Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:14
Janserek - roman / 2
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Başy: Janserek - roman / 1]
* * *

Rahman gaýdyp gelinçä, ojakdaky ot sönüpdir. Ol bir goltuk ojary gaýtadan otlady. Öýüň içine howur ýaýrady. Birsellem meýmiräp ýatsa, uklaryn öýtdi. Gözüne uky gelmedi. Garaşdy. Öz ýanyndan boýun almagy kiçilik bilse-de, kalbyndaky inçejik umydy äsgermezlik edip bilmedi. Dogrusy, ol Asmanyň gelerine garaşýardy. Ilki “Ýüregi ýukadyr, dözmez” diýip garaşdy. Asman gelmedi. Soňra “Ýeke ýatmaga gorkar” diýip garaşdy. Obanyň itleri ýatansoň, bu umydyndanam el çekdi. “Ýekesirär ýaly Asman indi ýeke däl ─ diýip tukatlandy. ─ Onuň göwresinde meniň oguljygym däbşenekläp ýatyr. Häzirden çarbaýlyk edýän bolsa, hökman garagol bolar. Bolsun-la, beträk bolaýmasa, şu zamanda ýaşamagam aňsat düşmez”.
Ogly hakyndaky pikir onuň kalbyna giňlik saldy. Ajygýanyny duýdy. Gapdalda ýatan ýarty garna göz dikdi. Ojar odunyň gübürdisi gulaga ýakymly eşidildi. “Tüýs işlekliniň ody ekeni” diýdi.
Şu pursatdan gijäniň tukatlygy gutardy, ýalňyzlyk ýadyna düşmedi. Ellerini çermäp, işe girişdi. Rahmanyň eden işleklisiniň tagamyny Agahanyň çopanlary gowy bilýändir. Asman weli bilenok. Onuň gelin bolup dula geçenine bir ýyl bolup barýar. Gör-le, henize deňiç Rahman oňa birje gezegem işlekli bişirip bermändir. Ýadyma düşmändir diýse, ýalan sözledigi bolar. Daýysy iki gezek tokly berdi, ikisinde-de ýadyna düşdi. Emma oba ýerinde işlekli edip oturmaga ejap etdi. Gapydan duýdansyz biri gelägeden, gep-gürrüň ýaýratsa, Asmanyň adyna-abraýyna gelişjek zatmy?! Çöl bolsady, onda başga gep! Çölde erkekden aýyp görýän ýok. Onsoňam, Rahman ýedi ýyllap daýysynyň elinde çoluk bolup gezdi. Indi-hä bahana-da bar: Asmanyň aýagy agyr, Rahmandan başga onuň çaýyna-suwuna seretjek barmy?!
Ol üýşmek közi bir ýana serpip, mis ýaly gyzan ýere ürgün çäge dökägeden, ýene üstüne ot çekdi. Gaty kendirigi ýazyp, un eledi. Agaç tabakda hamyr ýugurdy. Soňam garnyň dogramçalaryny gapagyň üstünde has maýdalady. Oňa-da kaýyl bolman, daşyň astyna aldy, ýençdi, sogan gardy. Ýumşan etiň üstüne un bilen suw sepip, talhan garýan ýaly mynçgady. Diliniň ujuna barmagyny degrip, duzuny datdy. Has tagamly bolsun diýip burç gözledi, tapmady.
Hamyry ýaýyp, içine et salýança, döken çägesi gorsawa öwrülipdir. Gapagy dolduryp duran işleklini lasyrdadyp gorsawa gömdi-de, üstüne ýukajyk köz ýazdy. Maňlaýyndan syrygýan der damjasy közüň üstüne düşende “jyzt” edip garaja tegmil emele getirýärdi-de, bada-badam bugaryp, ýitip gidýärdi.
Rahmanyň agzy kepedi, gara taňkany oda goýdy. “Asman bolmasa, işdäň alarmyka? ─ Kendirigi epläp, sandyga saldy. ─ Palow bilen işlekli ýeke oturylyp iýilýän nahar däl-ä. Bolmasa, ýamaşgan gidip ýalbaraýsam näder?! Seniň üçin bişirýän diýsem-ä, geläýmegi ähtimaldyr...”.
It jabjynyp üýrdi, daş bosagada biri bokurdagyny arçady. Gapy açyldy. Içeri giren Gaýrat:
─ Baý itini goýupdyr weli, ýene dolanmak hyýaly barmyka? ─ diýdi.
─ Bilemok.
Gaýratyň gözleri ojar oduna düşüp ýaldyrady:
─ Sen näme üçin gitmediň?
─ Ýurdy taşlap nirä gitmeli?
─ Nirädigini Agahan aýtmadymy? Ujyz gutuldy, obada bolan bolsam, beýle aňsat sypmazdy.
Gara taňka lasyrdap gaýnady, töwerege zyňlan iri damjalar ojakdan bug bilen kül göterdi. Gaýrat:
─ Çaýyňy bir demle, bir käse içeli ─ diýdi.
Rahman tutaçsyz eli bilen taňkany göterdi. Gulpuň gyzgyny hamdan ötüp, ýürege ornady. Şonda-da paýawsyzy çäýnege agdarýança çydady, gaýnagyň ýary ýere döküldi. Gaýrat:
─ Agahanyň jomartlygyna haýran galýan ─ diýdi. ─ Ol indi hyzmatkärlerine işlekli iýdirip ugrapdyr.
“Meniň hyzmatkär däldigimi, Agahana garyndaşdygymy Gaýrat bilýär ahyry. Ol dawa küýsäp gelipdir. Sesiňi çykarma-da otur, şonda ýeňersiň. Alynmadyk myhman uzak eglenmez”.
Işlekliniň bir gyrasyndan küli ýaryp, bug zogdurylyp çykdy.
─ Agdar, ýogsa ýakarsyň.
─ He-he, tapdyň öwretjek adamyňy!
Rahman çäýnegi göwünsiz süýşürip, käsänem keçäň gyrasy bilen togalap goýberdi.
Gaýrat hoşamaý äheňde:
─ Seň bilen dawamyz ýok, Rahman ─ diýdi. ─ Biziň dawamyz Agahan bilen.
─ Agahan ýok, dawa nämä gerek?
─ Dolanar!
─ Dolanmaz şol-a!
Rahmanyň hötjetligi Gaýratyň gülküsini tutdurdy. Ol:
─ Ýalan sözleýäň, Rahman ─ diýdi. ─ Seň bir gowy häsiýetiň bar: ýalan sözläňde ýüzüňi galdyryp bileňok. Şo gezekki bolşuň ýadyňa düşýärmi? ─ Rahman onuň aýdanyny ýalana çykarjak bolýan ýaly, ýigrenç bilen göni Gaýratyň göreçlerine garady. Gaýrat oňa ähmiýet bermän dowam etdi. ─ Ýalan söz ikimiz-ä gelşenok, Rahman, biz oňa öwrenişmändiris. Dert ─ ýaman zat, ýöne şoňa-da öwrenişseň gowy. Agahan şoňa öwrenişen adam. Meň uýamy satmanym uly ile äşgär boldy. Töhmete şaýat bolanyň üçin, sen häzir meň ýüzüme garap bileňok. Ýöne Agahandan sorasaň, häzirem satdy diýer. Şeýle dälmi?
─ Bilemok!
─ Bilýäň... gaty gowy bilýäň. Çakym çak bolsa, sen Agahanyň bugdaýly urusynam bilýäň.
─ Bilemok! Bilsemem, aýtman!
─ Onçasyny görübereris.
Gaýrat ýerinden turdy. Onuň gara ädiginiň gonjunda oduň ýalkymy oýnady. Gyzgyn degip ýumşany üçin, ädik ýagynyň ýakymsyz ysy ýaýrady. Gabagyny galdyranda, Rahmanyň göreçleri Gaýratyň boýuna zordan ýetdi. Edil syryk ýaly, tüýnüge direlip dur. Köne esger egin-başynyň tyrryk gelýändigi, onuň üstesine-de, ýasy kemerini gysby guşanany üçin, göwre diýseň ykjam göründi. Iň aýylganç zadam onuň sag böwrüne ýelmeşip duran sapança.
Gaýratyň sesi tüýnükden gygyrylýan ýaly içerini doldurdy:
─ Agahana derrew habar ýetiriň: eger ýaşasy gelýän bolsa, onda ertir agşama deňiç salgydyny bersin. Birigüne galsa, eşitmedim diýmäň, tamynyň depesine gyzyl baýdak dikerin. “Kolhoz gurulýa” diýip aýdyň!
─ Bar, tap-da, özüň aýt.
─ Beýle habary ýetirmeseň, Agahan diýlen adam seni sylamaz, ol-a ýegeni ekeni, dogany bolaý. Agahanda bahasyz zat bolmaz, eýýäm o işleklä-de baha kesilendir. Agdar ony, ýogsa kömür bolaýmasyn.
Gaýratyň çykanyna mähetdel, ala köpek ikiýana urundy. Rahman ojagyň başynda çüýlenen ýaly bolup oturyşyna, itiň boşanmazlygyny dileýärdi. Kemerden asylgy sapança entek göz öňünden gitmändi.
* * *

Rahman gara öýüň gabsasyny itdi. Ilgençegiň zynjyry şakyrdasa-da, gapy açylmady. Ýene itdi.
─ Asman, Asman...
─ Dur, häzir...
Rahman bosagadan üç-dört ädim gaýra çekilip, töwerege esewan boldy, diňşirgendi. Gymyldy görmedi, ýöne bu ýakymsyz ümsümlikde Gaýratyň hilesi bar ýaly, ätiýaç duýdy.
─ Asman, açsana çaltrak...
Köne gabsa hyrryllap açyldy.
─ Eýgilikmi beri?
─ Eýgilik näme işlesin?!. ─ Rahman içeri girip, gabsany ýapdy. Gözi daňlan ýaly, aýylganç tümlükde hiç zat saýgarmady, diňe golaýynda Asmanyň dem alýanyny duýdy. ─ Asman, biz häziriň özünde göterilmeli, başga alaç galmady.
─ Nirä göteriljek?
─ Ana, biýem başlady!.. Bilemok! Meň diýen ýerime gitmejek bolsaň, onda özüň aýt: islän ýeriňe gitjek.
─ Meň islegli ýerim ýok.
Rahmanyň garaňkyda sermenen eli aýalynyň çignine ýapyşdy.
─ Beý diýme, Asman. Edil ýaňyja Gaýraty gördüm. “Kolhoz guruljak” diýdi. Daýymyň tamynyň depesinde-de baýdak dikjekmişler. Kolhoz diýilýän zadyň nämedigini bilýäňmi sen?
─ Bilemok.
─ Bilmeseň ─ men bilýän.
─ Sen nireden bilýäň?
─ Bilýän-dä!.. Daýym aýtdy.
─ Bu zamanda gözüň bilen göräýmeseň, haýsy bir aýdylan zada ynanjak?!
─ Daýymyň aýdýanyna ynanýan, ynanjagam! ─ Ol janynyň ýangyjyna aýalyny bijaý siltedi. Asmanyň maňlaýy gelip Rahmanyň egnine degdi. Gödekligi üçin ötünç soraýan ýaly, bada-bat ony gujagyna gysdy. ─ Asman, sen meni beýdip köseme! ─ diýdi. ─ Aýala ýalbaryp durmak erkek adama gelşiksizem bolsa, men häzir saňa ýalbarýan: gideli!.. Seni kolhozyň penjesine berip biljek däl. Daýym neneňsi erbedem bolsa, walla, kolhozdan-a gowudyr. O meni hossar tutunyp ýör, bilýäň ahyry! Syryny diňe maňa ynandy. On gije şoň ýanynda bolan diňe men. Ikimizem eşşek ýaly işledik. Ähli bugdaý ýeriň astyndadyr. Gaýrat gije-gündiz sermenibersin, tapmaz ─ Rahman sesini peseltdi. ─ Urulaň bary mal ýatakdaky haýatyň aşagynda. Biri görkezäýmese, nädip tapjak. Daýym ikimizden başga bilýän barmy?!.
─ Maňa näme üçin aýtdyň, ýa daýyň aýt diýdimi?
─ Saňamy?.. ─ Ol birden etmişine düşündi. Kellesiniň gyzgynyna daýysynyň öňündäki andyny bozup, ynanylan syry paş edendigini näme bilen delillendirjegini bilmedi. Hakykaty boýnuna almakdanam gorkdy. Agahanyň Asmana ynanmaýandygyny aýtsa, aýaly gitmez. Ol çykalga bolar ýaly ikinji bir hakykaty gözledi. Asmanyň ýyly demi kükregine urup dur, onuň jogaba garaşýany hak. “Asman maňa-da, daýyma-da keseki däl-ä” diýen pikir etmişini aklamaga degerli delil bolup göründi. Gaýta syry aýan edip, ol Asmany özüne ýakynlaşdyrdy. Rahman howlugyp gepledi, onuň sözleýşinde basyrganyp turan adamyň serindäki dagynyklyk bardy. ─ Senden syr gizlemek bolmaz-a, Asman, sen nä kesekimi?! Daýym näme diýdi: “Asmany ýanyňdan goýmagyn” diýdi. “Asman “gal” diýseňem, galmaz” diýdim. Dogru-da, obada näme iş bar?! Kolhoz gurulýa, Gaýratyň özi aýtdy. It ýaly ysyrganyp ýör. “Agahanyň urusyny bilýänsiň” diýdi. “Bilemok” diýdim. Ha-ha, aýtjak gümanym barmy?! Sendenem sorarlar. Ýok, indi soramazlar, biz häziriň özünde çöle çykmaly. Gitmesek weli, walla, sorarlar. Gitmesek, gaty erbet bolar...
Rahman süňňi bilen gagşady. Elleri gödeklik bilen Asmanyň ýüzüni sypady. Asman ony köşeşdirerin öýtdi:
─ Ýeriň salyngy, geç, dynjyňy al...
─ Alaşany getirýänçäm, şaýyňy tutup oturgyn.
Äriniň tutanýerliligi Asmany gorkuzdy.
─ Bi tüm garaňkyda şaý bormy?! Ertire bir çykaly.
─ Eliňe ileni bor, galan zadyň gaýgysyny etme. Ertir kolhozyň penjesine düşýäs.
─ Uly iliň düşen ýerinde...
─ Seň gepiň gutarmaz-la, hany, ýör!..
─ Rahman, goýber elimi... Meň ýagdaýymy görýäň gerek? Çöl sökmäge ýaraman.
─ Onda näme etjek?
─ Öýümde oturjak.
─ Seni öýüňde oturtmazlar!
─ Ýuwaşrak-la...
─ ...Kolhoza salarlar. Bugdaýyň nirede gömülenini aýdýançaň horlarlar. Sen çydasaňam, o garnyňdaky çydamaz. Senem çydamarsyň. Ozalynda meni öldürmeli, ýeri, aýtmasam-a allanäme boljak!
─ Aýtmadyň hasap edäý, Rahman.
─ Beý diýme, gowusy, ýör, gideli. Geregiň oba bolsa, hä diýmän dolanarys. Daýymam çölde ömrüni ötürmez, dolanar!
─ Meň saňa nebsim agyrýa, Rahman...
Rahmanyň sesinde sowuklaç hem gödek äheň peýda boldy:
─ Çaky, gitmejegiň çyn-da?.. ─ Asman dymdy. ─ Onda gaýdyp menden-ä seni idän ýok. Oglumy idärin, ýöne seni idemen.
─ Ogluňam idärsiň, menem idärsiň.
─ Idemen! “Ant iç” diýseň, ant içeýin.
─ Gaharyňa häzir her zadam edersiň, Rahman.
─ Göreli bakaly!..
Rahman gapyny ikiýana serpdi. Bosagadan ätlände, depesi gapyň depesine hütüläp degdi. Bada-bat ýegşerilen ýaly etse-de, durman gitdi.
Asman alaçsyzlygyndan ýaňa aglady.

Dowamy: Janserek - roman / 3

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 121 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
avatar
0
2 Kyyas • 10:45, 05.03.2024
Şol goýan postlaryn ady çykýa basyp saklaýan orsyça adres ssylka diýýäni basyp kopiýalap alýañda teswirlerde reklama etýän
avatar
0
3 Mekan2 • 10:49, 05.03.2024
sag bol, Kyyas, meň etjek bolanym ýokardaky çyzygyň aşagyndakylaý, başardym öýdýän. öň mangoň paýlaşanlarynda görüp halapdym-da. şeýle bolsa okyjylara aňsat bolaýjak ýaly.
avatar
0
4 Mekan2 • 11:13, 05.03.2024
surat kitabyň özünden alyndy. kitabyň soňunda

suratçy: J. Orazberdiýew
surat redaktory: D. Mämijikow

diýip ýazykken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203