Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:45
Janserek - roman
Exclusive


JANSEREK

BIRINJI BAP

Il arasynda şeýle gargyş bar:
─ Ýurduňda ýumurtga togalansyn!
─ Ýurduňda it uwlasyn!
Agahan oglanka garry enesi öwüt bererdi:
─ Iliň gargyşyna galmagyn, gargyş ýaman zatdyr.
Eýwanly tamyň öňündäki hatar öýden ýekesi galdy. Üç öýüň ýerinde welin, edil, ýumurtga togalabermelidi. Bag-bakjaly howly mazarystanlyga öwrüldi. Ýürege agram salýan ümsümlik ýurt eýesiniň gerdeninden basdy.
Garry enesi diri bolan bolsa, ähtimal: “Saňa gargyş siňendir, Allanyň öňünde etmişiň bardyr” diýerdi. Agahan başyna düşeni Alladan görmedi, adamlardan gördi.
Agahanyň häzir Hudaýa ýakyn durasy geldi. Şerigatyň ýoluny bozan Agahan däl ─ adamlar. Hudaýa ýakyn durmaga Agahanyň haky bar.
Ol adamlary aýyplady. Olar Allanyň beren akyl-paýhasyny şeriň ýoluna sarp edýärler. Akyla derek sabyrlylyk berlen bolsady, onda adamlar rahat ýaşardylar. Haýp, ýükçi düýäň sabyrlylygy adamlara berilmändir.
Daşarda it üýrdi. Ala köpegiň sesinde äwmezlik, rüstemlik bardy. Häzir haýwan-u-ynsan ýaman niýet bilen haýatdan aşsa, ala köpegiň oýnuny şonda görersiň: ýa alar, ýa-da öler! Öljegem bolsa, seniň gözüň alnynda çyňsap ýatmaz, çete çekiler, bir çöpüň düýbünde ezýet çekip, duýdansyzam amanadyny tabşyrar. Eýsem şuny adam başararmy?!.
Agahan garşysynda oturan Rahmana göz dikdi. Ýigidiň aýdyň göreçlerindäki duýgudaşlyk Agahana ýarady.
─ Rahman.
─ Aýdyber, daýy...
─ Howly boş durmasyn, Asmana-da gel diý.
─ Ondan arkaýyn bol, daýy, häzirjik getirerin.
─ Gideňde ojagyň ody sönmesin. Ýeke taşlananyny aňsa, it janaweriň uwlabermegi ähtimal. Sargytlam ýadyňda gerek?
─ Ýadymda, gaýtala diýseň-ä...
─ Ýeri, bolýar ─ Agahan ýerinden turup, gapa tarap ugrady. Rahmanyň yzyna düşenini görüp sägindi. ─ Özüm giderin.
Agahan ugrubir çykyp gitmedi, iňkis bilen yzyna öwrüldi. Rahman onuň sözüne garaşdy.
Ortadaky tekiz ojakda gübürdäp ojar ody ýanýardy. Onuň howry duranlaryň tenini gyzdyrsa, ýiti ýalynyň şöhlesi gara öýüň içini has giňeldip görkezdi.
─ Päheý, muň ýanyşyna seret-le!..
Rahman daýysynyň ýüzünde tomaşa görmedi. Onuň tukat göreçlerinde ýalyn oýnaýardy. Elbetde, ýyly ojagyň başyny taşlap gitmek oňa aňsat däldir. Ojak näme, ol ýurduny taşlap gidýär! Indi onuň haçan dolanjagyny Alla bilýär!..
Agahan birden ykjamlandy, gözündäki oduň ýalkymy ulaldy, ojakdaky ot onuň gözünde ýakylana döndi. Ol:
─ Rahman ─ diýdi.
─ Hawa, daýy.
─ Gapydaky köpek gürjä ýalyny aldyrar öýdýärmiň?
─ Gürji köpege dalaş edip bilmez-ä, daýy, haýwanam bolsa akyly gözündedir.
Agahanyň ýuka dodaklary ýazyldy. Ýylgyrjak boldy, başarmady. “Rahman sadalygyny edýär. Haýwany haýwan ýerinde alaýýar. Bu ýerde gep adamlarda. Haýwanlaryň dünýäsi täsin-le: o ýerde güýçsüzler sabyrlylyk bilen seniň rüstemligiňe çydam edýärler.
Adamlaryň dünýäsi aýylganç...”
Ol pikirini bölüp:
─ Seniňkem bir hasap ─ diýdi.
Ýegeniniň sadalygy Agahana ýarady. Sada adamlar sabyrly bolýarlar, dünýäniň sabyrlylygy sadalygynda. Seret, Rahmanyň gözlerinde perzendini howply ýola ugradýan enäniň naýynjar garaýşyna meňzeş duýgy bar. Şol duýgy üçin ol Rahmana minnetdar. Häzir on üç ýaşly oglundan ýa-da türmede oturan giýewsinden ne peýda? Agasy golaýynda, ýöne onuňam ýakynlygyny duýmady. Agahan onuň wepalylygyndan gapysyndaky ala köpegiň wepalylygyny ýokarda tutýardy. Neberesiniň adamlaryna-da howlynyň golaýynda görünmezligi buýrupdy.
Agahan tüpeňini eline alyp:
─ Bir ýagdaý bar, Rahman, sen şol ýagdaýa mäkäm düşünmelisiň ─ diýdi. ─ Şura häkimiýeti ilaty ikä böldi. Birine “garyp”, beýlekisine “baý” diýdi. Garyplar ýaşamaly, baýlar ýok bolmaly. Ele ýarag almadan başga bize çykalga galmady.
─ Düşünýän, daýy.
─ Atam pakyr: “Keramaty güýçli Allatagalla ozalebetde bir adamy gedaý, beýlekisini baý ýaradypdyr ─ diýerdi. ─ Hudaý islese, bendesiniň barysyny-da barly edip biljek ekeni, eýsem-de bolsa, edäýmändir, ikä bölüpdir: biri baý, beýlekisi garyp. Allanyň ýazgydyna boýun bolmak bendesine buýrulandyr. Keramatly kitapda şeýle ýazylandyr” diýerdi, pakyr. Biz hakykatyň ýoly diýip ata çykýas.
─ Dogrudyr, daýy.
Agahan bosagadan ätlejek bolup durka:
─ Asmany goýmagyn ─ diýdi.
Giň howluda it bilen Rahman galdy. Howlynyň görnüşi üýtgedi. Töwerek has beter garaňka gaplanyp, asmandaky ýyldyzlar iňňän daşda göründi. Gara öýüň tüýnügine ölügsi ýagty düşýärdi. Ojakdaky ot hä diýmän sönmeli. Oduň sönenini gören dessine it uwlap başlar. Adamlar: “Agahanyň ýurdunda it uwlaýar” diýerler. Gaýrat dagy heşelle kakar...
Rahman gapydaky ojar küdesine tarap haýdady. Uly goltuk oduny haşlap öýe saldy, tutuşlygy bilen gyzaryp ýatan üýşmek közüň üstünde goýdy.
Ojakda ak ýalyn göründi. Aýak üstünde duran Rahmanyň kölegesi tüýnüge çenli süýndi. Kölegesi oňa hemra bolmady, gaýta içerik has syrly görnüş berdi. Eýesiz galan öýde oturmak, eýesiz galan geýimi geýen ýaly boljak ekeni.
Rahman Asmany küýsedi. Häzir Asman gapdalynda bolsa, kalbyna arkaýynlyk aralaşar. Asyl daýysy onuň oňaýsyzlyga düşjegini bilip, “Asmany çagyr” diýendir. Rahman daýysyny ägirt gördi. Ol köp zady, edil pygamber ýaly, öňünden bilýär...
Ojar ody tutaşdygyça, Rahman howra çydaman, gaýra çekildi. Içeri ýagtyldy. Ýagtylyk onuň kalbyna giňlik berdi. “Häzir gidip, Asmany alyp gelmeli” diýdi. Gelýänçäler ojar ody öçmez, item arkaýyn ýatar, uwlamaz.
Rahman daş çykdy. Öňi bilen öýüň tüýnüginden çykýan uçgunlary gördi.
Asman ýatman ekeni. Öçügsi ýanýan pelteli çyra dyzyny diräp oturyşyna, el işi bilen gümrady. Ojakdaky ot sönüpdir. Rahman daşardaky çigrek bilen öýüň içindäki howanyň aratapawudyny duýmady. Gara öýi gözüne has dar göründi, ýakymsyz tukatlyk onuň badyny gaçyrdy.
Asman dyzyna berkiden işini aýryp, gapdalynda goýdy.
─ Äl, köp eglendiň-le... ─ Ol ojagyň iç gyrasynda, gara ýeňlik bilen basyrylan çäýnegiň üstüni açyp, onuň böwrüne aýasyny goýdy. ─ Sowapdyr.
─ Asman, daýym gitdi.
─ Gitse ─ gowy edipdir ─ Ol kesewi bilen ojakdaky üýşmek küli dördi, ýöne gyzaryp ýatan közi görmedi. ─ Ot ýakaýynmy?
─ Walla, daýyma nebsim agyrýar, ol pakyry mejbur etdiler. Ýogsa adam ýurduny taşlap gidermi?! Indi daýymyň turuzjak oýnuna syn kylyň...
Asman saçakdan el ýaly çörek çykaryp, çäýnegiň böwrüne söýedi.
─ Ýagymyz gutarypdyr, çorba-da edip bilmedim.
─ Asman, gözüň ýaşaryp dur-la, agladyňmy?
Asman çalaja ýylgyryp:
─ Şu artypdan ─ diýdi.
Ol köne sokynyň üstüne galdyrylan pelteli çyra keýpsiz garady. Pelteden galýan ýalyn egrem-bugram gara tüssä öwrülip, içerik ýaýraýardy.
Uçgun çykýa weli, peltesi ýanýar öýdýän, ýag guýmaly ekeniň.
─ Ýag bolsa, guýmak hiç-le.
Rahman iki gün öň ýag getirerin diýipdi.
─ Daýym “Näçe gerek bolsa alyber” diýdi weli, şoňa-da wagt bolmady. Dogrusy, ýadyma-da düşmändir. Ýada düşer ýaly boldumy-aý... Ýeri, seň özüň alyp gaýdybereňde näm bolýamyş?! Sen şolary özüňe keseki tutýaň, meň weli, daýymdan başga hossarym ýok. Eger maňa ýamanlyk edýän bolsaň-a, onda göni ýüzüme aýt.
Rahmanyň galyň dodaklary titredi. Birdenem öz galmagalyny eşitjek bolýan ýaly diň saldy. Agahanyň howlusyndan ala köpegiň loh-loh üýrýän sesi geldi. Ojagyň ody sönäýdimikä?..
Asman el ýaly ketenini dyzyna sanjyp, ýene keşdesine gümra boldy. Çytylan gaşlary kem-kemden ýazylyp, solak ýüzüne täsin rahatlyk dolandy. Ol keşde çekýärkä hemişe rahat, sebäp, töweregi unutmagy başarýar. Has dogrusy, ol öýke-kinäni basmak üçin keşde çekýär. Ynha, biraz garaşsaň, ol ýakymly bir zaryn owaz bilen assaja hiňlenip başlar. Rahman üçin ol owaz ýalňyzlygyň aýdymy bolup eşidiler. Şol aýdym onuň erkini elinden alar. Asmana ýakynlaşyp, ýalňyzlykdan gutulmagyň alajyny gözlär.
Asman dymsa-da, öňden gulakda galan tanyş owaz täzeden ýaňlanan dek, Rahmany herekete getirdi. Ol süýşüp aýalyna golaý bardy. Ajy tüssäniň aňyrsyndan Asmany synlady. “Seniň reňkiň solsa-da, ýüzüňdäki mähir azalmandyr” diýesi geldi. Ýöne ýaňky galmagaldan soň, aýaly bu sözlere ynanmaz öýtdi. Sesini çykarman, aýalyny goltugyna gysdy. Asman işden ünsüni bölmedi. Rahman keşde iňňesiniň işleýşine tomaşa etdi.
─ Şo keşdäň adyny aýdaýynmy? ─ diýdi. ─ “Sekiz keşde”. Ol ýokarkam “içýanagyz”. Ynha, bujagaz ýerigem gaýma urarsyň, soňam “sygyr siýdik” bolar.
─ Aýyr eliňi, iňňe çümäýmesin.
─ Bujagaz tahýany kime tikýäniňem bilýän ─ Rahman gülüp, usul bilen aýalynyň garnyny sypady. ─ Şu ýatan pälwan üçindir.
Asman ýygryldy:
─ Aýyrsana eliňi, utanaňogam.
─ Utanjak däl.
Asmanyň solgun dodaklaryna reňk çaýyldy.
─ Pälwandygyny näbilýäň, gyz bolsa bildiňmi? ─ diýdi.
─ Seň özüň kimi küýseýäň?
─ Men seni küýseýän, Rahman, meni ýeke goýma, sensiz gorkýan.
Rahman has gysmyljyrady:
─ Men barkam zatdan gorkmagyn. E-he!.. Dur, dur... ─ Ol ýata suwda balyk tutýanyň tomaşasyna meňzeş hereket bilen elini Asmanyň çep böwründe gezdirdi. Diň salyp oturyşyna pyşyrdady. ─ Gymyldady, walla, gymyldady!.. Dur, dur... Ana, ýene gymyldady. Bildirenokmy? Hany, eliňi ber!..
Rahman aňyna-maňyna garaman, Asmanyň elini öz eliniň ýanynda tutup garaşdy.
─ Dur entek, ýene gymyldar...
Asman utançly ýylgyrdy:
─ Gaty bimaza boljak öýdýän, wagtal-wagtal bir gorsanýar weli...
─ Onda oglandyr!.. Gorsanýan bolsa oglandyr!..
Rahman dyzyna galyp, Asmany gujagyna gysdy, dulugyndan ogşady. Süýji bir äheňde:
─ Asmanym!.. ─ diýdi. ─ Seni ýanymdan goýman. Ynha, iki günden çöle gideris. Sährada göwnüň açylar. Seň göwnüň açylsa, walla, o pälwanam azar berip durmaz. Häli birden, iki bolup ýatan bolmasynlar-how?! Ýeri dar görüp, depişýän bolsalar diýýän-ä...
Rahman tomaşa bilen güldi, Asmanyň ýüzündäki agyr aladany görende bolsa janygdy:
─ Seni ýeke goýman, ant iç diýseň, hol-ha, çörek dur, duzdan ant içeýin.
─ Ýaňy sen “çöle gitjek” diýdiň?..
─ Hawa, diýdim. Daýym: “Bar ─ diýdi. ─ Asmany alyp bar” diýdi.
─ Biziň çölde işimiz ýok, Rahman.
Rahmanyň gözleri tegelendi:
─ O nähili işimiz ýok? Daýyma lebiz etdim, bararyn diýdim.
─ Diýen bolsaň gidiber.
─ Senem gidersiň!
─ Maňa oba bes, men gitmen, Rahman.
─ Aýagyň agyr bolany üçin diýýämiň, ýa-da?..
─ Ýeňil bolsa-da gitmezdim.
─ Al gerek bolsa!.. ─ Rahman şapbat bilen dyzyna urdy. ─ Eýsem, indi seni obada taşlap gider öýdýäňmi?
─ Şoň üçinem gitme diýýän-dä...
─ Hany, sen bir zady aýt-la: sen meň aýalymmy ýa-da?..
─ Saňa gulak asmak meň borjum, ony aýdybam oturma.
─ Onda gep gutardy!
─ Ýok, gutaranok, Rahman...
─ Gutardy diýýän! ─ Rahman aýdanyny hereketi bilen tassyklaýan ýaly syçrap ýerinden turdy. ─ Maňa daýymdan ýakyn hossar ýok. Ol maňa malyny-mülküni ynanýar, ynanmasa...
Agahanyň howlusynda it üýrdi. Ala köpegiň sesinde arkaýynlyk ýokdy, ol jabjynýardy. Rahman itiň sesini özüne duýduryş hökmünde kabul etdi. Ol kellesiniň gyzgynyna tas aýtmasyz zady aýdypdy. Görsene, ala köpegiň edil şu pursat üýrüşini!.. Bu ýerde adamlara bagly bolmadyk bir jadyly güýç hereket edýändir diýen şübhe Rahmany gorkuzdy.
Ol Asmana tarap garady. Çyranyň diňe peltesi ýanýardy. Hä diýmän gara öýüň içi tüm garaňkylyga gaplanar. Rahman aýalynyň solak ýüzüniň kem-kemden ýitip barýanyny gördi. Näme üçin Agahan Rahmana ynanyşy ýaly Asmana ynananokka?! Eger ýaňy it üýrmedik bolsa?.. Elbetde. Rahman dile gelen sözi aýdardy. Belki, Asmanyň garaşany bolan däldir, şonuň üçinem ýüzüni sallap oturandyr?..
Bu pikirlere maýyl boldugyça, Asman kesekä öwrülip barýardy. Gör-le, albassy ara düşjek bolýar. Rahmanyň göreçlerinde şeýtan otyr, ýogsa Asman oňa keseki görnermi?! “Akmak, onuň göwresinde seniň ogluň däbşenekläp ýatyr, onsoň nireden ol saňa keseki bolýarmyş?!.”
Ol ýene Asmanyň gapdalyna çökdi.
─ Daýym: “Howluda ýaşaň” diýip gitdi. Ot salyp gaýtdym, tur, gideli, Asman. Çüýşeli çyra-da bar, keýpine keşde çekip oturmaly. Et goýup gitdiler, tüwi bilen ýagam bar, palow edineli. Bi buz ýaly sowuk içerde näazaryň beýdip oturyp?!. Ana, çyra-da söndi ─ Peltede gyzaryp köz galdy, az salym tüsse galýany göründi, soňam töwerek garaňkylyga gaplandy. ─ Ýör, beýdip oturmasana, Asman...
─ Ýalbarma, Rahman...
─ Bolýa, otur onda!..
Garaňky içerde bedre şakyrdady, jygyldap gapy açyldy, soňam gürpülläp ýapyldy.
* * *

Dowamy: Janserek - roman / 2

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 159 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
1
1 Belki • 14:53, 04.03.2024
"Dowamy bolar" (nämälim geljek zaman :))
Bolýa, bu teswiri yzyna alýan. Täze teswir:
Gö-ör illeñ obadaşyny ))
avatar
1
2 sussupessimist • 18:06, 04.03.2024
.
avatar
0
3 Мukam • 21:40, 04.03.2024
Seniňkem bir hasap ─ diýdi.
avatar
0
4 Мukam • 21:42, 04.03.2024
Bir sözi aýyrsañ nähili borka? (Akyl bermäge akylym ýetenok welin.) Seniñkem hasap —diýdi.
avatar
0
5 Мukam • 21:47, 04.03.2024
Et goýup gitdiler, tüwi bilen ýagam bar, palow edineli

Gitdiler — köplik manyda gelipdir. Rahmanyn ýanynda başga kişiniñ barlygyny okalmadym welin...
Palow edineli, edineli birhiliräk ýaly (edip iýeli bolsa!)
avatar
0
6 sussupessimist • 22:49, 04.03.2024
79-njy yylyň romanyny redaktirlemäge giç bolaymasa, Mukam;)

Ustesine-de, yoklay, şu durşy erbet däl
avatar
0
7 garagar • 23:54, 04.03.2024
bah, myhman aga, daş edýäňaý! Sag bol, azabyň üçin. Dowamy bolsun!
avatar
0
8 Мukam • 00:09, 05.03.2024
Elbetde kitaby däl, ( bu bir ownuk zatlar) şu ýerde redaktirläp bolar.
Käbir goşgulary kitapdaky ýaly okaman üýtgedilşi ýaly.

Seni birje gezek bassam bagryma,
Hudaýdanam köp ýaşajak ýaly men.
Şu setirdäkini "hemmelerrden" diýip alynşy ýaly.
Meniñ aýdanymy gödek kabul etmersiñizdä! Dogry düşünensiñiz diýen umytda.
avatar
0
9 medi • 04:05, 05.03.2024
Okuwçy döwrüm okapdym. Ondan bari gör näçe wagt geçdi. Sagboluň, doly goýarsyňyza.
avatar
0
10 Mekan • 05:17, 05.03.2024
9-a. Nesip bolsa.
avatar
0
11 sussupessimist • 05:53, 05.03.2024
Bilmedim-dä.
avatar
1
12 Mekan • 06:19, 05.03.2024
Maksadyñ aýdanyna mysal:

Çary Aşyr diýipdir:

Gezsem taparmykam bütin soýuzy

"Düzedilen" görnüşi

Gezsem taparmykam bütin dünýäni

- "gyzy" sözi bilen kapýalaşman geçsin,
- ýöne mesnewi žanrynda...
- o hiç, soýuz bolmasa bolýa
avatar
0
13 Мukam • 08:29, 05.03.2024
Şu temany gozgalmagy üçin Maksat minnetdar. Bu kitapda halk köpçüligine hödürlenen soñ üýtgetmeler girizilýän (awtory indi ýok, täze çap edilende, "islegler boýunça konsert" yglan eden ýaly) Eger şu nukdaýnazardan seretseñ, Klassiki şahyrlaryñkyny hem üýtgetme girizmek nädogry emma ýazgy görnüşde gelmäni üçin, Dilden dile geçen goşgulary awtorlary şapladyp goýulýar. (Magtymguly Pyragy we. Mämmetweli Kemine. "Gidiji bolma" Göroglyda hem gabat geldim öýdýän!)
avatar
0
14 Küle • 09:36, 05.03.2024
Awtorlyk hukugy bolanda, bu gürrüňleriň hijisi agzalmazdam.
avatar
0
15 sussupessimist • 13:57, 05.03.2024
Bizde ol klassikaň mirasy bilen bagly mesele - golýazma ýok ýerinde köplenç folklor bilen aýrylmaz bagly bolýar. Halk döredijiliginde onsoň iň köne, doly, gymmatly, ygtybarly görünýän çeşmä daýanylýar. Şondan soň eýýäm üýtgeşme girizjek bolsaň, gaty seresap çemeleşmeli bolýar. "Göroglyň", "Kitaby dädem Gorkudyň" birnäçe dürli adamlardan, çeşmelerden ýazylyp alnan şahalary bardyr, emma diňe belli-bellileri kanona giren.
avatar
0
16 garagar • 15:05, 05.03.2024
Et goýup gitdiler, tüwi bilen ýagam bar, palow edineli

"Gitdiler — köplik manyda gelipdir. Rahmanyn ýanynda başga kişiniñ barlygyny okalmadym welin...
Palow edineli, edineli birhiliräk ýaly (edip iýeli bolsa!)"

Mukam, gepleşik dilinde häli-şindi diýilýär-ä aýdanlaň. Özümiz hakda köplük manyda-da aýdylýar. "Palaw edineli" diýişem nahar edineli– diýen ýaly eşidildi.Beýle bir uly ýalňyşlyk ýok ýaly.
Aýdym hakda aýdanyňa goşulýan,ýek-tük üýtgedilýär.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203