Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:37
Hiç kes bilen ýola gitmedik dünýe - 5
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR


Ölüme çäre ýokdugyna, bu dünýäde her bir janlynyň ölümlidigine akyly çekýän, “men” diýen begleriň, hanlaryň, şalaryň we, hatda, Pygamber aleýhissalamyň ogullarynyň ölenini ýatlaýan Dоstmuhammet Alladan geleni sabyr bilen çekip, galan iki oglunyň şükürini edip ýaşamaga başlady.
Ýene toýa-märekä çykýardy. Meýlis-märekäni gowy görýärdi. Hemişe bagşylardyr şahyrlar bilen oturyşyp-turşardy. Ýaşulularyň käbiri onuň bu hereketlerini makullamaýardy. “Gurbanguly, haýp, ogluň özüňe mynasyp bolmady!” diýip gynanardylar. Emma Gurbangulynyň özi ogluny gaýtaryp beren Allaýa köp-köp şükürler edýärdi. Magtymguly ýaly weli adamyňam şahyrlyk etmegi bolsa oňa teselli berýärdi.
* * *
Dostmuhammet obada az bolýardy. Ony toýdan-toýa çagyrýardylar. Bir gün Kelteçynarda, bir gün Nohandanda, bir gün Şilganda, bir gün Babajykda, bir gün Mämmedabatdady. Günlerden bir gün Dostmuhammet Mirgaladaky dosty Zahydynyň ýanyna gitdi. Onuň öýünde Ysmaýyl şahyram bar eken. Bu iki ýaş şahyr Dostmuhammedi halypa saýýardylar. Olar ýerlerinden turup, oňa salam berdiler, töre geçmegini haýyş etdiler, emma Dostmuhammet: “Ýörüň, Emirhanyňka baralyň. Saz-söhbet etmänimize-de ep-esli wagt bolupdyr” diýdi.
Emirhan atly bagşydy. Mämmedabadyň hanam ony köp diňlärdi. Sylag-serpaýam bererdi. Bagşy, elbetde, muňa hoşal bolardy, emma Dostmuhammet onuň bu bolşuny halamazdy. Hatda, bir gezek oturyşanlarynda, oňa handan uzagrak durmagy, halka golaý bolmagy maslahat beripdi. “Begleriň, hanlaryň, bir-de ýоlsuzyň, Ysmaýyl, dünýäde gaýraty bоlmaz!” diýip, okan bir dessanyndan mysalam getiripdi, ýöne şonda bularyň hersi öz pikirinde galypdy…
Emirhan üç şahyry birden görende, çaga ýaly begenip:
– Eý gаrdаşlаr, men sizi аsmаndа agtarardym, Ýerden tаpdym! – diýip gygyrdy.
Оndа Dostmuhammet:
– Ýeri, bаgşy, biz beýle gerek bоlar ýaly, näme boldy ýa bаşyňа bir müşgil iş düşdümi? – diýip sorady.
Bаgşynyň ýüzüne gam dumany çökdi, gözüne gubar indi. Ol:
− Eý gardaş, − diýip, gürrüňe başlady, − Wagtynda seniň sözüňe pitiwa etmedim, puşmana galdym. Sen dogry aýdýan ekeniň, bu han halkynda ne gaýrat, ne diýanat, ne adalat bolýan eken. “Il aglak bolsa, doňuz depä çykar” diýleni-dä! Bu hanlar halkyň depesine çykdy. Edenini edip ýörler.
 Sen-ä ol gowy görýärdi, nä çöp düşdi araňyza?
 Sen sorama, men aýtmaýyn. Şumatjyk Mämmedabatdan gelip durşum. Allaýar han çagyrdy.
 Toý edýändir-dä ýa şagal mesligimi?
 Hiç birem däl. Azgynlyk. Bilýäňizmi, maňa näme diýdi? “Eý, Emirhan, sen maňa şu wagta çenli eşidilmedik üç sany aýdym aýdyp bermeli. Eger üç sany aýdym tapmasaň, işiň harap” diýdi. Men betbagtam: “Han aga, meniň bilýän aýdymlarymyň baryny eşitdiň sen. Meni beýle zuluma goýma” diýdim. Kime diýýäňem diýenok. Daşdan ses çykdy, ondan çykmady. Gaýta eli bilen “git” diýen yşarat etdi. Indi Alladan dilegim sizi görmekdi. “Bularyňam hersi bir ýerde, nireden tapaýyn” diýip, pikir edip otyrdym welin, özüňiz geläýdiňiz. Hoş geldiňiz! Enşaala, sapa getirdiňiz!
− Enşaalla! − diýip, Dostmuhammet alyp göterdi. − Sen gam çekme, bagşy! Alla ýar bolsa, üç däl, on üç goşgam düzeris ertire çenli, sen heňini tapsaň bolýar.
Şägirtleri onuň sözüni alyp göterdiler:
− Halypa dogry aýdýar. Bizde näme kän, söz kän. Herimiz bir goşgy düzsek. Bolar durubir-dä, şeýle dälmi, halypa?
− Gaty dogry. Bagşy, sen heňini tapsaň bolýa, şygyr − bizden.
− Halypa, siz goşgularyňyzy bir nusgada ýazyň, şonda olaryň üçüsinem bir heňe aýdyp bolar.
Myhmanlar onuň bu sözüni makul bildiler. Ilkinji nоbаty hаlypа hökmünde Dоstmuhammede berdiler:
Pаsl-y bаhаr bоlup, gögerse düzler,
bilbil nаlа çekip, güli ýandyrаr;
gаrа göz serdаryň dаşyndа gyzlаr
gidende sаllаnyp, ýoly ýandyrаr.

Gitse, ýoly ýandyrаr,
çyksа, çöli ýandyrаr;
gаş kаkyp, ýumşаk sözler
dоdаk-dili ýandyrаr.

