Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:12
Jawa
JAWA

Biz ýalňyz galarys, eýýäm gije bolar.
Biz ýalňyz galarys, meň ümsümligim hem meň ýassygym
hem penjire bolar, bimany bakyşly
gämiler hem köprüler iňňä sapak dakýan.
Men aýdaryn: Eýýäm gaty giç
Ýöne maňa jogap bermez
meň elliklem-de, daragymam
diňe seniň ysyň, seň undulan atyryň
tagamnama deý ýatandyr stolda düňderilgi
Bu jawa
Gidip barýanyňky
Bu onuň jawasy
Bu meniň gamgyn jawam.

Men almany dişlärin, çekerin çilim
mylky gijesiniň buýnuzynyň sallanyşyna garap
oň äpet balykgulagy mahmal örtülen
onda seň teniň ýatyr Aýa çirkizilen
Men aýdaryn: Eýýäm gije
hem biz ylalaşarys, küle-de, goşa-da
garyp çagalar üçin öz aý gurjaklaryn galdyrýan
burçda galdyrýan sazsandykçy bilen
Bu jawa
Gidip barýanyňky
Bu onuň jawasy
Bu meniň gamgyn jawam
Dogry, ýürek, aýdym aýt galýan zat hakda
aýt aýdym, öýüň aladasynda galýan hakda.

Ява

Мы останемся одни и вдруг наступит ночь,
Мы останемся одни - моя подушка и мое молчанье,
И открытое окно напрасно покажет корабли
Да ниточки мостов, входящие в иголки.
Я скажу: уже так поздно,
Но мне не ответят
Ни перчатки мои, ни расческа,
Только запах твой, забытый аромат,
Словно записка, брошенная на стол.

Съем яблоко, выкурю сигарету,
Посмотрю, как опускает ножки медуза ночь -
Свои роскошные щупальца, покрытые вельветом,
В которых спит твое тело, сожженное луной.
И я скажу: уже ночь,
И мы согласимся (и мебель, и пепел)
С шарманщиком, что чинит на углу
Лунные марионетки для бедных детей.
Это танец того, кто уходит.
Это Ява -
Моя грустная пляска.
Все справедливо, сердце мое,
Эта песня для того, кто остается,
Кто остается, чтобы спасти дом.

© Hulio Kortasar
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hulio Kortasar | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Bagabat • 09:14, 14.12.2022
Internetden tapan maglumatlaryma görä, Hulio Kortasar “jawa” diýen söz bilen öz döwründe ýaşlaryň arasynda meşhur bolan latynamerikan tangosynyň “jawa” diýlip atlandyrylýan bir görnüşini göz öňünde tutupdyr öýdýän.
Şu ýerde bir pikir geldi – Tanslaram edil adamlar ýaly.
Möwriti geçýär – ölýär.
Gadymyýetiň: “Merlezon baleti - üçünji akt!” diýilýän asylzada sallam-sajaklykdan doly, haýaljak tanslaryn-a göz öňünde-de tutamok.
Kim şu wagt mazurka, kotilýon, polonez, polka, krakowýanka, pa de katr, kadril ýaly 19-njy asyryň bal tanslaryny edýär?
Bu meselede köçe tanslarynyň ömri hasam gysga.
Ýadyma düşýä, :-), geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Kakow Öwezowyň (Kakow “eşek” diýýädiler) “eh limonçiki, wy maýi çerwonçiki” diýip aýdýan blatnoý aýdymynyň özboluşly bir toý tansyna mežnun bolardyk.
Ondan soň 2000-nji ýyllarda Mustafa Sandalyň “Onuň arabasy war, guzelmi-guzel” diýip bir aýdymyna, däli-telbe tans çykypdy.
Ýa-da geçen asyryň segseninji ýyllarynda gögele halkynyň hemmesi “Tansordisko” (Disko tansçysy) atly hindi kinosynyň täsiri bilen diskoň magşugyna öwrülipdi. Ondan soňam breýk-dansyň (robotlaryň tansynyň) ölemenidik.
Bir döwür bolsa Maýkl Jeksonyň “aý ýöreýşi” (лунная походка, moonwalk) biziň jahyl başymyzy teneçirganata dönderip, pyr-pyr pyrlaýardy.
Heh...
A siz bolsa, don Hulio, “jawa” diýýäňiz, “tango” diýýäňiz, “bolero” ýa-da “sambo” diýýäňiz...
Indiki ýaşlar bolsa, gardaşlar, tehnoň, tektonigiň, elektro-densiň, pappingiň we ş.m. yşgynda perwana :-)...
Megerem, bize-de öz döwründe ýaşy ellä ýetip barýan “garryjalarymyz”: “Bih, bü kelesaňlaň bo:p börüşlern-aýt! Şüleňem kädi-kellesinne nämmar? Heýç bilip bilmiýäň! Edýän tänsleri dagy näteňet? Bü, bor-a-how ine, lezgiňka diýdi, ça-ça-ça diýdi, twist diýdi, halys bolmanda “degene gözüm mennen dä: – gammar pyrlampaç” diýdi wir, narmanny tanslar...Päh, tüfüňemmiri diýsäni...” diýip, gaýybana hüňürdän bolsalar gerek :-).
Olara-da öz döwrüniň “garryjalary”, megerem: “Neçüýn, negözel küştdepdi oýnymyýaňyz-ow, peläketler!” diýip igenendirler...
avatar
1
2 sussupessimist • 16:18, 18.11.2023
Terjime tagaşyksyz, robotlaç.
Yone orsçasyny okap, Kortasaryň gowja goşgy yazyanlygynam bilip galdym.
Талантливый человек талантлив во всем diyilşi yaly.

Yawa - tango bolsa, tango-da edip bir yitip baryan tanslara degişli däl. Latyn amerikasy uçin küştdepdi yaly enteg-ä könelmejek źanr. Diňe Astor Piazzolanyň hem Karlos Gardel yaly kompozitorlaryň owadan tango sazlary uçinem entek yitmage haky yok.
"Scent of a woman" atly kinoda Al Paçinoň kör gahrymanynyň edyän tangosyny gõrseňem muňa gõz yetiryäň.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203