10:39 Janserek - roman / 3 | |
Exclusive JANSEREK (dowamy) [Öňi: Janserek - roman / 2] IKINJI BAP Rahman Gün dogmanka guýa ýetdi. Telper çanagyň içini ýada salýan ýalazy oýdan goýun-guzularyň zaryn sesi göterilýärdi. Ol ses häzir Rahman üçin çölüň esasy alamatyna öwrüldi, ony pelsepä iterdi. “Bu dünýäde haýwan-u-ynsan hemişe ajy aýralygyň howpy bilen ýaşaýar. Şol howpuň ýakynlaşanyny bilse, adam çydanok, haýwan dagy nämemiş?! “Aýralygy adam öňünden duýarmyş” diýýärler, ýöne ony haýwanam duýýan bolsa gerek! Eger şeýle bolmasa, onda bu yzlaşyk näme?! Käşgä janawerler töwerek daşda gymyldy görýän bolsalar, onda başga gep. Diňe ýanaşyk oturan iki öýüň günbatarkysyndan tüsse çykýar. Kemteresinden item üýrenok. Ynha, Gün dogar, ukyň lezzetini alan adamlar çaý-çörek iýip, daş çykarlar. Her kimiň öz maksady, etmeli işi bardyr. Ene goýun zaryn ses bilen guzusyny çagyrar, guza derek adam geler-de, süýtden doly ýelni boşadar gider. Şol mahal süýt emmeli guzynyň nepisje hamyny çöpe sererler. Bu ata-baba edilip gelinýän zat, ol indi adata öwrülipdir. Adamlar bolsa öz adat edinen zatlaryndan wagşylygy görmezligi öwrenipdirler” diýen pikir Rahmanyň kalbyna ornady. Bu hakda öňler ymykly oýlanmanyna geň galdy. “Adamlar diňe mejbur bolanda gapdalyndakynyň hesretine düşünjek ekeni” diýdi. Şol sebäpli hem daýysy häzir onuň ýagdaýyna düşünmez. Agyldaky göterilýän zenzelä nähili perwaýsyzlyk edýän bolsa, edil şonuň ýalam ýegeniniň ykbalyna garap, özüçe-de netije çykarar. Rahman guýyň oýuna inen dessine itler ördi. Aryň ketegine kesek oklanana döndi. Tüsseli öýden alty-ýedi adam atylyp çykdy. Agyldaky atlar horgurdy. Ol taýak atym meýdan daşlykda atdan düşdi. Itler töwerekleýin gabow gurap, bagyrlaryny ýere berdiler. Arkaýynlaşan adamlar gamçylarynyň ujuny ädikleriniň gonjunda oýnadyp, ýene öýe girdiler. Gapyda diňe Agahan galdy. Ol Rahmana tarap ýöneldi. Rahman atynyň jylawyny agyl üçin dikilen ojaryň merdemsi şahasyna iltäp, daýysynyň gelerine garaşdy. Agahanyň aýak urşy Rahman bilen aralygyň ädim sanyny ölçeýäne çalym etdi. ─ Eýgilikmidir? ─ Eýgilik näm işlesin, daýy?!. O diýýän zadyň-a gurjakmyşlar. ─ Kolhozmy? ─ Edil özi. Sen gaýtdyňam weli, sümsünip Gaýrat bardy. “Ertir agşama deň salgydyny tölemese ─ diýýä ─ tamynyň depesinde baýdak dikerin” diýýä. ─ He-he, salgyt deregine... Hany, Asman nirede? ─ Ol-a öýde galdy, daýy. ─ Senem gelmeli däl ekeniň. ─ Habar ýetireýin diýdim-dä... Howlukdym, daýy, ýogsa biraz garaşan bolsam, Asmanam... ─ Düşnükli!.. Sen ol heleýe aýtmasyz zatlary aýdaýan-a dälsiň? ─ Daýy, seň öňüňde men ýüzügara... ─ Häk, seniňem bir!.. Agahanyň sesine gapdalda ýatan it iki öwre üýrdi. Rahman daýysynyň gansyz dodaklarynyň ýumulanyny gördi. ─ Daýy... ─ Galan gürrüňi öýde ederis. Agahan bu saparam taýagyň iki ujynyň bardygyny ýatdan çykarmady, gaýta Rahmanyň Asmansyz gelmegini amata ýordy. Ýegeniniň boýunalmasyna öz ýanyndan minnetdar boldy. Hernä, olaryň üçüsi hem indi bir ýüpe düzüldi. Ýüp Agahanyň elinde, eger Rahman şuňa düşünmeýän bolsa, onda onuň diri samsyk boldugy. Rahman salam berip içeri girdi. Terslin-oňlyn gyşaryşyp ýatan ýigitler oňa perwaýsyzlyk bilen garadylar. Hiç kim gozganmady. Agahan ojaga golaý aýbogdaşyny gurup oturdy. Ojaryň közünden düşýän ýalkym onuň at ýüzüne gyzgylt reňk çaýyp, tutuş meňzine näziklik berýärdi. Gara sakgal bilen murtuna araçäk çekip duran gelşikli dodaklar gymyldaman, daýysynyň köşeşendigini görkezýän alamata öwrüldi. Ýöne içeridäki ümsümlik Rahmana ýaramady. Öz etmişi eýýäm bu nätanyş adamlara aýandyr öýtdi. Indi bolsa üýtgeşik bir tomaşa garaşýandyrlar diýdi. ─ Näme dursuň, geçiber... Ojagyň bir gyrasyndan Rahmana ýer berdiler, ol göwünsiz çökdi. ─ Serediň şu goç ýigide... Ýumruk ýaly heleýi başarman, aljyrap ýör. Oturanlar gülüşdi. ─ Daýy... ─ Eýsem, ýalanmy?! Rahmanyň sag tarapynda gyşaryp ýatan ýigit gujur bilen dikeldi-de: ─ Wah-h!.. ─ diýip başyny ýaýkady. ─ Şojagaz heleýi bir meň elime berseňiz-le!.. Ýene gülüşdiler. Rahman edil alkymynda wagşy göz bilen tagaşyksyz uzyn eňek gördi. Olaryň ikisinem bir demde ýom-ýok edäýjek ýaly ýumrugyny batly aýlady. Agyr göwre keçäň üstüne serildi. Agahan syçrap ýerinden galdy. ─ Eh-eý, çek eliňi! Hasanaklap galan uzyn eňegiň sapança ýeten eli gaýdyp gymyldamady. Arman bilen demini goýberdi weli, burnunyň deşikleri sykylyk çaldy. Süýri kellesinden zyňlyp düşen telpegini gahar bilen geýdi. Agahan: ─ Ýigitler, bu meň ýegenim ─ diýdi. Dikelen başlar zat bolmadyk ýaly gaýtadan gyşardy. Uzyn eňek weli, gapyny gürpüldedip çykyp gitdi. Içeride agyr ümsümlik dowam etdi. Agahan ýene aýbogdaşyny gurup otyrdy. ─ Eliň güýjüni gerek ýerinde ulanmaly ─ diýdi. Rahman jogap bermedi, ol ýüzüniň lap-lap gyzýandygyny duýdy. Agahan: ─ Ýeri, indiki maslahat? ─ diýdi. ─ Ony obada-ha goýup bolmaz. ─ Bilýän. ─ Bilýän diýmeli däl, çaltrak getirmeli... Bolmasa diýýän-ä... Bu ýigitlere gaýrat ediň diýäýsek neneňsi bor? ─ Bu ýigitler beýle çaparman bolsa, daýy, olary Gaýratyň üstüne ibermeli ekeni. ─ Al gerek bolsa!.. ─ Haý, berekella! Gördüňmi, baý aga... Ine, muňa gyjalat diýerler. “Gyjalata galarys” diýip, näçe sapar aýtdym? Henizem bir pille, rugsat ber. Gyşaryşyp ýatan ýigitlere jan girdi, olar gobsunyşyp, umyt bilen Agahana garap dymdylar. Agahan otdan gözüni aýyrman oturyşyna: ─ “Ajygan ölmez, alňasan öler” diýlipdir ─ diýdi. Ýigitler uludan dem alyp, gaýtgyn ýaly arkan serpildiler. Baý öňki kaddynda dowam etdi. ─ Gaýratyň gürrüňini soň ederis, ýigitler, häzir, ine, şu oturanyň heleýi bilen bellisini etmeli. Ädigiň gonjuna degen gamçynyň şarpyldysy eşidildi: ─ Indi barja derdimiz ýumruk ýaly heleý dälmi, ha-ha!.. ─ Aýaz, sen maňa geplemäge gezek berjekmi, ýa-da?.. ─ Geple, baý aga, geple. Rahman öz aýaly hakdaky gürrüňiň dowam etmegini namys bildi: ─ Daýy, Asmanyň azaryny etmäň ─ diýdi. ─ Özüm gidip, özüm getirerin. Rahman bada-bat ýerinden turdy. Agahan: ─ Otur entek ─ diýdi. ─ Saňa başga-da bir ýumuş bar. Öňi bilen: oba baranyňy adam ogly bilmesin, gaýdanyňam görmesinler. Asmany nähili alyp gaýtjagyňy men bilemok, isle ýalbar, isle zorluk et, ol öz işiň. ─ Daýy, Asmanyň aýagy agyr, eger zorluk edilse... ─ Onda ýalbar! Nädip ýalbarylýanyny aýdyp biljek däl, henize deňiç heleýe ýalbaryp göremok. Oturanlar hykyr-hykyr gülüşdiler. Agahan: ─ Gulak as! ─ diýdi. ─ Asmany obadan alyp çyk-da, ýene yzyňa dolan. Biziň howla bararsyň, ýöne hiç kes duýmasyn. Ähli zada nebit ber-de, otla. Hiç zat galmasyn! Ýatagam ýansyn, tamam, öýem ýansyn! Söndürmäge ýetişmesinler! Rahman gulagynyň eşidýänine ynanman, Agahanyň ýüzüne çiňerilip seretdi, ýöne şübhä ýol beräýjek alamat görmedi, gaýta, daýysynyň oňa garaýan göreçlerinden gazaply tomaşa duýdy. Ähtimal, ol eýýäm ýangyny göz öňüne getirip oturandyr?! ─ Daýy... ─ Birden ýansyn, birdenem sönsün! Başarmajak bolsaňam, häzir aýt. ─ Daýy, öýi otlap bolmaz-a, “öý ─ öwlüýä” diýipdirler. ─ Hä-ä, o dünýä ýadyňa düşdümi?! Otlaňda: “Günäsi Agahanyň boýnuna” diý. Saňa derek dowzahyň oduna özüm ýanaryn. Adam ogly meň öýümiň depesinde gyzyl baýdak görmez! ─ Düşdüm, daýy, düşdüm... ─ Men bir okda iki towşan awlaýandyryn, eger bilnäýseň bir towşany ürküzjek sen bolarsyň. ─ Bilýän. ─ Bilýän diýme-de, mazaly pikir et. Pikir etseň, köp zada düşünersiň. Asman şu gije gelmese... ─ Menem akman däl, daýy, düşünýän. ─ Ho-op ýagşy... Agahan garma donuň üstünden ýasgynjak alnan agar çäkmeniň ýakalaryny çekişdirip, kirpi ýaly düýrüldi. Indi oňa hiç kim azar bermeli däldi. * * * Rahman oba golaý geldigiçe ätiýaç duýdy. Asmany galyň bulut örtenine begendi. Garaňky ir düşdi. Onda-da nähili garaňky?! Edil bäbenegiňe dürtäýmeseler, maňlaýyňda durany görjek gümanyň ýok. Ýola endik edinen alaşa ýorgalap gelýär, hä diýmän oba ýetmeli. Günbatardan çygly şemal öwüsdi. Rahman hüýt gara asmana ýüzüni tutup, gozgalaň bilen damja garaşdy. Dammady. Burkut diwananyň adyna alkyş okady: “Barça musulmanyň rysgyna garaşyk edýän Burkut diwana, men ─ betbagtyň dilegine gatyrganmaweri. Adamlar ters ýaşap ugrasalar, alkyşlaram tersine boljak ekeni. Tagapyl et, pirim, edil şu mahal bal bolsa-da dammawersin. Küpür gepleýänimi bilýän, ýöne nädeýin, alajym ýok. Seň ýoluňa il-günüň lägirdip owlak-guzy daňanyny az görmedim. Men il-günüň öňünde-de ýazykly. Asmanymyň aýagy agyr, ol görgüli ýagyşly ýola ýaramaz, rehimiň gelsin!”. Ol pikir öwürdigiçe daýysy bilen öz ykbalynyň arasynda aýrylmaz bitewilik gördi. “Çykgynsyz güne düşmedik bolsa, Agahan öz dili bilen “öýümi otla” diýmezdi. Ýok, bu dünýäde zady geň görer ýaly bolmady. Ýöne, herki ýagdaý başa gelse-de, adam haýyr iş etjek bolmaly. Häzir Rahmanam özüni haýyr işiň ýoluna çykan hasap etdi. Eger oňa derek oba ýaňky dyzmaç adamlar gaýdan bolsa?!. Onda diňe Agahanyň howlusy ýanmazdy, tutuş oba ýanardy. Asmana-da ýalbaryp durmazdylar, haýdan-haý atyň öňüne kese basardylar...” Rahmanyň kalbyna biraz giňlik aralaşdy. Gara öýüň gapysy açylan dessine Rahman: ─ Asman ─ diýdi. ─ Gorkman otyrmyň?.. Sen nirede? Geple, sesiňi bir eşideýin, hiç zat göremok. ─ Ot ýakjak, görersiň. ─ Gorkansyň-la, Asman, bilip durun-a. Gaty gorkduňmy? Indi seni ýeke taşlap giderin öýtme. Bi içeriň sowugy nebela, walla? Üşäýme, Asman, egniňde donuň beri barmy? ─ Maňa döw çalasy ýok. ─ Haý, diýseňem-ä... Ojakdaky çöpüň aşagyndan ýylpyldap ýalyn göründi, içerik sowuk şöhle çaýyldy. Asmanyň ýaýbaň gaşlarynyň arasyndaky dik ýygyrda kölege düşüp, ony has çuň görkezdi. ─ Asman, kolhoz diýilýän zady gurdularmy? ─ Bilmedim. ─ Onda ýetişen däldirler. Ody ulaltma, meň gelenimi bilmesinler. Asmanyň gussaly gözleri ärine höwessiz garady. ─ Bilnip-bilinmän, sen biriniň ganyna galaňok ýa-da ogrulyk edeňok. ─ Şu gün-ä, walla, ogrulyk etmäge geldim, ynanaý, ha-ha... Duz ursun, seni ogurlap gitjek. ─ Men-ä geleniňe begenip otyryn weli... ─ Bilýän, bilýän... Seni obada goýmajaklaryna gözüm ýetensoň, özüm gaýtdym. Meň gelenime şükür et. Ýaman mejalsyz-la sen? Düýnden bäri dişiň kirini bir çaldyňmy? Sen, how, iki adamlyk iýmelisiň, ýatdan çykarma şony. E-he, item-ä üýrýä... Howla baryp gaýdan dälsiň? ─ Aýagym çekenok, Rahman. ─ Men-ä saňa haýran! Olar ýanýan oda garap dymdylar. Gutulgysyz aýralyk iki ýürege-de wehim saldy. Ot bilen bile olaryň kalbyndaky umydam peseldi. Hä diýmän ojakda garalyp üýşmek kül galar. Şo kül är-aýalyň durmuşynyň manysyz gutaranlygyny görkezjek alamat hökmünde hemişelik galar diýen gorky “Ykbalyň çözgüdine kaýyl bolmalymy?” diýen sowaly orta goýdy. Alaçsyz ylalaşyp gidibermek Rahman üçin gelejegini, namysyny kişiň çözgüdine meýletin tabşyrmakdy. Beýle bolsa, onda binamys hökmünde ýaşamaly. Binamys ýaşandan ölen gowy!.. ─ Sen bite gahar edip, ýorgan otlama ─ diýdi. ─ Gözüň baglanypdyr, Rahman, Şasoltan saňa doga edendir. ─ Şasoltanam gursun, asyl şu dünýäni tutuşlygy bilen ýer hopsun! Senem bilgeşläne edýäň, ýogsa düşünerçe wagtam boldy, aýdylma kemem galmady. “Şasoltan bilen deň bolma” diýdim, ýalbaryp aýtdym. Baýyň heleýi ─ oňa biz düşünmeris. Daşyňy dolap getirdiler, bir aýlap ak öýde ýaşadyk, ýag iýdik, ýüpek geýdik. Gaýta, biz olara taňryýalkasyn diýmeli! Seň nämä gatyrganýanyňy gowy bilýän: başyňa atylan mahmaly, egniňdäki ketenini sypyryp aldylar diýjeksiň. Alsynlar! On barmagyň ýüzükli şaňňyrdap oturdyň, kemiň näme? Baýyň ak öýünde ömürboýy ýaşamajagymyzy bilýädik ahyry! Hudaýa şükür, öz tünegimiz bar, allanäme ýaşap ýördük... ─ Seň gözüňi baglapdyrlar. ─ Soňky ýakymsyz gürrüň üçin bolsa, edil daýzamyň öz ýüzüne näme diýenimi gulagyň bilen eşitdiň. “Asmany elegrilikde aýyplaýan bolsaň, menem şu gapa aýak sekmen” diýdim gerek?! Ýiten gülýaka tapylanda özi gelmedimi?! “Geplärligim ýok, ýüzüm garadyr” diýmedimi?! ─ Tapylmadyk bolsa?.. ─ Tapylmadyk bolsa-da diýerdi. Henizem daýym eşitmedi, eşidäýen bolsa, Şasoltanyň hamyny boýnuna orardy. ─ Barmagynam batyrmazdy. ─ Ot söndi. Asman howlukman çerkeziň pürüni gysymlap ojaga atdy. Şatyrdap ot ýandy, ýene gara öýüň içi ýagtyldy. Asman: ─ Allanyň edenine alajym ýok ─ diýdi. ─ Hudaýjan ýumruk ýaly ejemem maňa köp gördi. ─ Menem ýeke çykan, daýymy penalamasam, başga hossarym ýok. ─ Penalar başyň dik bolsun! Ojagyňy saklaryn. ─ Saňa ojak saklatmazlar! Bilýärmiň näderler: ertir kolhoz gurarlar, baryňyzam eltip şoňa dykarlar. Ýetişen däldirler, ýogsa şu gün gurmalydylar. “Gaçan gutular, duran tutular”. Seni kolhozyň eline berer öýtme. Baý-bow! Çaga ene-atany bilmese nähili bor? Olary tokly ýaly saýlap, aýra idetseler diýýän-ä? Adam adama gazap etmesin, gazap etse, wagşy haýwanyňam deňinde durmajak ekeni. Gepiň keltesi, ertire galmaly däl, şaýyňy tut. Rahman aýak üstüne galdy, Asman gozganmady. ─ Maňa ezýet berme, Rahman. ─ Bu taýda galyp sen kimi penalajak? ─ Il-gün garaşyk eder. ─ Muňa seret-le! Il-gün diýlen zat gutardy, oň ýerine diňe kolhoz boljak. ─ Bolsa, görübereris. ─ Ýok, görmersiň! Men gör diýemde-de, daýym etmez. Asmanyň ýuka dodaklary ýigrenç bilen ýazyldy. ─ Daýyň gursun! Aýalynyňam, Hudaýym, ýüzüni babaly görsün! Men şolardan iren! Asman süňňi bilen sandyrady, gazap inen gözleri gorkunç ýaldyrady. Rahman ýöwsel gepledi: ─ Sen oň syryny bilýäň, o şondan gorkýar. Asmanyň ärine haýpy geldi. Ýene oňa Asman düşünmese, kim düşünsin?! Kösäýin diýseň, kösäp oturmaly. “Ýa daýyňdan geç ýa-da menden” diýen bolsa, Rahman janserek bolup galardy. Ol entek daýysyndanam geçmez, Asmandanam, ol diňe özüni horlar. Bir adamyň erksizligine tomaşa edip, onuň çekýän ezýetinden özüňe kanagat gözlemek Agahana gelişjek häsiýet. Ýöne şu jezadan Rahmany halas edip bilmejegine gynandy. Şonda-da, nähilidir onuň ýüküni ýeňledere ýol gözledi. ─ “Asman aýtmazlyga ant içdi” diý, ýöne maňa azar bermesin. Eger azar beräýen ýerinde... ─ Agahan diýlen adam aýalyň wadasyny gara şaýa almaz. ─ Onda halanyny etsin. ─ Beý diýme, Asman, olar seni heläk eder. Meň etjek alajym ýok. Häzir sen barmasaň, daýym edil guduzlan ite döner. Men jähennem, bolmasa göwräňdäki neresse çaga rehimiň gelsin. Ýola garap oturandyr, töwereginde-de bir topar kellekeser. Wah-h, belaň körügi ─ Gaýrat. Öň-ä, oň ýerini aldy, soňam giýewisini türmä dykdy. ─ Oňly gezsin. ─ Diliňi ýarman otur! Duşmanyň Agahan bolmasyn. Rahman alaçsyz kürtdürdi. Mundan beter nähili düşündirmeli?! Ýok, Rahmanyň öňünde adam şekilli garadaş otyr. Gara öýüň ähli sowugy ýygnanyp, onuň ýüregini buza öwrüpdir, Rahman ýalyn bolup ýananda näme?! Rahman ýowuz äheňde: ─ Özüň turjakmy, ýa goluňdan çekip turzaýynmy? ─ diýdi. ─ Azara galma, Rahman, men Agahandan gorkamok. ─ Sen gorkmasaň, men gorkýan! ─ Senem gorkma. Gorksa, Agahan gorkýa, bize näme? Alsalar, Agahanyň zadyny alýalar... ─ Gutar, gepleme ─ Rahman aýalynyň goşaryndan şapba tutup, özüne dartdy. ─ Göwnemeseň, zorlap äkiderin. ─ Olar seni jadylapdyrlar, ýüregiň daşa dönüpdir. Rahman çydamady, aýalyny goltugyna gysdy. ─ Beý diýme, beý diýseň, öte geçersiň. Men şo öňküje Rahman, men üýtgämok, senem üýtgän dälsiň. Dünýä üýtgedi. Başarsa, adamlar biri-biriniň başyny gemirjek. Biz olara goşulmanjyk gezeris, çetde ýaşarys, tapan çöregimizi arkaýyn iýeris. Bize şundan başga näme gerek, Asman?! Eger maňa ynanmaýan bolsaň, onda “ynanamok” diý. ─ Wah, saňa ynanýan-la. ─ Gördüňmi?! Berekella, Asmanym, başym gök diredi, berekella... Asyl bara, sensiz nähili ýaşajagymy bilemok. ─ Onda obada gal. ─ Ýok-la, “oba” diýme, obadan dyndyk, obaň ady ýitýär, kolhoz bolýa. Kolhoz bolanda aýylganç zat boljakmyş: adamlarda namys diýlen zat bolmaly dälmiş. He, beýle-de bir ýaşap bormy, walla?! ─ Edil aýdyşyň ýaly bolaýmaz-la. ─ Bolar! Sen maňa ynanýaň dälmi? ─ Saňa ynanýan, ýöne “Agahana ynan” diýme. ─ Maňa ynansaň bolýar. ─ Agahanyň sözünem aýtma. Asmanyň ýyly demi Rahmanyň ýüzüne urdy. Aýalynyň sowuk göreçleri bada-bat ýylady, gara öýden tukatlyk ýom-ýok boldy. ─ Asmanym, gidýäsmi onda? ─ Gideli diýme, Rahman, öz öýümizde ýaşaly. Öz ojagyň ýalam mährem zat bormy?! Men saňa torsuk ýalyja ogul dogrup bereýin, gitme. Neressejigim kişiň tüýnüginiň aşagynda dogmasyn. “Bolýa” diý. ─ Bizi ýaşatmazlar. ─ Uly il ýaşap ýör, bizem ýaşarys. Kimiň öňünde günä etdik: Hudaýyňmy ýa bendesiniňmi? Ojakda ot söndi, öýüň içi garaňka gaplandy. Asman äriniň ýaýdanýandygyny duýdy. Bu oňatlygyň nyşany däldi. Ol obada galmazlyk üçin täze bir bahana agtarýandyr. Käbir adam bahana bilen görnüp duran hakykatdan ýüz öwürjek bolýar, emma Rahman olara meňzänok. Rahman bahana bilen ýüreginiň oňlan hakykatyny tassyklaýar. Ol hakykat bolsa Agahana degişli. Rahman: ─ Daýyma söz berip gaýtdym ─ diýdi. ─ Asmany getirerin diýdim. Asman öňki ýerine geçip oturdy. ─ Asman-a gitmez. ─ Git diýsem, gitmeli borsuň. ─ Sen diýseň, giderdim, ýöne sen diýeňok. Rahman ýer depdi. ─ Kim diýýämiş? ─ Bilip duran zadyňy soramazlar. ─ Wah, sen ikigat bolmadyk bolsadyň!.. ─ Rahmanyň aýagy ojagyň gyrasyndaky çäýnegi togalady. Çäýnekden dökülen suw gyzgyn ýeri jyzyrdadyp, külüň aşagyna siňdi. ─ Asman, sen meň öýümi ýykýaň! Boljak zady men bilip durun, sen bileňok. Ertir agşam dökülip, obany ýangyna bererler. Sen sebäpli! Ýeriň teýine gir weli, şu öýde bir oturma. Olaň şatysyna çydamarsyň. Olar adam däl, möjek! Ele düşme, ýogsa seni öldürerler... Ýeri, olardan sypdyň diýeli-dä, kolhozdan nähili sypjak?! Ýadyňda bolsun: eger oglum meň adymy götermese, ikiňizem öz ilim bilenjik, boljak zady aýdýan, walla, bogup öldürerin. ─ Rahman sägindi, ýöne garaňky duldan ses çykmady. Ol ýüreginiň azaryna çydaman, tüpeňlenen it ýaly uwlady. ─ Oglumam meň ýaly garamaňlaý boljak bolsa ─ dogmasyn! Adama derek gara daş dogur! Asmanyň gözýaşy buz ýaly ýaňaklaryny sypap ýere damdy. Rahman ony görmedi. Görenem bolsa, aýalynyň gözýaşyny öz keç ykbalyna gynanç hökmünde kabul edip bilmezdi, sebäp, garaňky dünýäniň taýýarlap goýan şum täleýini ýeke-täk özüne ýöňkäpdi. Ol mumy diňe Hudaýdan görmedi, bendesiniňem paýy bar hasap etdi. Islese-islemese şolaryň arasyna öz aýalynam goşmaly boldy. * * * Täleý diýilýän zadyň gutulgysyzdygyny tassyklaýan adamlar: “Maňlaýa ýazylandan sypma ýokdur” diýýärler. Rahman bu söze ynanýardy. Ol Agahanyň bolup ýörşüne-de täleýiň oýny diýip düşündi. Täleý seniň emlägiňe-de, erkiňe-de seredenok; Hudaýyň öňünde hemme kişi deň. Adam jägilläp dünýä inende, onuň ömür ýoly eýýäm maňlaýyna ýazylan bolmaly. Ol ýazgy diňe Gudraty güýçlä aýan, bendesine umyt bilen ýaşamak galýar. “Sabyr Rahmandan, äwmek şeýtandan” diýlen söz bar. Allanyň häsiýeti adama mahsus bolup bilermi eýsem?! Belki, adam köplenç şeýtana ýakyndyr?!” Rahman bu sowaly Allatagalla ýüzlenip aýtmakdan gorkdy, ýogsa onuň dawa edesi gelýärdi. Näme üçin maňlaýy gara adamyň gursagyna daşdan ýürek goýmadyň?! Rahman ─ rehimdar. Bu zamana rehimsiz adamlar gerek ekeni. Rahmanyň rehimsiz bolasy geldi. Agahana gözi gitdi. Gör, ol kişä-de, özüne-de rehimsiz. Sähel salymdan Agahanyň howlusyndan göterilen al ýalyn asmana gol bulady. Süýji ukuda ýatan oba zenzele bilen aýak üstüne galdy. Rahman atynyň jylawyny çekip sägindi. Otlanda gorkmadyk adam, indi, keseden syn edip durka gorkdy. “Seretsene, Agahanyň ýurduny ot asmana göterdi. “Muny Rahman edendir” diýip, Asmanyň kellesine-de gelýän däldir, aýtsaňam ynanmaz ─ diýdi. ─ Hiç kimem ynanmaz. Agahan beri ynanarmyka?..” * * * Agahan: ─ Ynanamok ─ diýdi. ─ Sen otlan dälsiň. ─ Daýy, Alla şaýatdyr! ─ Sen otlan dälsiň diýýän! Ynha, meselem aýdaly “Asman otlady” diýseň, ynanaryn. Rahman gorky bilen daýysyna çiňerildi. ─ Asman-a bilenogam... duz ursun, aýtmadym, daýy! Asyl ol gümanam edýän däldir. ─ Otlasaň, otlapsyň-da, a men otlan sen däl diýjek, he-he... Ynandyr göreli! Kölegämi saýalap ýören adam ne sebäbe meň öýümi otlamalymyş?! Kimi ynandyraryn öýdýäň? Iliň diýjek sözüni aýdaýynmy: “Gylyç öz gynyny kesmez” diýerler. Rahman Agahanyň ýiti görejinden eýmendi. ─ Daýy ─ diýip ýöwsel gepledi. ─ Onda, daýy, beýle boljak bolsa, duz ursun, Asmana-da ynanarlar öýdemok. ─ Başga adam gyrlypmy? Ogul dogurjak ýaly hykylap oturma. Rast Asmany agzasyň gelmeýäni çyn bolsa, özüň tap! ─ Daýy, maňa “otla” diýdiň, menem... ─ Sen-ä bir akmak ekeniň... Heý, onça zadam bir mugt ýakyp bolarmy?! Dogrudanam, men seniň otlajagyňa ynanamok, Gaýratyň otlajagyna weli ynanýan. Rahman gowşady. ─ Hä, “Gaýrat” diýsene... ─ Ol ýylgyrdy. ─ “Gaýrat” diýseň, ynanarlar, daýy, özüm-ä ynanjak. Agahan güldi. Onuň ter sakgalynyň ujy titräp, gönümel burnunyň üstünde ýaldyrap der göründi. Bu keýpihon gülki däldi. Bu gülkiniň äheňinde öç almak pursatynyň gelendigini duýdurýan eýmenç alada bardy. Ol: ─ Ertir Paltagaçana gidersiň ─ diýdi. ─ Dolanyp gelýänçäň, Asman şu ýerde bolar. Gorkma, biz seniň ýaly boş gelmeris. Özi gelmese, maslygyny getireris. Agahana pursat gerekdi. Ol maksadyna ýetdi. Onuň heşelle kakmaga haky bar. Ol Rahmanyň başarmadyk işini bitirip, özüniň mamladygyny ýegenine subut eder. “Ýigrenç seniň garagyňy gapypdyr, Asman, sen bu sapar öz duşmanyňa kömek etdiň”... Rahman alaçsyz galdy... Dowamy: Janserek - roman / 4 © Tirkiş JUMAGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |