12:40 Janserek - roman / 22 | |
Exclusive JANSEREK (dowamy) [Öňi: Janserek - roman / 21] ON ÜÇÜNJI BAP Rahman agşamlyk oba gaýtmalydy. Rahman kolhoz diýen zady göz öňüne getirip bilmedi. Agahan kolhozy ahyrzaman bilen deňeýär. Rahman Agahana-da ynanmady. “Bu dünýäde özüňden başga adama ynanmaly däl” diýdi. Her kim özüçe mamla, her kimiň öz isleýän zady bar. Iki adamyň biri-birine ynanmagy üçin, öňi bilen olaryň islegi gabat gelmeli ekeni. Agahan bigünä adamyň hesretiniň üsti bilen öz hesretinden dynjak bolýar. Agahan söwda etmäge öwrenipdir, ol adamlaryň ykbalyny alyş-çalşa goýýar. Rahman iki ýapynyň ortasyndaky takyr aýmançada dikilen dört öýe syn etdi. Ýanaşyk gurlan iki öý Agahanyňky bolmaly. Gündogar çetkisinden häzir Rahmanyň özi çykyp gaýtdy. Üçünji öý elli-altmyş ädim çemesi sowaşyk dikilipdir. Bu öýde Hydyr bilen Läle ýaşaýan bolsa gerek. Dördünji öýüň nökerlere degişlidigine Rahman şübhe etmedi. Ol üçünji öýdenem taýagatym meýdan daşdady. Gapysy haňkaryp açyk ýatyrdy. Söýäň egninden don bilen telpek asypdyrlar. Rahmanyň öýe barasy gelmedi, teläriň aşagyna bardy. Iki sany köne keçe bilen gaty palas ýazylgydy. Nökerler bu ýerde çaý içen bolmaga çemeli. Tirsek aşagynda mynçgalanan ýassyklar, düýbünde şemmedir çaý galan käseler pytraşyp ýatyrdy. Üç sany gara taňkany boşadypdyrlar, dördünjisini içmäge ýetişmändirler. Doly taňkanyň gapdalyndaky ýatan kirli haltajykdan palasyň üstüne biraz gury çaý dökülipdir. Telär bilen utgaşyk çerkezden bolgusyzja agyl aýlapdyrlar. Agylyň içinde Agahanyň aty bilen bäş-alty sany goýun bardy. Rahman alaşasyny agyla salmady. Telärden asylgy iýmli torbalaryň birini onuň agzyna geýdirdi. Bu taýda Agahandan başga adam beri barmyka? Rahmanyň gelenine esli mahal geçdi, asyl öýlerden girip-çykýan ýok. Düýekeşem eýýäm ýok bolup gidipdir. Getirilen suwly çeleklerden teläriň aşagynda diňe ikisi bardy. Bu ýurt gonlan ýurda meňzänok, töwerekdäki susluk taşlanyp gidilen ýurduň alamatydy. Rahmanyň kellesine gorkuly pikir geldi: belki, onuň nähili maksat bilen gelendigi eýýäm Agahana aýandyr?.. Ol öýlere tarap seretmekden çekindi, köp seretdigiçe, gorkuly pikire hasam uýmagy ähtimaldy. Agahan diýilýän adam hemme zatdan habarly, ýer astynda ýylan gäwşese-de bilýär. “Asmany şuranyň jaýyna çagyrypdyrlar” diýdi, ýöne näme soralanyny aýtmady. “Men Asmany halas etmeli!” diýdi. Agahandan halas etmeli, kolhozdan halas etmeli! Birdenem Asmany özüne dahylsyz adam saýdy. “Ol seniň halas etmegiňe mätäçmi beri?” Indi ol Rahmanyň kölegesi däl, ol Rahmansyz ýaşap ýör. Şeýle ýagdaýda Rahmanyň syry Asmanyň syry bolup bilmez. Rahmanyň garyndaşy Asman üçin hiç kim! Agahan Asman üçin hakyky duşmana öwrülmeli. Asman Agahanyň ýüregine bitmez ýara saljak bolýar. Munuň üçin Asman Gaýrata ýeke söz aýtmalydy. Şol sözden soň Agahanyň gömüp gaýdan baýlygy elden gidýärdi. Agahan beýle agyr ýitgini bagyşlamaz, ol Asmanyň başyna ýeter!.. Rahmany der basdy. Eger Rahman pajygaly ýagdaýy Agahana düşündirip aýtsa?.. “Maraly boşat” diýse?.. “Şamyradyň boşap geläýmegi ähtimal, ýöne baýlygyň gitse, hiç kim hiç mahal gaýtaryp bermez” diýse?.. Ýok, bu namartlyk bolýar, bu ejizlik bolýar. Ejiz adamlar hemişe öz ykballarynyň çözgüdini güýji ökdä tabşyrýarlar. Agahan kişiň ykbalyny öz islegine görä çözmäge endik edinen adamdyr, Rahman ýene aldanar! ─ Salamälik!.. Rahman bäş ädim gapdalynda ýylgyryp duran Läläni gördi. ─ Saglykmy... gurgunmy, Läle?.. Beh, nireden çykdyň? ─ Waý-eý, düýrülip otyr weli, Alla jan, muň jany bir sagmyka diýdim. ─ Itdenem sag-la. Läle horlanypdyr, gözüniň aýtymy giňäpdir. Läle hasam agarypdyr, saçy öňküdenem gara görünýär. Onuň bolşunda alaçsyzlyk bar, ol möjek sürüsiniň mekanyna düşen jerene meňzeýär. Rahman Läläniň ýanyna gelmegini baryp ýatan töwekgellik hasap etdi. ─ Boýnuňy sallaýaň weli, halys surnugaýypsyň öýdýän? Ýa ukyňy almansyň. Obadan gaýtdyňmy? ─ Aý, obadan diýäýsemem bolýa... ─ Wah-eý, oba-da gözümizden uçdy gitdi. Hazan urmuş çölden men-ä halys irdim. Oba gaýtjak bolsaň, dogan, menem alyp gidäýsene!.. Waý-eý, çiňeriläýşini, gyz! Hudaýjan ursun, çynymy aýdýan! Kül dökmekden irdim, ind-ä tomus gelýä, eýýäm howur alyp başlady. Ýa öňki ýaly masgaralyk bolar öýdüp gorkýaňmy? ─ Aý, näbileýin... ─ Gorkma. Sen entek meň “äkit” diýenime-de ynanyp baraňok. Dogrudanam, Rahman Läläniň haýyşyny owadan gelniň ynjyklygy hökmünde kabul edipdi. Rahman Läläni Hydyrdan gabandy. Erkek adamyň duýgusyna maýyl bolup gabanmady, şeýle näzenin maşgalany ýigrenji galtamana mynasyp görmedi. Lälä igenesi geldi. Birdenem: “Dünýäde bolmaýan zat köp, haýsy birini öz göwnüňe laýyk etjek?” diýdi. ─ Men saňa çaý gaýnadyp bereýin, dogan. Eger öňürti nan işdäň bolsa, ony aýt? ─ Azar edinme, Läle... Suw bar, taňka bar, özüm... ─ Goýaweriň, dogan, bolmanda-da, uzakly gün zülpümizi sypamakdan başga, edýän işimiz ýok. Läle boş tankany eline aldy. ─ Läle, hany, bi adamlar nirede? ─ Daýyňdan başga kim gerek saňa? ─ Daýzam dagam şu ýerdemi? ─ Hudaýa şükür, şolardan köp adam ýok!.. Men onda derrew çaý gaýnadyp geleýin. Rahman ýalňyşman ekeni, Läle üçünji öýe bakan gitdi. Ol ugran dessine, Rahman ogrynça ony synlap başlady. Burny jaýty, belent ökjeli köwşüň üstünde gyrdalyp ýasalan ýaly tep-tekiz ak topuk gördi. Rahman öz-özüne: “Seretmek ýagşy däl” diýdi, emma diýenine boýun bolup bilmedi. Bir ýuwlan gyzyl keteniniň içinde towlanjyraýan bedeniň näzikligi sagryda hallan atan iki örüm saçyň ýalpyldysy bilen utgaşdy. Teşnelikden dörän ýiti duýgy Rahmanyň ýüregine batdy. Bada-bat Aýazyň wejera pursatdaky görnüşi göz öňüne geldi. Rahman utandy. Läle dolanyp gelende onuň ýüzüne seretmäge ejap etdi. ─ Arkaýyn otur-da, çaý bir iç, dogan ─ Läle howur alyp duran gyzgyn taňkany Rahmanyň öňünde goýdy. ─ Çäýnege demläbem durmadym, taňkaň özüne çaý ataýdym. ─ Bolar, bolar... Läle toýnakly käsäni arassalamaga oturdy. ─ Ol getirilen görgüliden habaryň barmy? ─ Habarly. ─ Görgüsi ýaman maşgala ekeni... “Iki at depişer, arasynda eşek öler”. ─ Ony şu taýda saklaýarlarmy? ─ Dagy nirede saklasynlar?! Wah, Solmazyň penjesine düşdü-le. Ilki-ilki maňa-da görkezmediler, soňam öler öýdüp gorkdular. Zat iýmese nätjek. Zorlap iýdirjek bolýarlar. Hakyt, görgüliň endam-janyny gök-ala edipdirler. “Beýdip, burup oturma, gyz, Hudaýy ýatla!” diýdim. “Bulary Hudaý nätsin ─ diýýä. ─ Bulardan Hudaý bizar” diýýä. Hernä, çaltrak äri boşap geläýsin, ýogsa, ärsirän ganjyk ony öldürer. Henizem kakasy gapdalynda aldajy ýaly direnip dur, ýogsamy?!. Bi nejisleriň biri bilen bir eýýäm masgara bolardy... Käselerini arassalajak bolsaňam bir gün gerek, itiň ýalagy ýaly... Al, içiber. ─ Läle arassalan käsesini Rahmanyň öňüne togalap goýberdi-de, beýleki hapa käsäni eline aldy. ─ Seretsene, dogan, heý, şu käsäň reňkiniň akdygy bildirýärmi? It janawaram şulardan arassa, ýalyny iýip bolansoň, ýalagynyň içini ýalaşdyryp goýberýär, bularmy?!.. Eý, Hudaý, men şulardan haçan dynarkam?! Hydyr ýalbaryp oturansoň, arada bir gezek bularyň eşiklerini ýuwup berdim. Ynanar bolsaň, dogan, ýüregim bulanyp, bäş gün duz dadyp bilmedim. Aňkap ölmüşler!.. Hany, “Maralyň edenli dogany barmyş, ganojak” diýdiler? ─ Dogan-a bar. ─ Çaltrak uýasynyň dadyna ýetişsin, ýogsa, ondan ömürlik dynar. Meň höre-köşäme gulak asyp, düýn bir agyz nan iýdi, bu gün ýene duz datman oturanmyş. Menem gidäýsem, onsoň-a... ─ Sen nirä gitjek? ─ Oba gitjek! ─ Hydyr seni goýbermez. ─ Soraşmanam! Seň ýaly geleniň birine daklyşyp gidiberjek! Alyp gitmezler öýdýärmiň? Hemme adam sen ýaly ynsaply däl-ä, Rahman. Erkekleriň näme isleýändiklerini bilmek üçin olary gepledip oturmagyň geregi ýok, gözleri aýdyp dur. Heleýe gezek gelende olar burny sümükli çaga, asyl, derrew öz isleglerine ynanyp, masgara bolýarlar. Wah, “äkit” diýsem, äkiderler, ýöne gorkýan. Iki aňňat geçip-geçmän, näme diýjekleri belli ahyry! Rahman, ynha, seň bilen çölde ikiçäk galmaga eger-eger gorkjak däl. Meň erkek doganym ýok, bolaýanam bolsa, edil seň ýaly bolardy. ─ Onda bolmany gowy. ─ Hä-ä? Läläniň hereketi togtady. Rahmanyň bady gaçdy. ─ Aý, men ýaly doganyň bolmany gowudyr ýene... ─ Diliňe geleni saklamasana! ─ Gel, şu gürrüňi goýaly-la... ─ Ýok, indi ýüregiňden çykan sözi diliňde saklap oturma, aýdyp goýber. Läläniň bilesigelijiligi tomaşa öwrüldi. Rahman ýaýdandy. ─ Men seň doganyň bolan bolsam... ─ Hawa, hawa?.. ─ Aýt diýip oturanyň üçin aýdýan, ýalan sözlämok, seni bar-a... Hydyra sataşan günüň öldürerdim. “Öldürerdim” sözi Läläni tisgindirdi, gabaklary açylyp gitdi. Ol, hakykatdanam, şol aýylganç howpuň başyna düşenini edil häzir eşiden ýaly, alada bilen dymdy. Ýuka dodaklar ýumlup, täsin ak dişleriň hataryny gizledi. Läläniň ýüzündäki nurana şöhle ýagtylyk mysaly kem-kemden öçdi, onuň kalbyna garaňkylyk çöken ýaly ähli höwesi gaçdy. Ol piperwaý äheň bilen: ─ Hydyry ýigrenýän diňe sen däl ─ diýdi. ─ Sen-ä keseki, “ýoldaşdyryn” diýip, Hydyryň yzynda selpäp ýörenleri nätjek! Şolaryňam ýigrenýäni Hydyr. Hydyryň olardan güýje ökde. Hydyr olaryň tutan guşuny bireýýäm ütüp goýupdyr. ─ Läläniň dodagynda ajy ýylgyrma peýda boldy. Rahman: “Ol maňa ýaňzydýar” diýdi. ─ Bular kimin ejiz, namart adamlar gaýdyp dünýä inmez. Gije-gündiz garaşýanlary ─ Hydyryň ölümi! Garaşyp ýörmeli däl-ä, mert bolsalar, goý, özleri öldürsinler! Öldür nire, zat nire! Olar heleýden bigaýrat! Olar Hydyryň gapdalynda gezip ýörkäler adam, ýogsa, kim olara bir döwüm çörek berjekmiş!.. Hydyr depelerine bersin dursun, biri jyňk etmez!.. Hudaýa şükür, Hydyr akmak däl, nämäň nämedigini bilýär. Bileni üçinem depelerinde at oýnadýar!.. ─ Läläň äheňinde peýda bolan dabara birden ýene ýigrenje ýazdy. ─ Hydyr ölen güni, bi nejisleriň hersi meni öz ýorganyna salaýjak ýalydyr. Sen Aýazy gördüň-ä?!. Ol nejis Hydyryň ölümine näçe garaşyp gezdi, käşgä bilmeýän bolsam... Läle käsä güýmenip dymdy. Ol Rahmandan bir söze garaşýan ýalydy. Rahman: “Ol meniň sözümi gaýdyp alaryma garaşýar” diýdi. ─ Gördüňmi, Läle, meň ýaly doganyň bolmany gowy ekeni. Läle ýylgyryp goýberdi, ýöne bu ýylgyryşda hesret bardy. Ol bir meýdan dymyp oturandan soň: ─ Hydyr meni aldatdy ─ diýdi. ─ “Paltagaçana baryp toý etjek” diýdi, etmedi. Bahanasy: “Tutda-baslyk gutarsyn” diýýär. Haçan gutarjakmyş?! Dawa-jenjel gutardy-gutarmady ─ men ýanynda ahyry! Ärim barka, bildirmejek bolup azara galýardyk, indi näme? Indi aç-açan, bize päsgel berýän ýok. Indiki masgaralyk maňa gaty agyr degýär. Hawa, men masgara. Solmaz bilen Şasoltanyň gözüne jelep bolup görünýän. Ýaňy sen “öldürerdim” diýdiň. Hawa-da, meni öldüräýmeli, gynanjak adam ýok. Bir gynanjak ─ şu açgöz galtamanlar, olaryňam näme sebäbe gynanjagy ýadyma düşende kemsinýän, özümi öldürip, ýagty ýalançydan dynyp oturberesim gelýär. Wagtal-wagtal oturyp pikir edip görýän, öz-özüme: “Hydyr beýlekileriň ýanynda artykmaçlygyny mazamlajak bolup, seni ýanynda saklap ýören bolmasyn?” diýýän. ─ Läläniň gözüne ýaş indi. Ol ejizledigiçe iki dyzyny gujaklady, barha düýrülip kiçeldi. ─ Hydyryň käbir bolşuna geň galaýmaly. Eger özi öýde bolsa, hakyt, gün içinde üç öwre eginbaşymy çalyşmaly. Haçan görseň, gelnalyja jitjek ýaly, halys bezenmekden irdim, ýüregime düşdi. Şu gün öýde ýok, ýogsa, egnimdäki ketenini geýmäge zardyryn. “Bir ýuwlan zady geýme” diýýär. Ozalynda Hudaý meni oýun üçin gurjak edip ýasadaýypdyr öýdýän... Binamyslyga öwrenişdigimçe, men Hydyra erkinlik berýän, ol meni äsgerenok. Soňky günler onuň nämä göz gyzdyrýanyny aňjak bolýan. Dogan, men öz derdimem aýtsam aýdýandyryn weli, bu taýda başga bir gabahatlyk bar. Hydyr Marala hyýal edýär. Geň görme, çakym çak bolsa, ýa Şasoltan, ýa-da Solmaz, haýsydygyny anyk biljek däl, ýöne şolaryň birden biri Hydyra ýyly söz beren ýaly görýän. Şasoltanmyka diýýän, Hydyr bilen hymy-symysy köpeldi weli... Giýewisi diri, ýogsa, bireýýäm gyzyny Hydyra ýelmärdi. Rahmanyň kellesine şeýle bir pikir geldi: “Maraly sypdyrmak üçin maňa Läle kömek berip biler”. Läle gözüniň ýaşyny dyzyna süpürip, başyny galdyrdy. ─ Başaşak gitsin-le, hol-ha Hydyr, az görýän bolsa, Şasoltanyň özem şoňa heleý bolaýsyn! Läle nälaçlykdan çykalga tapman, zäherini pürkýärdi. ─ Beý diýme, Läle. Läle jabjyndy: ─ Näme diýeýin?! Ýa senem “Maraly Hydyryň goltugyna itiber” diýjekmi?.. Maralyň dogany saňa-da duşman diýdiler, şeýlemi? ─ Bes et! Läle aýak üstüne galdy. ─ Sen janyňdan gorkýaň, ýogsa äkiderdiň weli... Hany, göreli, menem-ä şu dowzahda uzak durman. Hydyr meni masgara edip kowar öýdýärler, hawa, şoňa garaşýarlar. Şasoltanyň, Solmazyň garaşýany diňe şol! ─ Bolýa, Läle, nirä äkid diýseň äkideýin, ýöne senem meň diýenimi etseň... ─ Rahman Läläniň gorky hem ätiýaç bilen çiňerilenini gören dessine, islegini düşündirmäge howlukdy. ─ Men Maral üçin diýýän, Läle. Näme... ýaňy öz diliň bilen aýtdyň, “horlaýalar” diýdiň. ─ Diýdim. ─ Horlaýan bolsalar, onda näme, görgülini sypdyryp goýbereli. ─ Şeý diý-ä?! ─ Bile çyk... Şu gije... Alyp gideýin, senem alyp gideýin, onam... Sizi oba eltmek meň bilen! Rahman öz bolşuny hötjet çagany raýyndan gaýtarjak bolýan adama meňzetdi. Janygyp düşündirmeden başga alajynyň ýokdugyny aňdy. “Rast, syryňy aýan etdiňmi, gowşamaly däl” diýdi, hüjüm etmeli!.. ─ Oh-ow, bi dowzah dünýäde görüp-eşidýänimiz gabahatlyk. Sogap işem etmeli bolar-a! Maral ýaly naçaryň dadyna ýetişen adam, walla, o dünýe, bi dünýe ýamanlyk ýüzüni görmeli däldir! ─ Näbilýäň? ─ Bilýän-dä! ─ Sen şura höküwmetiniň içalysymy? Rahman bu sowaldan gorkdy, has beteri, Läläniň gözlerindäki şübheden gorkdy. ─ Men Agahanyň ýegeni, ynanmaýan bolsaň, bar, sora-da göräý. ─ Hydyr saňa “içaly” diýýä. ─ Hawa, diýýändir. ─ Sen öňem bir gyzy gaçyrypsyň. ─ Gaçyrdym. ─ Hydyrdan gorkaňokmy? ─ Men diňe Hudaýdan gorkýan. ─ Saňa “aýalyndanam gorkýa” diýdiler. ─ Läle ýylgyrdy. ─ Garyndaşlaň şeý diýýä... ─ Bi näme? Gyjalatmy? Läle güldi. ─ “Gorkýan” diýip boýun al, kömek edeýin... Läle ýene güldi. ─ Men-ä saňa adam ýaly ýüz tutýan weli... Asyl, häliden bäri ähli aýdan sözüň ýalan ekeni. Bi ýerde Maral pakyryň başyna düşen betbagtlyga gynanjak adam ýok. ─ Şeý diý-ýä! Meňem ýagdaýym belli, Maralyňkydan oňly däl, hany, maňa gynanýan ýok-la! “Oba äkit” diýdim, “bolýa” diýdiňmi? Maral bolmasa, onda meni alyp gitjek däl-dä, çaky? ─ Äkideýin, haw, äkideýin! ─ Waý-eý, bi adamy!.. Ýuwaşrak-la. Läle öýe gidip saçak getirdi. Rahman çaýçorba edip, nan iýmäge başlady. Läle arassalap gutarmadyk käsesini eline alyp, ýene çäge oýkamaga oturdy. ─ Waý, men-ä birhili gorkup başladym. ─ Gorkma. ─ Hydyr gelmes-ä ýagşy weli... Birden diýýän-ä, olam agşamlyk geläýse?.. “Gelmerin-ä ─ diýdi. ─ Ertir gelerin” diýdi. Iki adam galdy, öňňesi gitdi. “Goýun sürýäs” diýdi, men näbileýin nirä sürýänlerini... Aýaly bilen gyzy bolmasa, Agahanam giderdi. Ýeri, olary it iýýämişmi diýsene! Il-ä şolardan gorkýar, özümem gorkýan. Waý-eý, men nädip olaň ýanyndan Maraly alyp çykaýyn? Biz bolmajak zadyň gürrüňini edýäs. ─ Hany, bir pikir et... Weý, “Maraly naharlajak” diý-de alyp gaýdaý. Ýa-da “Bi gije meň ýanymda ýatsyn ─ diý. ─ Höwür gerek” diý. ─ Etmezler, Solmazy ýeke goýmaga gorkarlar. ─ Şasoltan bar-a. ─ Wah, Şasoltan äri bilen bile ýatmasa öläýmezmi! ─ Onda üç boluň-da ýatyberiň. Solmaz uklasa-ha, uklar, uklamasa-da... ─ Goýaweri-eý, öňküden beter gorkuzýaň meni... Hydyr gelse weli, garaşybam oturma, aýakýoluna-da goýbermez. ─ Ýarygijä çenli garaşaryn. ─ Waý, “garaşjak” diýýän ýeriň nire? ─ Nirede diýseň garaşaýjak. ─ Bilemog-eý... Waý, men hiç zat bilemok! ─ Onda, hol depäň aňry ýanynda garaşaryn. ─ Ýok, ýog-eý, o taýda bir garaşma. O tarapda guýy bar, gorkýan. Agahan bilen galan iki nejisem guýa tarap gitdi, birden duşaýsalar... Beýle garaşasyň gelse... waý, men-ä şuň soňy oňňullyk bilen gutarar öýdemok... Gowusy, kybla tarapda garaş. Her zadam bolsa, birbada ýüzümiz kybla bolsun. Hydaý jan, ýoluňa bir tamdyr çörek! Ýa az bolarmy? ─ Aý, harajadyňa görä aýdybermelidir. ─ Onda ýene bir tokly. Wah, Hydyr bir gelmese diý. Ertir gelse, bizem bolmasak, iç-ä ýanar! ─ Läle howsala bilen güldi. ─ Ýa “gitdi” diýip begener öýdýämiň? Gidäýsem-ä biler weli... Gitjek! “Gitjek” diýip bir ýüregime düwdüm, indi giderin! Gidemde nädýärkä, häny göreýin! Gadyrymy biler ýaly ederin!.. Hydyr geler weli, “Läle gaçyp gitdi” diýerler. Hawa, “gaçyp gitdi” diýerler! Şasoltan bilen Solmazyň güni geljek-dä! Hydyryň dälirejegini bilýän. Sen “Hydyrdan gorkamok” diýdiň, Hydyrdan gorkaýmalydyr. Seni öňdenem ýigrenip ýör. “Şo sapar Rahmany öldürjekdim, arman Agahan etmedi” diýýä. Hydyr Agahanam halanok. Beýleki iki gyzyň ýitirim bolanynam Agahandan görýär. ─ O nähili iki gyz? ─ Bilmedik bolşuna seretsene... ─ Hä, ol okuwa iberilen gyzlar diýsene! Hawa, hawa?.. ─ Agahan olary Paltagaçana iberipdir. Hersini bir nökeriň syrtyna mündürip goýberipdir. Hydyr “şulara ynanma” diýipdir. Etmändir. Heý, ol nejisler Paltagaçana bararlarmy! Asyl, edil ýöne, ýere giren ýaly bolaýypdyrlar. Hydyr tutuş çöli agtaryp çykdy, tapmady. “Serhetden aşandyrlar” diýdi. “Tapan bolsam, ikisinem diriligine gömerdim” diýýä. Gömerdem! Bi wagşy nejisleriň şeýdip hakyndan çykmaly. Urkaçy bolup dagy bularyň eline düşen özüň bolma! Özüm-ä öler ýaly gorkýan. Iň ýamany, olar meni Hydyryň aýaly hasap edenoklar! Menem-ä amanat bolup ýaşaman, belli! Läle öz-özi bilen gürleşýän ýaly, hüňürdäp başlady. Rahman: “Ol öz howsalasyny basjak bolýar” diýdi. ─ Aýu-u, Hydyr gelse, garaşybam oturmagyn, saňa çynymy aýdýan. ─ Bolýa, Hydyr gelse, men garaşamok, eger gelmese?.. ─ Geläýmegi ähtimaldyr. “Adam aýralygy öňünden duýýarmyş” diýýärler, şol aýdylýan çyn bolsa, onda geler. ─ Gorkup oturma, Läle, gelmez. ─ Gelmejegini näbilýäň? ─ Bilýän-dä! Aýralygy duýjak adamyň ýüregi ýakyn bolmaly, sensiz ýaşamaly däl. Läle Rahmana ýakymsyz çiňerilip: ─ “Hydyr ýakyn däl” diýjek bolýarmyň? ─ diýdi. Rahman näme jogap berjegini bilmedi. Umuman, Läläniň bolşundan gorkdy, “onuň ýüňsakgal edäýmegi ähtimal” diýdi. Läle ot aldy. “Bäh, kişä gepled-ow!.. Käşgä Hydyry tanaýan bolsaňyz! Siziň baryňyz görip! Hydyryň gapdalynda özüne meňzeş ýigit ýok, bolaýsady, onda derrew toý ederdi. Meni kimden gabansyn?! O porsy nejislere gabagymy galdyrmajagymy bilip dur. Ýalandan alamat edeýin bakaly, näder ot alaýsa! Wah, şu mahal geläýsedi, ýüreginiň ýakyndygyny-däldigini Hydyr saňa görkezerdi weli!..” ─ Ynandym, Läle, ynandym. Läle güldi. ─ Birden Maralsyz çykaýsam, nädersiň? ─ Äkiderin, äkiderin. ─ Wah, şol saparam, dogan, sen maňa är ornunda durup ýagşylyk etdiň-le. Aýaz öldem-ä weli, masgara-da etdi-dä. Ýeri, ýatlamaýyn-la şony. Bi erkek eşekleriň arasynda aýal pakyra abraý bolmaz. Hydyram görer-dä. Hydyr meň gadyrymy bilenok. Men gidäýsem-ä biler weli... Maral görgülini bi dowzahdan alyp çykaýsak diýýän-ä, dogan, Solmazyň-a içi ýanar. Ýanyplar ötsün! Göreli bakaly, kim kime ýamanlyk edýärkä?!. Alagadan, men gidäýsem, eneli-gyzmy Hydyryň nanyna-suwuna seretjek?! Seretmezler! Goý, Hydyram bilsin-dä!.. Kirini akdyryp gezer. ─ Läle güldi, ýöne onuň gülküsinde tomaşa ýokdy, gynanç bardy. ─ Horlanmasa, adam toba gelmez! Çöregiň gadyryny dok bilmez, aç biler! Hydyry azdyrýan Şasoltan!.. Bular her näme diýselerem, dogan, seň aýalyň gowy adam bolmaly, görmesemem bilýän. Bular ony şu taýa getirip kül atdyrjaklar. Getiräýmegin! Men-ä oň adynam haladym: Asman!.. Asman ýaly açyk aýaldyr, ä-ä? ─ Seň öz adyňam gowu-la, Läle. ─ Gowy weli, bir hili gyz ady-da... Wah, at jähennem, maňlaýyň bolsun! ─ Läle hamsygdy. ─ Solmaz şu gara güni maňa köp görýä!.. Hydyr toba geläýmezmikä! Hudaý jan, şu gije eglense boldugy!.. Men-ä Hudaýyň ýoluna ýene bir tokly aýtjak! Eýýäm aýtdym! Indi meň Gurbany Boldugyma iki janly bergim bar. Oba bardygym, ejem jana “soýdur” diýerin. Ejem görgüli meň nirede entäp ýörenimem bilýän däldir. Waý, “ejem” diýdim weli, birden ýüregim gysyberdi... Waý-eý, meň-ä agym tutýa. Seň gapdalyňda möňňürip oturmaýyn, öýe baraýyn. ─ Läle ýerinden turdy. ─ Maral görgülijik oslaýanam däldir... Läle öýe tarap gitdi. * * * Henize deňiç Rahmanyň işiniň beýle rowaç alan ýeri ýokdur. Bolsady ekeňde-de munuň ýaly bolmaz. Dogry, ölümiň sowuk demi ýüzüne uranda-da, ol ölümden halas bolupdy. Rahman diri galanyna birbada begenipdi, ýöne häzirkisi ýaly geň galmandy. Ýok, asyl çüwende çüwjek ekeni. Hatda, onuň entek pikir etmäge ýetişmedik zatlaram öz-özünden çözüldi gidiberdi. Yssy günde sowuk suwa giren adamyň birbada öwrenişip bilmeýşi ýaly, Rahmanam entek bu şowlulyga öwrenişip bilenokdy. Hudaýa minnetdar bolmag-a beýlede dursun, ol öz ýigrenýän adamyna ─ Hydyra-da minnetdar boldy. Il ýatyp, it uklaýança, Hydyryň dolanyp gelmäni üçin, has dogrusy, onuň Lälä beren sözünde tapylany üçin minnetdar boldy. “Aňyrsam Hudaý” diýdi. Eger Hudaý Hydyryň işinem rowaç eden bolsady, onda Hydyr eglenmän Läläniň ýanyna dolanyp gelerdi. Gör, bir adamyň rowaçlygy üçin ikinji adam şowsuzlyga uçuramaly ekeni. Elbetde, Hudaý bu sapar Rahmanyň tarapynda! Rahmanyň tarapynda bolany üçinem, Solmaz ýassyga kellesini goýan dessine, öli uka gidipdir. Läle bilen Maralyň çykyp gaýdanyny duýan bolmandyr. Hudaý Rahmanyň tarapynda bolmadyk bolsa, heý, ol soňky töwekgellige baş urarmydy?! Ol Läle bilen Maraly alaşasynyň ýanynda goýup, özi yzyna gitdi. Agylda duran üç ýabyň birini alyp gaýtdy. Bu saparam ýatanlar bihabar galdy. Gün ýaşyp barýarka ýegenini ugradan Agahan onuň gitmedigini näbilsin! Şol zerarlam ap-arkaýyn ýatandyr. Äri gapdalynda arkaýyn ýatyrka, garaňky gijä diň salmak Şasoltana galypmy?!. Beýle arkaýyn ýatmak saňa gelişýän zatmydyr, Agahan?! Sen ýa-ha dünýäniň galmagalyndan ýadapsyň, ýa-da ejizleýäniňi bilipsiň. Dogrudanam, edil şu mahal Hudaý seniň tarapyňda däl, Hudaý Rahmanyň tarapynda, Hudaý şura hökümetiniň tarapynda!.. Rahman öz-özüne: “Ejize kesek atmak saňa gelişmez” diýdi. Häzir onuň üçin Agahan ejizdi. Rahmanyň getiren atyna Läle bilen Maral artlaşyp mündi. Läläniň eýer üstünde ykjam oturyp, jylawy merdemsi tutuşyny Rahman ägirt gördi. Bu dagy hiç ekeni. Läle birden Rahmana: ─ Ýaragyň barmy? ─ diýdi. ─ Ýok. ─ Erkek adamam bir ýaragsyz bor owuşýan. Me, al! ─ Rahman Läläniň elinden buz ýaly ýalaňaç sapança aldy. ─ Hydyryň beren oýunjagy. “Ätiýaçdan hemişe ýanyňda dursun” diýip berdi. Ýanyndaky nejislere ynanmaýandygyny şundan biläý. Hernä, sag-aman barsak, ýene gaýtaryp bermelisiň. ─ Özüňde durubersin-le. ─ Men şol artypdan gorkýan. Iki at ýoluň tanapyny külterläp gidiberdi. Olar Gün dogýança durman gitdiler. Soňra çaý içim salym säginip, atlara dem berdiler. Rahman “howpdan sypdyň” diýen manyda duýgudaşlyk bilen Marala seredip ýylgyrdy. Maral ýüzüni tutup aglap başlady. Läle azgyryldy. ─ Indikiň näme, gyz? Läläniň barha gaşlary çytyldy. Ol geplemän, böwrüni diňläp gelşine, sähel belende çykyldygy, derrew gaňrylyp yzyna garaýardy. Onuň garaýşynda tukatlyk bardy. Läläniň bolşy Rahmana ýaramady. Gün depä galanda, ýeňseden at kişňedi. Rahman Agahanyň atynyň sesini tanady. ─ Läle, siz eglenmän gidiberiň ─ diýdi. ─ Yzyňyzdan ýeterin. Läle howlugmady. ─ Hydyr bolmasyn? ─ Hydyr näme işleýär-aý? “Gelmez” diýip, özüň aýtdyň-a. Baryň, ugraň çaltrak! ─ Aýu-u, Hydyr bolsa, gaça durgun, ýogsa seni öldürer. Barymyzy öldürer! Näm bolsa şo bolsun, özüm gürleşjek. Wah, ol guduz açar-la. Aýu-u, Rahman, sen maňa “hä” diý. Hydyr bilen özüm dil tapjak bolaýyn... ─ Sen gitjekmi ─ ýok? Rahman ýeňsede galan alaňa dolanyp, atdan düşdi. Diňşirgendi. At toýnagynyň sesini eşitdi. “Gelýänler köplük bolmaly däl” diýdi. “Eger Agahanyň ýanyndaky Hydyr bolmasa, ne ýagşy, eger Hydyr bolsa, öldürerin” diýdi. Gum depesine dyrmaşyp barýarka, Rahman ne gorky duýdy, ne-de howsala. Bolşuna geň galjagynam bilmedi, begenjeginem. Tüpeň sesi çöli sarsdyrdy. Rahman çägä ýüzüni berdi. Ýatan ýerinde diriligine şükür etdi. Ok edil gapdalynda çägäni tozatdy. Rahman Agahan bilen Hydyry gördi. Olar öňdäki ýapydan bäri indiler. Olaryň gelşi ýaraly ýatan haýwana ýetmäge howlugýan awçylara meňzedi. Olar özlerini güýji ökde hasap edýärler, olaryň at üstünde oturyşlary iňňän tekepbir göründi. Rahmah: “Olar meni äsgerenoklar” diýdi. Olar Rahmandan gaýtawul bolar öýdüp pikir edýän däldirler!.. Rahman sapançasyny häzirledi. Olar okuň aşagyna geldiler. Rahman depä bukulyp gygyrdy: ─ Duruň!.. Butnamaň!.. Daýy, butnama diýýän, meň elimde ýarag bar. Olar jylawy çekdiler. Hydyr ha-ha-haýlap güldi. Ähtimal, ol alaçsyzlygyna gülýändir?! Ýok, bu gülküsi bilen ol Rahmany äsgermeýändigini duýdurýar! Soňra Hydyr Agahana bir zatlar diýdi. Rahman eşitmedi, ýöne aňdy. Hydyr Agahany gyssaýan bolsa gerek. Agahan gyssanjyna Hydyryň elindäki jylawdan tutup, ony saklady. Agahan Rahmana ýüz tutdy. ─ Ýegen, sen bizi bihuda saklama, başyňy gutar. ─ Daýy, sen öňürti maňa gulak as... Daýy, sen obaň namysyna el urduň, Gaýratyň uýasyny oba eltip bereýin. Eger makul bilseň, “Agahan iberdi” diýeýin, ýogsa sen gaýdyp oba barar ýaly bolmadyň. Hydyr ýaňadan arkan-ýüzin gaýşyp güldi. ─ Daýy, sen gapdalyňdaka gulak asma, olar saňa hossar däl. ─ Lal bol! Hossar bolup, edýäniň şu dälmi?!. ─ Men günä iş edemok, daýy... Eger makul bilseň, şu taýdan gidişime göni Gaýratyň ýanyna baraýyn. Hydyr ýene dyzyndy. ─ Sen şuraň iberen içalysy! Bir ok hakyň bar! Rahman oňa üns bermän, öz sözüni dowam etdi: ─ Daýy, Gaýrata: “Ine, uýaňy getirdim, senem Şamyrady boşat” diýjek. Boşadar, daýy, hökman boşadar. Ýagşylyk edene olaram ýagşylyk ederler. ─ Akmak! ─ Sen maňa akmak diýme, daýy. Halys bolmasa, Gaýratyň ejesine düşündirip aýdaryn. Obadakylar düşünmez öýdýäňmi? Daýy, sen, walla, şu işi etmeli däldiň! ─ Alyp gaýdan adamlaryňy goý-da, güm bol! ─ Daýy, sen bite gahar edip, ýorgan otlama, obaňdan dynarsyň. ─ Alyp gaýdan adamlaryňy goý-da güm bol diýýän! ─ Men olary taşlap gidip biljek däl, daýy, “oba elteýin” diýip lebiz etdim. Bu sapar Agahan Hydyry saklap bilmedi, zora çydamadyk at öňe okduryldy. Hydyryň elinde ýalaňaç mauzer bardy. Rahman sowukganlylyk bilen Hydyry nyşana aldy. “Diňe bir sapar atmaly, ýöne örän jaýdar atmaly, ikinji sapar atmaga ýetişmersiň” diýen pikir beýnisine urdy. Ol sapançanyň niliniň ujunda Hydyryň ýüzüni gördi. Bu ýigrenji ýüzi iň soňky sapar görýändigine şübhe etmedi. Häzir olaryň ikisinden biri hökman ölmeli bolar! Rahman paýhasynyň durulygyndan lezzet aldy, eliniň sandyramaýanyna begendi. Rahmanyň oky Hydyryň göwresini ýere togalady. Eýeriniň boş galandygyny duýan at aýylganç kişňäp, arkan serpildi. Agahan aljyrady. Aty duran ýerinden öwrüm etdi. Eger Hydyra derek öňürti Agahan topulan bolsa, Rahman Agahany öldürmeli bolardy. Ol daýysynyň topulmanyna şükür etdi, ony öldürmänine begendi. ─ Daýy, gaýt yzyňa! Agahan sesini çykarman yzyna dolandy. Birdenem säginip, Rahmana tarap garady. Rahman onuň sözüne garaşdy. “Indi daýym ikimiz düşünişsek gerek” diýdi. Agahan hiç zat diýmän, atyny sürüp gitdi. Rahman daýysynyň yzyndan seredip ýatyşyna, “Ol meniň pendimi almagy özüne kiçilik bilýär” diýip pikir etdi. Häzir Rahmana gulak assa, mertebesi peseler öýdýär. Asyl, mertebä gezek gelende garyndaşlyk hiç zat ekeni. Rahmanyň kül üstündäki orny hemişe törde oturan Agahana maslahat bermäge hukuk berenokmyş! Heý, beýle-de bir samsyklyk bolarmy?! Agahan edil häzir Rahmanyň maslahatyna eýerse, ýagdaýynyň ýeňilleşjegini bilmeli ahyry! Rahman kemsindi. Agahan aňyrdan gelýän adalatsyzlyga eýerip, özüni halas etjek adamdan ýüz öwrüp barýar. Emma indi Rahmanyň oňa ýalbarasy gelmedi. Rahman häzir özüni Agahandan güýçli hasap etdi. Läle gitmän ekeni, ol hasanaklap ýetip gelýärdi, Rahman ilkibada onuň sojap dem alşyny eşitdi, soňra aýagy ýalaň, başy açyk Läläni gördi. ─ Bela-beter indimi?.. Waý, Hydyryň aty kişňedi-le!.. Läle depä çykyp eglenmedi. Pesde ýatan Hydyry görüp, erbet içini çekdi-de, ylgap gitdi. Golaý baryp, ilki haýallady. Başa inen bela ynanmaýan adamyň äheňinde: ─ Hydyr... aýu-u, Hydyr! ─ diýdi. Hydyryň göwresinde gymyldy ýokdugyny görüp aýylganç gygyrdy, özüni Hydyryň üstüne zyňdy. Birmeýdan galman ýatdy. Rahman diňe oň “waý-waý” sesini eşitdi. Soňra, bolan ýagdaý bilen ylalaşan ýaly, Läle dikeldi, Hydyryň ýalaňaç kellesini emaý bilen galdyryp, dyzynyň üstünde goýdy, ýeňi bilen onuň ýüzüni süpürmäge oturdy. Ol indi agyr ýaranyň azaryna çydap bilmeýän adam ýaly iňleýärdi. Birdenem, ýatanyň derdini ýeňilleşdirmäge hemaýat berýän dek, bir zatlar diýýärdi. Rahman näme diýilýänine düşünmedi. Läle Hydyryň kellesini göwsüne deňiç galdyrdy, bagryna basdy, gaýta-gaýta eňredi. ─ Seň ajalyňa galan men boldum ─ diýip zarynlady. ─ Meni ýer ýuwutsyn! Ganymyň eline ýarag beren men!.. Oba baryp, ýoluňa garajakdym, ezizim. Adyňy aýdym edinip, derek ýaly boýuňda saýalajakdym, waý, meni Hudaý tutdy! Ol ýene eňräp, Hydyryň kellesini goltugynda gizledi. Oýda duran atyň syrtynda Maral otyrdy. Ol howsala bilen Rahmana garasa-da, oňa tarap gaýtmaga het edip bilmedi. Rahman: “Bu ýerden çaltrak gitmeli” diýdi. Rahman ýerinden turdy. Ol Hydyryň ölenine gynanmady, emma Läläniň hesreti oňa agyr degdi. Rahman nädip özüni aklajagyny bilmedi. Ol ýaýdanyp, Lälä golaý bardy. Läle oňa sowuk nälet bilen garady. ─ Ganhor, nejis!.. ─ Läle, tur, gideli. ─ Güm bol! Läle Hydyryň läşini Rahmandan gabanýan ýaly, gözgyny bir ýagdaýda onuň üstüne kükregini gerdi. Şonda-da Rahman Hydyryň ýüzüni görmäge ýetişdi. Göwnüne bolmasa, häzirem Hydyryň ýüzünde ýaňsydyjy ýylgyrma bardy. Hamala, Läläniň şeýdip, üstünde bagrygirýan oturanyna ynanmaýan ýalydy. Rahman: “Ol Läläniň gözýaşyna mynasyp däl” diýdi. Adamlar hemişe gapdalyndakyny tanaman hesret çekýärler. Adamlaryň şu ejizligi zerarly, gör, Läle-de özüni kemsidýär! Läle gygyrmaga güýç tapmasa-da, ýüregindäki ýigrenjini ýowuz äheňde Rahmana ýetirdi. ─ Sen meni betbagt etdiň ─ diýdi. ─ Sen meň bagtymy ýatyrdyň. Yzymdan Hydyryň barjagyny bilenim üçin oba gaýtdym-a! Haýwan bolmasaň, şoňa düşünmel-ä sen! Mensiz durary bolmaz! Ýeri, nejis, men saňa “öldür” diýdimmi näme? “Hydyr gelse, maňa aýtgyn” diýip ýalbardym-a! Ýa gulagyň gapykmydy?!. Eý, Hudaý jan, mende näme beýle kastyň bardy?! Hydyry Agahan ikiňiz öldürdiňiz. Heşelle kak, Hydyrdan dyndyňyz! Indi näme pisiňi aşyryp dursuň, ganhor?! Dünýäňiz giňedi, indi Hydyr ýok! ─ Ol ýene goltugyndaky jesedi bagryna basyp eňredi. ─ Men bagtygarany kim gözlesin, kim yzlasyn?!. Ýeri, şeýdip öldürip oturybermelimi? Elinden, aýagyndan atsadyň, ýarasyna melhem ederdim, gije-gündiz başujunda oturyp, derdini çekişerdim. Sen muny nädäýdiň, waý, nädäýdiň?! ─ Ol “me eden işiňi gör!” diýýän ýaly, Hydyryň kellesini ýumşak budunyň üstüne taşlady. Hydyryň maňlaýyndan gözüne tarap gan akdy. Läle şol gana ýüzüni oýkady. ─ Wah, Agahan ikiňiz muň ganyna galdyňyz-la! Hany ol netis? ─ Läle garşydaky boş ýapa tarap garady. ─ Meň gara günüm ogul-gyzyň başyna düşsün, Agahan! Kişiň eli bilen gan çaýkap, gargyşdan syparyn öýtme. Meň gargyşym garagyňy gapar, Agahan! ─ Läle ýene Rahmana tarap öwrüldi. ─ Hammal, nejis! Hydyryň ganyna galanyň bilen Agahandan eşret görerin öýdýärmiň?! Göreniň ─ görgi, edeniň ─ bergi bor! Läle ýer ýumruklady. Rahman yza döndi, “goý, biraz köşeşsin” diýdi. Läle däli ýaly samrap başlady, Rahman oňa üns bermedi. ─ Saňa nesip etmedik dünýä bulara-da nesip etmez!.. ─ Läle Hydyryň kellesini ýerde goýdy, töweregini sermäp, onuň elinden gaçan mauzeri galdyrdy. Ilki ýaraga gorky bilen seretdi, birdenem ýakymsyz ýylgyrdy, hyrçyny dişledi. ─ Nesip etmez!.. Ezizim, seret, edil öwredişiň ýaly edýän... Nesip etmez diýýän, nesip etmez! Edil öwredişiň ýaly... waý-eý, seretsene, waý!.. Läle atdy. Alaňa galyp barýan Rahmanyň göwresi diň arkan gaýtdy, ýere togalandy. Läle Rahmanyň ýykylanyny görüp, eden işine indi göz ýetiren ýaly, mauzeri zyňyp goýberdi. Eline duýdansyz ýarmaşan möýi zyňan ýaly zyňdy. Aýylganç gygyrdy, gaçdy, göni gaçmady, Rahmanyň jesedinden gorkýan ýaly, oýturaklap gaçdy. Oýda Rahman bilen Hydyryň jesedi galdy... SOŇY 1974 ─ 77 ýyl. © Tirkiş JUMAGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 27 | |
| |