Öpsem ýaryň dоdаgyndаn, dilinden,
gujаklаsаm näzik, inçe bilinden,
käse içsem söwer ýaryň gоlundаn,
meni аk ýüzüniň hаly ýandyrаr.

Meniň gözüm hаlyndа,
ygtyýarym gоlundа,
jаndаn umyt üzüpmen,
bаş gоýupmen ýolundа.

Serim gurbаn gözelleriň mestine:
göz dikipdir jаn аlmаnyň kаstynа;
gözüm düşgeç, jаnym çyksа destine,
sekiz örüm sаçy dаly ýandyrаr.

Sаçdа şаnа, söwdügim,
gоldа hynа, söwdügim;
gel, ikimiz, gоşаly
jаny-jаnа, söwdügim!

Аşygyň eliňden zikr eder dаýym,
asmаnа çykypdyr meniň bu waýym,
özge gulа nesip etdi Hudаýym,
meniň yşgym pynhаn çöli ýandyrаr.

Çykmа çöle, dilberim!
Meňzär güle dilberim.
Hаk seni nesip etmiş,
özge gulа, dilberim!

Dostmuhammet ölýänçä, ýoluňdа bende,
bаrçаnyň аrmаny gаlypdyr sende,
seniň gözüň − mende, meniňki − sende,
näzik şitde inçe bili ýandyrаr.

Inçe billi zuwa sen,
ne hоş geldiň suwа sen;
aşygyň öldürmäge,
neçün rоwа kylаsen?

Hawa, şeýdip, bagşyny ölümden alyp galdylar. Bagşy bulara köp-köp alkyş okady. Şahyrlaram hoşal bolup gaýtdylar öýli-öýüne.
* * *
Bir gün Dostmuhammet obanyň içinde gezim edýärdi. Birden bir ses eşitdi. Ol aýak çekip, diň saldy. Çaga sesidi. Golaýdaky bagyň içinde bir çaga aýdym aýdýardy:

Belent-belent daglar, ömrümiz  bada,
pelegiň elinden gelmişem dada,
ýa atly geçdimi, ýogsa pyýada,
belent daglar, senden Garyp ötdümi?

Dostmuhammet baga golaýlaşdy. Üzüme güýmenip, biraz durdy. Sesinden aýdym aýdýan Sähetguly bagşynyň kiçi ogly Durdudyr diýip, çak etdi, çünki indi ýaşy gidişensoň, Sähetguly aga bagşyçylygyny goýup, Muzaffar işana gol beripdi. Bu bagam şonuň bagydy.
Şasenem diýr, namys gerek, ar gerek,
çyn aşygyň işi ah-u-zar gerek;
ýa bolsa, zor gerek, ýogsa zer gerek,
Belent daglar, senden Garyp ötdümi?

Bagşynyň uly ogullaryna öz kärini öwredip, Durdyny sopuçylyga bermekçi bolýandygy baradaky gürrüň Dostmuhammediňem gulagyna degipdi. Şonuň üçin-de ol bagdan çykyp, göni bagşynyň ýanyna ugrady. Saglyk-amanlykdan soň şahyr bagşa ýüzlendi:
− Bagşy aga, Hajy Muzaffaryň bagynda bir bilbil saýraýar, emma haýp siz ony kapasada saklaýaňyz.
Sähetguly bagşy şahyryň diýjek bolýan zadyna düşündi. Onuň şahyra hormaty uludy. Şonuň üçin-de, şol günden ogluna saz öwredip başlady. Şahyryň aýdyşy ýaly, Sähetguly bagşynyň kiçi ogly Eýrany, Turany baglan bagşy bolup ýetişdi.

* * *
Dоstmuhammet bir gün ýokarky obalaryň birine toýa barypdy. Onuň baran obasynda aýlanyp, halk bilen tanyşmasy, olaryň ýaşaýşy bilen gyzyklanmasy bardy. Şol gezegem obanyň içine aýlanyp, çeträgine bardy. Bir görse, ýaşy ýetmişe ser uran bir adam kerpiç urýar, bir ýandanam onuň şygyrlaryndan ýadyna düşenini sanaýar. Ýaşuly daýawdy, berdaşlydy. Ýaşlykda göreş tutandygy, pälwanlyk edendigi görnüp durdy. Ýaşynyň ýokarylygyna garamazdan, laýdan doly on kerpiçlik galyby ýeňillik bilen ýerden göterip, gütledip, ýere urýardy. Bu iş oňa şeýle bir aňsat başardýardy welin, daşyndan seretseň, ol işlemän güýmenip duran ýalydy. Dostmuhammet biraz durup, gulak asdy, goja “bir arapdan, bir şarapdan” diýen ýaly, şygyrlary ýadyna düşüşi kimin, bolşuna görä, bulam-bujar edip aýdýardy. Bir ondan tutýardy, bir mundan. Şahyr durup bilmedi. Ylgap bardy-da, ýaňky adamyň uran kerpiçlerini depelemäge başlady. Goja ertirden bäri zähmet çekip uran kerpiçleriniň paýhynlanyşyna çydap bilmedi, ylgap baryp, Dostmuhammediň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da:
 Dur, dur, aý öýüň ýykylmasyn, dälirediňmi, diwana bolduňmy? − diýdi. Dostmuhammet gojanyň elinden sypjak boldy, bolmady. Goja ony sypdyrarly däldi. Ol hernäçe dyzasa-da, peýdasy bolmady. Goja ony gysaja salan ýaly, gujagyna mäkäm gysyp durdy. − Eý, öýüň dikilsin, näme boldy saňa? Jyn urdumy, al kakdymy, näme üçin beýtiň?
Gep urşundan gojanyň erbet niýetli adam däldigi, paýhaslydygy, adyldygy bildirýärdi, çünki Dostmuhammet oňa zyýan ýetirenem bolsa, goja oňa agyr söz diýmedi. Emma Dostmuhammet bu wagt muny duýmady. Ol heserli ýalydy. Bitin galan kerpiçlere tarap dyzaýardy. Goja oňa mylaýymlyk bilen gep düşündirip bilmejegini bildimi, nämemi, biraz gaharlyrak gürledi:
 Eý, hana harap, bol, meniň kerpiçlerimiň hakyny ber, men bende ertirden bäri näçe görgi görüp urdum olary! Meniň bütin günki işimi weýran etdiň sen.
 Gördüňmi, men seniň bir günki işiňi zaýalanymda, durup bilmediň. Sen bolsaň meniň näçe ýyllyk zähmetimi reýgan edip dursuň, men, nä, adam dälmi? Men neneň durmaly onda?  diýip, gojanyň elinden sypjak bolup dyzap duran Dostmuhammet demi-demine ýetmän, jogap gaýtardy. Goja geň galmakdan ýaňa parsy bilen türkini garyp gürledi:
 Eý, märd-e hesabi, men nirede, näwagt seni görüpdirin ki, seniň zähmetiňi reýgan edeýin, aslynda sen kim?
Dostmuhammet:
 Seniň hälki bir ondan, bir mundan tutup, zaýalan şygyrlaň meň zähmetim-dä  diýip, jogap gaýtardy.
 Haýsy şygyrlar?
 Ýaňy kerpiç uraňda aýdan şygyrlaryň.
 Goý, ýalan sözleme, olar-a Dostmämmediň şahyryň şygyrlary.
 Men-dä şol.
 Hä??? Sen Dostmämmetmi?
− Elbetde.
 “Walla” diý.
Dostmuhammet tas diliniň ugruna “walla” diýipdi, birdenem Nurmuhammediň bir wagt: “Türkmen, aslynda, ant içegen däldir” diýen sözi ýadyna düşüp, diline gelen sözi üýtgetdi:
 Diýmesemem, şol men.
Goja onuň Dostmämmetdigine hasam şübhelendi:
 “Walla” diýmeseň, subutyň näme?
Dostmuhammet geň galdy: indi özüň özüňdigiňi-de subut etmelimi? Nädip? Birden onuň kellesine bir pikir geldi:
 Sen islän şygryň bir setirini aýt, men dowam etmesem, Dostmämmet bolmadygym.
Goja meseläniň çözgüdini tapan ýaly ýumşady-da, sanap başlady: “Senden habar alsam, ýalançy dünýä”. Dostmuhammet dowam etdi: “Dogry sözle, kime wepa eýlediň?” Gezegi ýene goja aldy: “Rastyny sözlesem, sendedir günä”. Dostmuhammet dowam etdi: “Nijeler janyna jepa eýlediň”.
Indi has ýumşaşan goja mylaýym ses bilen okady: “Oturypdym çarhowuzyň başynda”. Dostmuhammet dowam etdi: “Sallanyp, şu ýana geçdi bir gelin.” Gezegi ýene goja aldy: “Şaňňyrdap geçedi günde bir sapar”.
 Men beýle diýmändim  diýip, Dostmuhammet düzediş berdi.
 Eýse, näme diýipdiň?
 “Alaw bardyr kirpiginde, gaşynda” diýipdim. Seret, “başynda  gaşynda” gelişýärmi?
 Gelişýär  diýip, goja ylalaşdy. “Başynda” bilen “sapar” gelişýärmi?
 Gelşenok.
 Aý, ataňa rähmet! Şahyr hiç mahal gelişdirmän, şygyr ýazmaz, agam.
Goja egnini gysdy:
 Näbileýin-dä, bize gelip ýeteni şol, eşidişimiz şeýle.
 Hümm! “Bagşylaň diline şeýle düşüpdir” diýsene. Olaň diline şeýle düşen bolsa, indi ony düzedip bolmaz. Aý, bolýa-da. Bähbit bol-a!
 Sen ony düzetjegem bolma, inim. Halk şondan lezzet alýamy, boldy şol. Seň zähmetiň ýerine düşüpdir.
 Diýmek, ynandyň-da meniň Dostmuhammetdigime?
 Ynandym, ynandym.  Goja Dostmuhammedi ýaňy gören ýaly, ýüzüne çiňerilip seretdi-de, birdenem garsa gujaklady.  Aý, hoş gelipsiň, sapa getiripsiň, hemişe sen gelesen bizlere! Dostmuhammet onuň gujagyndan sypmaga çalyşdy, emma goja, iki dogup, bir galanyny tapan ýaly, goýbererli däldi. − “Dostmämmet diýilýän adam nähili adamka, bir görsek, bir söhbet etsek…” diýerdik. Dilegimiz kabul boldy. Sen bizden ynjama, gardaşogly, biz bir bisowat adam, eşidenimizi ýat tutýas. Onam, näme, her kim bir hili aýdýan bolmaly-da. Hany, gel, gel otursan-a ýanymda, bir çaý içeli.
Goja kepbä girip, tüňçe-püňçesini alyp çykdy-da, Dostmuhammediň: “Meniň üçin azara galmaň” diýmegine-de garaman, çaý oturtmaga başlady. Kisesinden çykaran çakmak daşlaryny biri-birine urup, ot alandan soň, biraz arkaýynlaşan goja tüňçäni suwdan doldurdy-da, oduň üstünde goýdy. Şondan soň ol gürlemäge hukuk gazanan adam ýaly:
− Biler bolsaň, Dostmämmet jan, meniňem Änew bilen baglanyşygym ýok däldir  diýip, gürrüňe başlady.  “Babahan çapyşlu” diýip eşidipmidiň?
 Beg Babahan?
 Begler begi Babahan! Alyhezret oňa Luristanda Begler-begi derejesini beripdir. Eşidipsiň, diýmek?
− Ony eşitmedik barmy?
− Ana, şol meň garry atam, ýagny men onuň çowlugy.
− Aý, ýog-a?
− Hm. Atamyň mülki bar eken şol ýerde. Şazada Türküstana ýöriş edende, atamam şol ýygynda eken. Änewde düşlänlerinde, alypdyr atam mülki. Ýöne soň satypdyrlar. “Aý, özümiz bärde, mülk aňyrda, ne bakyp bilýäs, ne bejerip, negözel baglar gurap barýar. Onsoň, goý, şol ýerde bakyp-bejerip biljek adam alsyn” diýipdirler. Malam, bag-bakjanam seredip biljek bolsaň almaly. Alyp horlajak, harlajak bolsaň, gowusy, alma, günäsi bar. Hany, sen gürrüň bersen-e. O ýanlarda näme habar?
− Emin-amanlyk, Hudaýa şükür!
− Hanlar, begler azar berenoklarmy?
− Ýok-la. Salgydyny wagtly-wagtynda töleseň, işleri ýok seň bilen.
 Hywa nähili? Dek durmy?
 Men özümi bilelim bäri-hä, kän azary ýok. Aýdyşlaryna görä, men üç ýaşlarymdakam, Muhammetrahym han bir gelipdir diýýäler goşun çekip. Bizden gündogarda Gäwers diýen bir ýer bar, ana şol ýerde düşläp, habar iberipdir: “Siz menlikmi ýa Eýranlykmy?“ diýip. Onda, näme-de bolsa, ýaşulular töwella baryp, meseläni uruş-dawasyz çözüpdirler. Töwella gidenleriň arasynda Japar han atly birem bar eken, Alla rähmet etsin!
 Kakam bilen deň-duşdur, adyny tutardy pahyr.
 Alla ikisine-de rähmet etsin!
 Ämin, Dostmämmet jan, ämin! Mert adamlardy.
 Hawa, ana şonda meseläniň uruş-dawasyz çözülmegi-de şol pahyryň eden hyzmaty halkyna. Hywa hany: “Siz belli bir jogap bermeseňiz, meseläni gylyç çözer” diýende, rähmetli: “Gylyja ýol bermäliň, han aga, gylyç bir gynyndan çykansoň, kimiň aman galjagyny bir Alla bilýä” diýipdir. Hanyň gözi Japarhana düşende, onuň dogumdan ýaňa ýanyp duran gözlerinden aýdýanynyň boş gürrüň däldigini aňypdyr. Şeýdibem, ol eglişige gidipdir. Sowgat-salamy alyp, şonuň bilen oňupdyr.
− Hä-ä, bolaýypdyr. Uruş uruş bolýa-da, Dostmämmet jan, halk gyrylýar, azaby reýgan, ýurdy weýran bolýar. Şonuň üçin, başarsaň, ondan gaça durmaly.  Goja birden gürrüňiň hörpüni üýtgetdi.  Dostmämmet jan, diýýän-ä, bu goşgulary nädip düzýäň-ä? “Yşka düşen şahyr bolýar” diýýäler welin, men-ä bolup bilmedim, bolmasa, bir döwür bir gyzyň yşkynda köýdüm menem. Bäş ýyllap hijran oduna ýandym. Ahyram aldym.
− Nädip?
− Biz goňşy oturýardyk. Çagalykdan bile oýnap, bile ösdük. Bizi adagly ýaly görýärdiler. Ýöne soň kakalarymyzyň arasyna tow düşdi-de, onuň kakasy: “Berjek däl” diýdi durdy. Ýogsa gyzam men diýip ölüp ýatyr. Şonda-da berenok-da. Kakam pahyr aksakgallary alyp, köp gatnady: “Şuň ogluna gyz bermen” diýip dur diýýä.
− Beýle diýer ýaly, araňyzda näme dawa bar?
− Ýaňy aýtdym-a, garry atam Nedir şanyň jylawdary, ýakyn adamy bolupdyr. Bitiren hyzmatlary üçin şa oňa Hyrat welaýatynam tabşyrypdyr. Bu uly dereje. Muňa ýetmek üçin, kän zähmet çekmeli, köp howpy başdan geçirmeli, birgiden duşmandan üstün çykmaly. Gyzyň garry atasam şanyň ýüzbaşysy (şondan bize-hä “begler”, olara-da “ýüzbaşylar” lakamy galýar). Olam edenli adam. Bolmasa, ýüzbaşy bolup bolýamy? Ýöne bir söweşde ol bende men-menlik edip, garşydaşyny äsgermän, tas gyrdyran eken goşuny. Atam ýetişipdir. Şoňa namys edipdir.
− Minnetdar bolmagyň dereginemi?
− Neme-dä, uruşdan soň, patyşa hasabat bermeli ahbetin. Atam pahyram bolşy-bolşy ýaly aýdypdyr. Ana, şodur-da şodur onuň alyp bilmeýän ýagysy atam bolupdyr. Onsoň gyz berermi olar saňa?
− Gaçyrsaň bolmaýarmy? − diýip, Dostmuhammet özüne başartmadyk işiň mamladygyny, däldigini bilmek üçinmi ýa çyny bilen gyzyklanypmy sorady.
− Gaçanok-da zalymyň gyzy. Bolmasa: “Gaçmasaň, başga ýere iberjek kakamy” diýibem gördüm. “Iberibem bir gör, gelnalyjyňy tar-y-mar ederin” diýdi. − Goja eginlerini silkip, hezil edip güldi. − Ederem ol, at münmekde, gylyç oýnatmakda erkek adama gaýra dur diýýär.
− Gaçmazlygynyň delili näme?
− “Kakamy razy et” diýýä. “Atam-enem bilen hoşlukda gatnaşmak isleýän” diýýä. Oňkam dogry. Käbirleri gaçyrýamyş diýip eşidýän, ýöne men-ä oňlamok muny. Ara dawa, gan düşýä. Bu dünýä onsuzam köşeşip bilenok, mydam ahy-zar içinde. Biz, başarsak, şoň derdine em etjek bolmaly.
Dostmuhammet oýa batdy: “Kakamyň, Habyp hanyň aýdýanlarynyň jany bar eken-ow. Görýäňmi, bu ýaşuly magşugyna ýetipdir, men welin muny başarmadym, diýmek, özümiňem kemter gaýdan ýerim bolmaly. Nirede ýalňyşdymkam? Nirede bärden gaýtdymkam?”
− Näme oýa batdyň, Dostmämmet jan? Eşidişime görä, senem çekipsiň bu derdi...
Dostmuhammediň häzir ol günleri ýatlasy gelenokdy, şonuň üçin-de:
− Soň näme boldy, nädip berdi? − diýip sorady.
− Duşman kömek etdi  diýip, ýaşuly gülümsedi.  Bir gije galtaman çozdy oba. Päli azanlar biziň obamyzdan başga ýer tapmadyk ýaly, gel-gel, şuňa çozýalar-da. Öň, kakam barka, gaýynatam ýaşka, bir galtaman milt etmezdi biziň obamyza girmäge. Obada ogurlyk diýen zadam bolmazdy. Kakamam, gaýynatamam berk tutardy tertip-düzgüni. Ikisem adalatly adamdy. Hawa, şol gezek galtamanlar nähilidir bir ýol bilen oba aralaşypdyrlar. Birgiden maly, şol sanda olaňam mallaryny, iň beterem, atyny alyp gidipdirler. Ýüzbaşynyň özi ýaraman ýatan eken. Gyk-waga çykyp atlanaýyn diýse, aty ýok. Menem şol günler gijeleri köplenç olaryň öýleriniň töwereginde geçiremsoň, baraýmanmy bu gyk-wagyň üstüne. “Näme boldy?” diýsem, “Şeýle-şeýle” diýdiler. Kowdum yzlaryndan. Edil şol pursatda gyzam ýatdan çykdy, öýke-kine-de. Obaň namysy alyp barýardy meni öňe. “Babahan çapyşlunyň obasyny talapdyrlar” diýen habar ýaýraýsa, nädip ýaşajak? Özi ýogam bolsa, nesli bar ahbetin aýatda. Pälwan nesli bar. Biler bolsaň, Dostmämmet jan, men ömrümi pälwanlykda geçirdim. Ýagyrnym ýere degen däldir. Soň-soňlara-a, göreşmän alýardym baýraklary. “Hany, kim meň bilen tutluşjak?” diýip, jüpbe satardym, biri milt edip bilmezdi. Bir gezek türkmendenem bir pälwan geldi. Pälwan diýseň, pälwan eken. Üç gezek tutluşdyk, ikisinde deňe-deň boldy, üçünjide men aldym. Olam tötänden boldy, dogrymy aýtsam, şonuň üçin men: “Baýragy deň paýlaşaly” diýdim. Ol welin: “Ýeňmedik göreşimiň baýragyny alman” diýip, ýüz öwürdi. Men ony myhman alyp galjak boldum, ol bolsa: “Ýeňlen ýerimde myhman bolman” diýip galmady. Men ony obadan çykýança ugratdym. Ikiçäk galamyzsoň, gel şunuň bilen tutluşyp ýykylan bolaýyn, goý kineli gitmesin diýip, göreşmegi teklip etdim, ýöne ol meniň tutan guşumy ütüp goýan eken: “Enşaalla, ýene bir toýda duşuşarys, şonda ahmal bolma” diýdi. Şeýdip, biz hoşlaşdyk. Gaýdyp, ony hiç ýerde görmedim, ýöne pälwanlygyny öz ýanymdan ykrar etdim, edýänem.
 Hawa, onsoň, galtamanlara näme boldy?  diýip, yşk kyssasynyň soňuny diňlemäge gyssanýan Dostmuhammet sorady.
 Ýetdim yzlaryndan  goja kelebiniň ýitiren ujuny tapan ýaly, hälki gürrüňine gaýdyp bardy. Dogrusy, yzlaryndan kowgy gelýänini görüp, onuňam ýeke adamdygyny bilip, dördüsi yza gaýtdy, galanlary-da mallary sürüp gitdiler. Men gelşime olaryň ikisini atdan agdardym. Galan ikisi meni ara aldy. Şonda gyltyzrak ýaralandymam. Bähbit boldy.
− O nämäň bähbidi?
Goja gülümsedi-de:
− Diňle − diýdi. − Bu gezek men olar bilen uruşjak bolmadym-da, mallaryň yzyndan kowdum. Olardan ýene iki atly yzyna gaýtdy. Galdym dört adamyň arasynda. Hudaý gorasa, goraýan eken. Men yzyma öwrülip ýetişmänkäm, yzdakylaryň biri: “Ah!” edip, atdan agdy. Muny görüp, soňky gelen iki atly çalak-çulak gylyçlaşan boldy. Menmi olar bilen oýun etjek! Ikisinem ýere ýazdym-da, ýene kowdum mallaryň yzyndan. Bu gezek hiç kim yzyna gaýtmady, mallary sürüp barýan üç adam gaçma bilen boldy. Olaryň biri idip barýan atyna böküp mündi-de, debsiläp ugrady. Menem onuň yzyndan. Ara ýygjamlanyp barýar. Men ýüzbaşynyň atyny tanadym. Ýöne bir zat meni geň galdyrdy. Bu at ýyndam bolmalydy. Toýlarda kä biziň atymyz, käte-de olar baýrak alardylar. Bu gezek welin, bir hili, gaty çaman görünýär. Muny duýýan galtamanam aldygyna aty debsileýär. Birden meniň yzymdan ýüzbaşynyň gaharly sesi eşidildi:
− Haramzada, bolmanda, duşakdan bir boşat-da janaweri.
Galtaman gyssanjyna aýagy duşakly aty debsileýän eken. Men barşyma onuň ýeňsesinden ebşitläp tutdum-da, göterip, ýere okladym. Soň baryp, aty alyp geldim. At janawer ýaman daljygan eken. Ony ep-esli gezdirmeli boldy. Soň tebibe-de görkezdiler. Şonda ýüzbaşy atdan düşdi-de, meni gujaklap: “Sen barkaň, oba amandyr. Malym-mülküm, ähli zadym − seňki, atymy berseň bolýar” diýdi. Menem, näme, giýew boljak adam-da: “Atyňam, malyňam, özümem seňkidirin, agam” diýdim. Şolam bar meseläni çözdi. Ine, meniň “bähbit boldy” diýmegimiň sebäbi.
− Soň-a bagtyýar ýaşansyňyz?  diýip, Dostmuhammet özüne ýetdirmedik zat hakda oýlanyp, sorag berdi. Emma ýaşulynyň jogaby ony mat etdi:
− Aýşy-eşret kitaplarda bardyr, Dostmämmet jan. Durmuşda ähli zat başgaça. Durmuşyň öz kynçylygy bir ýandan, bi, “gyz” diýilýänem alýançaň, gowy eken. Gelin bolup, gapyňdan girdimi, eýýäm başga adam bolaýýa. Ne näzi bar, ne kereşmesi. Onsoň, durmuşyň jepasy köpmi, sapasy köpmi, bild-ä bilibilseň.
Dostmuhammet geň galdy. “Bäh, bäş ýyllap biri-biriň didaryna zar bolup, soňam ýene bagtyýar bolmajak bolsaň, bu jepalary, bu ejirleri çekeniňe degýärmikä? Bi “yşk” diýilýän zat şeýtanyň ýoly bolaýmasyn! Adamlaryň agzyny alartmak üçin, şeýtan olaryň kalbyna salýan bolaýmasyn? Aý, ýok, onda näme üçin ol häzirem horluk basanda, kalby mähir-muhabbet küýsände, Bibini ýatlaýar? “Söýgi” diýilýän zat bolaýmaly ýer ýüzünde, bolaýmaly...”
Ol bir pursat Bibini göz öňüne getirdi. “Beh, Bibem şeýle bolardymyka?  diýip oýlandy.  Aý, ýok. Ol beýle bolmazdy. Ol  mähirlidi, mähribandy.”
Dostmuhammediň oýa batanyny gören goja gepini düzetmäge gyssandy:
− Beý diýsem, ony alanyma ökünýändir öýtme, ýok. Häzir täzeden juwan bolsam, ýene şu gyzy saýlardym. Dili bar-da bularyň, galan zadyna söz ýok. Dilini welin kesäýmeseň, boljak däl.
Dostmuhammet öz aýalyny göz öňüne getirdi. Ýer ýaly ümsüm, diliniň barlygam bir çagalary bilen gürleşende, belli bolaýmasa... “Beh, “Ýer ala, ýurt ala” diýenleri-dä. Biz-ä aýal äriniň ýanynda gaty ses bilen gürlemelidirem öýtmändiris. Şu oýlary serinde aýlan Dostmuhammet diliniň ugruna:
 Iňirdeýämi?  diýdi. Gojaň ýarasyna duz sepilen ýaly boldy:
 Iňirdänok, gargaýa. Bileni-biteni  gargyş. Men-ä gargyş şoň “jan” diýdigimikä diýýän, öwrenişibem gidipdirin indi, şony eşitmesem, ýüregimem gysyberýä. Atam pahyr: “Aýal bir beladyr, hiç öý belasyz bolmasyn” diýerdi welin, çyn eken, Dostmämmet jan.
Dostmuhammediň gülküsi tutdy. Hyýalynda Bibini özüne gargaýan edip görjek boldy, bolmady, soň aýalyny onuň ýerinde goýup gördi, bu-ýa hasam bijaý boldy. Hut şol wagtam aýal sesi eşidilen ýaly boldy. Häliden arkaýyn oturan goja ziňkildäp gitdi-de: “Ana!” diýdi. Dostmuhammet: “Beh, ýowa ýöräp, ýagy gaýtaryp ýören, pälwanlykda meşhurlyk gazanan adamyň bir kempirden gorkup oturyşyny diýsen-e” diýip, içini gepletdi, soňam:
− Aýal diýeniň äriniň öli ýerinde öli, diri ýerinde diri bolmaly dälmidir?  diýip, içki pikirini daşyna çykardy.
− Aý, seniň ataňa rähmet, Dostmämmet jan! Alla ötenleriň baryna rähmet etsin! Elbetde, şeýle bolmaly. Aýal şeýle bolmadymy, taşla zibile, ondan aýal bolmaz, Dostmuhammet jan. Men, Hudaýa şükür, bu babatda nalamok.
Bir gezek atdan ýykyldym. Haý, bir gowy atym bardy. At däl, adamdy, adam. Ýüz keşbini üýtgedäýseň, toýa-ýasa bile barybermelidi. Janawer şeýle akylly, şeýle düşbi, şeýle salyhatly. Birentegi özüne adam diýip ýörendir, ýöne şol atça ýokdur. Aslynda, ol kakamyň atydy. Menem münýädim. Kakam ikimizden başga adamy golaýyna-da eltenokdy. Kakam ýogalanda, jynaza durmakçy bolýarlar welin, janawer, duýýan ýaly, erbet-erbet kişňeýär, asyl goýar ýerde goýmady, ahyr men tebläň gapysyny açdym welin, gelip, jynaza duran adamlaryň yzynda durdy. Gözündenem boýur-boýur ýaş akýar. Tabydy göterip ugranlarynda, “Näme üçin meň götermeli adamymy siz göterip barýaňyz?” diýýän ýaly, tabydyň gapdaly bilen ýöräp barşyna hokranýa. Ahyry men onuň boýnundan tutdum-da, idip gitdim. Gonamçylyga ýetenimizde: “Bürgüdim, sen şu ýerde dur, saňa bu ýere girmek bolmaýar” diýdim. Janawer düşünýän ýaly, başyny aşak saldy-da duruberdi. Merhumy jaýlap çykanymyzda, ýene onuň ýanyna bardym. Ol kellesini çignimde goýup, hokrandy. Gözünden akan ýaşy köýnegimiň arkasyny myžžyk etdi.
Janawer üç günläp zat iýmedi. Soň özüm ýuwaş-ýuwaşdan iýme-zada öwrenişdirdim. Hawa, ana şol aty çapdyryp gelýärdim. Keýpim kökdi. Ol wagt kakamam bardy. Birden atyň aýagy alakanyň hinine gitdi. Men onuň kellesi üstaşyry togalanyp, ýere düşdüm. Gaty degipdirin, agyr göwre-dä. Ýerimden turup bilmedim. Janawer ýene özi gelip, ýanymda süýndi, men süýşenekläp, onuň üstüne özümi atdym.
Ana, şonda ýeňňeň bolşuny bir görsediň. Eger-eger ýanymdan aýrylsynmy! “Bar, biraz dynjyňy alaý” diýsemem: “Sensiz dynjy nädeýin?” diýerdi. Ynanaý, Dostmämmet jan, tas bir aý ýatdym, edil çagasyna seredýän ýaly, ne uky bildi bi, ne dynç aldy bi, ne-de adam ýaly iýip-içdi. Şü, şo wagt Ezraýyl gelip maňa: “Seniň janyňy aljak” diýse, “Oňkyny goý, meňkini al” diýjekdi. Ynandym şoňa, walla, senem ynanaý, Dostmämmet jan. Aýal diýilýän zat saňa bir ýüregini berse, öldür, aýrylmaz eken, hä.
Goja Dostmuhammedi görenine şeýle bir begenipdi welin, dynman gürleýärdi. Käsesindäki çaýy sowap gidýärdi. Ony bir demde başyna çekip, ýene gürrüňe başlaýardy. Ol şeýle bir gyzdy welin, dünýäni unutdy. Şu pursatda onuň üçin dünýäde bir özi, birem Dostmuhammet bardy. Bu ikisi başga bir dünýä düşüp, şol ýerde hemsöhbet bolýardy. Duýdansyz çykan gargyş sesi ilki gojany, soň Dostmuhammedi hakyky dünýä gaýtaryp getirdi:
 Byý, gara ýerde boýuň galmasyn, bu hyştlary mallar depeläp paýhynlar ýaly, sen haýsy gabyra giripdiň? Nirä jähännem bolduň ýene, senden ýarymadym şu ömrümde, ýakdyň, kül etdiň ömrümi…
Bu sesi eşidende, goja tisginen ýaly etdi-de, dile geldi:
 Gelýä, sen ýöne üns berme, ýüreginde erbetlik ýokdur, emma ajy dili bar, yzýanam üstüňde jan bermäge taýyndyr  diýdi.
Bu wagta aýal gargyş ede-ede gelip ýetdi bularyň ýanyna. Görse, äri bir adam bilen arkaýyn çaý içip otyr. Muny görende, onuň endamyna ot ýapyşan ýaly boldy:
 Hä, çaý içýän diýsen-e?! Körmüň, mallaryň hyştlary nä güne salanyny göreňokmy? Nä ýüzüňe çaý içýäň, haramyň bolsun bu çaý! Adam owal gazanar, soň iýip-içer.
 Hatyn, rahatlan hany, gör, bize kim gelipdir, hyşt gabyra gitsin, gerek bolsa, ýene urarys, öz elimizden gelýä, emma bular ýaly myhmanlar her gün-her gün gelmez, gel, sen bir supra aç, myhman bilen oturyp, bir döwüm çörek iýeli. “Dostmämmedi göräýsem” diýip, arzuw edýädiň, ine, özi gelipdir öz aýagy bilen.
Kempir ilki bir gykylyklajak ýaly etdi, ýöne birden kellesine bir pikir gelen ýaly:
 Haýsy Dostmämmet, hany Dostmämmet?  diýip sorady. Apy-tupanyň sowlanyny duýan goja gülümsäp:
 Ine, hatyn, öňüňde dur, şu daýawlykdaky adamy göreňokmy? Ine, şahyr Dostmämmet  diýdi. Kempir Dostmuhammedi bir laý gözden geçirdi-de:
 Sen Dostmämmetmi?  diýip sorady.
 Hawa, ýeňňe, Alla huzuryndaky ismimiz-ä Dostmuhammetdir  diýip, şahyr jogap berdi.
 Saňa şahyr diýýäler-le.
 Il agzy  keramat, ýeňňe.
 Eger şahyrlygyň çyn bolýan bolsa, meni taryplap, bir şygyr aýt, hany.
Dostmuhammet aňk-taňk boldy: agzyndan gargyşdan başga zat çykmaýan, juwanlygy taryhda galan bu kempiri neneň wasp etmelikä, özem, muňa laýyk bolmazdan, ömürboýy munuň gargyşyna galyp gelen äriniň ýanynda.
 Seniň o saçyňy gören bolsady, şahyr durubilmezdi, ýadyňdamy, adamlaryň bary: “Gülsenemiň saçyna reň ýakylan ýaly” diýerdi?  diýip, goja Dostmuhammedi agyr ýagdaýdan alyp çykmak üçin dillendi.
 Hä, topugyma ýeterdi saçym, bilek ýogynlygyndady, gözüňe sokduň-da, gara ýerde galmamyş!  diýip, kempir ýene diliniň awusyny dadyrdy. Muny eşidende, Dostmuhammediň diline gelen söz yzyna gaýtdy. Ol özüne zor edip, kempiri synlady. Kempirem surata düşjek ýaly dim-dik bolup, ýylgyrjaklap durdy. Birden Dostmuhammediň gözüniň öňüne birwagt çarhowzuň başynda özüni durmuşa gaýtaryp getiren gelin geldi. Ol eda bilen ýylgyryp, salam berdi-de, näz bilen öwrülip, seýkin basyp ugrady. Gelin hernäçe seňňil ýörese-de, arka atylan goşar ýogynlygyndaky, şar gara, uzyn saçy, göýä, iki sany ýylan ýaly towlanjyraýardy. Muny görende, şygryň öz-özi akdy şahyryň diline:

Sаllаnаndа, hup ýarаşаr yzyndаn,
geliň, dаkyň, tyllа, kümüş sаçynа.
Hаk sаklаsyn betnаzаryň gözünden,
okаrmen günde ýüz dоgа sаçynа.

Оl sаç niçeleriň kаrаryn аlmyş;
niçelerni ilden аwаrа sаlmyş.
Leýli: “Bir görsem” diýp, аrmаndа gаlmyş;
aşyk bоlmuş оl Züleýhа sаçynа.

Her ýanyn оn аdаm bоlup örseler,
gаnа-gаnа jemаlyny görseler,
“Ýüz tümen” diýibän, bаhа gоýsаlаr,
arzаndyr müň tümen bаhа sаçynа.

Uzynlygy bоýy bilen bаrаbаr,
şаnаlаp gоýberse, dyzyndаn аrtаr;
äleme dаgylаr müşk ile аnbаr,
eger degse bаd-y sаbа sаçynа.

Dostmuhammet, işim mаtаm sаrаdyr,
şоl sаç üçin jiger-bаgrym pаrаdyr,
gаrаlygyn diýsem, şunçа gаrаdyr:
Diýrsen, reň ýakypdyr, göýä, sаçynа.

Goşgy tamam boldy. Goja aty çykan ýaly uçaýjak bolýardy. Kempirem ýyrş-ýyrş edip, bir ýerde durup bilenokdy:
 Häý, sen akyly çaşan goja. Bular ýaly hormatly myhmany öýe eltmän, bu gumak ýerde çaý berip oňaýjak bolýaňmy? Hany, göter paty-putyňy, ýör öýe. Men-ä onuň şahyrlygyny gördüm, olam meň hanymlygymy görsün  diýdi.
 Wah, men ony baýak äkitjek öýe, senden gorkyma eltibilemok  diýip, goja oýun edipmi ýa çyny bilenmi jogap berdi.
 Ine, seret, ýene meniň edenimi bileňok-da. Öýe myhman elteňde, heý, ýüzümi çytan wagtym bolupmydy? Myhmansöýerlik biziň atamyzdan galan miras-a. Heý, ataňdan galan mirasam harlap bolarmy?
Kempiriň atasyndan galan “mirasa” guwanýandygy bolşundanam, sözündenem bildirýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, goja aýalynyň göwnünden turaýjak sözleri aýtdy:
 Onyň-a dogry, kempir. Seň bu sözüňe ýalan diýen dinden çykarmyka diýýän. Dostmämmet jan, ýör onda, seniň arkaňdan menem bir çilow-kebap iýeýin bu gün  diýip, goja Dostmuhammede ýüzlendi.
 Taňry ýalkasyn, agam, ýöne men gidip biljek däl  diýip, Dostmuhammet garaşylmadyk jogaby berdi.
 O näme üçin gidip biljek däl?  diýip, gojadan öňürti kempir sorady.
 Sebäbi kän oň, ýeňňe  diýip, Dostmuhammet köpmanyly gürledi.
 O nähili sebäp, gardaş, aýt hany, bir çäresini taparys  diýip, bu gezek goja kempiri öňürtdi.
 Birinjiden-ä, men bu obada myhman  diýip, Dostmuhammet jogaba başlady  Bir ýere gitjek bolsam, öý eýesinden rugsat almaly.
 Ikinjiden näme?  diýip, ýaňy ahmal galanyna ahmyr edýän ýaly, kempir bada-bat sorady.
 Ikinjidenem, ýeňňe, sen meniň agama gargap durkaň, meniň bokurdagymdan zat geçmez. Oň üçin azara-da galyp oturmaň.
 Gargyş etmesem, bararmyň?  diýip, ýaňky goşgynyň täsirinden çykyp bilmän duran kempir çaga sadalygy bilen sorady.
 Düýpden goýsaň, bararyn  diýip, Dostmuhammedem onuň öz äheňinde jogap berdi.
− Gardaş jan, heý, menem oňa gargyş ederinmi? Meniň bar diregim, geregim şu ahbetin. Munsuz dünýäni näme edeýin?
Goja “gördüňmi” diýen terzde Dostmuhammede ümledi. Dostmuhammet gülümsedi-de:
 Meniň ýene bir şertim bar − diýdi.
 Aýt, gardaş, seniň şertiňi bitirmek biz bilen  diýip, bu gezek goja nobaty aldy.
 Meni üç gün myhman alyň, paýhynlan hyştlarymy özüm urup, hyjalatdan çykyp gideýin.
 Maňa hyşt bergiň-ä ýok welin, eger şeýle isleýän bolsaň, seň diýeniň bolsun, inim, üç gün däl, on gün gal. Meň öýüm  seň öýüň.
Bölümler: Powestler | Görülen: 78 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Dörtguly Baýsähedow, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Sylapberdi • 08:59, 12.03.2024
Kerpiç guýýanyñ kerpiçlerini zaýalaýan epizody molla Kemine bilen baglanyşdyryp hem aýdýarlar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203