08:39 Jellat gözlä | |
JELLAT GÖZLÄ Ýaradanyň özgeleri kemsidip, Bir saňa bagş eden gara gözleri, Seredende gözlerime geňsi edip, Sözledim men, şahyr bolup sözledim. Seň nazarňa erär ýag deý daşlaram, Seň nazarňa gerler ýaý deý gaşlamam, Reňki öçüp, gyrylmaýar saçlamam, Çözleseň sen, Tahyr bolup çözleseň. Seň owadan gözleriňden haýykýan, Olar maňa bir zatlara aýytýar, Ýigitlere gyz gözlemek aýyp däl, Gözle sen, sen jahyl bolup gözle sen. Gije – gündiz çekip bilmän suratyň, Gözlerimiň göwni galýar köp gezek, Getirsediň gözlem üçin syratyň, Dözmeseň sen, Tagsyr bolup dözmeseň. *** ...Seň gözleriň dowzah, şübhesiz dowzah, Meni müň bir oda dözen zalym sen. Ýok, gözleriň uçmah, şübhesiz uçmah, Diňe şol gözlerde gözel halym meň, Emma jellat gözlim, eý, jahyl gözlim, Özge sen, sen ahym bolup özge sen. O1.10.2007ý. | |
|
Ähli teswirler: 12 | |
| |