Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:13
Howsala / hekaya
«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

HOWSALA

Ertirden bäri hysyrdanyp ýören Jemal öý-içerini gül pürkülen ýaly edip boldum edensoň, oňa rahatlyk aralaşdy. Ol diwanyň üstünde jaýlaşyp oturdy. Gapdalynda duran telefony eline alyp: “Hany, öýdäkilerden bir habar tutaýyn” diýip, özbaşyna hümürdedi. Jemal telefonyň ýüzündäki nokatlara basyşdyryp, “Ejem” diýen ýazgyny tapdy, oňa jaň goýberdi. Telefon birki gezek guguldansoň, guguldama galdy. Jemal hemişeki bolşy ýaly ejesiniň: “Alýo, Jemal jan” diýýän sesini eşitmäge häzirlendi. Emma nämüçindir aňyrdan ejesiniň sesi eşidilmedi. Jemal biraz garaşyp görüp: “Eje!” diýip ýüzlendi. Jogap bolmady. Onsoň ol ýene: “Eje! Eje!” diýip gördi. Ýene jogap ýok. Jemal bu näme boldugy diýýän ýaly telefonyň ýüzüne soragly seretdi, täzeden aýlap gördi. Ýene-de şol ýagdaý, aňyrdan telefonyň alynandygyny bildirýän şykyrdy eşidilýär-de, Jemalyň eşidesi gelýän tanyşja mähriban sesi eşidilmedi. Jemalyň ýüregine birhili howsala aralaşyp ugrady. Ol öz-özüne: “Dur, dur!” diýip, sabyrly bolmaga çalyşsa-da, içinden müň dürli pikir öwürdi: “Öýdeş jigim bilen gelnimiz-ä bu mahal işdedirler. Çagalarynyňam okuwda wagty. Jigime ýa gelnimize jaň edip göräýsemmikäm? Ýa biderek ýere bimaza etdigim bolaýarmyka?
Onda ejem näme üçin jogap berip bilenok? Oňa näme bolduka? Ýa gan basyşy ýokarlanyp ýykylaýdymyka? Indem geplemäge ýaraman ýatyrmyka? Telefonyň nokadyny ysgynsyz barmaklary bilen zordan basýandyr. Şu halda ol birki gün bäri ýaraman ýatan bolmagam mümkin. Maňa aýdan däldirler, daşdan geljek bolup kösenmesin diýendirler... Hih, toba, toba. Meň kelläme nämeler gelýär-ä.
Hany, men Leýlä jaň edip göreýin. Şol oba durmuşa çykansoň, bir zat bolsa, ol menden öň eşidýä”.
Jemal kiçi uýasyna jaň etdi. Näme täzelik bolsa, onuň ilki özi dillener diýen pikirdedi. Emma olam saglyk-gurgunlykdan başga üýtgeşik bir zat aýtmady. Jemal özüni bimaza edýän sorag bilen jigisine-de “otly köýnek” geýdiresi gelmedi. Şonuň üçinem ol howsalasyna başardygyndan basalyk berip, ejeleri barada, onuň bilen soňky gezek haçan gürleşendigi barada soraşdyran boldy.
— Düýn irden aýak üstünden baryp-gaýtdym. Aý, näme, ýaşuly adamd-a. Indi onuň ýaşyndakylar derman-däri bilen gezip ýörse, şükür edäýmeli-dä — diýdi-de, soňam ol gepi başga ýana sowdy.
“Ejemiň ýaraman ýatany çyndyr!” diýen pikir Jemalyň aňynda ýylydyrym bolup çakdy. “Ýöne maňa näme hiç zat syzdyranok? Gaýgy edip oturmasyn diýýämikä? Şo alysdan gelende-de, kömeginiň ýetjek zady ýok diýýämikä?”
Ahyry bolmady, Jemal ýagdaýy ýumşadybildiginden ýumşadyp, jigisine gürrüň berdi. Leýliniňem bu barada bilýän zadynyň ýokdugyny bilensoň, Jemal oňa tizden-tiz ejelerinden habar tutmagy, soňam özüne jaň edip aýtmagy tabşyrdy.

