12:00 Ilkinji goşgularym | |
ILKINJI GOŞGULARYM Ilkinji goşgulam, ilki setirlem, Bezeg bermez kitaplarmyň gatlarna. Olar girip gitdi gizlin ýetirlen Söýgi hatlarna. Ne ýat tutdum olary, ne-de göçürdim, Geçdim ondan söýgä sataşan pilläm. Soň bu ömri goşgy ýazyp geçirdim, Ilkinji goşgymy gaýtalap bilmän. DUTAR Mahmal gaba salyp goýmaň dutary, Çykaryp, çaljagyň öňünde goýuň! Üýtgetmäň, peseltmäň, ýoýmaň dutary, Mukaddes zatlaryň deňinde goýuň! Ejiz däldir ýüregmize urýan zat, Diňe oňat zada maýyldyr göwün. Kyn bor, kalbymyzy tolgundyrýan zat Gozgamasa çagamyzyň ýüregin. Ýetdirip duranok bu sungat bize, Onuň beýik talant bilen gany bir. Öwrediň siz ony çagalarňyza, Öwrediň bolmanda diňlemäni bir. Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/5/5041. 17.04.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |