Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:12
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - romanyñ dowamy-4
***

Günüň gyzgyny hem aýdymyň gyzygy bilen göwünleri teselli tapan ýolagçylar (Кўк Жетик) Gök Žetik diýen ýaýla geldiler. Seýit Kasym töre aýaklaryny ýazyp, ikindi namazyny okaýança tanyş gyrgyz ýigitleriniň biri onuň atlaryny iýmledi. Ýigdekçe gyrgyz dostuny hem ýanyna alyp, garaňka galmazlyk üçin ýene ýola düşdi.
“Öňümizde ýene bir dag geçidi bar” diýip, seýit Kasym gyrgyz ýigidiniň daglylaryň şiwesinde aýdan sözüni Aýhanpaşşa bilen onuň jigilerine düşündirdi. Ana, şo diýilýän dag geçidinde-de Aýhanpaşşanyň ýüregi tas agzyndan çykypdy. Ýol ýokarylygyna şeýle bir dik welin, öňe omzaýan atlaryň dem almasy kynlaşyp, aýak alşy görnetin agyrlaşdy. Seýit Kasym töre bilen gyrgyz ýigidi arabadan düşdüler. Biri öňüne geçip, jylawyndan tutdy-da, ýokarylygyna dyzap ugrady. Beýlekisi bolsa bar güýji bilen arabanyň yzyndan itekledi.
Aýhanpaşşanyň hälki öz aýdymynda aýdyşy ýaly, Gün hem ýaşman, dagyň depesinde göýä gymyldysyz duran ýaly boldy. Dagyň aňyrsynda bataýyn diýse, bularyň arabalary-da ýokary çykyp, Güni gözden gizlemedi. Seýit Kasym hem ähli güýjüni jemläp, Güni ýaşyrman saklajaga jan edýän ýaly. Gorkudan ýaňa arabanyň bir burçuna gysylyp oturan Aýhanpaşşanyň gözleri nykap üzre bolsa-da, Günüň oýnaklaýan şöhlelerini uzagrak görmegiň arzuwynda...
Geçidiň ýokarysyna çykanlarynda baýak dalbara münendäkisi deý, göýä dünýäň depesinde gaýyp ýören ýaly bir duýgy peýda bolup, ýigidiň ýüregine howsala saldy. “Eý, Alla, şo merdiwan ýaly araba bilen aşaklygyna düňderilip gaýtmasam-da biridir!” diýip, gara der bolan köýneginiň ýakasyna tüýkürdi. Dagyň depesi ýap-ýagty, geçidiň iki tarapyndaky jülgeleri bolsa, garaňky basyp ugrapdyr.
Aýhanpaşşa üçin bu belentlige çykmak gorkunçmy ýa düşmek, biljek ýok.
Garaňky gatlyşyberende olar degresinde çeşme-çaýlar akyp ýatan Aral atly gözel ýere ýetdiler. Ýene bir sagatdan bolsa, giň asmanynda ýyldyz bary ýalkym saçýan Köne Nowkatyň bir çetinden girdiler.
Şol ýerde geçiren bir hepdesi Aýhanpaşşanyň ömründäki iň bagtly günler ekeni. Çünki bir aý geçip-geçmänkä olaryň külbesine emir Omar hanyň sawçylary gelipdi. Şol ýylyň tomsunda Aýhanpaşşa emir Omar hanyň üçünji aýaly bolup nikalaşmaga mejbur boldy. Ol köşge kapasa düşen guş dek girdi...
Bu ýerde agyry-yzadan kimiň köp ejir çekýänini Abdyllanyň özi-de bilip bilmedi. Ýaş ýigit seýit Kasymyň dalbardan ýa dag geçidinden däl-de, parlak ýyldyzly asmandan gara ýere kelemenläp ýykylmasynyň yzasymy ýa gar üstünde zar aglap galan mähriban jigileriniň göz öňünden birjik-de aýrylmaýan şekilleri üçin Aýhanpaşşanyň çekýän ezýetimi? Haýsysy agyr? Abdyllanyň özi nirede ýatyr? Bu dünýäde, bu soňy görünmeýän zulmatda nämeler bolup ýör? Agyrydan, awunmadan beter näme bar?..
Dagyň depesinde asyl-asyl bolup duran Gün bäş sany narynç apelsin ýaly tigirlenip aşak düşdi. Abdyllany tukat uky basmarlady...

***

Ertesi irden türmäniň gapysy şakyrdap açyldy. Abdylla tisginip oýandy: “Men niredekäm?”
Aşpez esger bir okara tagamsyz suwuk nahar bilen bir kürüşge çaý goýup gitdi. Türmede ilkinji gün ukudan oýanmak üýtgeşik ýagdaý. Abdylla muňa öňki gezek tussag edilende oňat göz ýetiripdi. Alasarmyk uka gidip, düýş görmeýän-de bolsaň, türmede ýatanlygyňy aňşyrýarsyň. Oýananyňdan soň welin, düýnki zatlaň ählisi düýş bolup çykaýbilsedir diýip, oýa batýarsyň. Ýöne, görşüň ýaly, o zatlar basyrganmak däl, düýşem däl. Sen hakykatdan hem türmede! Hakykatdan hem 31-nji dekabrda gije üç adam gelip, goňşularyňy şaýat tutunyp, öýüňi dökdüler. Rahbardyr çagalar gar üstünde zar agladylar. Elde göterilmegine endik eden körpejäň Masud “Kakam jan!” diýip, gandal urlan gollaryňa bakyp, özelenip galdy...
Urlup, ýenjileni hem çyn. Burçdaky bedreden suw almak üçin turanda Abdylla bütin bedeniniň syrkyrap duran agyrysyna döz gelmän, özüni bialaç aşak goýberdi. Ýok, ana, ýatyp galyp, ertir namazyny-da kaza etdi. Ýuwaşlyk bilen turup, täret almaly, kaza eden-de bolsa, ertir namazyny okamaly...
Bedenindäki agyrylara dözüp, Abdylla ýerinden turdy. Burçda täretini alyp, ýatan ýerine geldi. Kyblanyň haýsy tarapdadygyny anyk bilmese-de, ertir namazyny okady.
Tagamsyz suwuk nahary keşdi çekmedi. Çaýyny içdi.
Çaý pikirlerini ýazyp goýberdi.
Şu diwarlaryň aňyrsynda alym Gazy Ýunusyň oturan bolmagy mümkin. Fitrat halypanyň bolmagy mümkin. Çolpan, hawa, Çolpanyň bolmagy mümkin. Arabada aýdym aýdan gyz barada Çolpan ýazmanmydy? Şährihandyr Köne Nowkat barada şondan gowy bilýän barmyka? Abdyllanyň Çolpany göresi geldi. Aýtmaly, diýmeli zatlary haçandan bäri ýüreginde baslygyp ýatyr. Indi onuň bilen bu ýerde görüşip bir bolarmyka? Indi oňa rus milletindem bolan aýaly Katýanyň howatyrdyr howsalasyny ýetirip bilermikä?..
Türmedäki ilkinji gün aýratyn üýtgeşik. “Indi näme bolarka?” diýip, gapynyň aňyrsynda eşidilýän her bir çygşylda gulak gerip oturansyň. Ýöne soňy gelmeýän hiç bir zat ýok. Ýene bihuda hyýallara çümersiň. Ýene bir zatlary ýatlap ugrarsyň. Kalbyňdaky ýatlamalary degirmeniň agyr daşlarynyň arasyna salyp üweýän ýaly, birme-bir elekden geçirip ugrarsyň. O ýerden bolsa, üfleseň tozap gitjek un çykar...
Degirmeniň agyr daşy! Eýse, Aýhanpaşşanyň kapasadaky ilkinji güni mundan ýüz esse agyr dälmidi? Zora duçar gelen o gyzyň ertesi gelin salamyna çykyp, öz atasy seýit Gazy hojanyň, ondan soň biri-biriniň söbügine münüşip, otaga giren aýal-ebtatlaryň – oňa zorluk edip, içine agyr düwün salan emiriň enesidir daýzalarynyň, ýeňňeleridir aýallarynyň öňünde baş egşi... Gyzyň ýüregine salnan ýaranyň awusyny Abdylla on iki süňňi bilen syzdy, öz derdini unutdy, Hudaýa sygyndy.
Birsalymdan tussaghananyň gapysy gaýtadan açyldy: “Tussag edilen, Kadyry, eliňi arkaňa tutup, çyk!” Esger ony öňüne salyp, ýerzeminiň başga bir otagyna äkitdi. Ol ýerde san bilen belgilenen tagtajygy eline tutduryp, ilki ýüz tarapyndan, soňam gapdalyndan surata düşürdiler. Ondan soňky eltilen otagynda gartaşan jöhit dellek Abdyllanyň saçyny we sakgal-murtuny syrmaga durdy. Ýanynda hekgerip duran esgeriň dil ýarmaga rugsat bermeýänligi üçin, belki-de, diliniň peltekligi sebäpli dellek myşlap, haşlap, bir zatlary pyşyrdap, gepleşmäge ilgezikligini elleriniň hereketi bilen aýan etdi. Ol Abdyllanyň sakgalynyň syrylan ýerine eli bilen çalaja kakyp, ýektaýynyň ýakasyny çekişdirip, gulagynyň ýanyna eglip, myşlap, özüçe bir zatlary pyşyrdady.
Dalbardan ýykylan seýit Kasymyň ýanynda Aýhanpaşşanyň janserek bolup ýörşi Abdyllanyň güpbe ýadyna düşdi-de, gülküsi tutdy. Ýok, dulugyňdan päki ýöräp durka, üssesine-de ýüzi-gözi gamaşyp duran esgeriň ýanynda gülüp bolmaz. Ojagaz gülkiň, gelip-gelip, ahyrynda bu biçäre dellege-de zyýany ýeter. O-da özi ýaly tussagyň biri bolsa nätjek? Ýa tussag edilmezligi üçin bu ýerde işläp ýörmükä? Ýa-da çyndanam tussag edildimikä?
Ol Abdyllanyň sakgal-murtuny oňat edip syrdy.
Sakgalsyz-murtsuz bolmak saç syrdyran ýaly däl, ýokuş degýär ekeni. Abdyllanyň göwnüne ýokarky dodagy pökgerip duran ýaly boldy. Oňat ýeri, surata bu sypatynda düşürmediler...
Ýaňky ýylmanak ors esgerine seredip, öz kyssasynda birneme soňrak giňişleýin beýan ederin diýip ýören bir hekaýaty Abdyllanyň ýadyna düşdi.
19-njy asyryň başlarynda Russiýanyň garamagynda bolan Polşanyň Şawel şäherinde Witkewiçleriň asylzada maşgalasynda ogul perzendi dünýä indi. Kakasy onuň adyny Ýan, fransuz medeniýetine maýyl ejesi bolsa, Jan diýip tutdy. Ol akylly we düşbi oglan bolup ýetişdi. Polýak dilinden daşary ýaşlygyndan ors, iňlis, fransuz we nemes dillerini suwara öwrendi. 14 ýaşynda Kraž şäheriniň gimnaziýasynda okaýarka Ýan Witkewiç “Gara gardaşlar” atly gizlin guramany döretdi. Halkyň arasynda orslara we ors agalygyna garşy çagyryş hatlaryny, goşgulary ýaýradýan wagty ele düşdi. Ýaşlygyna garaman, ähli emläginden, hak-hukuklaryndan mahrum edip, ýetginjegi sürgüne iberdiler.
Boý-syratyna seretseň, ýetginjek diýer ýaly däl, ýaş ýigide çalym edýär. Türmedäki ors esgeriniň keşbi bilen özüniň murty syrylansoň ýokarky dodagynyň pökgerip durmasy goňrumtyl saçly Ýan Witkewiçiň suratyny Abdyllanyň ýadyna saldy.
Orsk sähralyklarynda tatarlaryň we gazaklaryň arasynda bolanda ýaş polýak ýigidi olaryň dilini öwrenmäge girişýär. Ylymlylygy üçin tatarlaryň arasynda onuň ady Ýan hem däl, Jan hem däl, Galimzýan diýlip tutulýar. Gazaklar bolsa oňa Alymjan diýip ýüzlenýärler.
Käte-käte Buharadan Moskwa gidýän söwdagärlerden ol pars dilini hem öwrenýär. Şeýdip, aradan alty ýyl geçýär. Şol wagt Sibir ekspedisiýasyndan gaýdyp gelýän meşhur nemes gündogary öwrenijisi Wilgelm Gumbolt Orenburgda düşläp geçýär. Şonda ol tötänden diýen ýaly ýigrimi ýaşly Ýan Witkewiç bilen tanyşýar. Onuň ylym-bilimine haýran galyp, syny oturan alym bu ýigidi Orenburga täzelikde gubernator edilip bellenilen Perowskiý bilen tanyşdyrýar.
Patyşa hökümeti tarapyndan Orta Aziýany zabt edip almak wezipesi öňünde goýlan Perowskä Witkewiç ýaly köptaraplaýyn sowatly adamlar zerurdy. Şeýlelikde, ol 1835-nji ýylda Galimzýany Buhara içaly edip iberýär. Witkewiç bir ýylyň içinde Buhara emiriniň guşbegileri we wezirleri bilen tanyşyp ýetişýär, zerur maglumatlary toplap, Orenburga, Perowskiniň ýanyna dolanýar. Mundan soň ol içalylyk saparlary bilen Türkmenistana we Owganystana ýollanýar.
Rus hökümetiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin Witkewiçe ofiser çini berilýär, hak-hukuklary dikeldilýär. 1839-njy ýylda parlak geljegi bolan otuz ýaşly ofiseri paýtagta – Peterburga çagyrýarlar. Myhmanhanada özüniň ýaşlyk dosty, şahyr Konstantin Tyşkewiçe tötänleýin sataşýar. Uzak ýyllar görüşmedik iki dost myhmanhanada gapyny içinden kiltläp, ýaşlyk ýatlamalaryny, başdan geçirenlerini biri-birine aýdyp, ýürekdeş gürrüň edýärler. Ýan Witkewiç öz adynyň Galimzýandyr Alymjana öwrülişini, Buhara, Nişapur, Kabul ýaly ýerlerde bolup, bitiren işlerini aýdanda Tyşkewiçiň ýüzi agaryp, bozarýar. Ahyry Witkewiç öz hukuklarynyň dikeldilip, ofiser çinine göterilenini gürrüň berip otyrka Tyşkewiç onuň sözüni kesýär.
– Bilýäňmi sen kim? Sen satlyk! Sen haýyn! Bulara garşy ölinçäk göreşeris diýip, kasam içmänmidik? Sen bolsa bularyň günlükçi hyzmatkärine öwrülipsiň! – diýip, tarsa ýerinden turýar. Otagdan çykyşyna gapyny gürpüldedip ýapyp gidýär.
Ertesi kellesinden atylyp, eli rewolwerli ýatan Witkewiçiň jesedi öz otagyndan tapylýar...

***

Abdylla bu hekaýaty entek çigräk göreni üçin soňa goýupdy. Belki, beýnisinde bişirip, taýyn bolansoň, “Rus ruletkasy” diýen bölümi ýazyp, kitabyna girizer. Hudaý ýol berse, entek bu ýerden bir aman-esen çyksyn. Onsoň Witkewiçiň Buharadaky başdan geçirmelerine hem dolanar. Bu hekaýaty doly açyp görkezmek üçin birki sany goşmaly zatlaram bar. Dilini hem zynatlamak gerek. Häzirlikçe biraz gysgaldyp, bu hekaýaty şu ors ýigide gürrüň beräýse näder? Düşünermikä? Abdyllanyň oý-pikirleri syrylan saçlary ýaly dyr-pytrak boldy. Kellesini durlap, özüni ele almagy gerek. Hususan-da, ine, şu ýerde, türmede...
