alla bilýärdi… Dostmuhammetleriň öýleriniň ýanyndan gür baglykdan geçip gidýän ýol göni çeşmä barýardy. Änew ilatynyň ýarysy diýen ýaly şu çeşmeden suw içerdi. Ine, bu günem Dostmuhammet, hemişeki ýaly, şu ýola düşüp, atyny suwa ýakmaga gitdi. Hemişe atyny suwa ýakýan ýerine baranda, bir gyzyň egni küýzeli suw almaga gelýändigini gördi. Dostmuhammet gyz suw alyp gitsin diýip, atynyň başyny bir gyra burdy. Gyz onuň deňesinden geçip gitdi-de, küýzesini suwdan doldurdy. Emma gitmedi. Dostmuhammediň garaşyp duranyny görse-de, güýmeň-samaň etdi, soň doly küýzesini başaşak tutup, suwuny dökdi. Ýene doldurdy, ýene-de dökdi. Dostmuhammet gyzyň giderine garaşyp, bir gyrada durdy. Gyz bolsa küýzesini üçünji gezek dolduryp, üçünji gezegem dökdi. Üç küýze suw raýyşa dökülensoň, akar bulandy. Muny görende, Dostmuhammediň gahary geldi. “Käşkä, atymy ilki suwa ýaksadym, indi suw durlanýança, garaşmaly bolar” diýip hüňürdedi. Soň gyza garap: − A, gyz, men seniň suw almagyň üçin, saňa ýol berdim. Suw almajak bolsaň, ony bulamaň näme? Bolmanda, öňküsi ýaly goýsadyň-da ... − diýdi. Gyz oglana seredip: − Näçe okasaň hem, naşy ekeniň − diýdi-de, küýzesini bulanyk suwdan dolduryp, çignine alaga-da, gaty-gaty ýöräp gitdi. Dostmuhammet gyzyň bu sözüne haýran galdy. Edepsizlik etdimi? Ýok. Gyra çekilip, gyza ýol berdi. Emma edepsiz gyz, tersine, oňa beýle sözleri diýdi. Heniz gyz bilen henek edip görmedik Dostmuhammet onuň bu sözlerinden ynjady. Ol suwuň durlanaryna garaşyp durdy welin, atyny suwa ýakmaga Garypmuhammet geldi. Dostmuhammet bolan işi Garypmuhammede şikaýat edýän terzde gürrüň berdi. Olam dostuna göwünlik bermeg-ä gyrada dursun, gaýta gülüp: “Gyz dogry aýdypdyr” diýdi. Soňam atyň jylawyny dutaryň tary edinip, hiňlenmäge başlady: Daglaryň gök ekini, mest gyz atar mäkini, nadan оglan näbilsin gyzyň göwnündäkini!. Bu söz Dostmuhammediň göwnüne degdi. Muny duýan Garypmuhammet: − Aý, härif, näçe sany aşyk-magşuk dessanyny okadyň? Gyzlaryň şular ýaly hereketler bilen öz göwünlerine ýaran ýigitlere yşkyny beýan edýändiklerini bileňokmy nä? Gyzyň saňa syny düşüpdir − diýdi. Dostmuhammediň ýüzi gyzdy. Ol şol pursada çenli aşyk-magşuklyk diňe dessanlarda bolup bilýändir öýderdi. Öz başyna beýle bir işiň geljegi ýatsa-tursa, kellesine-de gelmezdi. Ol, hatda dem salym muny özüne namys bildi. Kur’any kerimiň, hadyslaryň we enbiýalar kyssalarynyň beýik dünýäsinden çykarylyp, bu pes, çirkli dünýä taşlanan ýaly boldy, emma gyzyň syr-sypaty, boý-bykyny, dal gerdeni, owadan syraty göz öňüne gelende, özüniňem gyza maýyl bolandygyny aňyp, günä iş eden adam ýaly, öz-özünden utandy. Ony bu ýagdaýda gören Garypmuhammet dostunyň çetine degmek üçin, ýene bir heňe tutdurdy: Ak maýa düzde galdy, ýüki Töwrizde galdy; oglany dert apardy, dermany gyzda galdy. Garypmuhammet birden dostuna garap: − Baryp, mollama aýdaýyn, toý şaýyny tutsun − diýdi. Bu sözi eşidende, “yşk pynhan bolmaly” diýip düşünýän Dostmuhammediň ýüregi agzyna geldi. Heniz ýok zadyň iliň agzyna düşmeginden gorkdy. Şonuň üçinem: − Ýok, ýok! Aýdýanyň näme? Eger maňa dost bolýan bolsaň, bu işi adam ogluna duýdurma. Ýok, eger duşman bolýan bolsaň, bar, öňüňden çykana gürrüň ber! − diýip gygyrdy. Dostunyň naýynjar halyny görende, Garypmuhammediň oňa ýüregi awady. Ol dostuny köşeşdirmek üçin, bu işi syr kimin saklajakdygyna ant içdi we dostlar atlaryny suwa ýakyp, öýlerine gaýtdylar. Dostmuhammet öýe gelip, endigi boýunça kitap açdy, emma näme okaýanyny bilmedi. Kitaba seretse, harplaryň ýerine gyzyň suratyny gördi. Her näme okasa, gulagyna gyzyň sesi geldi durdy: “Näçe оkasaň hem, naşy ekeniň! Naşy! Naşy!” Dоstmuhammet kitaby ýapdy, bukjasyna salyp, tagda gоýdy. Näme etjegini bilmedi. Ýüregi gysdy. Çaltrak daň atyp, günüň dogmagyny isledi; suw başyna baryp, ýene bir gezek gyzy görsem diýip, ýüregi atygsady. Gijäni şu arzuw bilen geçirdi. Ertesi irden, wagty gelmänkä, atyny suwa ýakmaga gitdi. Suwuň başynda güýmenip durka, gyzyň egni küýzeli suw almaga gelýändigini gördi. Dostmuhammet gyz suw alsyn diýip, ýene atyny bir gyra sowdy. Gyz gelip, küýzesini suwdan doldurdy-da, hiç zat diýmän, ýüzüni ýan tutup, onuň deňesinden geçip gitdi. Dostmuhammet näme etjegini bilmedi. Atyny suwa ýakanyny-ýakmanynam bilmän, öýlerine gaýtdy. Üçünji gün Dostmuhammet gyz bilen gürleşmek niýetine düşdi. Şu pikir bilen ol ýene-de atyny suwa ýakmaga gitdi. Gyzyň güzer bilen egni küýzeli suwa inenini gördi. Derrew atyny sürüp, gyzyň geljek ýerinde durdy. Gyz küýzesini suwdan dolduryp gelýärkä, Dostmuhammediň ýoluny kesenini görüp: − Şerigatda ýol kesmek külli günädir, çekil ýolumdan! − diýdi. Dostmuhammet ýoldan çekildi. Gyz geçip gitdi. Dostmuhammet ýene aňk-taňk bolup galdy. “Bu gyz bilen nähili gürleşmelikä? Gürleşmeseň-ä: “Naşy ekeniň” diýýä, gürleşjek bolsaňam: “Ýolumy kesme!” diýýä. Deň-duşlarynyň içinde şerigaty Dostmuhammetden gowy bilýän barmy, näme?! Hemmeler gelip, bilmedik zatlaryny mundan soraýarlar ahbetin. Bu gün bolsa bu gyz oňa şerigaty öwreden bolýar. Dostmuhammet näme etjegini bilmedi. Oňa-muňa güýmenen bolup, suwuň başynda biraz durdy, atyny suwa ýakdy. Birden onuň kellesine bir pikir geldi: “Iň bolmanda, baryp göreýin-le. Bu gyz kimiň gyzyka? Öýlerini bir bilip galaýyn”. Ol, kimiň gyzydygyny bilmek üçin, atyny sürüp, yzlaý-yzlaý, gözleri bilen gyzy öýlerine çenli ugratdy. Gyz magtymlar hataryna tarap gitdi. Diýmek, ol öwlat gyzy. Muny bilende, Dostmuhammedi gam basdy, çünki öwlat gyzynyň garaçy ogluna berilmejekdigine akyly ýetýärdi. “Eýsem, indi näme etmeli? Garaçy ogly Hudaýyň bendesi dälmi näme? Kur’an-y Kerimde: “Alla ýanynda siziň ähliňiz deňsiňiz, diňe takwaňyz Oňa ýakyndyr” diýlip ýazylmanmy näme?” Dostmuhammet ilkinji gezek Kur’anda ýazylan hakykatyň durmuşda adamlar tarapyndan üýtgedilmeginiň ajysyny öz kalbynda duýýardy. Ýöne beteri heniz öňdedi. Gyzyň Gurbandurdy baýyň howlusyna girenini görende, Dostmuhammet geň galdy. “Bu näme? Baýyň gyzy ýok ahbetin. Ýa hyzmatkär tutundymyka? Aý, näbileýin-dä, şu gysyklygy bilen baý öýünde çory saklaýsa. Öýlenen bolaýmasyn? Ýok-la, bu gyz ahbetin. Onsoňam, öýlense, eşidilerdi-dä”. Ol öýe gelip, başyny ýassyga goýdy. Hiç zat bilen seri ýokdy. Ne iýmäge meýli bardy, ne içmäge. Ir bilen öýden sag çykyp giden oglanyň agşam syrkawlamagy onuň ýakynlaryny gorkuzdy. “Jyn urupdyr” diýip, mollanyň öňünde oturdyp okatdylar, peýdasy bolmady. “Göz degipdir” diýip, oňa doga berdiler, nepi degmedi. Tebip çagyrdylar, haýyr tapmady. Birnäçe gün şeýdip geçensoň, Dostmuhammet haldan düşdi. Onuň derdini bilen bolmady. Emma çölden çagyrylyp getirilen Gurbanguly bir zatlar syzýardy. Ol oglunyň derdiniň mollalygam däldigini, tebipligem däldigini aňýardy. Özem bu pikiriniň dogry bolmagyndan gorkýardy. Oglundan sorabam biljek däldi, soraýanda-da, ogly atasynyň ýüzüne gelip aýdyp biljek däldi derdini. Arada perde bardy – edep perdesi. Şu pikirleri kellesinde aýlan goja bir oglany iberip, Garypmuhammedi çagyrtdy − bu derdi şu obada biri bilse, şol bilmelidi. Garypmuhammet ilki hiç zatdan habarynyň ýokdugyny aýdyp, ant içdi. Emma onuň gözlerinden habar alan Gurbanguly: “Bar, dostuňy görüp gaýt” diýip, ony oglunyň ýanyna iberdi. Onuň beýle etmeginde hikmet bardy. Ol Garypmuhammedi syryny açmaga Dostmuhammetden rugsat almaga iberipdi. Aýdyşy ýalam boldy. Dostmuhammediň ýanyndan gelen Garypmuhammet ähli zady oňa gürrüň berdi. Gurbangulynyň gorkýan zady boldy. Elbetde, ol oglunyň abraýly ýerden öýlenmegini isleýärdi, emma öwlat gyzyny dilemek paltaňy daşa uran ýaly bir zatdy. Köpi gören, okumyş gojany alada goýan diňe bu däldi. Ol muny Dostmuhammede düşündirmegiň mümkin däldigini gaty gowy bilýärdi. Şu güne çenli Dostmuhammet kitaba aşykdy, emma bu derde ýolugaly bäri, bir Kur’an bolaýmasa, başga kitaplaryň ýüzüne-de seredenokdy. Diýmek, oňa diňe bir: “Bu gyzdan el çek!” diýmek ýeterlik däldi. Çünki ol bu gyzyň şahsynda dünýä aşyk bolupdy. Oňa bu gyzdan el çekdirmek üçin, ilki dünýä söýgüsinden el çekdirmelidi. Ana, şonda onuň özi bu gyzy unudar. Gurbanguly şeýle hem etdi. Ýüzbe-ýüz oturyp gürleşip bilmänsoň, ol, “belkem, ýüzümden geçip bilmän, el çeker” diýen umyt bilen owal atalyk hakyny ýatladyp, soň ogluny bu pany dünýä köňül bermezlige çagyryp, bu dünýäniň işiniň soňunyň ýokdugyny, asyl ýaşaýşyň jennetdedigini aýdyp, asyl yşkyň Allatagala bolan yşkdygyny, eger yşk isleýän bolsa, Ony söýmelidigini, aglasaň, Onuň ýolunda aglamalydygyňy, jiger-bagryňy Onuň ýolunda daglamalydygyňy, özlerine nesip edeniň Hak yşkydygyny nygtap, oglunyň barýan ýolunyň howp-hatarly ýoldugyny ýatladyp, eger elinden gelse, Hak ýolunda hereket etmelidigini öwüt berip, bir şygyr ýazdy-da, Garypmuhammetden ogluna iberdi. Atasyndan getirilen şygry okanda, Dostmuhammediň gözünde ýaş göründi. Ol şu wagta çenli ýüregini berip gelen yşkyndan − Alla yşkyndan aýra düşjekdigine aglap, Haka boýun sunýandygyny, döne bilse, bu ýoldan dönjekdigini, emma subhy-şamlar “ýar” diýip ýanjakdygyny ýüreginden syzdyryp, аtаsyna jogap ýazdy. Oglunyň jogabyny okan Gurbanguly öz ýanyndan: “Men seni bir akylly-başly çaga diýip bilýärdim. Munça sözi bir nadana aýtsadym, kär ederdi, saňa welin kär etmedi” diýip, gözüne ýaş aýlady. Kakasyna içini dökensoň, Dostmuhammediň kalby rahatlyk tapan ýaly boldy. Bu işiň ahyrynyň näme bilen gutarjagyny bilse-de, ondan el çekmedi. Munuň üçin ataly-ogluň arasyna biraz sowuklyk düşdi. Kakasynyň oglundan göwni galdy. Emma durmuş öz ugruna akyp gidip otyr, ol seniň ynjanyňam bilenok, begeneniňem… Bir gün goşda azyk gutardy. Gurbanguly Dostmuhammedi oba, baýyňka azyga iberdi. Ugradanda-da: “Oglum, edep saklagyn, artyk hereket edäýmegin ýa diliňden mojuk söz çykaýmasyn” diýip, sargap goýberdi. Dostmuhammet gelşine baýyň öýüne bardy. Baý öýünde ýokdy. Garaşmaly boldy. Ol muňa begenmänem durmady. Belkem, bagty getirse, ol gyzy görer, bir-iki agyz gürleşip biler. Emma gyzy görmek oňa miýesser etmedi, ýöne ol gulagyna azan aýdylanda, özüni getirip-äkiden Nurmuhammedi gördi. Nurmuhammet baýyň gapysynda talaban eken. Bular gadyrly görüşdiler, saglyk-amanlyk soraşdylar. Soň ondan-mundan mesawy gürrüň etdiler. Birden Dostmuhammet Nurmuhammede garap: − Äkeý, – diýdi. – Senden bir haýyşym bar, “ýerine ýetirjek” diýseň aýtjak, ýogsa aýtjak däl – diýdi. Nurmuhammet Dostmuhammediň näme diýjek bolýandygyna düşünmänsoň: − Boýnuma näme goýjak bolýanyňy bilmän, nädip, boýun alaýyn? − diýdi. – Garyndaşlygyň diňe şuňa ýetýärmi? Ondan artyk gory ýokmy? Özünden ep-esli kiçi çaganyň uly adam ýaly gürläp durmagy Nurmuhammedi hem utandyrdy, hem-de geň galdyrdy. Ol Dostmuhammede, ýaňy gören ýaly, çiňerilip-çiňerilip seretdi. “Be, muny çöl şeýle özgertdimikä? Ýaşyna görä gaty uly gürleýä-le. Hany, şunuň özüni bir saldarlap göreýin, ýükünde näme barka?” diýip oýlandy-da: − Dosty, – diýdi. – Menem köpden bäri kime diýjegimi bilmän ýördüm, Saňa duşanym gowy bolaýdy şu gün. Saňa aýdaýmasam, kime aýdaýyn derdimi, ýöne sen ony ýerine ýetirmegi boýun alsaň aýtjak, ýogsa sözümi zaýalap durjak däl. Dostmuhammet: – Işiň bitdi biläý – diýip, Nurmuhammediň sözüni tamamlaryna mähetdel jogap berdi. – “Alla jan kessin” diý. Dostmuhammet säginmän gaýtalady: − Alla jan kessin! – Onda şu gije il ýatyp, it uklandan soň, ilerki obadan Rahym baýyň atyny ogurlamaga gideli. Tutulan ähli günäni öz boýnuna alýar, ýoldaşyna haýynlyk edenok. – Gürleş... – Dostmuhammediň sözi agzynda galdy. – O nähili? Ogurlyk günä ahbetin! – Sen boýun aldyň-a. Andam içdiň. – Sen meniň çykgynsyz ýagdaýymdan peýdalanyp, ant içirdiň. Näme işdigini bilen bolsadym, boýun almazdym. – Onda näme, özüň näme işdigini maňa bildirmezden, boýnuma goýjak bolýaň? – Meňki halal iş-dä. – Men näbileýin. – Bolýa, aýtmaly etdiň. Ýöne eger boýun alyp bilmeseň, içiňde galsyn, ýaýradyp ýörme. – Aýt, bakaly. – Şu howla bir gyz girip-çykýar. Kim şol? – O-ho, molla aga, iliň gyzy bilen näme işiň bar ýa göz zynasy bilen meşgulmyň? “Mollaň edenini etme, diýenini et” diýsen-e! Näçe agyram bolsa, Dostmuhammet onuň kinaýasyna döz geldi: – Aýdaýsan-a. – Baýyň gyzy, näme etjek? – Baýyň gyzy ýok ahbetin. – Agasyna beren eken gyzlyk. Ýakynda agasy ýogalansoň, onuň maşgalasyny göçürip getirdi, eşidensiň-ä. – Hawa. Ady näme? – Gaty köp zat soraýaň-how, sen. Adyny näme etjek oň? – Adyny aýdanyň bilen näme bolýa? – Belki, doga berjeksiň, men näbileýin, siz mollalardan, görýän welin, her zat çykjak. Biz-ä, walla şu gapyda ýatyp-turup ýörsegem, şol tarapa seretmelidirem öýtmändiris. Dostmuhammet Nurmuhammediň çynydygyna ýa oýun edýändigine düşünip bilenokdy. Aýlawly gürrüňe düşünerden heniz ýaşdy, şonuň üçin-de çaga gönümelligi, çaga erjelligi bilen janygyp gürleýärdi: – Aýdaý-da. – Bibi, how, Bibi. Alyp ýatdyň-aý. Ýene näme? − Bibi? Şol gyzjagazmy? Beh, tanar ýaly bolmandyr-aý. Diýmek, Bibi baýyň gyzy-da? Men bolsam ol myhmançylyga gelýändir öýderdim. Neme-le... – Näme-le? Dostmuhammet Nurmuhammediň soragyndaky kinaýa äheňini duýmadyksyran boldy: – Şol gyza ertir guşluk çagy atymy suwa ýakjakdygymy aýdyp bilermiň? – Bäh, seň munyňam ogurlykdan enaýy däl-how! Menem şärik edip barýaň, ogurlyga, molla aga! – Men ony alyp gaçjak bolamog-a, ýöne görüp, bir-iki agyz gürleşjek. – Men näbileýin, näme etjegiňi. – Isleseň, ant içeýin. – Ýaňam içdiň-dä ant, yzýanam boýun towladyň. Her zat üçin ant içip ýörmezler. Türkmen, aslynda, ant içegen däldir. Bilip goý. Sözi sözdür. – Ynanaňok-da, nädeýin? Dostmuhammediň çaga sadalygyna Nurmuhammediň gülküsi tutdy: – Ynanmaz ýaly etdiň-dä. Ant içip, soňam... – Içimi ýakmasan-a. Ýa “bor” diý, ýa-da “ýok”. Nurmuhammet kinaýaly gülümsedi: – Diýmesem nädersiň? Baryp, baýa aýdaýsam nädersiň? Nämä baş goşup ýörenligiňe akylyň beri çatýamy? Ýok, inim, meni bular ýaly işe goşma. Men bir ýeke ýigit, arkamda durjak ýok. – Men duraryn. – Ýaňky durşuň ýalymy? – Ýaňsylama. – Seň öz arkaňda durjak bir barmy? Bu ajy hakykatyň garşysynda Dostmuhammet ejiz galdy. Başyny aşak salyp, ýuwaşlyk bilen: – Alla bar – diýdi. – Alla aşyklara jennetden ýer beripdir. Dostmuhammediň bu bolşuny gören Nurmuhummediň birden oňa rehimi geldi. Birsellem dymyp duransoň: – Bolýar – diýdi. – Aýdaýyn. Ýöne ätiýaçly bol. Şol günüň ertesi gyz ýene-de suw almaga geldi. Dostmuhammet ony görenden, el-aýagyny ýitirip, näme edip, näme goýýandygyny bilmedi. Bir gyra çekilip, gyza ýol berdi. Gyz seýkin basyp, seňňil ýöräp, onuň deňesinden geçip gitdi. Küýzesini suwdan doldurdy. Dostmuhammet onuň küýzesindäki suwuny dökmegini, şeýdip, suw başynda güýmenmegini isledi, emma gyz suwdan doly küýzäni dalyna urdy-da, ýöräberdi. Dostmuhammediň deňesine ýetende, çalaja sägindi-de: “Şerigaty öwrenipsiň öýdýän, ýolum-a kesmediň” diýip, näz bilen ýylgyrdy-da, ýoluny dowam etdirdi. Dostmuhammet doňup galdy. Birhaýukdan özüne gelip görse, gyz eýýäm öýlerine ýetip barýar. Dostmuhammedem öýlerine ýetmäge howlukdy. Onuň azyk diýip, düýn ikindinara çykyp gaýdyşydy. * * * Dostmuhammedıň ýüki ýeňlän ýalydy. Ol indi Nurmuhammet arkaly Bibi bilen habarlaşyp bilýärdi. Ony bulak üstüne çagyryp görüşýärdi. Ýöne Dostmuhammediň telwas edip ýeten bu duşuşyklary soňabaka oňa az görnüp ugrady. Ol her gün gyzy görüp, onuň bilen şirin-şirin söhbetler etmekçidi, emma gyz biri görer gorkusyndan suwuň başynda uzak durup, söhbet edip bilmeýärdi. Dostmuhammet bolsa onuň bu hereketinden ynjaýardy. Gussasy ýüregine sygmanam, şygyr ýazardy. Bir gezek Bibi suwa gelende, Dostmuhammet oňa hiç zat diýmän, goşgy okap başlady: Аýjemаl hаn, eşit аrz-y rаzymy, zerin-ziwer dаkyşyňа dözmenem. Örtenip geçirdim bаhаr, ýazymy, indi jаnym ýakyşyňа dözmenem. – Seň ol “Aýjemal” diýýäniň kim, oglan? – diýip, gyz näz bilen Dostmuhammetden sorady. – Senden başga kim bolsun! – Toba, şu güne çenl-ä adym Bibidi. Indi Aýjemal bolaýdymmy? – diýip, gyz kikir-kikir güldi. – Başga birine ýazan bolaýma goşgyny, ýalňyşyp, maňa okap otyrsyň öýdýän. − Senden başgasyna şygyr düzülmez, Bibi. – Onda, Aýjemal kim? – diýip, gyz ýene soragly nazaryny Dostmuhammede dikdi. Onuň muny bilesi gelýändigi çynydy. – Seniň adyňy bilmämsoň, Aý dek owadan jemalyňa ýanap, öz ýanymdan saňa Aýjemal diýip, at dakdym. “Il içinde adyň çykmasyn” diýip şeýtdim. Dostmuhammediň bu sözleri kalbyny sypap geçen gyz hoş bolup, näz bilen sorady: – Indi bilýäňmi adymy? – Bilýän, Aýjemal. Gyz ýylgyrdy-da: “Onda, şol Aýjemal bilen oňaý sen, Bibi-hä gitdi” diýip, ýola rowana boldy. Dostmuhammet näme ederini bilmedi, onuň yzyndan ylgajak boldy. Soň aşakdan elleri küýzeli suwa gelýän gyzlary görüp, bu niýetinden el çekdi. Olara görünmän, akary yzarlap, arany açdy... * * * Nurmuhammediň bu işe goşulmakdan heder etmesiniň jany bar eken. Bir gün ol Bibi bilen gürleşip durka, baý gördi. Muny görenden, onuň içine köz atylana döndi. Baryp, aksaplyny talabanynyň kebzesinde dikerli, Bibini öldir ýaly ýenjerli göründi. “Haramzada, gapymda saýalap, duzumy iýip, ýene-de meniň namysyma degýän bolsa, munuň iň ýeňil jezasy ölümdir” diýip oýlandy, ýöne soň biraz özüni dürsedi, demini raslady, “Ýo-ok, muny häzir öldürsem, öz aýbymy özüm açyp, il içinde masgara bolaryn. Munuň başga ýoluny tapaýyn” diýip, öz ugruna gidiberdi, emma Nurmuhammedi ýok etmek pikiri ondan el çekmedi. Şol günüň ertesi ol dosty Goçgargulyny ýanyna çagyrdy. Baýyň her çakylygynyň yzynda bir şeýteljigiň bardygyny bilýän Goçgarguly onuň ýanyna höwes bilen geldi. Saglyk-amanlykdan soň baý oňa çaý hödürledi. Çaý başynda mesawy gürrüň başlandy. Emma Goçgarguly özüniň mesawy gürrüň üçin çagyrylmandygyny bilýärdi, şonuň üçin-de baýyň çaltrak matlabyny aýan etmegine garaşýardy. Baý bolsa Nurmuhammetli gürrüňe nädip barjagyny bilmän, ondan-mundan gürrüň edip otyrdy. Ahyry ol asyl matlabyna ýol arçap ugrady: – Zamana üýtgäp, adamlar bozulypdyr, Goçgarguly. Özüň ýaly arassa oglan galmady diýen ýaly indi. Kime ynanjagyňy-da bilip bolanok. Goçgarguly, özi bilmezden, baýa ýol açdy: – Dogry aýdýaň, baý aga. Hol, ilerki obadaky Nepes baý-a tanaýansyň, ana şoň talabany, hakyt, onuň gyzyna lak ataýypdyr. Baý tisginip gitdi. “Bäh, bu bir zatlar bilýämikä, aňýamyka ýa meni gürletjek bolýamyka?” diýen pikir bilen: – Onsoň, baý nädipdir? – diýip sorady. – Näder öýdýäň, etmelisini edipdir. Ýaşulularam oňkyny dogry tapypdyrlar. Netijede, batragyň hataryny durşy bilen obadan çykarypdyrlar. – Ol-a bolaýypdyr welin, bir bolmaýan zadam bar-da bu ýerde. – Nämemiş ol bolmaýan zat? – Her zat etselerem, baýyň ady garalanýar-da. Gyzynyň ady çykýar. Indi şol gyza özüne göwni ýetýän ýerden sawçy geler öýdýäňmi? Ana, şu tarapam bar işiň. Goçgarguly baýyň bir zat aýtjak bolýandygyna düşündi. Onuň bar aladasynyň ilerki obadaky baýyň abraýy däldigine-de göz ýetirdi. Şonuň üçinem: – Hawa, Nepes baý biraz gyssanypdyr. Ony “guýa gaçdy”, “gurd iýdi”, “gaplaň atdy” etseňem bordy − diýdi. – Häý, ataňa rähmet! Akylly adam bilen gürleşseň, janyň hezil edäýýä. Sen onda, inim Goçgarguly, şeýt, “guýa gaçdy” ýa “gurt iýdi” et. Baýyň bir zat diýjek bolýandygyny häliden bäri aňyp duranam bolsa, onuň bu gönümelligi Goçgargulyny gapyl basdy. Ol biraz aljyrajak ýaly etdi-de, diline başga söz gelmänsoň: – Kimi? – diýip sorady. – Nurmuhammedi. Indi aýdyljak zat aýdylyp, gürrüň gutarypdy. Soraga ýer ýokdy. Rast, baý Nurmuhammedi ölüm jezasyna höküm edipmi, diýmek ony ýerine ýetirip, baýragyňy almak ýa ondan boýun gaçyryp, baýyň duşmany bolmak galýardy. Goçgarguly indi diňe bir zat edip biljekdi: hakyny ýokardan tutup biljekdi. Ol şeýle hem etdi: – Seniň sözüňi ýere salan, emriňi berjaý etmedik ýerim ýokdur, baý aga, özüň bilýänsiň, ýöne... Onuň näme diýjek bolýandygyna aňryýany bilen düşünen baý: – Nägile etmen! – diýdi. – Ýene birküç günden men sizi oduna ibererin. Şol ýerde-de onuň tepbedini okarsyň. Düşnüklimi? – Düşnükli, baý aga. Dünýä inmedik ýaly ederin. Özgesiniň namysyna ýetýän haramzadalaryň ýaşamaga haky ýokdur bu dünýäde. – Haý, berekella! Hemme adam seň ýaly bolaýsa... * * * Şondan üç-dört gün soň baý Nurmuhammedi çagyryp: – Öý-işige esewan bolýaňmy bir, odun-çöp gutarypdyr, habaryň barmy? – diýdi. – Bilýän, baý aga, ýöne özüň bir zat diýmäňsoň... – Meň dillenerime garaşyp durman, wagtyndajyk gidip getiräýerler. Ertir Goçgargulynam goşaýyn ýanyňa, iki erkegem alyp gidiň-de, mas ýükläp gaýdyň. Özem bu töwerekden ýygyp gaýdybermäň, uzagrak gidiň, çüpräpdir bu töweregiň oduny, birhili, ýylysam ýok ýaly kän. Azyk-suwlugam alyň-da, ýatymlyk gidiň, aňyrlaryk gidiň, el degmedik ýerlere – diýip, baý öz ýanyndan Nurmuhammediň “kepen donuny biçdim” etdi. Ertesi irden üsti Nurmuhammetlidir Goçgargulyly iki erkek ýüzüni gaýrak tutup äwmän, obadan çykdy. Goçgarguly beletsiräp, öňden barýardy. Niýetem obadan mümkingadar daşlaşmakdy, gündiz ýöräp, “indi giç boldy” bahanasy bilen gijäni şol ýerde geçirmek, bet niýetini şol ýerde amala aşyrmakdy. Wagtal-wagtal wakanyň soňy hakda-da oýlanýardy. “Beh, obadan iki bolup gaýdyp, ýeke özüň dolansaň, jogap soralmazmy? Il-gün näme diýer? Nurmuhammediň garyndaşlary onuň ganyny soramazmy?” Şular ýaly pursatda ol baýa şu ýoly salgy berenine ökünýärdi. “Dil – bela, diş − gala. Diliňi dişiň aňyrsynda saklaýsaň bolmadymy?” diýip, öz-özüne igenýärdi. Ýöne ýene bir pursatdan baýdan aljak tyllalary göz öňüne gelende, “namys meselesi” ýadyna düşende, täzeden hyjuwlanýardy. Ýolda düşläp, ýürekse edindiler, öýle namazyny okadylar, dileg etdiler. Soň ýene ýollaryny dowam etdirdiler. Olaryň haýsysynyň dilegini Allanyň kabul edendigi mälim däldi. Ikisem erkegiň üstünde irkilip barýardy. Ahyry, ikindinara geljek ýerlerine ýeten ýaly, belli-külli goş ýazdyrdylar. Adama bir çäýnek çaý içibem, girdiler çöl tokaýynyň bir ýanyndan. Ikisem yhlas bilen işledi. Daşyndan seredeniňde, bularyň odun ýygmakdan başga pikiri-zikiri bara meňzemeýärdi. Biri-birinden galmajak bolýan ýaly, gara der bolup işleýärdiler. Ýöne ugurlary başgady. Biri gaýra ýörese, beýlekisi ilerik süýşýärdi. Şeýdip, ep-esli işlänsoňlar, Günem aşak sallanyp ugransoň, bular ýygan odunlaryny çykap, bir sellem şoňa ýaplanyp oturdylar. Soň düýelerini çökeren ýerlerine gelip, bile şam iýdiler. Şol ýerde-de ýataýmaly ýalydy, ýöne Nurmuhammet: “Men ýygan odunymyň üstünde ýatjak” diýip, paty-putusyny alyp gitdi. Goçgargulam şeýtdi. Netijede, bular biri-birinden ep-esli aralykda ýatdylar. Gije ýarymdan agyberende, Goçgarguly pişik basyşyny edip, Nurmuhammediň ýatan ýerine geldi. Ol gele-gelmäşe, “dünýäden bihabar ýatan adamyň gursagyndan” ak saplyny sokdy. Indi ýatan adam janhowluna urunmalydy, soňam iňňildi bilen titräp, hereketden galmalydy. Emma bularyň hiç biri bolmady, çünki tygyň “hyrç” edip, “tene” girmegi bilen, “gülç” eden ses deň çykdy. Bu Nurmuhammediň Goçgargulynyň iki kebzesiniň arasyndan eňteren degenekli sözeniniň sesidi. Goçgarguly seňseledi. Nurmuhammet ony ýenje-ýenje, keýpden çykdy. Öldürmese-de, ölümiň bäri ýanyna eltip, düýäniň üstüne atdy. Odun üçin niýetlenen ýüp bilen mäkäm sarady-da, oba tarap ýola rowana boldy. Daň saz beriberende, oba ýetmäge bir geriş galanda, düýeleri goýberdi-de, özi oba girmän, Tejen aýagyna gitdi... Pirimi paşmadyk baý hyrçyny dişledi. Nurmuhammedi haýynlykda aýyplap, Goçgargula tebip çagyryp, kömek etdi, Tejen tarapyna gaçgak barada habar iberdi. Tutup bermeklerini haýyş etdi, emma Nurmuhammetden gördüm-bildim bolmady. Baýyň gapysy talabansyz, bu gürrüňi tötänden eşidip, Nurmuhammede öňünden duýduran Bibi bolsa habarçysyz galdy. Ol bu ýagdaýa gaty gynandy, ýöne tizden “betbagtlyk bagtym boldy” diýenleri boldy. Baý Gurbanguludan Dostmuhammedi talabanlyga ibermegini talap etdi. Goja muňa razy bolmady. Ol, başarsa, Dostmuhammedi baýyň gapysy-ha däl, obada-da saklajak däldi. Baý ýene öňki heňine tutdy: – Dostmämmedi, nesip bolsa, özüm öýererin. Obadan islän gyzyny alyp bererin. Gurbandurdy magtymyň sawçysyny gaýtaryp biljek adam barmy obada? Hiç alada etmäň. Şeýlelik bilen, Dostmuhammet baýyň gapysynda talaban boldy. Indi ol Bibini her gün görüp, her gün söhbet edýärdi. Bular bir-birine şeýle bir öwrenişipdiler welin, her gün görüşmeseler, ýürekleri gysyp, dünýä olara dar görünýärdi. Käwagtlar Dostmuhammediň yşky ýüregine sygman joşup, goşgy ýazardy. Ýazan goşgusyny Bibä-de okap bererdi. Bibi bu goşgulardan hoşal bolýardy, şonda-da kämahal Dostmuhammede näz edip: “Bu goşgulary özüň ýazýaňmy ýa bir kitabyň ýüzünden ýazyp getirip okap otyrmyň?” diýerdi. Gülşerdiler. Baýam ilki-ilkiler bularyň gürleşip duranyny görse-de, üns bermezdi. Gaýta: “Bibime-de ýol-yz öwredewer, molla ogly” diýip degşerdi. Dostmuhammediň göwnüne bolmasa, ol, dogrudan-da, Bibä ýetäýjek, baý ony öz gyzyna öýeräýjek ýalydy. Eger şeýdäýse, onuň gapysynda ölýänçä, talaban bolmaga razydy. Mahal-mahal öz ýanyndan göwün ýüwürderdi. Emma: “Sen hasabyňy ýöretseň ýöret, pelegiň hasabyna-da bir seret” diýlişi ýaly, keç pelegiň hasaby Dostmuhammediňkä ters geldi. Tizden bularyň gatnaşygynyň üsti açyldy. Bir gije Bibi gygyryp oýandy. Ýanynda ýatan ejesi zähresi ýarylan ýaly bolup: – Näme boldy, gyz? – diýdi. Bibiden esli wagt ses çykmady. Diňe ejesi soragyny ikinji gezek gaýtalandan soň, ysgynsyz jogap berdi: – Hiç zat, basyrganypdyryn. Bibi gara suwdy. Gamyş kimin galdyraýardy. Endamy ot ýalydy. Bu zatlaryň ýöneligiň alamaty däldigini aňan ejesi: – Näme boldy, aýdaý, gyzym. Sen gygyryp turduň. Owal hiç wagt beýtmändiň. Näme gördüň düýşüňde? − diýdi. Bibi dymdy. Sesini çykarman, ýerine geçdi, ýöne özüni raslap bilmedi. Ejesi ýerinden turup, çyrany ýakdy. Işikde asylgy duran ýüzärlik dessesini alyp tütetdi. Gözden-dilden bolaýmasyn diýip, Bibiniň başyna aýlady, garasyny ýüzüne-gözüne sürtdi; gapynyň kildine çekip, suw içirdi. Bibi şonda-da titräp durdy. – Waý, gara bagtym, kakaňy bir çagyraýyn – diýip, ejesi gapa tarap ýöneldi. – Ýok! Çagyrma kakamy! – O näme üçin? – Ol − ganhor. – Kim ganhor? Seň aýdýanyň näme? – Kakam. Kakam − ganhor! Ol öldürdi. – Toba etdik, muňa bir bela-ha ýolugypdyr! Kim kimi öldürdi, gyz? – Kakam öldürdi. – Kimi? – Dostmämmedi. Ol gara gan bolup ýatyr – diýip, Bibi möňňürip aglamaga başlady. – Toba, toba! Bir düýş üçinem şeýdip aglarlar oguşýa. Goý, gyz, kakaň eşitse, gahary geler. Hany, sen şujagazy iç-de, maňa bolan zady gürrüň ber. – Aýdaýyn, eje jan, aýdaýyn. Birine içimi dökmesem, ýarylyp barýa ýüregim. Senden başga kime ynanaýyn, eje!? – Aýt, gyzym, aýt. – Ýöne sen kakama hiç zat aýtmajagyňa söz ber. – Ant-aman, gyzym! Eneli-gyz şondan soň ýatmady. Bibi ejesine içini dökdi, ähli zady jikme-jik gürrüň berdi. Ony diňledigiçe, ejesini hem gorky, hem alada basdy. “Näme etmeli? Beren wadasynda durup, gyzynyň syryny saklamalymy ýa adamsyna aýtmalymy? Bularyň ikisem howpludy. Gyzynyň syryny saklasa, olam bir gün gaçyp gitse ýa oba ady ýaýrasa, adamsy ony, aýalyny öldürer. Aýtsa, gyzyny öldürer”. Ejesine içini döken Bibi köşeşen ýaly bolupdy, emma indi kän içde-daşda görünmeýärdi. Dostmuhammediň gözüne ilmejek bolýardy. Göwnüne bolmasa, ol Dostmuhammet bilen gürleşäýse, gören düýşi oraşan bolaýjak ýalydy. Dostmuhammet bolsa Bibini görjek bolup heläkdi, ýöne hiç kimden sorap bilenokdy. Şeýdip, ol bir hepde çydady, ahyr bir gün ýüregine daş baglap, baýyň aýalyndan Bibini sorady. Olam ýeke agyz: “Ýaranok” diýdi, emma Dostmuhammet bu ýerde başga bir hiläniň bardygyny güman edýärdi. Onuň çaky dogrudy. Aýjemal öňküler ýaly suwa gitmeg-ä gyrada dursun, gapylaryndaky Dostmuhammedi görmäge-de zar bolupdy. Ony bu güne salan ölüm howpudy. Ol özüniň däl-de, Dostmuhammediň öldürilmeginden gorkusyna şu güne düşüpdi. Görmese-de, özi saralyp-solup barýardy. Gyzyndaky üýtgeşmeler baýyňam gözünden sypmady. Ol bir gün aýalyny ýanyna çagyryp, munuň sebäbini sorady. Aýaly her näçe sapalak atsa-da, ölümden gorkusyna hakykaty aýtmaly boldy. Ol bu habary aýdanda, adamsynyň topulyp, ilki özüni, soň gyzyny ýençmegine garaşdy. Şoňa kaýyldy, ýenjilme bilen sypsa, kaýyldy. Şonuň üçin düýrügip, urgyny kabul etmäge taýynlandy, ýöne adamsy onuň çaklaýşynyň tersine hereket etdi: – Bar, gyzyňa göwünlik ber. Öýde busup oturmasyn-da, howla çyksyn, oduk-buduk işe güýmensin. – Betbagt aýal gulagynyň eşidýänine ynanman, güň ýaly bolup durdy, gymyldamaga mejaly ýokdy, asyl. Gorky ysgynyny alypdy. – Bar-da, indi nämä dursuň doňňara daş ýaly bolup! Ärinden beýle mylaýym söz eşiden biçäre nädip, öýden çykanyny-da, nädip, gyzynyň ýanyna baranyny-da bilmedi. Ýeke galan Gurbandurdy baý içini gepletdi: “Hmm, mollasy şeýle bolsa, garamaýagy nähili bor öýdýäň? “Pir azman, mürit azmaz”, “Mollaň edenini etme, diýenini et” diýip, gaty dogry aýdypdyrlar. Azypdyr bu mollalar. “Mollalar ylmyna etmedi amal” diýip, hak aýdypdyr, kim aýdanam bolsa. Okan ylmyna amal edýän bolsa, gapysynda saýa tapan, duzuny iýýän adamynyň gyzyna göz gyzdyrarmy? Ýa bäş sany kitap okadym diýip, özlerini öwlat bilen deňejek bolýarlarmyka? Azypdyr bular, azypdyr. Hä’ edäýmelis-ä belli-le welin... Adam pahyr ölmese, her zat görjek eken. Owal ol haramzada (baý Nurmuhammediň adyny tutmagy özüne kiçilik bildi), indem bu mollasumak … ýa bu ... (baý diline gelen “ganjyk” sözüni aýtmazlyk üçin, dilini dişledi) özi nemedýämikä? Hmmm! “Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, gyz uýasy bolsa-da, gyzyl ýüzi solmasyn” diýip, ýöne ýere aýdylman eken”. Baý şol gahary bilen howla çykdy. Dostmuhammet ýaňyja depilen peliň ýanynda ullakan kersende tirt edip durdy. – Dostmuhammet – diýip, baý ilkinji gezek talabanynyň hakyky adyny tutdy. Şondan öň ol ýa “oglan molla” diýerdi, ýa-da “molla ogly”. – Bärik gel. – Buýur, baý aga! – Eliňdäki tirtiňi mallara dök-de, öýüňize gaýt. Dostmuhammet düşünmedi. Ilki öýlerinde bir hadysa baş berip, kakasyna, ejesine ýa jigilerine bir zat bolandyr öýtdi. – Näme üçin, baý aga? – Üçinini özüň gowy bilýäň. Git-de, gaýdyp, şu howluda görünme. Dostmuhammet aň-taňk boldy. Meseläniň Bibä ýazjagyny aňsa-da, pynhan gatnaşyklarynyň bir gün paş bolup, dawa turjagyny bilse-de, beýle tiz we duýdansyz bolar öýtmänsoň, “ýok” jogabyny eşitmäge bolan inçejik umyt bilen: – Sen meni kowýaňmy, baý aga? – diýip sorady. – Hawa, kowýan! – baýyň gaharynyň böwedi ýaryldy. – Kowýan! – Günäm näme, baý aga? – Günäňi özüň gowy bilýänsiň. Günäňe görä jeza berilmeli bolsa-ha, seňki – ölüm, ýöne men bir garamaýak bilen deň bolmaýyn diýýän. Dili kelamly adamyň ogly bolaňsoň, men seni bir halal çagasyň diýip aldym. Kitap okandyr, şerigaty bilýändir, ara-namysa düşünýändir, garaçyny, öwlady saýgarýandyr diýip aldym. Senden beýle zady oslamokdym. “Ahyrzaman golaýlanda, işan-mollalar azarlar” diýýädiler welin, dogry eken-ow. Her sopy özüni öwlüýä saýýar, her kitap okan mollasumak özüni öwlat diýip bilýär. Kitap okamak bilen öwlat bolup bolýan bolsady, garaçy galmazdy dünýäde bu wagta. Ganhor neslinden molla çykmajagyny öňem bilýärdim-le welin, näbileýin-dä, adam pahyr çig süýt emen-dä. – Ganhor neslinden? – Hawa, ganhor neslinden. Näme mönsürän bolýaň? Bilýän dälsiň-ow, ataň adam öldürip, gaçyp gelip, şu obada pena tapanyny! Unudylandyr öýdýäňmi? Indi bu günki gün obaň abraýly adamlarynyň namysy bilen oýnajak bolýaňmy? Onsoň, kim seni gapysynda saklasyn, item saklamaýa. – Diýjegini diýensoň, baýyň gahary ýatyşdymy ýa çygyrdan çykmaýyn diýdimi, garaz sözüniň soňuny pessaýrak sesde dowam etdirdi. – Şunça ýyllap sizi iýdirdim, içirdim, geýdirdim, adam etdim, çölde ataňy, öýde özüňi hor etmedim. Ahyrynda şumy meniň “taňryýalkasynym”? Dostmuhammediňem aýdara sözi ýok däldi, emma onuň bilen ýaňkalaşyp durmany, agyz deňemäni özüne kemlik bildi, üstesine-de ol Bibiniň kakasydy ahbetin. Şonuň üçinem, gaharlam bolsa, baýyň öz äheňinde, pessaý sesde jogap berdi: – Gitmeli bolsa, gidäýeris, baý aga. Oň üçin eždatlaryma ýetip oturma. Häzir baryp, kakamam alyp gaýdaýaryn. Süriňe-de özüň eýelik et. Dostmuhammet öýlerine-de barman, şol ýerden göni kakasynyň ýanyna ugrady. Ugradam welin, beýnisine öňkülerden üýtgeşik, täze setirler gelip geçip başlady: Bir ýoksulyň işi düşse bir bаýa, ogly-gyzy bilen hyzmаtkär bоlаr; atаsy gоýnun bаkаr, оgly – guzusyn, bаýyň gаpysyndа günäkär bоlаr. Ýoksul ýigit, аdyň sаnа geçilmez ýa-dа аtаn оkuň dаşdаn ötülmez; juluň köne bоlsа, аdyň tutulmаz, her ýigidi serhоş eden mаl bоlаr. Gardaşyňа birikmese geňeşiň, gumаlаkçа görmez tоgаlаn dаşyň; ýoksul bоlsаň, gudа bоlmаz gаrdаşyň, gidip, özgelere hyrydаr bоlаr. Geliň, görüň keç pelegiň оýnuny, her kime tаnаtdy belli ýerini: bаýlаr аldy märekäniň törüni, ýoksullаr gаpydа intizаr bоlаr. Dоstmämmet, her zаmаn gаýnаp jоşаrsen, hаkykаt söwdаýa bаşyň gоşаrsen; kişiýe çаý gаzmа, özüň düşersen, her kim emeline giriftаr bоlаr. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |