Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:31
Jüýjejik azaşypdyr!


Men jüýjämi gowy görýän...
(ulular üçin aýdymjyk)

Gowy görýän-ä, gowy görýän,
Men jüýjämi gowy görýän!
Şonuň üçin iým berýän,
Şonuň üçin suw berýän...

Ýene ýagşy ulalar,
Ýumurtga berer olar.
Heýjan-elek, jan elek,
Her gün iýem heýgenek...

Käte içjek çiginem,
Köp güýç bereri ýaly.
Gatap giden içimi
Gowja süreri ýaly.

Iýjek irden gaýnadyp,
Ýatar garna iýmerin.
Ertirligmi gaýgy edip,
“Näme iýsemkäm?!” diýmerin.

Gowy görýän-ä, gowy görýän,
Men jüýjämi gowy görýän!
Şonuň üçin iým berýän,
Şonuň üçin suw berýän...

Öz agzymdan artaýsa,
Özgelere satsam nä?!
Guzlamasyn goýsalar,
Gazanjygma atsam nä?!

Kä salsam howurpeçe,
Kemsizje buglajak kä...
Ýa içi jüýjelije
Ýagly palow näderkä?!

Ýanyndan nan ýanaman,
Ýöne iýjek çişlik men.
Iýjek käte günortan,
Iýjek köplenç giçlik men...

Iýsin alsa, biljek kän,
Yzyn üzmän geljek kän.
...Men jüýjämi gowy görýän,
Hiçkime-de berjek däl...

Annamuhammet Kirşenow
Bölümler: Çagalar edebiyaty | Görülen: 91 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Lacrymosa • 14:33, 16.12.2023
Çüşşş! Ýuwaşyň! Saýta Ahmet Meläni getirjek bolup duzak gurdum...
avatar
0
2 aygull • 16:14, 16.12.2023
Geler Ahmet Mele "jüýp" sesin aňsa...
avatar
0
3 aygull • 16:15, 16.12.2023
Profiliňdäki Kleopatromy ýa Kleýpatro?
avatar
0
4 Lacrymosa • 16:20, 16.12.2023
Hahahahah, genial boldy, Aýgül, sagja bol!
avatar
0
5 Lacrymosa • 16:21, 16.12.2023
Sen kim diýseň, şo bolar,
avatar
0
6 aygull • 18:13, 16.12.2023
Geroyopatro bolsun
avatar
0
7 Lacrymosa • 18:38, 16.12.2023
Alla abraý bersin, Aýgül, bu sözüň manysyny bilmek üçin Google poisk bermäge-de gorkýan
Ýöne men ynanýan saňa, goý, Geroýopatro bolsun!
avatar
0
8 aygull • 18:41, 16.12.2023
Maňa ynan. Hemme zat şol diýşimiz ýaly bolar. Görýäňmi, eýýäm diýenlerimiziñ poçti bary bold-a.
avatar
0
9 Lacrymosa • 12:25, 19.01.2024
Ah, Jüýjejik!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203