11:46 Janserek - roman / 6 | |
Exclusive JANSEREK (dowamy) [Öňi: Janserek - roman / 5] DÖRDÜNJI BAP Hatar oturan üç öýüň diňe ýokary çetkisinde yşyk bardy. Agahan içerden agasynyň gulaga ýakymsyz şaňňy sesini eşidip, gapyň öňünde sägindi. ─ Haý, janawer, Haý, janawer... Weý-weý-weý, beýtme-le, tur-la... Hany, hany, ýörjen-ýörjen... ─ Ýaran gyjyklanýan ýaly hikirdedi. ─ Häk, samsyjak, häk, bedroýja... Ýykylyp ýatmasana, tur hany... ─ Içerde goýun mäledi. ─ Saňa näme gerek?! Häk, haram ölmüş diýsä... Gaýtmyşym, gaýtmyşym, ölmäweri, janawer... Agahan gapyny itdi. Sokma gapy serpildi. Ýaran erbet tisginip, el-aýagyny ýitirdi. Daýançsyz galan guzynyň sandyraýan göwresi oda tarap agdaryldy. Ýaran syçana topulan pişigiň çalasynlygynda ony ýerden göterdi. Guzynyň endamyna ýelmeşen küli kakyp: ─ Tas ýanypdy, weý, tas ýanypdy-da ─ diýdi. Şol mahal iç bosagada ýatan ene goýun boýnuny süýndürip ýene mäledi. ─ Ýeri, peläket, seňki näme diý-le?! Agahan salam berdi. ─ Amanlykmydyr? Saglykmydyr?.. Gapyny ýapaweri. ─ Arkaýyn bol, meni yzarlaýan adam ýok. ─ He-he-he, şonda-da gapy açyk durmasyn, ýapylsa gowy... Geçeweri, aýak üstünde durma, geçsene... Içerden goýun ýatagyna mahsus agryljyk ys göterildi. Ajy tüsse Agahanyň gözüni awuşatdy. Ol: ─ Ýatakda sowuk alar öýtdüňmi? ─ diýdi. ─ Howa maýyl ýaly-la... ─ Ähtimaldyr, ähtimaldyr... Wah-eý, janawer, ýanan ýeriň-ä ýokdur, baganaň bir abatmy?.. Daňdanyň aýazyndan ätiýaç etdim-de, ýanymdajyk saklaýyn diýdim. Ol guzynyň bugaryp ugran baganasyny sypalap oturanam bolsa, barybir öňki aladasyna dolanyp bilmedi. Gaýta: ─ Geleniňi bilmedik bolsalar, duýmadyk bolsalar, şükür et, gaty şükür et ─ diýdi. ─ Agyn ýöne, Gaýratyň ýeňiýoluklary obaň içinde aç it ýaly sümsünişip ýörler. ─ Olardan gorkmaly bolsa, ynha, men gorkmaly, sen gorkma ahyry. Olar saňa degmezler. Ýaran inisiniň äheňine bada-bat düşündi, güljek boldy, ýöne gülmek oňa başartmady. Sag gözüniň gabaklary tirpildeşip, ýarty ýüzüni çekip ugrady. Agzy mizan terezi ýaly gelşiksiz gyşardy, tompy burny towlanyp, bir tarapa düýrüldi. Garaz, gytygsy sakgalyndan tä darajyk maňlaýyna çenli aralyk erbet gyjynma sezewar boldy. Bir gözi zorluk bilen ýumuldy, beýlekisiniň agy köpeldi. Howsalasyny gizlemek Ýarana hiç mahalam başartmandy, ýöne onuň häzirki ýagdaýyna Agahanyň haýpy geldi. Ýaran jibrinip sorady: ─ O näme sebäbe maňa degmezler? Göniňden gel. ─ Sen olaryň diýenini edýärsiň. ─ Edýän, hawa, edýän, alajym ýok, alajym ýok. Sen özüňe osma, sen maňa görä gaýratly, dyzmaç. Weý, asyl men şony sorajakdym: howla ot beren kim? ─ Men-ä ony senden eşitjekdim. ─ Il erteki otarýar, ynanar ýaly däl. Hamala, Gaýrat näme diýenmiş: “Agahanyň tamynyň depesine baýdak dikjek ─ diýenmiş ─ baýam gelip otlanmyş". He-he-he, ýeri, şuňa ynanarmyň? ─ Şoňa ynanaý. ─ Näme, näme? ─ Ýene goýun mäledi. ─ Gapyl, haram ölmüş, seňki näme?! Gaýtmyşym, gaýtmyşym... Näme diýdiň? ─ “Iliň diýýäni dogry” diýdim. Ýaran garşysynda oturan inisiniň ýüzüne çiňerilip seretjek boldy, başarmady. Ýene ýüzi dartylyp ugrady. Bu sapar diňe agzy-burny däl, tutuş eňegi bir tarapa gyşaryp gitdi. Gyssanjyna: ─ Eý toba, eý toba ─ diýip samrady. ─ Neneň eliň bardy? Ýüregiň daşdanmy, demirdenmi? Beýle-de bir ahwalat bolarmy? O giden baýlyk, negözel jaýlar!.. Toba etdim, Hudaý jan, toba etdim! Ýaran turup, elindäki guzyny enesiniň öňünde goýdy. Şol aralykda ol ýene bir giden zat samyrdady, ýöne Agahan onuň bir sözüne-de düşünmedi. Gaýta şu adam bilen doganlygyna geň galdy. “Dogan dogana meňzemeli” diýýärler, emma pikir edip, özünde Ýarana bolan çigit ýaly meňzeşlik tapyp bilmedi. Çagalyk ýyllaryna ser saldy. Nätse-de, Ýaran şu durkundan üýtgemedi. Agahanyň garşysynda ýaşy altmyşa ýeten egni ýektaý donly adam otyr. Onuň halys guran bedeni sowuk alyp barýan ýaly sandyraýardy. Olaryň arasynda on ýaş tapawut bolmaly, ýöne Ýaran ellä ýetende-de garry adamdy. Asyl bu adamyň çagalygy bir boldumyka? Bu şübhesini ýalana çykarjak delil häzir onuň hakydasyna gelmedi. Ikisiniň aralygyndaky üç gyzyň çagalyk döwründen käbir wakalar üzlem-saplam göz öňüne gelýärdi, emma Ýarana gezek gelende weli... Hawa, Ýaranyň gözüniň çekmesi ir başlanypdy. Deň-duşlarynyň: “Agaň utanman gelin-gyzlara-da göz gypyp ýör” diýip gülüşýänleri Agahanyň ýadynda, ýöne şol mahalam Ýaran uly adamdy. Ol ahyry, belki, ýaş tapawudy köpeldigiçe dogan dogana az meňzeýändir diýen netijä geldi. Agahanyň uzak eglenesi gelmedi. Ol: ─ Ýaran, men işli geldim ─ diýdi. ─ Senlik ýumuş bar. ─ Menlik ýumuş?.. O nähili ýumuş?.. Dur, dur, öňürti saňa bir zat aýdaýyn. Agahan, sen meni tanaýaň dälmi? ─ Hawa, tanaýan. ─ Tanasaň, inim, agaň başarjak ýumşuny buýurgynyň... ─ Eger isleseň, başararsyň! ─ He-he-he, seret-le muňa... Haýsy bir islän zadymy başaraýyn? Ynha, sen başarýaň, tüweleme, başarýaň! Gaýrata-da per bereňok, şuraňam gözüne çöp atyp bilýäň. Tüweleme, sen zor, Agahan! Zora zor diýmeli. Men Hudaý uran weli, ähli zada kaýyl. Zamana bulaşdy, çäräm ýok. “Batrak saklamaly däl” diýdiler, saklamok. Saklajagam däl, ýalta betbagtlary başyma ýapaýynmy? Ähli işi edýän özümiz, Möwlam ikimiz. Hudaýa şükür, ýetişýäs. Kyn, kyn bolanda nätjek?! Bu ýalançyda aňsat zat barmy?! “Salgyt” diýýäler, berýän. Bermeseň, Orsýetde gözüňi açjaklar. Eý, Hudaý, toba, neneňsi zamana boldy?!. ─ Goýun ýene mäledi. ─ Indi saňa merk gerekmi, haram ölmüş?!. Gaýtmyşym... Gaýrat diýlen adam gorkunç, edil albassy ýaly. Men-ä gorkýan, boýnuma aljak, gorkýan. O ady ýitmiş etrýady nätdi? Dargatdy. Möwlam janam kowupdyr. Ballyň ogly, Öweziň ogly ─ bary kowuldy. Gelmän geçen nireden geldi diýsene!.. Gyzyllaryň arasynda ölüp giden bolsa, allanäme bolardy. Indi etrýadda diňe ýaňky ýer urup, ýerde galanlaryň çagalary diýýä. Häzir bol, Agahan, seresap bol, Agahan!.. Haý, diýseňem, men ynanmadym. Gaýrat otlan bolmasyn ä? ─ Hawa, Gaýratam otlap biler. Otrýaddan baý ogullaryny kowan adamyň baý mülküni otlamaga-da gaýraty çatar. Eýsem, men nädogry aýdýanmy? ─ Ähtimaldyr, ähtimaldyr ─ Ýaran siňekden goranýan ýaly elini silkdi. ─ Diýlene ynanmakdan başga alaç ýok. Haka nähak diýmeli, nähaka hak. Ine, bu zamana şony göterýär. Her näme-de bolsa, Agahan, maňa takyk ýerini aýt: kim otlady? ─ Biz diňe Gaýrat otlady diýmeli. Il-gün ynanar gerek. ─ He-he, il-gün näme diýseň ynanar. Il-gün saňa-da ynanar, Gaýratyň sözüne-de “ýalan” diýmez. ─ O bolanok. ─ Weý, weý, bolmasa nädeýin? ─ Bolar ýaly etmeli! Dowul ýaýratmaga şundan amatly delil tapylmaz. Eger-de başaryp bolsa, bu delil okdan ýaman bolar. Ýöne bir şert bilen: tüpeňi iňňän mergen adamyň eline bermeli. Towşany turan dessine atmasaň, soňra onuň islendik peşmege bukulyp, ondan sypmagy ähtimaldyr. Meniň üçin Gaýrat edil häzirlikçe şol towşan. Maňa awçy gerek. Senden başga maňlaýymy direjegim ýok, Ýaran. Ine, men, ine-de sen. Göwnüňdäkini çekinmän ýüzüme aýt. Ýaran dymdy. Ol bu sapar goýnuň mälänine-de üns bermedi. Ol Agahanyň teklibini diňe bir manyda ─ “Jan gerekmi ýa pyçak?” diýen manyda kabul etdi. Elbetde, Ýarana jan gerekdi. Ol şu sowalyň çürt-kesik goýulmagyndan hemişe öler ýaly gorkýardy, häzirem gorkdy. “Çykmadyk janda umyt bar” diýýärler. Ýaranam umyt bilen ýaşaýardy. Ol şura hökümeti uzak durmaz öýdýärdi. Kolhoz diýlen aýylganç zat gurlup başlasa, iliň emlägi elinden alnyp, aýalyna-gyzyna çenli ortalyk edilse, adamlar muňa çydamaz. Ýeňiýoluklar emläksiz ýaşamaga endik edinenem bolsalar, namysa gezek gelende olaryň gazabyna duçar bolan özüň bolma! Barlylar adamyň mertebesini kesgitlänlerinde ilki emlägi göz öňünde tutup, soňra namysyň gürrüňini edýärler. Ýeňiýoluklar üçin weli, diňe namys! Olar üçin namysyň päkligi baryp ýatan belent mertebe. Olar namys diýlen zada edil barlylaryň emläge seredişi ýaly seredýärler. Eger kolhoz olaryň namysyna dalaş etse, olara diňe ölüm galýar. Namys üçin ölmegi bolsa, olar iň uly gahrymançylyk saýýarlar. Şuranyň bu günki daýanjy ertir onuň ganym duşmanyna öwrüler. Şol zerarlam kolhozyň guraljagyna gynanman, gaýta heşelle kakmaly. Goý, çaltrak guralsyn! Agahanyň gahary köp ýerde onuň paýhasyndan öňe geçýär. Ol häzirem şol gahar bilen gelipdir, özem agasynyň eline pyçak tutdurjak bolýar. Pyçaga ýapyşan adamyň ýaňky umytly güni görmän öläýmegi ähtimal ahyry. Ýaran: ─ Sen töwekgel adam, men-ä saňa haýran ─ diýdi. ─ Ýok-ýok, seňki bu çaka çenli şowuna boldy, tüweleme, baýlygyň artdy. ─ Häzir biz başga zadyň gürrüňini edýäs, Ýaran. ─ He-he-he, hemmesem aňyrsyna seredip otursaň bir zatdyr. Ýadyňdamy, şo sapar men Pendi çölüne gitmedim? Seň diýeniňe ynandymam, ýöne gitmedim. “O taýda gurakçylykmyş, mal ölýärmiş” diýip öňem eşitdim, saňa-da ynandym, ýöne gitmedim. Malyň arzandygynam bilýärdim. Sen töwekgellik etdiň, gitdiň-de bir süri goýun alyp geläýdiň. “Süri ýolda gyrylar, pulum köýer” diýmediň. Men akmak weli, gorkup ýaýdandym oturdym. Ýaýdanç gursun! Emläk üçin töwekgellik gerek, sen dogry edýäň, Agahan. Seň başaranyňy men başarman, sen maňa käýinme. ─ Ýeri, bu söze nähili düşünmeli? ─ Tüweleme, seň döwletiň meňkä görä üç esse, dört esse artyk, nesip etsin! Bir gezeklikçe töwekgellik başa barmady hasap et, şonda-da seň emlägiň diňe bir bölegini ýitirersiň, men bagtygara weli, baryny ýitirýän, tüwmaýak galýan. Sadagaň bolaýyn, Agahan, sen agaňa dogry düşünjek bolaweri... Ýaran boýnuny burup, naýynjar garady, emma Agahan onuň damagy çalynjak çebşiňki ýaly agy köpelen gözlerinde hileden başga zat görmedi. “Ol bahyl ─ diýdi ─ bahyl bolmasa häli-şindi Agahanyň malynyň köpdügini ýaňzytmazdy. Ol Agahanyň kyn gününe ýananok, gaýta onuň sergezdançylygyna heşelle kakýar. Beýle adam bilen diňe gönümel gürleşseň ýeňersiň!” Agahan: ─ Arkadaşlyk iki tarapdan bolmalydyr ─ diýdi. ─ Düşünýän, düşünýän-le... Dogry aýdýarsyň, gaty mamla... Ýaranyň gözüne bada-bat çöldäki iki süri goýny geldi. Ol iki süri şura hökümetiniň hasabynda ýokdy. Olar Agahanyň maly bilen bile bakylýardy. Şuny ýatlatmak bilen Agahan: “Jan gerekmi ýa pyçak?” diýen sowalyň möhümdigini nygtaýardy. Ýaran ýygrylyp oturyşyna, özüni duzaga düşen serçä meňzetdi, alaçsyz pasyrdady: ─ Alla saklasyn, men saňa “ýok” diýjek bolamok, Agahan. Onda sen men görgülä düşünmänsiň. Agahan sypaýyçylyk etdi: ─ Ähtimal. ─ Oglan, sen maňa eliňden gelen kömegi gaýgyraňok, onsoň men näsebäbe saňa “ýok” diýmeli?! Diýmen, asyl diýdirip bir gör! Diýmek, seň mülküňi Gaýrat otlapdyr, hop ýagşy! ─ Adam ogly ýalana çykaryp bilmez, biz örän duýdansyz etdik. ─ Hawa-la, hawa-la, tüweleme, siz ýeser. Il-gün nähili edip aýtsak, şoňa-da ynanar, ynanman, gitjek ýeri niremiş?! He-he-he... Il-gün hemişe teşne. Birimiz söz bilen, wada bilen ynandyrýas, beýlekimiz zat bilen. Garaz, her zat edýäs ─ ynandyrýas. Gaýratyň wadasyna serhoş bolanam bardyr, saňa onam aýdaýyn. Bolubersin, şonda-da ynandyrarys. Ynanmajak bolsalar, biz olara... biz olara... ─ “Zat bereris” diýjek bolýarmyň? ─ Aý, hawa-da, adamlaryň arasynda her hilisi bolýar. Söz diýlen zat, näçe süýjem bolsa, adam pakyr datmasa... ─ Bolýar, zadyň gaýgysyny etme. Agahan seňrigini ýygryp, Ýarana seredip oturyşyna, şeýle pikir etdi: ol tagallasynyň biderek giderinden gorkýar, öňünden öz gamyny iýýär. Olar Porsy baýdan galan iki erkek dogan. Agahan bäş ýaşly çagaka Ýarany öýlendiripdirler. Üç ýyl geçip-geçmänkä, baý uly oglunyň döwletini aýralapdyr. Iki ak öý dikip, üç süri goýun beripdir. Soňra baý üç gyzyny ýerleşdirip, abraýly gudalarynyň öňünde dili gysga bolmazlyk üçin, olary gymmat baha şaý-sep bilen gaýtarýar. Oňa deňiç Agahan ýigit çykýar. Körpe ogluny öýlendirende Porsy baýyň emläginiň bir bölegi galyňa gidýär, agyr süri goýnuny bolsa, agyr gyşda sirgege aldyrýar. Agahana iki süri goýun bilen üç ýüz tanap ýer miras galdy. Agahan öz başarnygy bilen süriniň sanyny alta ýetirdi. Şura hökümeti gelende dört ýüz tanap ýeri bardy. Ýaran weli, henize çenli Porsy baýyň mazaryny kesekläp ýör. Ol kakasyndan galan miras ummasyzdyr öýdýär. Şol miras bilenem Agahan rowaçlandy diýip hasap edýär. Şura hökümeti Agahanyň üç ýüz elli tanap ýerini gaňryp alanda, öňi bilen kim heşelle kakandyr? Elbetde, Ýaran! “Meni kemsiden adamy, Hudaý jan o dünýe-bu dünýe baýnatmaz” diýip käýinende, şuranyň adamlaryndan öňürti Ýaranyň göz öňüne Porsy baý bilen Agahanyň gelýändigine güwä geçse bolar. Ol özüni ýamanalgyly saýyp, her ädimine baha kesmäge endik edipdir. Ol ejiz, ejiz adamlar adatça bahyl bolýarlar. Her ädimde olara üns bermek Agahanyň pikirine görä belent mertebäňi peseltmekdi. Agasynyň eline düşen zadyň ile ýetjegine inisiniň kalbynda şübhe döredi. Agahan öz ýanyndan käýindi: “Ýaran akmak adam. Häzirki pajygaly pursat biz üçin ─ jan gerekmi-pyçak?! Şu mahal özüňe peýda, bähbit gözlemeli däl-ä! Barlylaryň edähedi şeýle. Olara diňe baýlyk ber, olara doganam gerek däl, garyndaşam. Ýeňiýoluklar agzybir, olaryň arasynda baýlyk ýok, şol zerarlam olar biri-biri bilen çalt ysnyşýarlar. Olar üçin “şübhe”, “ikirjiňlenme” diýen zat ─ ýat, olaryň eňen ugry! Ine, şura häkimiýeti şuňa düşündi. Biz weli, şu ýagdaýy görüp durkagam ikirjiňlenýäs, sebäbi “baýlygymyz elden gidäýmesin” diýen ätiýaç biziň her ädimimizi şübhe bilen basmaga mejbur edýär. Akmak, seniň goraglap oturan baýlygyňdan, häzir biziň üçin, garyp-gasaryň arasyndaky raýdaşlyk has derwaýys!” Soňra diňe Agahanyň özi gürledi, Ýaran birsyhly baş atdy. ─ Çemini tapyp, Kösäň ýanyna bar-da, bolan gürrüňi bolşy ýaly aýt. ─ Hop ýagşy, hop ýagşy... ─ Arza-şikaýaty nirä ýazmaly, nähili ýazmaly, ony Kösäň özi gowy bilýändir. ─ Berekella!.. ─ “Eger Gaýraty garalamak başartsa, Agahan eçiler” diý. ─ Hawa-la, hawa-la... ─ Ýok, takyk baha eşitmese, etmez, men oňa belet. “Agahanyň sürüsinde otuz sany goýnuň bar” diý. ─ Bäh-bäh!.. Hatam Taý bolduň-la... ─ Dowul ýaýransoň, şura başlygy diýip, her kim Kösä ýüz tutar. “Ynha, bahym kolhoz guruljak, oýny şonda görersiňiz ─ diýsin. ─ Kimde-kim kolhoza girmese, öýüne ot beriljek, Gaýratyň elinde ýokardan görkezme bar” diýsin. ─ Berekella!.. ─ Oba näçe çalt pytyrasa, şonça gowy. Bu sapar Ýaran Agahanyň sözüni tassyklamaga howlukmady, ýaýdanç bilen inisiniň ýüzüne çiňerilip: ─ Meň ýalňyşýan bolmagym ähtimaldyr weli ─ diýip, ýaýdanmaç gürledi. ─ Gaýta, dargaman, oba üýşülse nädýär?.. Ýogsa, diňe ýeňiýoluk galar, beýlekem dargar gider. O betbagt Gaýrata geregem şol. Biz bolmasak, gurdy gündiz uwlar. ─ Biziň gitjek ýerimiz ýok, ýeňiýolugam gapdalymyzda bolar. ─ Şeýle öz-ä... Ýaran öz pikirini beýan edip: “Biraz sabyr edeli, kolhoz bahanasy bilen bu düzgüniň çambalagy çaşar, oda-köze düşmäli” diýjek boldy, ýöne gaýraty çatmady. Gol gowşuryp, keseden garap oturmagy Agahan başarmaz, gaýta ýene Ýarany gorkaklykda aýyplar öýtdi. Kişiň bähbidi üçin bigadyr görnesi gelmedi. Syryny pynhan saklamagy makul bildi. Salym geçmänkä ol bu syryny ähli kişiden, şol sanda inisindenem gabandy. Agahan: ─ Ýeňiýoluk yzymyza düşmez öýtdüňmi? ─ diýdi. ─ Düşer-le, düşer-le, gitjek ýeri niremiş?.. ─ Rahmandan mysal alaýgynyň. ─ Wiý, “Rahman” diýip, asyl, gowy ýatlatdyň. Indi o işigaýdanyň heleýi Gaýratlarda bolýarmyş, “Öýi gulply dur” diýdiler. ─ Ä-hä, şeý diýsene... Agahan alada bilen dymdy. ─ “Öz gözüm bilen gördüm” diýsem, elbetde, ýalançy. ─ Dogrudyr, tüýs bolaýjak zat... Onda men-ä turaýsam diýýän. ─ Wah, çaýjagazam-a içmediň. ─ Ýene bir öwrümde. ─ Mal-garaň ýagdaýy neneňkä, dölem düşendir? ─ Oňşarça bar. ─ Agahan, bi, gulagyma bir habar geldi, çynmy-ýalanmy ─ onçasyny biljek däl, ýöne diýýän-ä, şu çopan halky bilen oýun etmäwergin, azdyrarsyň. ─ Hawa, “Hakyňyza bir tokly goşýan” diýdim, monça boldular. Daýhan üýtgände, çopan üýtgemez öýtdüňmi? Hemme kişi üýtgedi, diňe sen üýtgäňok, Ýaran! ─ Onuň sesi gataldy. ─ Hawa, ýene bir zady ýatdan çykarma: Gaýrat diňe bir Agahanyň mülküni otlany bilen oňmaz, galanynam özüň görersiň... Agahanyň gidenine çaý içim salym geçmänkä, Rahmanyň gara öýüni al ýalyn asmana göterdi. * * * Dowamy: Janserek - roman / 7 © Tirkiş JUMAGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |