12:02 Işdäňiz açyk bolsun! (komediýa). Dowamy. | |
Işdäňiz açyk bolsun! (komediýa). Dowamy. Ikinji erkek müşderi. Töre Batmanowiç, biz Siziň restoranyňyzy öwensoňlar geldik, ýogsa şäherde garbanyşhana gyt däl-le. Hasaplaşmaly bolanymyzda, bu Pekge (eli bilen Robot Garsonygörkezýär.) üç ýüz ýigrimi dokuz manat elli teňňe diýip dur-how! (elindäki petegi uzadýar.) Batmanow (petegi okap durşuna). Bu biziň işgärimiz, onuň ady Robot Garson, (Robot Garsona ýüzlenip.) şeýle dälmi, jenap Garson?! Robot Garson. Hut şeýle şef. Men “Berhiz” restoranynyň ofisianty Pekge Robot Garson. Siziň minnetdar ýakymly maňa bilen tanyşanyma.... (Batmanow Robotyňarkasyndaky düwmäni basýar, Robotdan“zyk” sesi çykýar, onuň agzy açyklygyna, sag eliniň süýem barmagyny döşüne dürtüp, öňe egilip ýörejek hyýalda doňup, sem bolup durýar.) Batmanow. Hany, foýede doldurylan wizitkaňyzy göreýin. [i](Är-aýal wizitkalaryny uzadýarlar) (stoldaky we mejimedäki naharlara göz aýlap). [/i]Siziň agramyňyz kemterrräk bolanlygy sebäpli, ikiňizem şu zala—üçünji zala ugradyşlar-a dogry. Hawa-la, munça naharlary arryk bolaňda-da iki adamyň iýmejegi köre mälim. Ýöne, Siziň sargan naharlaryňyzyň hemmesini getirip berdiler dälmi? Ikinji erkek müşderi. Hawa, anha! (Mejimelere elini salgaýar.) Batmanow. Naharlaryň sanawyny okaňyzda bahalara üns berensiňiz-ä?! Ikinji erkek müşderi (eginlerini gysyp). Düýn goňşym iki adama bary-ýogy kyrk dokuz manat töledim diýensoň, arkaýyn boldum-da. Oh-ow, bulary bir hepdeläp iýsegem gutaryp bilmeýäs-ä. Batmanow. Şu petekdäki sanalan naharlaryň atlary we bahalary bilen biziň kitabymyzdaky sanaw bilen gabat gelýärmi? Ikinji erkek müşderi. Hawa. Batmanow. Getirilen naharlar ýerbe-ýermi? Ikinji erkek müşderi. Hawa Batmanow. Jenap Garson çaý pul soradymy? Ikinji erkek müşderi. Ýok. Batmanow. Iýip bilmedik naharlaryňyzy ýanyňyz bilen äkitmäge Siziň hukugyňyz bar. Olary derrew gaplap bererler. Tölegiňizi geçiň! Ikinji erkek müşderi. Ýok, tölejek däl onça bahany. Iýilmedik naharlary yzyna alaýyň. Elleri rezin ellikli, agzy-burny hasa örtükli Läle Kabaýewna gelýär Läle Kabaýewna (mejimedäki naharlary ellääp barlap görýär ). Bu taýda-da ýok. Ikinji zenan müşderi. Gyw, o nä biziň naharlarymyzy dörüşdirip ýörsüň? Läle Kabaýewna. Döremok-la. Sowan bolsa, gyzdyryp getiräýjekdim. (Çykyp gidýär.) Batmanow. Hormatly müşderi! Satylan naharlary yzyna alamzok. Bu jenjeli polisiýa ýetirmän çözeris diýip umyt edýärin. Şol düşünje Sizde-de bardyr diýip pikir edýän. Ikinji erkek müşderi (oturan ýerinden tarsa turýar. Gazaplanyp). Näme, indi meni kanun bilen gorkuzjak bolýaňmy? (Ikinji zenan müşderi adamsynyň ýeňinden çekip oturtjak bolan-da, elini silkip alýar.) Kezzaplar! Siz müşderilere al salyp, olaryň başyny-gözüni aýlap etjegiňizi edip ýörsüňiz. Terezi goýanam bolupdyrlar. Hukuk meň tarapymdadyr, üstüňizden arz ederin! (Gitjek bolýar.) Batmanow. Elbetde, arz etmäge Siziň hukugyňyz bar, ýöne biziň subutnamamyz hem bar. (Garsonyňgarnyndaky düwmäni basýar, ondan “zyk’ sesi eşidilip, oňa “jan girýär”.) Robot Garson (başyny silkip, gözlerini owkalaşdyrandan soňra). Hyzmat, jenap başlyk?! Batmanow. Jenap Garson, hyzmat eden müşderileriň bilen söhbetdeşligiň (süýem barmay bilen öz çekgesine dürtüp,) kompýutere ýazylýar dälmi? Robot Garson. Hut şeýle, başlyk. Batmanow. Ýazgylar hakydaňda näçe wagtlyk saklanýar? Robot Garson. Başym dik bolsa, ömrüm ötinçä, başlyk. (Ikinji erkek müşderi haýbatly çykyp gidýär.) Batmanow. Bolýar, bar işiň bilen boluber! (Robot Garson gidýär.) Ikinji zenan müşderi (ýantorbasyndan gapjygyny çykaryp). Oň bilen deň bolmaň, naharlary gaplaýyň. (Pullary sanap stoluň üstünde goýýar.) Restoranyň 2-nji zaly. Ýokarda “Az iýen—arassa, köp iýen—hassa” we “Az iýen, az gürlär, köp iýen köp horlar” atly şygarlar asylgy. Olaryň aşagynda“Gadagan” sözüni aňladýan, üstüne gyzyl atanak çyzylan tüsseleýän çilimiň we arak-çakyr içilýän bulguryň şekilleri asylgy. Mobil telefonynyň şekiliniň aşagynda “Telefonda ýuwaş gürläň ýa-da gyzykly gürrüň ediň!” diýen ýazgy bar. Diwarda gök ir-iýmişleriň suratlary asylgy. Üçünji erkek müşderi körpençäň üstünde, per ýassyklary ýaplanyp ýatyr. Mylaýym sazyň owazy gelýär. Üçünji erkek müşderi (naharlaryň sanawy ýazylan kitaby gözden geçirip otyr). Birinji nahar—suwly, kelem, ikinji—suwsyz kelem, üçünji—kelemsiz suw. (Eli mejimeliRobot Garson gelýär.) Robot Garson. Essalawmaleýkim! (Üçünji erkek müşderi Garsona üns berenok. Garson mejimäň üstündäki çäýnek-käsäni müşderiň öňündäki pessejik nahar iýilýän stoljyga goýýar-da, çäýnekdäki çaýdan käse guýup, dikelip durýar.) Üçünji erkek müşderi (başyny kitapdan galdyryp). Sen kim? Robot Garson. Restoranyň ofisianty. Näme hyzmat, jenap? Üçünji erkek müşderi. Bar işiň bilen boluber, maňa zenan ofisiant hyzmat etmeli. (]Garsonyň butnaman duranyna gözi düşüp.) Sen näme, garantgamy? Robot Garson. Ýok, men Pekge, Robot Garson. Üçünji erkek müşderi. Şeýleräkdirem öýtdüm-le. Bar başlygyňa aýt, maňa zenan ofisiantkany ugratsyn. (Robot Garson çykyp gidýär. Kitap okamagyny dowam edýär.) Zagara, tötek, ikisem bir zat däl-maý, olaryň?! Gowka-ra düşnükli. Ýalamaç näme bolýar-ka? (Elleri rezin ellikli, agzy-burny hasa örtükli Läle Kabaýewna gelýär.) Läle Kabaýewna. Salam daýy! Üçünji erkek müşderi (ýatan ýerinden gobsunyp, dikelip oturýar). Salam! Ýaşmagyňy aýyraý keýigim! Läle Kabaýewna. Daýy, size manty getirdilermi? Üçünji erkek müşderi. Ýok, heniz-ä gelenok, diňe çaý geldi, onuň hem ne süýjisi bar, ne-de kökesi. Näme, manty hem barmy? (Läle Kabaýewna jogap bermän yzyna öwrülip gitjek bolanda.) Hany dur-la keýigim. Seni maňa hyzmat etmek üçin iberdiler dälmi? Läle Kabaýewna. Ýok. (Gapdala.) Senden başga aladam azmy. (Gidýär.) Stoljugyň üstündäki düwmä basyň, ofisiant geler, iýjek naharlaryňyzy şoňa sargaň. Üçünji erkek müşderi (stoljugyň üstündäki düwmejige basýar, jaňjagazyň sesi eşidilýär.Robot Garson gelýär). Ýene sen-maý. Aý bolýa-da, belle onda: manty, işlekli, lüle-kebap, dograma, palaw... Robot Garson (müşderiň sözüni bölüp). Bagyşlaň, o naharlar bu zalda ýok. Siz diňe öňüňizdäki kitapda sanalan owkatlardan sargap bilersiňiz. Üçünji erkek müşderi (kitaby gaharly bir gapdala zyňyp). Bar-how, näme getirseň getir how! Aç öldüm-ä. (Robot Garson çykyp gidýär birnäçe wagtdan her elinde bir mejimäni göterip gelýär.) Robot Garson (mejimedäki naharlary stoljugyň üstünde goýuşdyryp durka düşündirýär). Ynha bu kelemli, şugundyrly, noýbaly çorba. Işdäňiz açyk bolsun! Üçünji erkek müşderi. Içinde et barmy? (Çorbany ysgap görüp, seňrigini ýygyrýar.) Robot Garson. Bu zalda berilýän naharlaryň hiç birinde-de haýwandan önýän önümler ýokdur. Ynha, muňa Siz belet bolmaly: hyýar-pomidorly işdä açar, bu bolsa semzekden we çopantelpekden taýýarlanan ragu; ynha bular bolsa gury iýmişler: pisse, hoz, garpyz çigidi, günebakar çigidi, patrak, kişmiş, sök... Üçünji erkek müşderi (Garsonyň sözüni bölüp). Seň bilen düşünişip bolasy ýok-la. Men saňa ýaňy adam dilinde aýtdym-a, başlygyňy çagyr diýip. [i]([/i]Garson boşan mejimeleri ýygnap alyp, sesini çykarman gidýär.Onuň yz ýany ak ýektaýly Diýetolog lukmangelýär.) Diýetolog lukman. Essalawmaleýkim! Hoş geldiňiz biziň restoranymyza! Üçünji erkek müşderi (Lukmanyňsözüni bölüp, gaharly). Sizde adam iýmiti bişirilenokmy? Bularyň bary sygyra beriýän zatlar-a! Diýetolog lukman (ýylgyryp ellerini gowşuryp durşuna, mylaýym sesi bilen). Gadyrdan, rahatlanyň! Meni diňläň: biziň restoranymyzyň ilkkinji maksady müşderileriň garnyny doýurmak bolsa-da, şonuň bilen birlikde hassa bedeni bejermek hem göz öňünde tutulýar. Ynha, mysal üçin Sizi alyp göreliň: restorana gelýänçäňiz daljygyp, birnäçe gezek sagynyp gelensiňiz, gijäň bir wagty demigip, hopugyp turýansyňyz, mydama agzyňyz ajap durandyr, içiňiz ýellenýär. Üçünji erkek müşderi. Hawa, şol aýdýan zatlaryň hemmesi hem bar. Diýetolog lukman. Ana gördüňizmi! Şonuň üçin Siz pes kaloriýaly, az holesterinli owkatlardan iýmitlenmeli. Üç aýlap biziň restoranymyza gatnasaňyz artykmaç agramyňyzyň üçden biri gider. Agramyňyz ýeňlese özüňizi ýeňil duýarsyňyz, haşlamaňyz aýrylar, gijelerine hopugyp durmarsyňyz. Şeýdip ömrüňizi ýene üçden bir esse uzaldarsyňyz, derman içmekden azat bolarsyňyz... Üçünji erkek müşderi uklaýar we hor çekip başlaýar.Lukmanbaşyny ýaýkap, ýuwaşyk bilen, pişik basyşyny edip çykyp gidýär.) Aşhana. Bezzat işgär, Hajar. Uly aşpez. Bezzat işgär. Naçar...wiý bagyşla, Hajar! Başlyk saňa 2-nji zala barmaly diýdi, müşderi: “Zenan ofisiant hyzmat etmese, naharyňyzy iýjek däl” diýipdir. Hajar.Sen haçandan bäri beýle ýuka ýürek bolupsyň? “Naçar”, “biçäre”, oňa Läle barsa bolanokmy? Mantyny kim büksün? Bezzat işgär.Ol palça gidipdir. Gelýänçäň özüm bükerin, arkaýyn bolaý. Hany şoň etli çanagy? Hajar (ellerini ýuwup durşuna). Sowadyja salyp gitdi. (Gapdala.) “Özüm bükerin, özüm bükerin”. Ah-heý, seňem bir başaran iş iň bormy, diýsene. (Çykyp gidýär.) Bezzat işgär (öňlük geýip, sowadyjydan etli çanagy çykaryp, manty bükmäge başlaýar. Säginýär, gözlerini çanakdan aýyrman, laňňa ýerinden galýar, çanakdan ýiten gulakhalkany çykarýar, synlaýar.). Oň beýdip alňasap ýörşüne kän zadyny ýitirer. (Biraz pikirlenip duransoň, gülümsiräp.) Men “Lülä” sýurpriz taýynlaýyn-la. (Gulakhalkany büküp oturan mantylarynyň birine salýar. Büken mantylaryny Uly aşpeze eltýär. Etli çanagy sowadyja salyp ýygşyrýar.) Uly aşpez (bükülen mantylary synlap durşuna). Bäh, bu mantylary kim bükdikä-naý, her biri elim ýaly-la, how. Hajar bilen Läläň büküşinä meňzänok. Bu bişýänçä azyndan bir sagat gereg-ä, how. (Bezzat işgäri müňkürlik bilen synlap.) Seň işiň-ä däldir-dä?! Bezzat işgär.Ýak, Aman aga, senem bir zat diýäýäň-ow! Men näme, manty-börek büküp bilýänmi! Edara günortan barlagçy gelýär öýdýän, şoň aladasy bolaýmasyn? Uly aşpez (gapdala). Bolmanda-da, seň başarýan işiň bar-maý! (Bükülen mantylary gazana salyp durşuna, närazy äheňde hüňürdeýär.) Isrip etmäni hiç zatja-da görenoklar, bular. Özem “eti, uny, şekeri tygşytly ulanyň” diýenem bolýar. Barlagçam biz ýaly adamdyr-da, kän iýse iki paý iýer-dä. Arap Reýhanyň neslinden däldir-ä. Aşhana. Bezzat işgär, Läle Kabaýewna. Uly aşpez. Uly aşpez. Hawa, “Gurtmy, tilki”? Läle Kabaýewna. Entek bilemok. Palçy: “Öýde ýok bolsa, iş ýeriňdedir, nesibäňden aýrylyp, gitjek ýeri ýok, çykar” diýýär. Aman aga, ünslije seredersiňiz-dä... Uly aşpez. Wah, jigim, gulakhalkaň ýiteli bäri gözümi ýerden aýyrmasam näme! Bezzat işgär. Wah, tapsakmy! Birden tapylaýsa, buşlugymyza söýünjijik berersiň-ä?! (Gapdala.) Haý, näbileýin-dä, sen ýaly husytdan zat alyp bolaýsa. Läle Kabaýewna ýüzlenýär.) Läle gelneje, men hem öz palçymdan sorap göräýeýin?! O näme maslahat bererkä. Läle Kabaýewna. Wah, tapylsa kaýyl-la... (müňkürlik bilen göz astyndan Bezzat işgäri synlaýar.Ol jübi telefonyndan til kakýar, birnäçe sekuntdan telefonda zenanyň sesi eşidilýär.) Zenan sesi. Alýo. Bezzat işgär Alýo, Aýna gelneje salawmaleýkim! Men Şöhrat. Zenan sesi. Salam! Tanadym. Bezzat işgär.[/size] Seň kömegiň gerek-dä. [size=14]Zenan sesi. Aýdyber. Bezzat işgär. Biziň bir aşpez gelnejemiziň bir taý gulakhalkasy ýitdi welin, hiç uç tapylmady. Zenan sesi. Haçan we nirede ýitiripdir? Bezzat işgär. Şu gün, işde. Zenan sesi.Işgär gelnejeň ady kim? Bezzat işgär. Lüle, wiý, ýok... (Läle Kabaýewna tarap howatyrly seredýär.) Läle. Zenan sesi. Oň agramy, boýy näçe? Bezzat işgär(geňirgenip). O näme üçin gerek? Zenan sesi. Men siziň restoranyňyza baramda soraýaňyz, size gerekli bolsa, maňa-da bir zat üçin gerekdir-dä. Läle Kabaýewna (oturan ýerinden). Bir ýüz altmyş üç santimetr, ýetmiş bäş kilo. Bezzat işgär . Eşidilýärmi? Zenan sesi. Hawa, eşitdim. Şu gün menden başga palça gitdimi? Bezzat işgär. Hawa. Zenan sesi. Näme diýipdir? Bezzat işgär. “Iş ýeriňden gözle” diýipdir. Zenan sesi. Şeý diýen bolsa, gözlesin-dä şo ýerden. Bezzat işgär. Gözledi, tapmady. Zenan sesi. Şu gün nirede we näme iş edipdir? Bezzat işgär. Aşhanada börek, somsa, manty büküpdir. Zenan sesi. Häli görseň biriniň naharynyň içinden çykar-la. Bezzat işgär. Aýna gelneje, köp sag bol! Taňry ýalkasyn! Zenan sesi. Tölegini kim geçmeli? Bezzat işgär. Aýna gelneje, tapylsa gadyryňy bileris. Zenan sesi. Hä, şeý diýsene! Öňki “gadyrlaryňa-da” ýer tapamok-da! Bezzat işgär. Menden bir günortanlyk, ýa şamlyk. Zenan sesi. Öňkiň ýaly mal ýataga bir salaýma. (Gülýär.) Bezzat işgär. Ýokary derejeli hyzmat ederis. (Telefonyny öçürip, Läle Kabaýewnae ýüzlenýär.) Ol-a naharlaň birinden çykar diýýär. Läle Kabaýewna (Bezzat işgäriň alkymyna dykylyp gelip, gözi bilen iýäýjek bolýar). Men eýýäm aňýan, bu seň hokgaňdyr. Sen her hili heneklere, adam oýnamaga ökd-ä. Bezzat işgär (telefonyny jübüsine salyp, yza tesýär). “Toba” diý, gelneje. Biz-ä,—Aman aga ikimiz gulakhalkaňy gözläp barmadyk ýerimiz galmady. (Gapdala.) Ynha-da, adamlara ýagşylyk etseň... Restoranyň foýesi. Şweýsar wizitkalary birlaý gözden geçirip, çişe düzüp otyr. 3-nji gapydan Ikinji erkek müşderi atylyp çykýar-da çykalga okdurylýar. Daşky gapy jebis ýapylansoň, tutawajyndan tutup silterleýär. Ikinji erkek müşderi (Şweýsara( azgyrylýar). Gapyny açyň çaltrak! Şweýsar (äwmän). Wizitkaňyzy beriň. Ikinji erkek müşderi (ýene azgyrylýar). Näme, şonsuz açyp bolanokmy? Şweýsar(ýene äwmän). Hormatly raýat! Daşyna çykjak bolsaňyz wizitkaňyzy ynha, şu ýere (daşky gapyň iç ýüzündäki göniburçluk meýdançany görkezýär) goýmaly. Siziň wizitkaňyzda “tölendi” diýip bellik bolmaly, şol bellik bolmasa, goýaňda-da açylmaz. (Ikinji erkek müşderi gaharly iki ýana ýöräp durşuna, jübi telefonyny çykaryp til kakýar. Zenan sesi eşidilýär.) Zenan sesi. Alo. Ikinji erkek müşderi. Sen näme eglenýäň? Zenan sesi. Hasaplaşdym, häzir barýan. Ikinji zenan müşderi (3-nji gapydan çykýar.Onuň her elinde nahardan doldurylan üç sany doly paket bar. Şweýsara boýnuny egip dişleri bilen gysylgy wizitkalry berýär-de, ýanýoldaşyna ýüzlenýär). Ezizim, me al, kömekleş! (Adamsy aýalynyň elindäki goşlary alyp, hüňürdäp gapa ýönelýär.) Şweýsar (wizitkalary gapyň goýulýan ýerine goýup, müşderileri çykaryp, ugradýar-da). Ýoluňyz ak bolsun! Restorana ýewropa lybasyna geýimen, daşary ýurtly iki sany myhman gelýär: biri erkek, biri zenan. Daşary ýurtly erkek müşderi. Salam! Daşary ýurtly zenan müşderi. Salam! Şweýsar. Waleýkimessalam! Hoş gördük! Geliň, geçiň! Daşary ýurtly erkek müşderi. Siz iňliş dil bilýär? Şweýsar (jübüsinden kitapçasyny çykarýar we okaýar). Pažalysta, bitte şön! Daşary ýurtly zenan müşderi(ýantorbasyndan kitapça çykaryp,okaýar). Biz siz ülkede ilkinji sapar. Agşam nahary şu restoranda iýip bilerismi? Biz är-aýal, ikimiz hem wegetarian. Şweýsar. Elbetde, baş üstüne. Ilki boýuňyzy we agramyňyzy ölçäli. (Eli bilen gapany we boý ölçelýän guraly görkezýär. Myhmanlaryň agramyny-boýuny ölçäp, wizitklaryny dolduryp, olaryň ellerine tutdurýar.) Siziň boýuňyz we agramyňyz kadaly bolanlygy üçin 1-nji zala girmeli. Daşary ýurtly zenan müşderi. Bagyşlaň gadyrdan! Bizi ikimiz hem wegetarian, şonuň üçin bizi gök önümli naharhana ýerleşdiriň! Şweýsar. Baş üstüne! Onda siz bu gapa girmeli. (Başyny egip, elini “2” sifrli gapa uzadyp durýar. Daşary ýurtly erkek müşderi onuň eline kagyz pul tutdurýar-da, aýalynyň bileginden tutup, ikinji zala girip gidýärler. Müşderiler girip gidensoňlar, elindäki puly ýagta tutup.) Hakyt orginal-da! Restoranyň 2-nji zaly. Üçünji erkek müşderi ýaplanyp ýatan ýerinden naharlanýar. Hajar onuň käsesine çaý guýup berýär, stoluň üstündäki naharlary düzedişdirýär. Üçünji erkek müşderi jübi telefonyndan til aýlaýar. Zenan sesi. Alo Üçünji erkek müşderi. Keýwany seni bir gowy naharlaýarmy? Zenan sesi. Hawa. “Siz semremeli” diýip, bir giden nahar goýup gitdiler. Munça nahary nädip iýsemkäm. Üçünji erkek müşderi. Meň öňüme bir topar ösümlikden taýynlanan dürüşde döküp gitdiler, keşdiň çekip iýer ýaly däl-ä. Selmäni, ýuwa-ýelmigi öýümizde-de iýip bilýäs-ä. Men baraýaýyn ýanyňa, kömekleşmäge? Zenan sesi. Geläý, gapydan sygsaň. Gördüň-ä gapylaryny! Aý, aç ölesiň ýok-la, açlyk düşäýende-de seň alty aýlyk ätiýaçlyk ýagyň ýeterlig-ä. Üçünji erkek müşderi. “Ikra” diýip bir zat getirdiler welin, ony gözüňe çalaýmasaň, agzyňy doldurjak däl. (Hajara ýüzlenýär.) Haýsy balygyň ikrasy bu? Hajar. Hindi baklažanyndan taýynlanan. Daşary ýurtly erkek müşderi we Daşary ýurtly zenan müşderi gelýärler-de nahar stolunyň başyna geçýärler, olaryň ýanyna Robot Garson barýar. Daşary ýurtly zenan müşderi (körpençäň üstünde ýaplanyp ýatan müşdere ümläp). Görýämiň, häzirki zaman restoranlarda-da milli däp-dessurlar berjaý edilýär! Daşary ýurtly erkek müşderi. O ýatanmy? Ol şu jelagaýyň hany bolaýmasa, görýämiň onuň ýanyna aýratyn hyzmatkär goýupdyrlar. Robot Garson. Essalawmaleýkim, hormatly müşderiler! (Daşary ýurtly myhmanlaryň ýanyna baryp salamlaşýar. Olaryň wizitkalaryna göz aýlap.) Sizi ýalňyş ýerleşdiripdirler: siziň agramyňyz bilen boýuňyz boýunça birinji, normal zalda oturmaly. Ýörüň, men sizi ugradaýyn! (Är-aýal ikisi iki ýerden: “O-o-o, ýok. Bize şu zal amatly” diýişýärler.) Daşary ýurtly erkek müşderi. Özümiz göwünjeň bolup geldik. Siz iňliş dilini bilýäňiz öýdýän?! Robot Garson.Hawa. Näme hyzmat? Daşary ýurtly zenan müşderi. Biz wegetarianlar. Daşary ýurtly erkek müşderi. Biz bärik gaýtmankak türkmenleriň noýbaly-mäşli bulamagyny öwdüler, bir-ä şondan, onsoň, onsoňňň... Toşap bolanda näme bolýar? Robot Garson. Garpyzyň mürepbesi. Gök garylan bulamak. Ysmanakly somsa, börek we manty hem bardyr. Daşary ýurtly erkek müşderi (naharlaryň sanawyny okap). Ýalamaç näme? Robot Garson. Gök garylan bulamak. Daşary ýurtly erkek müşderi. Örän ýagşy. Ony hem getiräýiň. Ýandagyň gülünden we püründen demlenen çaýdan iki bulgur. Daşary ýurtly zenan müşderi. Patrak näme? Robot Garson. Popkorn. Daşary ýurtly zenan müşderi. O-o-o! Maňa şondan köpräk getiriň! Daşary ýurtly erkek müşderi. A zagara, tötek näme? Robot Garson. Zagara, tötek—mekgejöwen unundan bişirilen çörekler. Daşary ýurtly erkek müşderi. Şolardanam getiräýiň, dadyp göreli. (Robot Garsonçykyp gidýär.) Daşary ýurtly zenan müşderi. Ýorkşir şiwesinde geplrýär. [b]Daşary ýurtly erkek müşderi.[/b] Ýok-la. Hakyky amerikaly. Robot Garson (üsti naharly arabajygy itekläp girýär). Ynha, siziň buýran naharlaryňyz. Nagt hasapalaşýaňyzmy ýa kartyň üsti bilen? Daşary ýurtly erkek müşderi.Tapawudy ýok. Robot Garson. Hasaplaşyk kartyňyz bar bolsa, şu taýyk salaýyň! (sag göwsündäki yşy görkezýär.) Siz daşary ýurtlymy? Daşary ýurtly erkek müşderi. Hawa. Daşary ýurtly zenan müşderi. Siz amerikalymy? Robot Garson. Ýok, men ýapon. Doglan ýerim “Panasonik” firmasy. Bu ýere iki ýyllyk işe iberdiler. Ýaňy bir aý boldy gelenime, alty aýdan soň sertifikat berjek diýdiler. Sizden uly haýyş: eger birden Ýaponiýa baraýsaňyz, “Panasonikdaky” daýyma—şo taýynyň baş inženerine salam aýdyň. (Är-aýal ýerli-ýerden: “O ýes, ýes! Guud, guud!” diýişýärler.) (Gapdala.) Habaram tutanoklar-aý, şol zyňyp gidişler-ow... (çykyp barýarka gözleriniň ýaşyny süpürýär.) Aşhana. Robot Garson mejimeli nahar daşap barýar. Robot Garson(ädimini haýalladyp, säginýär). E-e-e... (Iki ýana yranyp, ýykylýar, mejimedäki naharly tabaklar dyr-pytrak bolýar). Läle Kabaýewna. Waý, ýetişeweriň! Robot çaşdy. (Ylgap gidip bir bulgur suw getirip, Garsonyňýüzüne sepýär.) Uly aşpez, we Bezzat işgär ylgaşyp gelýärler. Bezzat işgär (jübi telefonyndan til kakyp). “Tiz kömekmi”? “Berhiz” restorandan jaň edýäris. Biziň bir işgärimiz çaşdy, tizräk geleweriň! Uly aşpez (Bezzat işgäre). Akmak, ol adam däl-ä, robot. “Tiz kömek” näme etsin oňa! MÇS-i çagyrmaly. Bezzat işgär (gaýtadan til kakýar). Alo, MÇS-mi? Telefondan erkek adamyň sesi: Hawa, “Halas ediş gullugy”diňleýär. Bezzat işgär. “Berhiz” restoranyndan jaň edýäis. Biziň bir işgärimiz, wiý bagyşalaň tehnikamyz , has takygy agregatymyz sandan çykan ýaly, şony halas etseňizläň! Telefondan erkek adamyň sesi: “tehnika”, “işgär”, “agregat”... Näme oýnatgyňyz barmy? Meseläňizi anyklap, soň jaň ediň! (Telefondan “zuk-zuk-zuk” ses eşidilýär.) Baş aşpez ylgap gelýär. Baş aşpez. Düşnükli onuň zarýady gutarypdyr, muňa gyssagly zarýad bermeli. (Bezzat işgäre.)[/i] Bar, meň otagymdan tok ýaýradylýan simi alyp gaýt (Bezzat işgär ylgap gidip, tok ýaýradylýan uzyn simi getirýär. Garsonyň “guýrugyndaky” ştekeri toka sokýarlar.) Robot Garson (birhaýukdan soň iňňildäp, başyna galdyrýar, elini-aýagyny gymyldadyp görýär, ellerini gözüniň alkymyna getirip synlaýar. Töweregindäkilere soragly nazaryny dikip.) Maňa näme boldy? Men nirede? Siz näme, meň daşymy galdap otyrsyňyz? (Baş aşpeze gözi düşüp.) Başlyk, näme hyzmat? (Ýeriden turjak bolýar, ýene şalkyldap gaýdýar.) Baş aşpez. Jenap Garson, Siz birazajyk dynjyňyzy alyň, soň ýene işiňizi dowam etdiräýersiňiz! Şweýsar ylgap gelýär. Şweýsar. (haşlap, ylgap gelýär, Garsonyň ýakynya baryp, ondan gözüni aýyrman seredip durşuna, gözlerini petredip). Bu näme... eýýäm amanadyny tabşyrdymy? (Daşardan “Tiz kömegiň” howsalaly “zok-zogy” gelýär.) Ana, “Tiz kömek” hem geldi, men olaryň öňünden çykaýyn (Çykalga tarap ylgaşlaýar.) Baş aşpez. “Tiz kömegiňkilere” aýdyň: hemme zat gülala-güllük, öz güýjümiz bilen alyp çykarys diýip. Bezzat işgär. (Şweýsaryň yzyndan gygyrýar). Şolara “siz gelýänçäňiz näsag bir ölüp, bir direlýär” diý. Şweýsar (irginsiz siňekden goranýan ýaly elini salgap). Özüm gowy bilýän. (Ylgaşlap gidýär.) Baş aşpez. (Garsonyň ýakasyny açyp, Uly aşpeze ýüzlenýär.) Aman aga, ynha şu tablony görýäňizmi, şondaky gyzylja dil “Full” ýazga ýetende togy söndüräýiň. Ondan soň döşündäki düwmejigi basarsyňyz. Uly aşpez. Bolýar, başlyk. (Baş aşpez çykyp gidensoň,Bezzat işgäre ýüzlenip.) Eý, Gaýybana! Şuň yzyndan saňa zarýad berjekdirin, taýynlyk görüber! Bezzat işgär. Aman aga, soňky döwürde hereketleň haýallap, “hyk-çokuň” ýygylaşdy welin seňem akkumulýatoryň haýýallaýr öýdýän, ilki bilen özüňe tok berip gör. (Ýerde ýaýrap ýatan tabaklara göz aýlap.) Oh-how! Mantylaň arasynda bir zat ýylpyldap gitdi welin, gözüme görünýärmikä! Läle Kabaýewna! Anha, mantylaň arasyndan bir zat ýylpyldaýar welin, seň ýitgiň-ä däldir-dä?! Läle Kabaýewna (ylgap baryp, tabaklaryň ýanynda çökýär). Waý, ynha-da, janlarym! (Gulakhalkasyny öpýär. Gulagyna dakýar.) Bezzat işgär. Buşluk, buşluk! Buşlugyma bir zatjagaz berersiň-ä, gelneje?! Läle Kabaýewna (hemleli). Gulakhalkada seň barmagyň yzy galan bolsa beräýerin. (Ýerde dagap ýatan naharlary tabaklara salyp, mejimäniň üstüne goýuşdyrýar.) Bezzat işgär. Indi olary müşderiler-ä berip bolmaz, isrip etseňem haram. Çaňlaryny bir kakayşdyran bol-a, öýüňe baryp iýjek bolsaň. Läle Kabaýewna (gaharly). Bar, ýitsene! (Uly aşpez Garsony tokdan boşadyp, döşündäki düwmä basýar.) Robot Garson (ýerinden galkyp turýar. Daş-töweregine göz aýlap). Essalawmaleýkim! “Berhiz” restoranyna hoş geldiňiz! Men ofisiant Robot Garson. Näme hyzmat? Işdäňiz açyk bolsun! (Sahnaň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan öçýär.) Komediýanyň soňy Sözlük 1. Ofisiant—müşderilere hyzmat edýän restoranyň işgäri. 2. Şweýsar—Restoranlaryň girelgesinde durýan beýemçi, sakçy. 3. MÇS—bu ýerde: adatdan daşary halas ediji gulluk. 4. “Çeýzer” –işdä açaryň (salatyň) bir görnüşi. 5. Wizitka—bu ýerde restoranyň ady, mekany bilen birlikde müşderiniň agramy we boýy doldurylýar. 6. Konkurent—garşydaş, bäsdeş. 7. Kaloriýa—gyzgynlygyň, ýylylygyň ölçeg birligi. Bu ýerde adamyň agramyna görä iýmeli iýmitiň mukdary. 8. Sýurpriz—garaşylmadyk sowgat. 9. Pažalysta (пожалуйста) —baş üstüne (rusça), bitte şön (Bitte shön)—baş üstüne (nemesçe). 10. O ýes, ýes! Guud, guud!—Hawa-hawala! Ýagşy, ýagşy! (iňlisçe). 11. Tablo—kiçijek ekran. ©Kakajan Balkanow Awgust 2023 ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |