01:33 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - romanyñ dowamy 2 | |
Exclusive romanyñ başyny bu ýerden oka-1 Elleri gandally Abdyllany garaňky binanyň garaňky basgançaklary bilen garaňky ýerzemine idenekledip eltdiler. Ýerzemindäki kapasalaryň birinde, demir gözenege ildirilen öçügsi çyranyň astynda boýy syryk ýaly ors Abdyllanyň ähli jübülerini elini sokup barlady, bar puluny çykardy, soň kemerini çözüp aýyrdy. “Ine, şuňa goluňy çek!” diýip, bir bölek kagyz uzatdy. Abdylla elindäki gandala ümledi. – Hä, ýazyjysumak, gijäp duran eliň gysgalaýdymy? – diýip, ädigi bilen dyzyna depdi, Abdylla agyra çydaman, iki büküldi. – Indi ruçkany dişläp, goluňy çek! – diýip, türme jellady arlady. – Bes, Winokurow! – diýip, öýi dörenleriň biri ara goşuldy. – Gelen dessine öldürip oturyberme! Men entek bu üflisi sorag etmeli. Häzirlikçe ýeke adamlyk kamera taşlaň! Ýolbaşçy bolsa gerek, ol buýruk berenden soň Winokurowy baýramçylyk bilen gutlap, özi öýe, çagalarynyň arasynda Täze ýyly garşylamaga gidýändigini aýtdy. Tussagy bolsa, Winokurowyň garamagynda galdyrdy. Winokurow Täze ýyl gijesi nobatçylyk çekmeli bolandygyna gahar edipmi ýa baýramçylygy öňünden belläp, içgililigi sebäplimi, Abdyllany aýak astyna alyp, depgiledi, sögdi, urdy, çalajan halda ýeke adamlyk kamera taşlady. Bokurdagyna ýapyşaýyn diýse, goly gandally, dişläýin diýse, namartlyk, tä ganjarýança dodagyny dişläp, Abdylla bu ýigrenji mahlugy Hudaýa tabşyrdy. Çydap bolmajak agyrylara-da öwrenişse bolýar. Alýan demiňi agyrynyň sarsgynyna gabat getirip, onuň möwjemegine taýyn halda garaşyberýäň. Ýöne adalatsyzlygyň jebrine welin çydap bolanok, ejizligiň berýän ejirini çekmek mümkin däl. Abdylla Winokurowyň doňbagyrlygyny we edýän zulum-süteminiň sebäbini onuň ors milletinden bolanlygy üçindir diýip güman etdi. Soň öýden çykyp ugranlarynda tatar sülçiniň çalgyrt özbek dilinde: “Biz seni tanaýas. Hemşerileriň bardygyny bize ýetirýärler” diýen gürrüňi ýadyna düşdi. Türme türme bolýar-da, urlup-ýenjilmekden gutulmajagyň belli zat. 1926-njy ýylda-da Abdyllany öldir ýaly ýenjipdiler. O gezek saýry millet däl, garagöz ekiz özbekler. Ýöne şo gezegem ýüregine gan ýuwutdyran depgidir ýumruk bolman, dost diýip ýören, ynanyşýan, “garagözleriň” hyýanaty boldy. Şonda şo “garagözlere” ýaňadan sataşanyndan, iň gowusy, özüni atyp öldürmeklerini haýyş edipdi. Şonda ýaşlyk badyhowalygy bilen ne bala-çagasy barada, ne-de Rahbar barada pikir edipdir. Rahbar hanym çagalara niýetlän apelsinlerini berdimikä? Ertir (ýa eýýäm bu günmi?) Abdylla çagalaryny Demirýolçular köşgüne, arça baýramyna äkitmekçidi. Demirýolçularyň köşgünde arçalaryň iň ulusy, tomaşanyň hem iň şüweleňlisi bolmaly. Öten ýyl çagalar bar zatdan beter adam diline düşünýän, tälim berlen itleri gowy gördüler. Bu ajaýyp jandarlar sanide bir-birini gezekli-gezegine süýräp çekýärdiler. Rahbar çagalary alyp bararmyka? Ýa alyp barsa-da, goýbermezlermikä? Tussagyň çagalary diýip, nejisler gapyň agzyndan kowaýarlarmyka? Çagalaryny ýatlap, onuň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ýadyna düşýär, bir gezek çaga mahaly, ýerli rus mekdebinde okaýarka höwes edip, gelşikli täze balakdyr täze don geýip arça baýramyna gidermen boldy. Şonda mekdebiň garawuly dikdüşdi Halmürze ony gapyda saklap: “Senem kapyr bolduňmy?” diýip, taýak bilen baldyryna ýelmäpdi. Muny gören edebiýat mugallymy Georgiý Ýewstigneýewiç garrynyň ýanyna gelip, arassa türki dilde: “Bu Merýem ogly Isaň doglan gününiň baýramy ahyryn. Isa seniňem pygamberiň-ä!” diýipdi. Şonda aýagy ganap, täze balagyna gan degip, Abdylla arça baýramyna derek Georgiý Ýewstigneýewiçiň paýtuny bilen ilki keselhana, soňam öýlerine gaýdypdy. Ýok, sahawatyň hem, haýynlygyň hem milleti bolmaz eken. Şeýle pikirler bilen Abdyllanyň oý-hyýallary ýene alyslara uçdy... *** Owlakgapdydan soň bir hepde geçip-geçmänkä Hekim guşbegiden ýene çapar geldi: “Merhemetli ataňyzyň jan guşy panydan baka göç etdi. Galanyň derwezesini berk goraýşymyz ýaly, bu habary-da entek syr hökmünde ýaşyryn saklaýas. Wagt ýitirmän, şaýyňyzy tutup, ýas baglamaly ýeriňize – Buharaýy şerife garşy atlanyň!” Taýyn bolup oturandyklary üçin üç ýüz atly bilen Nasrulla han Buhara tarap ýüzlendi. Emma Güni etek bilen ýapyp bolmaýar. Emir Haýdaryň ölümi baradaky habar öýme-öý bütin şähere ýaýrady. Emiriň uly ogly Hüseýin töre ajy habary eşiden dessine öz nökerleri bilen köşge ýetmäge howlukdy. Hekim guşbegi galanyň derwezesini gaýym saklajakdygyny Nasrulla hana wada beripdi. Ýöne Nasrulla hanyň öz esgerleri bilen Buhara ýetip gelýändiklerini bilen Hüseýin töre onuň topalaň turuzmakçy bolan tarapdarlaryny myltygyň oky bilen garşylady. Çünki olar derwezäniň agzyna gelipdiler, Hüseýin töre bolsa öz ýaranlary bilen golaýdaky zikgehananyň jaýynda gizlenipdi. Şol wagt Hekim guşbegi bularyň depesinden daşdyr agaç kesindilerini ýagdyrmagy buýurdy. Köşgüň diwarlarynyň üstünden zyňylýan daşlaryň biri Hüseýin töräniň kellesini ýardy. Gana bulansa-da, töre pälinden gaýtmady. Gaýtam, ýaralanan şazadany görüp, onuň adamlary gazaba mündüler. Gorag germewinden aşyp, ýokardan doly ýaly ýagýan daşalara hem garaman, köşgüň derwezesine topuldylar, zyňlan daşlar bilen ony urup syndyrdylar. Damjadan soň akymyň, akymdan soň siliň gelşi dek galanyň içine bosup girdiler. Ýaralanan şazada Hüseýin derwezeden emir hökmünde girdi. Bulagaý Hekim guşbegini agtardy, hiç ýerden tapyp bilmedi. Birsellemden topçy Rejebiň çapylyp togalanan kellesini eline alyp, Hekim guşbeginiň özi emiriň gaşyna geldi. “Bir çemçe ganymy geçiň, gaflat ukusynda ýatypdyryn. Ine, bi gurrumsak it ogly bolsa, Siziň alyhezretleriňize galanyň derwezesini açyp bermegiň ýerine ot açypdyr!” diýşine baş egip, ýalym-ýulum etdi. Hüseýin töre onuň günäsini geçip, atasynyň ýoluny tutdy, ony özüne wezir edip belledi. Ertesi Hüseýin töräni emirlige göterdiler. Ýöne tagtda oturanyna ýyl geçmänkä ol nämälim bir kesele ýolukdy. Demi güýçli tebipleriň eden azaplary ýerine düşmän, üç aýa ýeter-ýetmez wagtda amanadyny tabşyrdy. Nasrulla han öz aşhana işlerine serenjam berijisini peşgeş hökmünde Hüseýin töräniň hyzmatyna ýollapdy. “Mergimuş zäherini-de özi bilen alyp giden eken-ow bu deýýus!” diýip, ol öz ýanyndan oýlandy-da, nökerlerini alyp, ýene Buhara garşy ýola düşdi... *** Hyýalbentlik täsin zat. Bular nireden peýda boldy? Bedenine salnan ýaralardanmy ýa Winokurowyň abyr-zabryndanmy? Belki-de, “ölmez-ýitmez” gürji hökümdaryny ýatlany üçindir? Ýogsa, Täze ýyl gijesi Abdylla yzynda çyrlap galan çagalary barada pikir edäýjek ýaly... Dogrudanam, kakasynyň aýdyşy ýaly, ýazyjy adamy jynlar heläk eder ekeni. Işe girişdiňmi, pikiriň-zikiriň döredijiligiňde, galany ownuk-uşak zatlar, hiç biri gözüňe görnenok. “Şu gyş basa oturyp işlesem, kyssany ýazyp gutararyn” diýşi ýaly, Abdylla geçen bir aýyň içinde ençeme kagyz garalady. Haýp, işiň bilinden urdular. Ana, ol gelmişek tatar tapan golýazmasyny Abdyllanyň öýündäki ýeke-täk çemedana salyp, özi bilen alyp geldi. Hemmesini okar öýdýäňmi? Köne elipbiýden başy çykýarmyka? Ýa ýene özüniň “garagözlerine” berip okadarmyka? Ýeri, kyssany nämüçin üzüm hoşajygyndan başlamadyň diýsene! Şeýdenligiňde, bagbanlaryň durmuşyndan kiçeňräk bir eser diýip, başyňy gutarsa bolardy. Ynha, indi muny-da boýnuňa goýsalar gerek! Hyýalbentlik täsin zat. Baýak emir Omar hanyň birinji toýy hakynda pikir edipdi. Andijan häkimi Rahmanguly bekiň 1220-nji hijri ýylynda özüniň ýetişen boý gyzy Mahlar aýymy emir Omar hana durmuşa çykarandygy hakynda ýazanlaryny, gudaçylyk dessurlaryny we toý-tomaşanyň ajaýyp şagalaňyny hyýalyndan geçiripdi. Emma nämüçindir hyýallary bu toýdan ikinji bir toýa geçip gidipdi. Nämedenkä? Ýazyp oturan çagyň bir zadyň üstünde döwnäňde bir sözmi ýa bir jümle sebäp bolýar-da, başga sahna geçip gidiberýäň. Hyýalbentlik täsin zat. Abdylla çekýän ten yzasyny we ruhy jebirlerini jähenneme salyp, zyňlyp taşlanan ýerinde özüni köşeşdirjek bolýan-a däldir-dä? Ýa ýyllaryň dowamynda adat edinen endigi – başyny ýassyga goýup, “Ётдим тинч” dogasyndan soň hyýal jylawyny erkine goýbermesi bu ýerde, çygly hem sowuk betonyň üstünde ýatyrka-da öz güýjüni görkezýärmi?.. “Ётдим тинч” dogasyny entek okanok ahyryn... Abdylla emir Omar hanyň birinji toýuny, irinmän, ýazyp beýan etdi. Döwlet köşgündäki ajaýyp dabaranyň gurnalyşyny, bagt mukamynyň asmanyň zümerret gümmezine ýaň salşyny, şatlyk şerabynyň pyýalalarda köpürjikleýşini, aýdym-sazyň ýürekleri ersdirişini... hemmesini ýazdy. Mahlar aýymyň gözelligini hem aýratyn taryp etdi. Onuň derek boýly, gaz boýunly, gelşikli kaddy-kamatyny, sesi beýleki zenanlaryňkydan az-kem gödegräk bolsa-da, äheňindäki bilner-bilinmez zarynlyga çenli birme-bir görkezdi. Abdylla emiriň ikinji toýuny beýan etmegiň başgarak usulyny agtardy. Arada ikinji toýuň sahnasy duýdansyz hyýalyna-da geldi. Şonda nämeleri göz öňüne getirdikä? Hä, emir Omar han üçünji sapar Gazy hojanyň öýüne sawçy edip ulama Magsym han töräniň geplemsek ogly Muhammethekim hany iberdi. Muhammethekim han emiriň ýegenidi, mähremleriniň biridi. Beýlekilerden gabansa-da, emir sawçylyga barylýan gyzyň gözelligini öz ýegeninden gabanyp oturmady. Ol ýerde neneňsi gep-gürrüňleriň bolany, nähili haýbatlaryň atylany, niçigsi wadalaryň berleni diňe sawçylaryň özlerine we ak gaşlaryny der basan Gazy hoja mälim. Ot bilen oýun etmeli däldigine oňat düşünýän Gazy hoja uludan demini alyp, razylyk alamaty hökmünde islese-islemese başyny atdy. Şol gün säher bilen Muhammethekim han gyzy öz öýlerine getirip, ejesi Aftab hanyma – emir Omar hanyň uýasyna tabşyrdy. Gyzyň jemalyny görensoň, agzyny açyp, aňk bolan sawçy ýigit enesine ýüzlenip, şu beýdi aýtdy: Jemalyny gören kişi aňk bolar, Ýüz ýaşan derwüşem aklyn aldyrar. Biçäre gyz köne köýnekli eken. Gelinligini görmäge howlugýan emir Omar han ony şahana atlaz-parçalar bilen beslemegi, gyzyň köne köýnegini bolsa, teperrik hökmünde kenizlere bermegi buýurdy. Kenizleriň bolsa, bu köne köýnegi keşdi çekmedi. Ýöne Abdyllanyň araky hyýalyna gelip, uçgun ýaly syçrap giden sahnasy bu däl. Onda nämekä? Birdenkä türme ümsümligini bozup, edrenç, döwsypat Winokurowyň gykylygy eşidildi: “Täze ýylyňyz bilen, çöpdüýbi deýýuslar!” © Hamid ISMOILOW © Terjime: Kakamyrat ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |