09:01 Horhe Luis Borhes | |
Horhe Luis Borhes Horhe Fransisko Isidoro Luis Borhes Asewede (ispança: Jorge Francisco Isidoro Luis Borges Acevedo) 1899-njy ýylyň 24-nji awgustynda Argentinaň Buenos-Aýres şäherinde doglup, 1986-njy ýylyň 14-nji iýunynda Şweýsariýaň Ženewa şäherinde aradan çykan, argentin ýazyjysy, şahyry hem publisistidir. Kyssa dünýäsinde H.Borhes köplenç düýpli pelsepeleýin meseleler hakdaky pikirleri öz astynda gizleýän we başdangeçirmeler ýa-da derňew häsiýetli wakalyň sypatyna girýän, gysga, dykyz manyly kyssaýy-hyýalbent (prozaik fantaziýalaýyn) eserleri bilen meşhurdyr. H.Borhes 1920-nji ýyllarda ispandilli latynamerikan şygryýetinde we kyssasynda awangardizm akymyny esaslandyryjylaryň biri hökmünde çykyş edipdir. H.Borhesiň öz sözüne görä onuň damarlarynda bask, andaluz, iňlis, portugal, normann hem-de ýehudy ganlarynyň garnuwy bar. H.Borhesiň maşgalasynda çagalykdan ispan we iňlis dillerinde gepleşipdirler. H.Borhes gaty kiçi ýaşyndan başlap, şygryýete imrigipdir, dört ýaşynda okamagy-ýazmagy öwrenipdir. 1905-nji ýylda bolsa öý mugallymasy H.Borhese iňlis dilini öwretmäge başlapdyr. Yz ýanyndaky ýylam ýedi ýaşly H.Borhes özüniň “Şumpelek nikap” («La visera fatal») atly ilkinji hekaýasyny ýazypdyr. H.Borhes mekdebe 9 ýaşynda gidip, dessine-de 4-nji synpda okap ugrapdyr. Bu onuň durmuşyndaky ýakymsyz tejribeleriň biri bolupdyr. Sebäbi synpdaşlary şol wagta çenli mekdebe gatnaman, öýünde okan ejemoglunyň üstünden güler ekenler, mugallymlar bolsa onuň bilim derejesiniň öz deň-duşlarynyňkydan üzük-ýoluk tapawutlanýandygy zerarly, oňa nädip özbaşdak ders berjeklerini bilmändirler. H.Borhes on ýaşynda Oskar Uaýldyň “Bagtly şazada” atly ertekisini terjime edipdir. H.Borhesiň özi edebiýata gelşini şeýle gürrüň beripdir: “Çagalykda, haçan-da kakam batyl bolanda, biziň maşgalamyzda sesli aýdylmazdan meniň edebiýatda kakama amala aşyrmaga ýagdaýlaryň ýol bermedik zatlaryny amala aşyrmalydygyma ynanylýardy. Bu öz-özünden bolaýmaly zat hasaplanýardy (munuň ýaly ynam adaty aýdylan isleglerden has güýçli bolýar). Meniň ýazyjy bolmagyma garaşylýardy. Men alty ýa-da ýedi ýaşymda ýazmaga başladym”. 1914-nji ýylda H.Borhesiň maşgalasy Ýewropa dynç almaga gidipdir. Emma Birinji jahan urşunyň tutaşandygy sebäpli, olaryň Argentina dolanmagy soňa goýlup, olar Ženewada ornaşypdyrlar. Şol ýerde H.Borhes we onuň uýasy Nora mekdebe gidipdirler. Ol fransuz dilini öwrenip, Ženewaň kollejine giripdir. Şol ýerde-de fransuz dilinde goşgy ýazmaga başlapdyr. 1918-nji ýylda H.Borhes Ispaniýa göçüpdir we şol ýerde şahyrlaryň awangardçylar toparyna goşulypdyr. 1919-njy ýylyň 31-nji dekabrynda H.Borhesiň ilkinji goşgusy “Gresiýa” atly ispan žurnalynda çap edilipdir. H.Borhes täze latynamerikan edebiýatynyň esaslandyryjylarynyň hem-de nusgawy şahyrlarynyň biri hasaplanýar. Onuň döredijiligi metafiziki (grekçe: meti ta physika – fizikadan (tebigatdan) aňyrdaky närse) häsiýetli bolup, ol özünde hyýalbentlik we şahyranalyk usullaryny jemleýär. “Kyssasy – şygyr ýaly, şygry – ylahy ylym deý” diýilmeýämi?! H.Borhes öz döredijiliginde hakykaty gözlemegi netijesiz diýip hasaplaýar. Onuň esasy ýüzlenýän temalary – dünýäň gapma-garşylygy, wagt, ýalňyzlyk, ynsan ykbaly, ölüm. Onuň çeper diline belent we mähelle medeniýetiniň usullarynyň dürüşde edilip ulanylmagy, howaýy-metafiziki umumylaşdyrmalaryň, şol döwürdäki argentin medeniýetiniň gündelik hadysalary bilen utgaşdyrylmagy mahsus. Ol özüniň ilkinji eserlerinden başlap okumyşlygy, köp dil bilýänligi bilen saýlanmagyň hötdesinden gelipdir. Onuň döredijiligine çyn bilen oýlap tapyşyň çäginde söz oýnuny gurnamak, ýok eserlere salgylanmak we olardan jümleleri mysal getirmek, oýlanyp tapylan terjimehallara ýüzlenmek häsiýetlidir. H.Borhes XX asyryň ýazyjylarynyň içinde Marsel Prust bilen bir hatarda ynsan hakydasynyň meselelerine ýüzlenen ilkinji ýazyjylaryň biridir. H.Borhes absurd romany, ylmy fantastika ýaly edebiýat žanrlaryna ägirt uly täsir eden ýazyjydyr. Munuň şeýledigi hakda Kurt Wonnegut, Filip Dik, Stanislaw Lem ýaly ýazyjylar aýratyn nygtapdyr. H.Borhesiň baýraklary: 1944 — Argentin ýazyjylarynyň birleşiginiň baş baýragy; 1956 — Argentinanyň Edebiýat boýunça döwlet baýragy; 1961 — Halkara neşirýat baýragy “Formentor”; 1962 — Argentinanyň Milli sungatlar gaznasynyň baýragy; 1966 — Milan şäheriniň Madonnina baýragy; 1970 — Latyn Amerikasynyň (Braziliýa) Edebiýat, şol ýylda Edebiýat boýunça Nobel baýragyna-da dalaşgär hökmünde hödürlenen; 1971 — Iýerusalimyň Edebiýat baýragy; 1973 — Alfonso Reýesiň baýragy (Meksika); 1976 — Edgar Allan Po baýragy; 1979 — Serwantes baýragy – ispandilli ýurtlarda edebiýat çygryndaky iň abraýly baýrak; 1979 — Bütindünýä fentezi baýragy; 1980 — Çino del Duka Halkara edebiýat baýragy; 1980 — Balsanyň baýragy – ylymda we medeniýetde ýokary netijeler üçin baýrak; 1981 — Italýan respublikasynyň baýragy, “Olýin Ýolisli” (Meksika) baýragy; 1981 — Fentezi žanryndaky eserler çygryndaky Balrog baýragy, ýörite baýrak; 1985 — Etruriýanyň baýragy; 1999 — ABŞ-nyň edebiýat tankytçylarynyň Milli baýragy (iňlisçe: National Book Critics Circle Award). Ondan başga-da H.Borhes nijeme döwletleriň ordenlerine we medallaryna mynasyp bolup, ençeme ýokary okuw edaralarynyň hem-de ylmy edaralaryň hormatly habarçy-agzalygyna (akademikligine) saýlanandyr. Ol 1962, 1963, 1964, 1965, 1966, 1967, 1969-njy ýyllarda Edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlenendir. H.Borhesiň köp goşgularyna sazlar ýazylyp, onuň eserleri boýunça 30-dan gowrak çeper film düşürilendir. H.Borhesiň esasy eserleri: Fervor de Buenos Aires (1923) / Buenos-Aýresiň howry Luna de enfrente (1925) / Garşydaky Aý Inquisiciones (1925) / Derňew El tamaño de mi esperanza (1926) / Meniň umydyň ölçegleri El idioma de los argentinos (1928) / Argentinlileriň dili Cuaderno San Martín (1929) / San-Martin meýdanynyň depderi Evaristo Carriego (1930) / Ewaristo Karrýego Discusión (1932) / Ara alyp maslahatlaşmak Historia universal de la infamia (1935) / Namyssyzlygyň ählumumy taryhy Historia de la eternidad (1936) / Ebediligiň taryhy La biblioteca de Babel (1941) / Babyl kitaphanasy Ficciones (1944) / Çypdyrmalar Artificios (1944) / Oýlap tapyşlar El Aleph (1949) / Alef Otras inquisiciones (1952) / Täze derňewler El Hacedor (1960) / Ýasaýjy El otro, el mismo (1964) / Özge, şol bir Para las seis cuerdas (1965) / Alty kiriş üçin Elogio de la sombra (1969) / Kölegäň öwgüsi El informe de Brodie (1970) / Broudiniň habary El oro de los tigres (1972) / Gaplaňlaryň altyny El libro de arena (1975) / Çägäň kitaby La rosa profunda (1975) / Pynhan bägül La moneda de hierro (1976) / Demir teňňe Historia de la noche (1977) / Gijäň taryhy Siete noches (1980) / Ýedi agşamlar La cifra (1981) / Syrlyýazgy Nueve ensayos dantescos (1982) / Dante hakda dokuz esse La memoria de Shakespeare (1983) / Şekspiriň hakydasy Atlas (1984) / Atlas Los conjurados (1985) / Dildüwşüjiler Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Борхес,_Хорхе_Луис. 01.09.2022ý. Postskriptum: H.Borhesiň türkmen topragynda bolup geçen taryhy waka barada “Merwli Hekim, nikaply boýagçy” (El tintorero enmascarado Hákim de Merv) atly, 1934-nji ýylda ýazylan hekaýasy bolsa biziň ildeş okyjylarymyzyň aglaba köpüsine mälimdir. Bu hekaýanyň türkmen dilindäki terjimesi, soňky ýyllarda birnäçe gezek biziň ýurdumyzyň neşirlerinde çap edilipdi. “Merwli Hekim, nikaply boýagçy” atly hekaýa, arap halyfaty döwründe, ýagny milady ýyl hasabynyň 775-785-nji ýyllarynda, Merwde pitne turzan we özüni pygamber diýip yglan eden mutanabbi (ýalan pygamber) Mukanna (arapça: المقنع, “nikaply”) lakamly, merwli senetçi (mata boýagçysy), ýüzi keselli bolandygy (pis açan, juw-ak) üçin hemişe ýüzüni ýaşyl nikap bilen örtüp gezen Haşym ibn Hekim hakdadyr. Mukannaň gozgalaňy taryhda "ak lybaslylaň gozgalaňy" diýen at bilenem bellidir. Ak lybaslylar, Mukannaň nebidigine (pygamberdigine) we onuň özgeleri özüniň asmany gözelligi bilen kör etmezlik üçin ýüzi örtükli gezýändigine ynanypdyrlar. @Terjime Serdar Ataýew | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |