Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:26
Iň soňky gün diýme

IŇ SOŇKY GÜN DIÝME...

Iň soňky gün diýme,
Hudaý saklasyn.
Heniz men garramok,
Gartaşaňok sen,
Ýaşlygy şeýtana talatmadyk biz.
Nobata garaşyp hümer howluda,
Karta garap, palçy pal atmadyk bil.

Iň soňky gün diýme,
Näbilýäň ony.
Biz maňlaýa ýazamyzok hiç zady,
Bu maňlaýdan pozmarysam hiç zady,
Kän günler bar,
Ine, meniň kalendarda-ha,
Ellenmedik 310 gün bar.

Iň soňky gün diýme,
Diliňden al kaksyn,
Gaýta perişdeleň gülküsi tutsun bu sözlerňe,
Gaty gören günler göz-gülban görünsin gözlerňe,
Beýdip-beýdip dözüberme.

Iň soňky gün diýme,
Diýme, gerek däl.
Eşidilip dur:
Heniz saçyň ozalky deý sap-sary,
Agarmandyr.
Ýüregiňem diňe çişipdir diýmesek,
Kän agyrmandyr.

Iň soňky gün diýme,
Ertir bor, birigün bor...
Indiki hepde geler,
Aýlar aljyrap,
Ýyllar ýadyrgap geçer beý diýseň.

Iň soňky gün diýme,
Heniz iki bolup okamadyk kitaplarymyz bar.
Heniz iki bolup çykylmadyk Kaplarymyz bar.
Heniz iki bolup ýazylmadyk baplarymyz bar.

Iň soňky gül diý,
Iň soňky pul diý.
Iň soňky nahar diý,
Iň soňky gahar diý.
Iň soňky dert diý,
Iň soňky şert diý.
Iň soňky sen diý,
Iň soňky men diý.
Ahyrky gül diý,
Ahyrky Gün diýme...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 @Baýram_Bejidow • 20:56, 18.03.2024
Iñ soñky pul)))
avatar
0
2 derwushhana • 07:33, 19.03.2024
Goşgy uzyn göründi. Gysgajyk eden bolsa duýgulyja gowy boljak eken
avatar
1
3 sussupessimist • 09:31, 19.03.2024
Gurbanmyradyň goşgularynda ösüşiň tendensiýasy duýulýar... diýsem, gaty gurak hem makalalaç ýaňlanjak. Garaz, ösüş duýulýar.
"Ol özüni gözleýär" diýýäňmi? Gözlegleri dowam etsin ýene
avatar
0
4 Belki • 09:47, 19.03.2024
Aý, beýem diýiberme, Gurbanmyrat, "iñ soñky pul" sözi kän gulaga ýakyberenok-laý. Iñ soñky günüñ sinonimi ýaly bir zat şolam ))
avatar
0
5 Gülkamat • 14:04, 19.03.2024
Gutbanmyrat jigimize üstünlik, irginsizlik, yhlas we sh.m. :) arzuwlaymak galypdyr...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203