* * *

Leýli ejelerine ýöräp barýança ýarym sagada golaý wagt gerekdi. Munça garaşmaga ol kanagat edip biljek däldi. Ol ejesine birnäçe gezek jaň edip gördi. Edil Jemalyň aýdyşy ýaly. Ejesiniň mähriban sesi «Alýo» diýip eşidiläýenok. Leýli atasy öýüne ýola düşeninden, ejesi bilen öýdeş agasyna jaň etdi. Ýöne ondanam ejesi barada bilip bilen zady bolmady.
Leýli atasy öýüne ýetip gelende, gapyda oňa golaý ýaşaýan doganoglanlaryndan, goňşy-golamdan eýýäm dört-bäş sany erkek kişi üýşüşip-köwejekleşip duran eken. Leýliniň erbet habary eşitmekden gorkusyna, aýaklarynyň ysgyny gaçdy. Ol: “Oňa näme bolupdyr?” diýýän soragly nazar bilen duranlara naýynjar bakdy. Olar oňa ýagdaýy basym düşündirdiler. “Men maşynly ýola düşdüm. Ýöne öýe ýetip barýançamam, esli wagt geçjek. Ejemiň ýanyna ylgaweriň!” diýip, agasy olara jaň eden eken. Golaý-goltumda bolanlar ylgaşyp gelseler, gapy gulply. Birnäçe gezek gelnejeleriniň adyny tutup gygyrypdyrlar. “Hä” diýýän ýok. Indi gapyny nädip açjaklaryny bilmän duran ekenler. Leýli ylgap baryp adatça bir ýere gidilende gapyny gulplap, soň açary goýýan ýerlerini barlady. Açar ýerinde ýok. Diýmek, gapy içinden gurlupdyr. Leýliniň jogaby kesgitli boldy: “Döwüň!” Dessine bir ýerden palta tapyp getirdiler. Gapyny palta bilen döwüp açyp, öýe kürsäp urdular. Şol aralykda Leýliniň doganam gelip ýetişdi.
— Eje! Eje!
— Gelneje! Gelneje!
Birdenem daşardan howsalaly ses eşidildi:
— Waý, Alla jan, özüň goraweri. Sadagasy boldugym, eziz Allam!
Öýdäkileriň bary daşaryk howlukdylar.
— Waý, kime näme boldy? Hälijik öýden çykamda-da, bar zat gowlukd-a?
Olar öz öňlerinde nähilidir bir betbagtlyk bolandyr öýdüp gorkup aglamjyraýan Gurbansoltan ejäni görüp, bir-biriniň ýüzüne seredişdiler.
Gurbansoltan eje bolsa olaryň hemmesiniň ýüzüne seredip çykdy.
Biri-birine garaýan ol nazarlarda diňe bir alamat, olam ullakan sorag alamaty bardy.
Birdenem olar Leýliniň sesine özlerine geldiler:
— Eje, sen nirdediň? Sen näme üçin telefonda gepläňok, jogap bereňok? Açar hany?
— Wah, men-ä, ha-la, goňşy Oguljereniň täze edinen gelniniň yzyndan çagyrjy gelýär, şoňa görnäýeýin diýip çykdym. Dessine gelerin diýdim-de, açaram ýanyma alaýdym. Telefonyma-da şu gün-ä ertirden bäri bir zad-a bolupdyr. Aňyrdan jaň edeniň sesi maňa gelýä-de, meň sesim oňa eşidilmeýän bolupdyr. Bejertmeli bolupdyr şuny. Siz näme üçin üýşdüňiz?
Hiç zada düşünmän, özlerine soragly seredýän enäniň sag-salamatdygyny gören hossarlarydyr goňşulary düşüp ýören oňaýsyz ýagdaýlary üçin güljeklerinem, biderek ýere täze goýlan gapyny döwendikleri üçin gynanjaklarynam bilmän ýylgyryşdylar.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 158 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Çemen Annaberdiýewa, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 1.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 22
avatar
0
1 Mekan2 • 11:57, 24.02.2024
2/10
avatar
0
2 aygull • 12:59, 24.02.2024
No comment.
2/10
avatar
0
3 Pero • 13:56, 24.02.2024
1/10
avatar
0
4 Мango • 15:05, 24.02.2024
1/10
avatar
0
5 Hyýalbent • 17:43, 24.02.2024
2/10
Awtora üstünlik
avatar
0
6 Lacrymosa • 19:14, 24.02.2024
10-dan 1 beräýesiň ýog-a, mango daýi. howsala salyp, soňuna çenli okatdyryp bil-dä şo, bolmanda meň ýaly 10-dan 9 bir ber-dä
avatar
0
7 garagar • 20:42, 24.02.2024
4/10
avatar
0
8 sussupessimist • 21:23, 24.02.2024
Doly okamaga-ha sabrym yetmedi. Yone başyny, ortasyny, soňuny okap, bar zada düşündim. Yazyb-a bilyan awtorlardan welin, syuźet - yazylanyna degenok
2/10
avatar
0
9 derwushhana • 01:32, 25.02.2024
3/10
avatar
0
10 Sylapberdi • 12:30, 25.02.2024
Soñunda näme boljagyny añyp dursañ, okap oturmak, gaty bir mantykly hereketem däldir-le.
2/10
avatar
0
11 aygull • 13:16, 25.02.2024
Sylap aga, sizdäki kebelek mendäki kebelegiň dogany öýdýän?))
avatar
0
12 Küle • 16:52, 25.02.2024
Birinji sozlemden okamaga howes doredenok. Onsan okamadyk zadyna baha bermegem dogry dal. Baha bermek erkinligini erkin galdyralynla gowusy.
avatar
1
13 Medicall • 17:12, 25.02.2024
@ Umytjan, edil beýle-de dälmika diýan doganym, bir baha beren hemmesine bal goýmagy iñ dogrusy boljak ýaly, bilmedim, şeýdilmese soñ dogry hasap çykaryp bolmaz, sebäbi 1/10 bersinler 10/10 bersinler, emma bir esere berenler berse netijäni dogry alyp bolarmyka diýýanda. Islesinler ýokary bal bersinler, isle pes, hemmesine seslenmesek eserlere haksyzlyk etdigimiz bolmazmy?
(Awtorlar hakda gürrüñ gidýän däldir hormatly awtorlar, awtorlary menden başga bilýän ýok. baha eseriñiziñ täsirine, hiline görädir. )
avatar
0
14 Küle • 19:04, 25.02.2024
1/10
avatar
0
15 LegLek • 19:35, 25.02.2024
Çeper eser bolardan birneme gowşagrak.
Ýöne «Howsalaly» başdan geçirmäni biriniň dilinden diňlän ýaly boldum. :)

Ejelerimiziň jany sag bolsun!

5/10
avatar
0
16 Kyyas • 21:36, 25.02.2024
Adamda galgoply ýagdaý bolsa howsala düşüşi beýany gowy, soñunyn tamlanyşy bir tüýsli. (Bolmalsam şeýledir, emma enäniñ sözi bilen gutarsa. Bolup ýörüşiñiz nä... Gapy döwer ýaly bir hüñürdi goşulsa boljagam ýalymy?)
avatar
0
17 Seýrаn • 20:24, 26.02.2024
Gaty rehimli men eddil şu mahal 2/10.
avatar
0
18 Gerceknazar96 • 20:19, 27.02.2024
2/10
avatar
0
19 paragraph • 04:40, 02.03.2024
5/10
avatar
0
20 Мukam • 21:56, 02.03.2024
Adaty durmuşda bolup biljek, zady ýazypdyr, aşa ýitilik ýok.
avatar
0
21 janjennet • 18:50, 17.03.2024
2/10
avatar
0
22 Gülkamat • 17:01, 21.03.2024
5/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203