Dellek öz işini dyndy. Ýene-de demir gapylaryň öňi bilen alyp gaýdyp, Abdyllany öňki türme otagyna saldylar. Indi özüni raslamaly. Hyýal atynyň jylawyny erkine goýbermeli däl. Soraga çekjek bolsalar, nämeleri sorarlar? Berjek jogaplaryny häzirden taýynlap goýmagy zerur. Düýn gije nämelerde aýyplapdylar? Ýalňyşmaýan bolsa, tatar derňewçiniň kagyzynda 57-nji, 67-nji maddalar görkezilendi. Ir bilen görmän eken, gapa golaý ýerde könelişen “Jenaýat Kodeksi” kitaby ýatyrdy. Kitaby eline alyp, Abdylla özüne ýöňkelýän maddalara göz gezdirip başlady. 57-nji madda: “Sowet Soýuzynyň Konstitusiýasyna we Soýuzdaş respublikalaryň Konstitusiýalaryna laýyklykda Sowet Soýuzynyň we Soýuzdaş awtonom respublikalaryň işçi-daýhan hökümetini agdarmaga, ýok etmäge ýa oňa zyýan bermäge gönükdirilen islendik hereketler hem-de Sowet Soýuzynyň halk hojalygynyň proletar rewolýusiýasy tarapyndan gazanan üstünliklerini ýok etmäge we oňa zyýan bermäge gönükdirilen synanyşyklar kontrrewolýusion diýlip hasaplanýar.
Ähli zähmetkeşleriň bähbidini, halkara raýdaşlygyny goramak maksady bilen Sowet Soýuzynyň düzümine girmeýän beýleki zähmetkeşleriň döwletiniň garşysyna edilen hereketler hem kontrrewolýusion diýlip hasaplanýar”.
Abdylla bu maddany gaýta-gaýta okap, özüniň haýsy hereketiniň bu aýyplamalara laýyk gelýändigini bilip-bilmedi. Ýa bu “Telpek tapylsa, geýmäge kelle tapylar” diýildigimikä?
Birnäçe sahypany waraklap, ol 67-nji maddany hem tapdy: “Kontrrewolýusion maksatlar bilen edilen her bir guramaçylykly hereket we ony taýýarlamaga gatnaşan, şeýle-de kontrrewolýusion jenaýaty amala aşyran şahslar şu bölümiň kontrrewolýusion jenaýatlar baradaky göz öňünde tutulan maddalaryna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär”.
Şunça jan etse-de, Abdylla muňa hem düşünmedi. Bir tarapdan düşünmänligi ýüregine nähilidir bir gulgula salan ýaly boldy. Beýleki tarapdan aňy: “Bu zatlara meniň hiç hili dahylym ýok ahyryn!” diýýän dek arkaýynlaşdy.
Pişesizlikden ýaňa ol başga maddalary hem gözden geçirip başlady. “Huligançylyk” diýen ýerinde ganygyzgyn Taşpolat ýadyna düşdi. “Iki aýallylyk” diýen maddany Atabeke ýöňkedi. “Dine çagyryşa” Kalwak Mahzum laýyk gelýär. “Ogrulygy” okanda ogry Namaz göz öňüne geldi. Kitabyň başyndan girip, aýagyndan çykdy, bularyň hersine kybap madda tapdy. Ýöne özüne degişlisini görmedi. “Hyýalparazlyk” diýen jenaýat ýok ahyryn. Bu kitapda “Pikirkeşlik” ýa “Arzuwçyllyk” diýen maddalara hem duş gelmedi.
Jenaýat barada aýtmaly bolsa, Abdyllanyň özi gürrüň edip biljek...
1242-nji hijri ýylynyň (şaban) meret aýy. Alabahar. Garşy häkimi Nasrulla han ýene goşun toplap, Buhara tarap at goýdy. Bu gezek onuň howalasy belent, bu gezek owlagy Nasrulla hanyň özi almaly. Atasy emir Haýdar bu pany dünýäni terk edip gidende uly agasy emir Hüseýin tagta çykypdy. Buhara derwezesine goşun dartyp baran Nasrulla han suw boýundan suw içmän gaýtmaly boldy. Üç aý syrkaw ýatansoň, emir Hüseýin hem panydan baka göç eýläp, atasynyň yzyndan gitdi. Karmanda häkim bolup oturan kiçi inisi emir Omar han derhal tagty eýeledi. Nasrulla han öňki gezek agam diýen bolsa, bu gezek inim diýip, Buhara derwezesinden boş gaýtdy.
Indi Hekim guşbeginiň iberen çaparyndan eşidişine görä, emir Omar han soltanlygyň işi bilen däl-de, aýşy-eşret, keýpi-sapa bilen gün geçirýärmişin. Emirlik ýykylýanam bolsa, emir Omar hanyň şerap bilen näzenin jenanlardan gaýry biljek zady ýokmuş. Bu ýagdaýdan nägile wezir-wekiller Hekim guşbegi bilen maslahat edip, Nasrulla hana çapar gönderipdirler.
Indi yza ýol ýok. Nasrulla han niýetinden dänmez. Tagt dilenip alynmaýar, tagty edil owlakgapdy oýnundaky ýaly basyp almaly eken. Buhara barmazyndan ozal Nasrulla han Hoja Bahaweddin piriň aramgähine zyýarat edip, öz işleriniň rowaçlanmagy üçin ýardam diledi. Nasrulla hanyň dilegleri kabul boldy, birnäçe hepde bukuda ýatanyndan soň, 1242-nji hijri ýylynyň (şaban) meret aýynyň ýigrimisinde Hekim guşbegi emir Omara hyýanat edip, Nasrulla hana galanyň derwezesini açyp berdi. Şol günüň özünde inisini tutup, emir Nasrulla hany tagta göterdiler.
Emir Omar hany Muhammetşerip hoja öz atyna mündürip, şäherden çykyp ugrady. Ýolda köpçülikden biri emiriň zerli başgabyny kakyp aldy, ýene biri guşagyny we zerli haladyny sypyrdy. Düýnki emir ýarym-ýalaňaç halda Buharany terk etdi... Eh, soňy puç, biwepa dünýä! Her hal, Muhammetşerip hoja özüniň derwüşlik külahyny emiriň başyna geýdirdi. Il içinde aýdylşy ýaly, “Patyşalara zerli halat bilen täç mynasyp, ýogsa, başyna köne külah geýen her öňýeten tagta dawa etjek”.
Emir Nasrulla han tagta çykan dessine Hoja Bahaweddin hezretleriniň rehimdarlyk we geçirimlilik barada edip giden wesýetlerini tutdy. Inileri Zubeýr hana, Hamza hana we Serdar hana engam hökmünde Buhara etraplarynyň birini – Narazim häkimligini tabşyrdy. Hekim guşbegini gaýtadan baş wezirlige belledi. Il-halky çagyryp, palaw berdi...
Bir gün emir bilen ikiçäk ýüzbe-ýüz otyrka Hekim guşbegi osmakladyp:
– Hernä iniňizi azat edip goýbereniňiz haýryna bolsun-da! – diýdi.
– O näme diýdigiň? – diýip, emir gaharly äheňde sorady.
– Osmanly soltanlygynda bir geň düzgün bolupdyr diýip eşidipdim. Hökümdaryň ähli aga-inileri çagalygyndan öldüriler ekeni. Tagta dawa etmesinler diýip...
– Onda bizem şehid ölüp giden bolardyk – diýip, emir Nasrulla gaşyny çytyp jogap berdi.
– Estagfirulla! – diýip, Hekim guşbegi derrew ýalňyşyny düzetmek bilen boldy. – Maksat – mübärek goluňyza düşen tagty dawa-jenjelden goramak...
Petikden sallanyp duran gülçyra lyp-lyp ýanyp durdy. Onuň şöhlesi Hekim guşbeginiň solgun ýüzünde birgeňsi öwşün atýardy.
Emir Nasrulla han türkanalyga salyp:
– Sen maňa başga zady aýt, aşhana işlerine serenjam beriji nähili adam? Oňa ynansa boljakmy? – diýip sorady.
– Öz eliňizden çykan adam. Beren tälimiňizi häli-häzire çenli unudanok – diýip, gepiň haýsy tarapa gyşardylýanyna düşünmedik guşbegi sakyndy.
– Soraýanymyň sebäbi, atamyz duýdansyz keselledi. Agamyz emir Hüseýin hem ýaş başyndan öldi gitdi. Bularyň ölüminde aşhana işlerine serenjam berijiniň eli ýokmy? – diýip, emir şübheli sorady.
– Alla saklasyn! – diýip, mekir guşbegi içini çekdi. – Ol bir mömin adam, halwadan başga bilýän zady ýok...
– Doganlarymdan seresap bolaly diýmän, halwa diýsene...
Kesesinden diňlän adam üçin bu söhbetiň düşnüksiz boljagy bes-belli. Ýöne bäş-alty emire wezirlik eden guşbegi gürrüňdeşine ýarym sözde düşündi. Bu gürrüňi öz inisi Omar hany boşadyp goýberen Garşy häkimi gögele Nasrulla bek tapdymy ýa Hekim guşbeginiň akyly bilen tagta çykan emir Nasrulla han tapdymy? Ine, şuny anyklamaly!
Gepiň magadyna ýetmek üçin guşbegi:
– Aşhana işlerine serenjam beriji bärde, doganlaryňyz bolsa Narazimda – diýdi.
– Menem şony aýdýan-da...
“Ýok, öz oý-hyýallaryny ýaşyrmakda emir entek gögele bolýar. Aşhana işlerine serenjam beriji aýtmyşlaýyn, bişişmändir.” Garry tilki Hekim guşbegi aýgytly dillendi:
– Çäresini tapmagy Gazy bek galmyga tabşyrarys!
Bir aý geçip-geçmänkä gijäň ýarymynda emir Nasrulla hanyň üç inisiniň – Zubeýr hanyň, Hamza hanyň we Serdar hanyň bogazyna pyçak goýup, damagyny çaldylar. Emiriň permanyna laýyklykda Buhara soltanlygy ganym elinden şehit bolan şazadalar üçin üç gün matam tutdy...
Abdylla: “Ine, muňa jenaýat diýse bolar” diýip oýlandy...

***
© Hamid ISMAILOW

Terjime: © Kakamyrat ATAÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Kakamyrat Ataýew, Hamid Ismoilow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 12:23, 16.08.2024
Тоғ тепалаб ботаётган қуёш, бешта норинж бўлиб, пастга думалаб кетди-ю, Абдуллани қоронғу уйқу босди...

Dagyň depesinde asyl-asyl bolup duran Gün bäş sany narynç apelsin ýaly tigirlenip aşak düşdi. Abdyllany tukat uky basmarlady...

özbekçede narynç - apelsin (pyrtykal) manysynda.
Kakamyrat aga hem pyrtkaly aňladanda "narynç" hem "apelsin" sözlerini ulanypdyr. sözlüge baksaň "narynç" reňk hökmünde "Naryň reňkine meňzeş, nar reňkli" diýýär. bir tarapdan "Gün bäş sany narynç apelsin ýaly"  diýende apelsinleň reňkini göz öňünde tutan bolmagam mümkin. umuman, bu bir kiçijek detal.... onda-da belki aýdylmagy gerekdir.
ýöne, Hamid eke näme üçin batyp barýan güni 5 sany apelsine meňzetdikä? apelsine meňzemesi düşnükli, ýöne näme sebäpden 5 sany?
avatar
0
2 Мango • 16:05, 16.08.2024
Бадандаги оғриқини енгиб, Абдулла ўрнидан турди, бурчакда таҳоратини олди, ётоғига қайтиб, қибла қайси томонда эканини билмасдан, гардкамига қазо бўлган бомдодини ётоқ бўйлаб ўқиб олди.

Bedenindäki agyrylara dözüp, Abdylla ýerinden turdy. Burçda täretini alyp, ýatan ýerine geldi. Kyblanyň haýsy tarapdadygyny anyk bilmese-de, ertir namazyny okady.

şu sözlemde "ertir namazyny" däl-de "ertir namazynyň kazasyny" bolmaly ýaly. sebäbi Abdylla ertir namazyny geçiripdi, indem kazasyny okady.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203