Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:18
Iljan bilen surata düşenler
ILJAN BILEN SURATA DÜŞENLER

Şol döwür men dördünji synpdymmykam, ýa bäşinji synp?!
Anyk ýadymda däl, ýöne üçinji synp däldigim-ä magat bilýän. Sebäbi biziň mekdebimizde ol wagtlar sentýabyryň birine okuw başlaýardy-da, 4-5 gün geçibem, dördünji synp we ondan ýokarylaryň okuwy pagta ýygymy sebäpli ýatyrylýardy. Onsaň tä gyşyň garasy görünýänçä pagta bilen başagaý bolup ýörensiň. Hat-da etrap merkezindäki bazar hem gündiz bolmazdy. Halkyň gaty zerur harajaty üçin gijeki bazar gurnalardy. Olam näme, gyzyp ýetişmänkä sowulýar diýen ýaly. Uly bazar üçin adamlar her ýekşenbeden─ýekşenbä göz dikmeli bolýardy. Eklenjini bazara atan alypsatar, we dellallara-ha has kyn. Ulagy barlar ulagyna görä obalara aýlansa, ulagy ýoklaram ullakan sumkaly obama-oba aýlanyp söwdagärçilik ederler. Bu elbetde bazardan kesilen biz ýaly oba adamlary üçin kemem däldi. ,,Zat satýan gelýär” diýşip, gara gadyr bolup olary garşy alardyk, hormat bilenem ugradardyk. Her kim ýagdaýy ýetdiginden zat satýanlaryň peýdasyna “goşant goşardy”. Oba ýolbaşçylary görse ol görgülilere-de bir ýakymsyz sözüni diýip galar. Asyl şol döwür pagta ýygymdan başga zada ýapyşan adamyň hijisinem oba emeldarlary gaty bir söýüp baranok. Hususy ulagy bilen etrap merkezine kireý edýänlerem gözlüje çeşmesiniň kemelenliginden zeýrenşip ýörendirler.

Garasaý pagta ýygym möwsümi tamamlansa, biz obalylar üçin baýramçylyk diýen ýaly. Onsoñ çäklendirilmedik adaty durmuş başlanýar. Şeýle baýramçylyk lezzeti bilen okuwa ýaňy başlan günlerimiz mekdebimizde bildiriş peýda boldy. Biz üçin o diýen dûşnükli bolmadyk, medeniýetli ol bilidirişi synp ýolbaşçymyz bize düşnükli bolan sôzler bilen aýdyp berdi:
─Şu dynç güni hemmäňiz üç manatdan pul getiriň. Aşgabatdan “Bilimli Nesil” gepleşigini alyp baryjy Iljan Hommadow gelip, biziň mekdebimizde ýaryş geçirýär.
─Ýaryşa hemmeler gatnaşýarmy? ─ diýip, men kelläme gelen soragy berip goýberdim
─ Yaryşa gatnaşmasaňyzam, puly hökman getiriň, tomaşa etmeli bolarsyňyz─ diýdi we möhüm bir zady unudan ýaly:
─Ýogsada elem-tas bolup gelmäň, telewizora düşýäňiz, gowyja geýinip geliň, ylalaýta-da saňa degişli- diýip, men tarapa eňek kakyp goýberdi.
Iljan Hommadyň saparyna, mekdebimiziň tam süpirijisi Çynar ejemizden başlap, direktor Kuwwat mugallyma çenli taýýarlyk gördi. Çynar ejäňki has kyn. Gündiz-ã onuñ elinden sübse düşmezdi, okuwdan soňam biz ýekelli garryň daşyna üýşüp, aýak aldygyna sorag baryny ýagdyrardyk:
─Çynar eje, ol adam bizi telewizirde görkezermikä onsoň?
─Görkezer, oglum görkezer, ylaýta-da seni─diýip, Çynar eje maňa göwünlik bererdi.
─Telewizire düşmek kynmaý, Çynar eje?
─Kyn däl, esasy tolgunmaly, aljyramaly däl, özüňi ele almaly.
─O zat uzak dowam edermikä?
─Ýokla bir, bir ýarym sagat
─Ýeňseň sowgadam barmyka?
─Bardyr, bardyr…
Dogry Çynar eje hiç wagt gaharlanmaýan garry däl. Gahary gelen wagty ol zeýrenmegem kyn gõrenokdy. Hat-da käwagt bizi kowup goýberýän gezeklerem bolýar. Emma ol beýle zatlary tiz unudýar. Bizdenem kiçi agtygyndan başga hossary bolmadyk bu garry biz üçin diňe bir tam süpüriji däl, mekdep bilen aralykdaky iñ ýakyn adam bolup durýar.
Dynç günem geldi. Iljan Hommadyň özi we onup ýany bilen gelen adamlary biz geň galyjylyk bilen synladyk. Öňler telewizorda görýän adamlarymyz hakyt göz öňümizde dur. Hatda uly synplary ýaryşdyryp kamerada aldy. Biz-ä düşmedik öýdýän. Emma hezillik ýaryş gutaransoň başlandy. Hemişe-de şular ýaly üyşmeleňde peýda bolýan Palta suratçy gapyrjaga çalym edip duran dört burç torbasyny egninden asyp, ýene-de bir ýerden çykdy. Şeýle bir surata düşüşlik başlandy welin, diýer aýdar ýaly däl. Diňe Çynar ejeden galany dört-bäş ýola Iljan Hommadyň ýanynda durup surata düşdüler. Mugallymlaram heziller edindi. Palta aga hem her gezek surata düşüreninde, näçe adam düşenini we näçe sanysyny çykarmalydygyny depderine bellärdi-de:
─Surat çykarmaly däl bolsa, eger pulyny töläp alyp bilmejek bolsaňyz, öňünden aýdyň. Suraty çykaramsoň hymmyk-symmyk etmäň maňa –diýip, irmezden gaýtalaýardy.
Dogrusy, meni şol pully meselesi howatyra goýmanam duranok. Onda-da iki gezek surata düşdüm. Bir-ä synpymyz bolup Iljan Hommadyň daşynda, birem synp ýolbaşçymyz, men we Iljan Hommat. Pulundan gaty ýaýdansam-da, hemmäniň bir agyzdan düşýän bu iki suratyna düşmezlige deň-duşlarymdan utandym. Şonsuzam men üçden- dörtden üýşüp düşülýänleriň birine-de düşmänligime ýygrylyp, çym- gyzyl bolup duran çaga. Palta aganyň:
─Saňa-da çykarmalym-eý, suratlaryñy alýañmy?─diýen soragyna-da:
─Howwa, alýan─ diýdim
Diýmesine-hä diýdim welin, şu dabara üçin üç manady zeýrene-zeýrene beren ejem göz öňümde eýläk-beýläk geçdi durdy. Wah, suraty aljak däl diýmäge bolsa gaty utanýardym. Surata dûşesimen gelip baranokdy, ýòne dúşmesem deň-duşlarym üstümden güler öýdýärdim.
Iljan gitdem welin, hepde geçip-geçmänkä Palta aga dört burç sumkasyny süýräp suratlary alyp mekdebe geldi.
Şondan soň çekine-çekine ejeme surata gerek alty manat hakda agzadym we jogabymam aldym.
─Ilki klasyň içini reňklemeli diýip aldyň üç manat, soň äpişgä perde almaly diýip aldyň, ondan soň telewizirçi gelýär diýip bir hokga tapdyň, indikiň artyk bolýar, han ogul! Eger gepiňi düşindirip bilmeýän bolsaň, mugallymlaryňa özim aýdyp gaýdaýaryn ertir.
─Ýok, ýok, eje!
─Onda öziň düşündir gepiňi, ana mugallymlaň alybersin, hökümetden aýlyk alyp otyrlar. Men surat alaýynmy, ýa gara garnyňyzyň gamyny iýeýinmi?- diýip, ejem sözüniň soňuny ýumşadan ýaly etdi.
Ertesi mekdebe baranymda meň ýalyň gaty känligine düşünip galdym, oña öz ýanymdan begendimem.
─Iljan bilen surat düşenler, çep tarapa süýşüň ─ diýip, Kuwwat mugallym çep tarapy görkezdi.
Mekdebiň okuwçylarynyň tas ýarsyna golaýyndan düzülen mähellä seredip, Kuwwat mugallym garaşylýan soragy berdi
─Näme üçin pul alyp gelmediňiz?
Içinde bir-de-iki-de pul alyp gelenem bolsalar, alňasap bize goşulanlar çep tarapdan çykdylar-da, baryp direktoryň gözüniň öňünde pullaryny berip Palta suratçydan öz suratlaryny aldylar we hormatly sag tarapa geçdiler.
─Ertir ýanlary bilen pul alyp gelip suraty almadyklary sapaga goýberjek däldirin─diýip, Kuwwat mugallym üstümizden sowuldy. Ýöne mesele munuň bilen dynmady. Synpa gelip, klas ýolbaşçymyzdanam gowja iňňirdi eştdik. Erbet ýeri, ýekän-ýekän näme üçin pul getirmänligimiziň sebäbini sorap çykdy. Oňam bir sebäbi bolarmy diýsene?!
Ertesem şol ýagdaý gaýtalandy, ýene çep tarap, ýene aşak bakyşlyk hem synp gelip eşdilmeli zeýrenç.
─Iljan bilen surata düşenler, men sizden doýdum. Kynmy şol suraty almak?! Näme üçin pul alyp gelip, eýelik edeňzok? Meselem, sen näme üçin pul getirmediň?─diýip, mugallym elindäki kitap bilen kelläme kakyp goýberdi.
─Ýadymdan çykypdyr─ diýip, men ýûzûmiñ ugruna jypdyryp goýberdim
─Ertir ýatdan çykarmajak bol, bolýamy?!
─Bor.
Öýe gelip nädibem bolsa alty manat tapmagyň ýoluny gózledim. Göz öňüme “Iljan bilen surata düşenler, çep tarapa çykyň!” diýip duran Kuwwat mugallym geldi. Ýene ýüregi bire baglap ejeme aýtdym, gykylyk eşitjegiňi bilseňem, başga alaç ýok. Ejem käýinip-käýinip bolansoň:
─Kakaňda dagy ýokmukan, sowalga diýip aýryp goýan puly ─ diydi welin, kakamyň gizlinje pul goýýan ýeri ýadyma düşdi. Geýim asylýanda elmydama asylgy durýan çal penjegiň diwar tarapdaky jübüsine seredip görmegi we onda pul bar bolsa almagy ýüregime düwdüm. Kakam gapydan girmedik bolsa, edil şol wagt baryp barlardymam, ýöne gapydan kakam geläýdi.
─Gyýw, ol sowalgaňa goýan puluň-zadyň bar bolsa, ber şu çaga. Telewizirçiler bilen düşen suratyny bir alsyn, mugallymlary halys goýanokmyşlar ─diýip, ejem gele-gelmäne meň arzymy kakama ýetirdi.
Emma onuñ bilenem iş bitmedi.
─Pulumyň suratsyzam müň ýeri bar, heleý─diýdi-de, kakam soň bu meselä dolanmadam.
Teý bolmansoň, çemini tapyp çal penjegi barladym. Öz-ä birki şaý bilen manat pul bar welin, jübä el sokup alaýaryň ýaly däl. Dûýbi deşilen jübiden aşak gaçan şaýlary penjegiñ işliginiñ içinden çöpleşdirip diýen ýaly aldym. Alty manat çykaýdy, bolsa-da.
Men çaltrak uklamak üçin däl-de, ýorganyň aşagynda hezil edip, arzuwlar kölünde ýüzmek üçin ýerime irgözinden geçdim. …Ine, ertir ir bilen barýan-da, iki sany suraty hakyt pulyny töläp Palta agadan alýan. Onýança Kuwwat mugallym gelip, “Iljan bilen surat düşenler, çep tarapa” diýip gygyrýar. Men sagda durun, birentek “Iljan bilen surata düşenler” çep tarapda aşak bakyşyp durlar, a men elim suratly arkaýyn sag hatarda durmyşym…
Irden kakamyň gohuna gözümi açdym.
– Indi júbiñden pulam alnyp başlandymy bu tûnekde?!
-Bä-ä kakasy, goýan ýeriñi bilmeýãn bolaýma-diýip, ony ejem köşeşdirjek bolýardy.
Gözümi owkalap eýwana çykanym šoldy. Kakam sen-men ýok, maña dikanlady-da:
-Puly sen aldyñ gerek, gönijäñden gel -diydi.
-Nämäñ puly?- diyip, bilmediksiredim, soñam aljyrap “Ýo-o-ok!”diyip súýndúrip goýberenimem ýadymda.
Onýança gyz jigim arany Aý dogan ýay etdi. Içerden meniñ okuw sumkamy súýräp geldi-de açdy, açan ýerinde-de alty manat ýatyr…
Eger bašga wagt bolsa-ha, pulsuz okuwa gitmesem gitmezdim welin, ol wagt öýde durarlyk galmandy. Kuwwat mugallymyñ iňňirdisem ondan elhal. Men pişik ýuwnuşyny etdim-de pulsuz sumkamy súyräp mekdebe ugradym.
Kuwwat mugallymyñ hyýrsyz keşbini göz öňüme getirip mekdebe yetdim. Emma şol gün akyla-oýa sygmajak bir zat boldy. Biz nämãñ-nãmeligine de düşünibem bilmedik.
Ir bilen Kuwwat mugallym adatdakylar ýaly:
-Iljan bilen surata düşenler, çep tarapaaa-diýip gygyrdy. Bizem bir topar bolup çepe geçdik. Emma şol wagt mekdebiñ içinden allaniçigsi bolup Palta suratçy geldi-de, direktora birzat-birzat diydi. Soñ olar bile bir mõhüm zady maslahat etdiler, olaryñ howsalalary daşyndan belli bolup durdy. Soñ ikisem tirkeşip gitdiler. Bize birazam bolsa käyinç iymezlige wagt boldy.
Birazdan mekdebiñ mugallymlary we beýleki işgärleri, garaz, Çynar ejeden galany mekdebiñ agzyna üyşdiler. Çep tarap bilen sag tarap goşulyp-garylyp gitdi. Šonda-da biz öz müynümizi bilipjik durus. Kuwwat mugallym ahyry ýaryldy:
– Palta suratçyñ suratly sumkasyny kim ogurlady?
Bu sorag hemme kişä deñ derejede aýdylsa-da, çep tarapyñ hemišelik eýelerine-bize has agyr degýärdi. Hiç kimden ses çykanok.
-Size diýilýãr- diyip, direktor ikinji gezek hemmãmize azgyrlansoñ, mähelle öz arasynda gowur edip ugradylar.
Netije yok. Özim-ä näme üçindir begendim. Suratly meseleden dynanym kemem däl. Mesele tutuş il bilen gelse, bir başga-da.
Kwwat mugallym ýene:
-Iljan bilen surata düšenler, çep tarapa geçiñ- diýdi
Owalam çep tarapda duramyzsoñ sag tarap bilen biraz ara açaýmak galdy.
-Şu wagt gowulyk bilen, iş ula gitmänkä sumkany ýerinde goýuñ- diýip, direktor ozüne zor salyp, mylaýym gürlãnem bolsa, “Men!”diýip õñe çykan bolmady. Şol gún biz tutuş mekdep bolup esli wagt suratly sumkanyñ ýitmeginiñ sebãbini gõzledik. Mekdebe degišllilerden bir Çynar eje hatarda däl. Ýöne olam bizden uzaklašyp bilenokdy. Hyklap-çoklap bolýan gürrüñleri sypdyrman diñleýãr.
Şondan soñky günem, onuñ ertesem direktor bizi biynjalyk etdi durdy. “Suratly sumkany kim aldy?” diyip, mekdebiñ daşyndan iki gezek dagy aýlanyp ylganymyzam ýadymda. Emma “Iljan bilen surata düşenler, çep tarapa” diýilmekden welin, dyndyk. Kem-kem sumkaly gürrüñem unudyldy. Hut üstinden barmasañ ýada düşenok…
Edil hãzirem, aradan ýigrimi bäş ýyl geçenine garamazdan, Çynar ejäniñ belli günine gelen bolsamam, bu wakany ýatlamadym hatda Allanur:
-Enem saña kitapmy, gazetmi bir zatlar berjek boldy, arman, teý gara bermediñ. Öz-ä şol sumka durşy bile saña degişli zatlar bolmaly- diýip, otagdan çykyp gidende-de men Çynar ejãniñ bir wagtlar menden alyp okaýan çeper eserleridir gazetleri hakda oýlanypdym.
Emma Allanuryñ öñüme getirip “pat” edip goýan dörtburç sumkasy meni eddil ýigrimi bãş ýyl mundan öñ bolan şol wakany ýatlamaga mežbur etdi. Hakyt, şol Palta agañ ogurlanan suratly sumkasy. Içinde-de çep tarapda ýüzini aşak salyp duran “günãkãrler” ýagny “Iljan bilen surata düşenler”.
Men nãdip Allanuryñ ýanyndan çykanymy we nãdip ýola düşenimi bilemok. Bir zady bilýän häzir meniñ egnimde şol çep tarapky aşak bakyp duran “günäkärlerden” alynyp el ýaly garra ýüklenen ýük bar. Men ondan birjik-de basylamok. Gaýta, men Çynar ejemiñ bu syryny hiç wagt hiç kime-de aýtmaryn. “Iljan bilen surata düşenleriñ” azajyk wagt meñzeš bolan ykbal pursatlaryny bolsa, men ýatlamalarymda ýadygärlik deýin saklaryn…

© Merdan BAÝAT
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 253 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Merdan Baýat | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Medenyet09 • 23:58, 26.06.2023
Beýle bir döwrem boldamy surata üç manat okuwçylar pagta sürülýä bazarlar ýapylýa .Iljan bilen düşülen surtlardan goýmaly ekeniňiz
avatar
0
2 Мango • 12:01, 27.06.2023
gowja hekaýa.
her kimiň öz gaýgysy:
iljana - şöhrat
palta suratça - gazanç
iljan bilen surata düşenlere - 6 manat
iljan bilen surata düşenleriň kakasyna - artyk süýşürintgi (we goragy)
iljan bilen surata düşenleriň ejelerine - maşgala eklenji, finans tygşytlylygy
direktor kuwwat mugallyma - häkimiýet, zor, awtoritet
her kim başagaý....
halasgärimiz kä wagt oslamadyk birimiz bolaýýar.
ÝAŞASYN TÄMIZLIKÇI ÇYNAR GELNEJE!
GAHRYMAN we HALASGÄR ÇYNAR GELNEJÄ ŞÖHRAT!
avatar
0
3 aygull • 12:30, 27.06.2023
Gynançly hekaýa,ajy ýylgyrdýan.
avatar
0
4 sussupessimist • 15:56, 18.11.2023
Halasgäriň Çynar gelnejedigini öňünden bilyäň, soňy birneme suyndurilen, yone namuçindir muňa gözüňi yumup, "oynuň" düzgünini kabul edesiň gelyàr, sebabi hekaya, birinjiden-a, gaty wajyp hem aktual, mydama-da aktual meseläni gozgayar, ikinjidenem okap otyrkaň, daşyňdaky tanyş dünyäni gòryàrsiň.

Kim çalasyn? Kim çeye? Kim çakgaaaa...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203