Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:02
Ine, dogan geler...

INE, DOGAN GELER...

Ine, dogan geler: "Dirimiň?" diýer,
Ynanmaýan ýaly ýaşap ýörenme.
Men: "Şükür" diýerin begenerin-de
bu gün ýene aman-esen örenime.

Ol papagny bir gapdala taşlar-da,
soňsuz nesihata başlar ýene-de.
(Biz ikimiz başga-başga adamlar
döresegem bir ata, bir eneden).

"Şahyrlykdan çörek iýmek kyn düşer,
yhlasyňy siňdir ýeňilräk käre"
Men bolsa diýerin: "Ynanaý agam,
özümem alaçsyz, tapamok çäre.

Dünýämizde din köp, emma hudaý bir,
Ol hemişe gorap ýörmez täk meni.
Girdaba gaçsamam, endişä galyp,
başa çekip ýatman, köne çäkmeni.

Men indi çaga däl, şükür, goja däl
öz başymy özüm çarajak borun.
Bir aýdymçy kimdigini bildirmez
içinde bolanda köp sesli horuň!"

Ol gider, kalbyma howsala salyp,
hem kisäme salyp, bir az-owlak pul.
Men: "Sag bol" diýerin, "Sag bol, jan agam"
Emma arzuw eden günüm däldi bul.

Ilki arzuwlarym başga-başgady,
Çaga arzuwlarynyň baryp ýatany.
Men öz adym bilen bezemekçidim
Bezege mätäç däl eziz Watany.

© Çary ÝEGENMYRADOW

Çeşme: https://kitaphana.net/book/632/read
Bölümler: Goşgular | Görülen: 108 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
2
1 Мango • 10:06, 10.03.2023
bilýän adam redaktirlemeli ýaly...
göçürip goýdum welin säwliklerem bar ýaly...

«Şahyrlykdan çörek iýmek kyn düşer,
yhlasyňy siňdir ýeňilräk käre

"kowyçka" ýapylmandyr ýaly, on-a düzetdim özümçe.
ýöne aşakdaky setirde "başa çekip ýatma"-my ýa "ýatman"-my... bir hili öz-ä...

Girdaba gaçsamam, endişä galyp,
başa çekip ýatma, köne çäkmeni.
avatar
1
2 ibrahimbadakhshan • 14:48, 10.03.2023
Salam Mango daýy,
Men-ä her gün höwes bilen şu websaýta girip çykýan. Gowy eserlerem köp gabat gelýär “tüweleme”, ýöne örän ejizleri-de az däl. Wagtyňy haramlap okanyňa degmeýän …
Indi bir sorag: Şu websaýtyň redaktsiasy täze awtorlaryň yollaýan eserlerini ilki barlap görse gowy bolmazmydy!?
avatar
1
3 Medicall • 15:44, 10.03.2023
"Dünýämizde diýen köp-mika ýa din
yzyndaky "Hudaý bir"-den çen tutsaň-a din bolmaly ýaly?!.. bilmedim-da.

Ýöne goşgy diýseň GOWY. ŞAHYR kagyza hut ýüregini geçiren ýaly düşünikli, güýçli ýazan eken.
Owadanlajak bolup okyja düşüniksiz topbak edip taşlamandyr.

Jaýy jennetden bolsun!
avatar
1
4 Мango • 19:02, 10.03.2023
men-ä üýtgetjek iki ýerini:

1. Dünýämizde (diýen) din köp, emma hudaý bir,
2. Girdaba gaçsamam, endişä galyp,
başa çekip (ýatma) ýatman, köne çäkmeni.
avatar
1
5 Мango • 19:18, 10.03.2023
Salam Ybraýym däde.
ilki bilen begendim, biparh bolmanyňa, pikiriňi aýdanyňa.
soň ýene begendim, günde girip-çykýanyňyza, gowy zatlara gabat gelýäniňe.
size jogap bersem, bir zady anyklamak gerek, ýagny meni bu saýtyň adminidir öýtmegiňiz dogry däl. menem edil siz ýaly okujy-awtor.
edebiýaty halap, gowy zatlary bu ýerde paýlaşyp, ýazylanlara komment ýazyp... garaz biraz janlyrak bolmak niýeti bilen hiç hili tamakinçiliksiz bir iş etmäge gaýrat edýän. bu zatlar kän wagtyňy alýar. onda-da höwes bu zatlary etmäge gaýrat berýär.
---
pes materaillar barada.
dogry pes materiallar hem goýýarlar.
ony goýýanlaram awtorlaryň özi.
diýişiň ýaly saýt redaksiýasy ilki olary okap tassykap goýsalar hem bolar. ýöne bu işler üçin kän adam zahmet çekmeli. pikir edýän bu saýtyň aňyrsynda şeýle bir topar ýokmyka diýýän. diňe ýagşy niýet bilen ýola çykanlar...
---
Ybraýym däde, sizi hem aktiwlige çagyrýan.
teswir ýazsaňyz, öwrenjeler kän zatlar öwrenjek.
(ýadyňyza salyň mahym hanymy, :-) arada ondan garaşmadyk modern şygyr okapdyk.)
teswir ýazyň, öz zatlaryňyzy goýuň.
bizem isleýäris, döwürdeşlerimiziň sesini diňlemegi.
minnetdar.
avatar
0
6 Bagabat • 10:08, 11.03.2023
Edebiýat hakda dünýägaraýyş giňär ýaly, her kim bilýänjesinden gysgajyk (häzirki zaman ýaşlarynyň klipleýin oýlanyş häsiýetine laýyk) maglumatjyklar ýazmalymyka diýýän.
Antik döwrüň edebiýatyndan, görnükli ýazyjy-şahyrlaryndan başlap, häzirki döwrüň edebi akymlarynyň manysy-mazmuny hakda, edebiýat formalary, žanrlary, olaryň biri-birinden tapawudy hakda, öz sözüň bilen, sadaja we düýbünden çylşyrymlaşdyrman. Şonda peýdasy köp bolaýmasa.
Ýogsa biziň döredijilik bilen meşgullanýan, şoňa ymtylýan we şoňa gyzygýan ýaşlarymyzyňkam öňde bir hekaýatdaka barýar.
Biri dostunyň ýanynda: "ýaman erbet dograma iýesim gelýä" diýýämiş.
Oňa geňirgenen dostam diýýämiş:
-Iýiber. Nä gadagan edýän bamy?
Onda dograma küýseýän zeýrenipmiş:
-Iýjek-le welin, dogramaň bar ýerinde men ýok, meniň bar ýerimde-de dograma ýok. Hudaýyň beren nesibeli bir güni eýdip-beýdip ikimiziň başymyz çatylan ýerde-de meniň dograma däl-de palaw iýesim gelip başlaýa...
Şonuňky ýaly, dogramanyň, ony iýesi gelýäniň hem-de şol iýesi gelýäniň dograma işdäsiniň üçüsiniň başyny birikdiräýmek ýaman çetin iş.
Elbetde, Eshiliň, Ewripidiň eserleri, Safonyň şygyrlary, Wergiliýniň, Owidiýniň, Sun Szyň, Li Baoň, Anahoretiň ýazanlaryny bilmegiňem, Çarlz Bukowskiýniň ýa-da Daniil Harmsdyr Wenedikt Ýerofeýewiň eserlerinden habarly bolmagyňam çeperçilik zehininiň taplanmagyna, kämilleşmegine täsiri 100% däl. Eger-de bilimden, bilmekden genial eserler döreýän bolsa, onda ensiklopedik bilimli eruditler dünýäde iň genial adamlar bolardylar. Ýöne her näme-de bolsa, öz küýseýän, hyjuwlanýan närsäň barada näçe köp bildigiňçe döredijilik goruň artýanam, baýaýanam hak.
avatar
0
7 Medicall • 00:41, 13.04.2023
Salam Ybraýym daýy, bu teswiri goýan wagtyñyz ýazjakdym, bir sebäp ara dűşdi-de soñam undupdyryn.
avatar
1
8 Medicall • 00:53, 13.04.2023
Indi "örän ejiz" , "kämil" hasaplanýan goşgulara gelsek: şu Edebiýat Kafesi saýtyny ýöretmekde baş maksadymyz edebiýat dünýäsinde nämedir bir zatlary ýazasy, aýdasy gelýän ýaş awtorlara ýazanlaryny şu ýerde paýlaşdyryp, ýazmakda ökdelemekleri, ýalñyşlyklarynyñ üstünde işläp, pikir alyşyp, halypalardan bellik alyp barha kãmilleşmekleri üçin elimizden gelen kömegimizi bermek, goldamak.
avatar
1
9 Pero • 15:56, 13.04.2023
Täze nakyl: Ejizi bolmadygyñ kämili bolmaz :)
avatar
1
10 Pero • 16:00, 13.04.2023
Täze atalar sözi: Kiçi-kiçi diregler ullakan binany saklap durýandyr. :))
avatar
1
11 Pero • 16:06, 13.04.2023
Bir kinoda şeý diýýä: Pile gurçugy kebeleklige ýetdi.

Bizem, sizem, olaram bir wagtlar pile gurçugydyk. Eger kebelek çykan bolsak gowy zat,emma şindiki pile gurçuklary süýremek borjumyz dämi. Sebäbi bizem süýrediler ahyry
avatar
0
12 Medicall • 17:20, 13.04.2023
Elbetde her goýulan zady ýeke-ýeke redaktirlemäge wagtymyz azlyk edýär, ýaş awtorlaram hemmesini birden goýup dynanyny gowy görýän ýaly howlukýarlar. Bu bolsa olaryň öz kämilleşmeklerine böwet bolýan zatlaryň biri. Bolmasa günde bir post daşyndakylary ýadatmaz, özüne-de öwrenmäge mümkinçilik bolardy.

Onsaňam her posty admin redaktirläp ýaş awtoryň eserdäki kemçiligini bejerip berip ýerleşdirse, bu eýýam adminiñ ýaş ýazyjy şahyra zyýan ýetirdigi bolar, kemçiligi özüne aýtman düzedip berip çykaryp otursañ ýaş awtoryň özüne talaby peseler, her ýazýan zadyna jogapkärçili peseler, onsaň kämilleşmänjik geçer, bulam ýene adminiñ "günäsi" bolar.

Sebäbi ol öz kemçiligini beýýlekileň pikiri boýunça anyklap şonuň üstünde işlemeli ahyryn.

Ýöne Ybraýym aga, biz siziň pikiriňize sarpa goýup, biraz çäklendirme girizdik. ýaş galamgär günde bir mowzugyny paýlaşmaga rugsat edilen. Bu edenimizi õzüne ýamanlyk hasaplap, bizi aýyplap ýazanam tapyldy eýýam. :))

Barybir post açanlarynda talaba laýyk goýmaklaryny gazanmak üçinem wagt az sarp edilenok. elbetde her bir ýazýan adamyň pikirine hormat goýmaly, bu gün ýazan ýaş awtor yhlas etse gelejekde uly işler edibem biler.

Şonuň üçin her kimem olaryň goşgularyna hekaýalaryna pikirini aýtsa kem bolmazdy. Saýt ýöretmekde maksadymyz miwe bererdi..

Ybraýym aga, goýulýan temalarda aktiwlik görkezip, maslahatlaryñyzy ýetirip dursañyz awtorlae hoşal bolardy.

janyňyz sag bolsun, ähliňize üstünlikler arzuwlaýan!
avatar
0
13 Medicall • 17:31, 13.04.2023
Gymmatly wagtlaryny sarp edip postlara õzüniñ tarapsyz pikirlerini aýdyp bilýan, saýta goşant bolsun diyip hiç hili öz bähbitsiz hereket edip, erkin pikir ýöredip,
gowy eserleri paýlaşýan, ýagşylygy hemra edinenleri Allaýalkasyn!

Saýt SIZ bilen saýt. Sagboluñ, Bar boluñ!
avatar
1
14 garagar • 21:10, 24.12.2023
"Men: "Sag bol" diýerin, "Sag bol, jan agam"
Emma arzuw eden günüm däldi bul"
Ah, şahyr aga, nätjek-dä ýagdaýyňa düşünjek gaty az. Doganyňam bolsa, derdiň ýükdür başgasyna
avatar
0
15 Medicall • 21:16, 24.12.2023
Hawa...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203