Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:11
Hydyr atanyň başam barmagy

HYDYR ATANYŇ BAŞAM BARMAGY
(Ýüzugra edilen belliklerden)


Şo-ol çagalykda Hudaýberdi aganyň Hydyr ata barada aýdyp beren bir gürrüňi ýadyma düşdi. Ol gürrüň maňa häli-häzire çenli diňe salam edebinden berlen sapak ýaly bolup görünýärdi.
Garaz, şol gürrüňde aýdylyşy ýaly, öňüňden çykan her bir adamyň Hydyr ata bolaýmagy mümkinmişin. Şonuň üçin ol adam bilen elleşip salamlaşanyňda, pursatdan peýdalanyp, onuň başam barmagyny gysyp görmelimişin. Eger başam barmak süňksüz bolsa, ýagny jylka et ýaly mylkyldap duran bolsa, onda onuň Hydyr ata boldugymyşyn. Oňa gabatlaşsaň hem, gözden gaýyp bolup gitmänkä näme dilegiň bolsa, diläbermelimişin.
Oglanlykdan bäri elleşilip salamlaşylanda men duýlar-duýulmaz halda garşymdakynyň başam barmagyna basyp görýärin (Sebäbi Hydyr atanyň öňden tanyş adamyň keşbinde sataşaýmagy hem ähtimalmyşyn). Emma başam barmaksyz kişä duşsam hem, henize çenli başam barmagy süňksüz kişä sataşmadym. Ýöne welin «Süňksüz gowy adam» diýip tarypy ýetirilýän adamlar barada eşidipdim. Şeýle diýilmesi hem «Hydyr ata ýaly adam» diýildigi bolsa gerek.
Käte geçilen menzillere nazar aýlaýarsyň welin, ömrüň dowamynda sataşan käbir adamlaryň hakydaňda janlanýar. Sen olaryň şahsyýetnamasyny görüp, olaryň kimdigine magat göz ýetirmedik bolsaň hem, käbir kişi barada «Şol adam edil Hydyr ata bolmasa-da, bihal adam-a däl eken» diýip oýa batýarsyň. Hut şu pursat hem 18 ýaşyndaky geçmişde galan sudurym ör-boýuna galyp, şeýle adamlaryň birini göz öňümde janlandyrdy. «Janlandyrdy» diýsem hem, men onuň kimdigini hem anyk bilemok, hatda keşbi hem göz öňümde galmandyr…
Ol gün meniň hiç haçan hem ýadymdan çykjak däldi. Watan öňündäki harby borjumy berjaý edip ýören döwürlerimdi. Ir säher serkerdämiziň baştutanlygynda oglanlar bilen şäheriň demirgazyk tarapynyndan akyp geçýän derýajykdan geçip, uzak aralyga ylgamaga gitdik. Ady derýa hem bolsa, onuň käbir ýerinden üstüňi öl-suw etmän ýöräp geçmek hem mümkindi. Şol gün hem kösenmän derýajykdan geçdik-de, çöle tarap ylgadyk. Esli aralygy geçenimizsoň günbatar tarapyň garalýanlygyny gören serkerdämiz uzak eglenmän, yza — harby bölüme dolansak, gowy boljakdygyny duýdurdy. Haý diýmänem ýagyş çisňäp başlady. Yzymyza — derýajygyň kenaryna dolanyp gelenimizde eýýäm öňki geçýän ýerimizden ýöräp geçmek-ä beýle-de dursun, hatda ýüzüp hem geçip boljak däldi. Emma her näme-de bolsa, geçmelidi hem, harby bölüme wagtynda-da barmalydy. Her kim ýalpagrakdyr-da diýen ýerinde emaý bilen suwa girdi. Ýöne uzak bolmadyk dagdan bat alyp gaýdýan akym barha güýçlenmek bilendi. Ýöreseň, sähel ahmal bolup, aýagyňy oý ýere bassaň, möwçli suw seni holtumyna dolap alyp gitjekdi. Dursaňam, ol aýagyň astyndaky ownujak daşlary köwüp, seni bir gyra agdaryp, ýene-de holtumyna düýrlejekdi.
Ýöremelimi ýa durmalymy diýen pikirde ýaýdanyp durkam, kenarda kimdir biriniň ýalpagrak ýeri görkezip ýol salgy berip duranlygyny gördüm...
Soň-soňlar men şol kenardaky adamy öz ýanymdan Hemdem baba diýip atlandyrdym. Çünki men ol Hydyr atadyr öýtmeýärin, sebäbi onuň bilen elleşip, başam barmagyny gysyp görmek-hä beýlede dursun, kenara sag-aman çykanymdan soň onuň nirä gidenini hem aňşyrmadym. Oňa sag bol hem aýdyp ýetişmändim. Şonuň üçinem ony öz ýanymdan Hemdem baba diýip atlandyrdym. Indi-indi Hemdem baba meniň aňymda anyk şekile gelip ugrady. Beýle diýsem hem, men ony belli ýazyjylaryň baş gahrymanlary suratlandyranlaryndaky ýaly, bugdaýreňk, atýüzli, ak sakgaly döşüni ýapyp duran... kimin sözler bilen suratlandyryp biljek däl. Emma men günlerde bir gün oňa hakykatdan hem gabat gelerin diýip umyt edýärin. Soňra onuň söz bilen suratyny çeksem, belki, jüpüne düşer. Häzirlikçe bolsa men oňa diňe kädaýym kitaplarda duş gelýärin. Arada hem oňa şu tymsalda gabat geldim:
Bir adam gara başyna töwekgellik edip, deňizde girdaba gaçan oglanjygy halas edipdir. Oglan özüne gelenden soň şeýle diýipdir:
— Janymy halas edeniňiz üçin sag boluň.
Halasgär adam (şertli ýagdaýda Hemdem baba) oglanjygyň gözüniň içine tiňkesini dikipdir-de, jogap beripdir:
— Bu bir bolaýmaly zat, körpe. Esasy zat, seniň janyň halas edilmäge mynasyp jan bolmagy.
Bu tymsalda-da oglanjyk onuň başam barmagyny gysyp görmedik bolsa gerek. Dogrusy, ol halasgäriň beren jogaby tymsaly okap oturan okyjyny hem ringde agyr urgy alyp, seňselän boksçynyň halyna salýar ahbetin. Onsoň ol oglanjygyň ýadyna başam barmak nirden düşsün?! Bu tymsaly okanymdan soň şol kenardaky Hemdem baba hem entegem özümden nazaryny aýyrman: «Şunuň jany beri halas edenime degýärmikä?!» diýip, daşymdan synlap ýören ýaly. Käte bu ynamy ödemeýän bolaýmaýyn diýip müýnürgeýänem men-ä. Hernäme-de bolsa, şu Gadyr gijesi hem garaşyp göreýin, belki, sataşyp, salamlaşan bir nurana kişimiň başam barmagy süňksüz kişi bolar. Ýa-da beýle bolmasa-da, bir «süňksüz gowy adama» — Hemdem baba sataşaryn hem, ähtimal, oňa «halas edilen janym» baradaky güman dumanynyň dagap gitmegi üçin hasabat bererin...

© Orazmyrat Myradow
Görülen: 142 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 12:27, 10.07.2024
Hydyr ata gözlegine özümden başladym: 
başam barmagymy barlap gördüm,
süňki bar eken...
gözlegimi dowam edýän.
aslynda tamdymam diýeli-dä, 
dileg etmelimi indi?
emma, Äşgär-Gizliden islän wagtym dileg edip bilýän ahyryn.
näme üçin Hydyr atany gözlemeli?...
ýöne şü gizlilik welin gyzykly bir zat.
bu barada kän ýazsaň boljak welin, oňada ýazyjy bolmaly-da....
...
gizlenenleň ispisegi:
1) gadyr gijesi gizli
2) ölüm sagadymyz gizli
3) ...

---
Orazmyrat kaka minnetdar.
gow oýlanma.
avatar
0
2 Pero • 08:39, 13.07.2024
Şo sorag maña-da ynjalyk bermeýär,Mango kaka: Adam göni Alladan sorap bilýärkä näme üçin başga bir onuñ ýaradan belent mertebelisinden soramalykak? Onsoñ ýene bir sorag: Biz pygamberimiziñ adyny tutanymyzda oña salam göýberýäs,çaryýarlaryñ,ulama,pirleriñ,öwlüýäleriñ adyny tutanymyzda "Alla sizden razy bolsun" ýaly dilegleri edýäs. Bu zatlara diñe özümiz mätäç bolanymyz üçin edýäsmi ýa-da dilegleriñ bir ülüşi olara-da barýamyka? Emma bir ýerde" adam öldi amal depderi ýapylar" diýip okadym. Biziñ dileglerimizden olara bir ülüş baraỳanda-da olar şoña mätäçmikãler? Sebäbi olar eýýäm belent mertebelere ýetip aradan çykdylar ahyry?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203