Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:35
Jynlar bezmi ýa-da uly - romanyñ dowamy 10
KRIKET

– Iňlisleriň kir-ket diýen oýny bar. Biziň çilik diýen oýnumyza meňzeş. – Buharaly Mübäregiň ir bilen turşuna tapan gürrüňi şu boldy. Onuň gepleýşinde täjik diline mahsus äheň güýçlidi. Şol sebäpli Mübäregiň habar görnüşinde aýdýan zatlary-da sowal ýaly bolup eşidilýärdi.
– Uzak gije düýşümde şol oýny görüp çykypdyryn – diýip ol düşündirdi.
Abdylla buşugyp, el-ýüzüni ýuwandan soň ýeňillik bilen dem aldy. Tanyş kumlakly esgerine garaşmaga başlady. Adyna näme diýipdi şol esger? Sünnetmidi?.. Ýeri, bolýar-da, “Miwesini iýseň, iý, haýsy bagdandygyny sorama” diýipdirler. Abdylla ajy ýylgyryp, içini gepletdi: “Maňa-da Jurat aksakaldan geçdi öýdýän. “Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar” diýleni boldy”.
– Ana, şol kir-ket diýen oýny men Londona baramda...
– Sen Londona hem baryp gördüňmi? – diýip, Abdylla haýran galdy.
– Baryp gördüňmi diýýäň, a men o ýerde üç ýyl ýaşadym ahyryn... Şoň üçin içaly diýip, şu ýere dykdylar-da...
Bu barada Mübäregiň uzak gepläsi gelmedi, gürrüňi ýene “kir-ket” oýnuna syrykdyrdy. Abdylla Mübäregiň “kir-ket” diýýäniniň iňlisleriň meşhur kriket oýnudygyny aňlady. Onuň Londondaky durmuşy barada käbir zatlary soramalydygyny aňynyň bir ýerinde belläp goýdy.
– Iňlisler ap-ak eşik geýip, gök otlugyň üstünde elindäki taýak bilen kiçijik pökgini urýarlar. Biziň çiligimiz ýaly-da... Urup çykardyň – gidiber. Ýeriňe başga biri girer. Gir, git. Gir, git. Ana, şoň üçin kir-ket diýipdirler.
Mundan soň Mübärek oýnuň kadalaryny düşündirmäge başlady. Şol wagt hem gapy şakyr-şukur açyldy. Kumlakly Sünnet galtaga ýükläp, ertirlik naharyny alyp geldi. Onuň ýanyndaky rus milletinden bolan esger:
– Ertirlik! – diýip, gygyrdy...
Abdyllanyň tutulanyna näçe gün geçdikä? Şu gün agşam bir hepde bolaýýar öýdýän. Ol bir hepde mundan ozalky ir säheri ýadyna saldy. Başga durmuş, başga döwür! Abdylla ertir namazyndan soň öz otagynda ýazyp otyrdy. Bir mahaldan penjireden garasa, jahan ýagtylypdyr. Ähli ýer – jaýlaryň üçegi, haýatlar, baglaryň şahalary ap-ak gar. Asman bolsa ne sarymtyl, ne-de gyzlymtyl, edil Täze ýyl suratlarynyň hut özi-dä! Gyşyna oba gyzlarynyň ýaňaklary hem şular ýaly bolýar! Abdyllanyň ýüregi gyýlyp gitdi, uzakda galan ýaşlygy biygtyýar ýadyna düşdi...
Ondan bäri ýene bir hepde geçdi, ýene bir ömür...
Ertirlik ýarmasyny oňa rus esgeri guýup berdi. Sünnet oňa göz gytagyny aýlap, çaý guýdy. Abdylla yşarat bilen jogap berdi. Sünnet oňa düşündi. “Üm bilen är ölmez!” diýip, Abdylla göwnühoş halda öz ýerine gaýtdy. Hiç kime üns bermän, tagam-tagsyrsyz ýarmany howlukmaç iýdi. Gaýtadan nahar guýdurmak üçin ýeke özi barmagy oňaýsyz hasaplap, beýlekilere garaşdy. Rus esgeri: “Kime gaýtadan guýmaly?” diýip sorady. Tolgunmadan Abdyllanyň ýüregi gürs-gürs urdy. Ol ýerinden turşuna ýazan hatyny tabagyň düýbünde goýup, göni Sünnetiň ýanyna bardy. “Me, al muny!” diýip, tabagy içindäki hat bilen bilelikde onuň eline tutdurdy. Rus esgeriniň ünsüni sowmak üçin bolsa, oňa kürüşgesini uzatdy.
– Sen näme... – diýip, esger paýyş sögündi. – Näme maňa kürüşgäňi somlap gelýäň? Çaý gerek bolsa, ondan sora. Töňňe!
Başga wagt bolanlygynda Abdylla bu gögele oglanyň agzyny-burnuny gara gana boýardy, ýöne häzir haty ýadyna düşüp, bialaç dişini gysyp, ýalan ýylgyrmaly boldy. Ol Sünnete ýüzlenip:
– Çaý guýsana, gardaş! – diýip, gözüni gypdy.
Abdylla öz ýerine dolandy. Ýüreginiň gürsüldisi welin, güýçlenmese, gowşamady. Bir tarapdan rus esgeriniň paýyş sögünji ganyny gyzdyrdy, yzyna gaýdyp, onuň dilini damagyna iberäýsem diýdi. Beýleki tarapdan: “Esasy zat, haty berdim, jenjel turuzsam, bary biderek bolar” diýen pikir synyndan çekdi.
Dyňzap duran gaharyna zor bilen basalyk berip, Abdylla çaýyny içdi. Gapydan çykyp giden esgerleriň gap-gaçlarynyň şakyrdysy onuň gulagyna ilmedi. Ýanynda oturan Mübäregiň iňlis ýatlamalaryna hem ünsi ýetmedi. Tutuş dünýä gözüne gap-garaňky bolup göründi. “Esasy zat hatymy berdim!” diýip, ol öz ýanyndan özüni köşeşdirmäge synandy. Ýüreginde bolsa, henizem gahar-gazap joş urýardy.
Bir salymdan onuň ýanyna Jurat aksakal geldi.
– Men baryny eşitdim. O zatlary göwnüňe alyp oturma. Baş aman bolsa, başgap tapylar. Ýaňkyja gögeläniň emini özüm bererin. Ýör, gowusy, gümür-ýamyr edeli. Ýanymdakylaň biriniň yzyndan odur-budur gelipdir. Temmäki iberipdirler diýýä. Bir keýpden çykalyň! – diýip, ol Abdyllany töre baka alyp gitdi. Barýarka yzyna gaňrylyp, Mübärege:
– Maýda millet, ýör senem! – diýip ümledi.
Abdylla beňňiniň neşe çekişi ýaly temmäkini işdämen sorup, öýkenini ajy tüsseden doldurdy. Tüsse onuň kiriş deý dartylyp duran duýgularyny gowşadyp, gaharyny ýazyp goýberen ýaly boldy.
– “Ýalanyň süýjüsinden çynyň zäheri datly” diýipdirler. Hany, hekaýatyň yzyny eşideli! – diýip, gyzyl sakgal Jurat aýtdy.
Abdyllanyň özi hem gürrüň bermäge döwtalap bolarly, iki aýtdyrman, düýnki arasy üzülen hekaýaty dowam etdirdi:
– Eý, sap ýürek dostlar! Omar han patyşa ýanynda galan bäş-alty sany dosty bilen garaňky gijede ymykly azaşypdyr. Umytdan düşüp, takdyra ten berip otyrkalar: “Eger bizi jynlar azaşdyran bolsa, o jynlaryň hötdesinden gelip biljek Alla bar. Alla ýalbaralyň!” diýşipdirler. Onsoň bary bilelikde “Lä hawle” dogasyny okamaga başlapdyrlar.
Hudaýyň gudratyna serediň-ä, şo wagt şagallaryň uwlamasy däl-de, hakyt itiň üýrýän sesi eşidilipdir. Haýsydyr bir ykmanda itiň “wowh-wowh” sesi bularyň gulagyna ene hüwdüsi deý eziz bolup, atlarynyň başyny şo tarapa öwrüpdirler. Az salym ýöränsoňlar kiçijik yşyk görnüpdir. Ýakyn barsalar, ine, Ahsikendiň hut özümiş. Daň atan çagy şäheriň çetinden giripdirler. Bularyň elem-ebtat bolup gelişlerini görenler jyna sataşandyrys diýip, öz gezeginde “Lä hawle” dogasyny okapdyrlar. Ahyry ondan-mundan ýol sorap, salgy alyp, haremhana aýallarynyň düşlän ýerini tapypdyrlar. Aýallar birbada bulary tanamandyrlap, tanansoňlar aglaşypdyrlar. Öz patyşalaryny şular ýaly gözgyny halda ilkinji gezek görýän ýaş kenizler bolsa, gülkülerine zordan basalyk berip, emiriň çaý-suwuna seretmek aladasy bilen bolupdyrlar. Harasatda galyp, azaşan ýolagçylar ojakda ýakylan oduň ýagtysyna bir-birlerini ýüzlerine seredip görseler, asyl tanap bolmaz derejede garagäz bolan ekenler. Haremhanada üç sany hebeşi gul bolup, bular şo hebeşi gullardan hem gara görünýärmiş.
Şonda bular öz üstlerinden özleri gülüp, hezil edinipdirler. Ölmän, diri galandyklary üçin begenipdirler. Hebeşi gullar bilen kenizler hem bularyň gülküsine goşulypdyr.
Suw gyzdyryp, el-ýüzlerini ýuwup, dem-dynç alypdyrlar. Ýolda galan, azaşan sakçylar hem öňli-yzly, başly-barat ýygnanypdyrlar. Olaryňam üstünden düşüp, gülşüpdirler.
– Bizi tokaýdaky şiriň ahy tutdy... – diýip, derrende patyşa tumar ýerine dakynan iki sany gyýak dişe seredip hümürdäpdir.
Ýene keýpi-sapa edipdirler, aw-şikara çykypdyrlar, aşyk oýnapdyrlar. Ondan soň goş-golamlaryny ýükläp, Kokant sary ýola düşüpdirler.
Ahsikent şäheriniň ýanyndan Seýhun derýasynyň – Syrderýanyň akyp geçýändigini bilýänsiňiz. Şol ýyl baharda derýa öz hanasyny şeýle bir giňeldipdir welin, hatda beýleki kenara göz ýetmändir. Gowy zady, gaýyk sürüjiler gaýyklary bilen hyzmata taýyn bolup, bulara garaşyp duran eken. Patyşanyň buýrugy bilen ilki köşk adamlary we hyzmatkärler gämä münüp, derýanyň o kenaryna tarap ýüzüp gidipdirler. Kenarda ýene bir boş gämi bolup, onuň sürüjisi ýok eken. Omar han patyşa öz diýenine tutup, o kenara ýüzüp giden gäminiň yzyna dolanaryna-da garaşman, haremhananyň ýigrimi çemesi gelin-gyzyny şol boş gämä ýerleşdiripdir. Yzyndan özi, ogly Mädaly han, ýegeni Hekim han hem-de Mürze Rahym perwanaçy dagy münüpdirler. Şonda perwanaçy patyşanyň öňünde dyzyna çöküp, ýalbarmak ýalbarypdyr:
– Eý, merhemetli şahy älem, bu bir adam ganyna teşne derýadyr. Siz maňa – ömründe gämi sürüp görmedik adama neneň edip janyňyzy ynanyp bilýärsiňiz?! Sürüjisi bolmadyk gämä münmegimiz dürs däl. Iň gowusy, ýaňky giden gäminiň gelerine garaşalyň!
Ýöne, näme, patyşa patyşa bolýa-da, gerek bolsa, gämini özüm sürerin diýýän şekilde niýetinden dänmändir. Şeýlelikde, gämini çeker ýaly dört aty öňden daňyp, beýleki kenara garşy ýüzüp ugrapdyrlar. Ömründe bular ýaly uly suwy görmedik atlar ürküpdirler. Olaryň hersi bir tarapa dyzapdyr. Gämi çaýkanyp, onuň üstündäkiler aljyraňňylyga düşüpdirler. Aýallar sesli aglaşypdyr. Bu başagaýlykda Hekim hanyň aty uýanyny üzüp, yzyna, kenara ýüzüp gaýdypdyr. Gämi bolsa derýaň içinde, şo bir duran ýerinde aýlanyberipdir.
Şu ýerde Mürze Rahym perwanaçy ýerinden turup, kemerini çekdiripdir. Ýeňini çermäp, orta çykypdyr-da, sakgalyny ütüp başlapdyr. Hemmeler haýran galyp, lal-jim bolup, oňa seredişipdir. Şeýdip gämidäkileriň ünsüni özüne çeken Mürze Rahym perwanaçy: “Gämiçiniň jany bir! Indi hemmäňiz maňa gulak asyň!” diýip gygyrypdyr. Gämi bolsa, möwç urýan tolkunlaryň arasynda birde o ýana, birde-de bu ýana siltenip, çaýkanyp duranmyş. Şol wagt Hekim han atyny elden gidermezlik üçin özüni suwa urmakçy bolupdyr. Ýöne Mürze Rahym perwanaçy ony saklap: “Sen şahy älem bilen bile şu aty sag tarapa çek!” diýipdir. Mädaly hana: “Sen bolsa atyňy çep tarapa çek!” diýip tabşyrypdyr. Edenliräk aýallaryň birine oňa kömekleşmegi buýrupdyr. Özi bolsa, öňe geçip ortadaky aty gaýgyrman saýgylap başlapdyr. Atlar şo bada boýun sunup, gämini beýleki kenara garşy çekip ugrapdyrlar.
Az salymdan gämidäkileriň bary aman-esen o kenara barypdyr. Omar han patyşa egnindäki samyr derisinden tikilen gymmatbaha içmegini Mürze Rahym perwanaça peşgeş edipdir. Perwanaçy hem baş egip, tagzym edipdir-de, patyşanyň öňünde içi temmäkili kiçeňräk haltany goýupdyr. Temmäki ýüz mysgal töweregi bar eken. Şonda şeýle bir çilim çekilipdir, günuzyn onuň humaryndan açylyp bilmändirler.
Mundan soň Kokanda gaýdyp, indi-hä maksat-myradyma ýetdim diýende Omar han patyşa agyr derde ýolugypdyr. Men-men diýen tebipler elinden gelenini etse-de, haýry degmändir. Uzak ýatman, patyşa dünýesini täzeläpdir.
Tebipleriň arasynda buharaly şahyr Junaýdulla Hazyk hem bar eken. Omar hanyň ömrüniň iň soňky pursatlarynda ol patyşanyň ýanynda bolupdyr. Öz derdiniň agyrlygyny, tebipleriň edýän emlerinden hiç hili peýdanyň ýokdugyny aňyp ýatan emir Hazyga garap:
– Indi emden ne hajat, möwlana, sanalgym doldy – diýipdir.
– Siz dertden gutularsyňyz, emirim, umytdan düşmäň! – diýip, Hazyk onuň göwnüni götermekçi bolupdyr.
Şonda Omar han gülümsiräp, baş ýaýkapdyr-da şu beýdi aýdypdyr:

Säher çagy gulagyma gaýypdan owaz geldi:
Amanat janyňny Haka gowşur, müddetiň doldy!

Şeýdibem patyşa jan beripdir. Ýuwa giren gussallar onuň ýalaňaç jesedinden tumar tapmandyrlar, eýsem, tumar ornuna şiriň iki sany gyýak dişini görüpdirler. Oňat synlasalar, bu ötgür dişler emiriň bedeniniň iki-üç ýerine çümüp, yz goýan eken.
Kimsi: “Omar han şiriň dişinden zäher geçip öldi” diýse, kimseler patyşanyň ölüminiň sebäbini pygamberiň nebereleriniň – hoja-seýitleriň gargyşyndan gördüler.
Omar hanyň jaýlanan güni onuň ogly Mädaly hany ak keçäniň üstünde oturdyp, Kokant emirliginiň tagtyna göterdiler. Ol atasyndan miras galan şir dişlerini boýnundan asmasa-da, düwünçege düwüp, ýygşyryp goýdy.

***

Abdylla hekaýatyň hemmelere düşnükli bolmagy üçin ony erteki görnüşinde beýan etdi. Şol sebäpli ony neneňsi tamamlajagyny bilmän, demini dürsäp, töweregine garady. Asyl ýeke bir kameranyň kethudasy gyzyl sakgal Jurat bilen Mübärek jöhit däl, golaýdakylaryň barysy agyzlaryny açyp, hekaýata gulak gerip oturan eken. Abdylla ýeňi bilen maňlaýyna inen deri sylyp:
– Indi beýlekileriň gezegi – diýdi.
– Gazan aýdar astym altyn, susak ondan bihabar... Onda şeýdýäs, kim öz toslamasyny aýdyp, bizi ynandyrsa, şolam ýeňiji bolar! Düşündiňmi baryňyz? Ýalan sözleseňem çyna berimsiz bolsun! Bu-da oýnuň bir görnüşi. “Agylda owlak dogsa, arykda oty biter” diýipdirler. Dogrumy? – diýip, Jurat kethuda ýanyndakylara garady.
Geň galaýmaly, Abdylla bilen Jurat pälwanyň sözi ýerde galmady. Gürrüň bermek gezegini ýüz keşbi Oržonokidzäni ýatladyp duran Lazizzade aldy. Partiýanyň wagyz-nesihat bölüminde işlän bolarly, ol hekaýatyny umumy gürrüňden başlady:
– Siziň ýaňky gürrüňini eden döwrüňiz, ýagny 18-nji asyryň ahyrynda, 19-njy asyryň başynda özbek milli edebiýatynda bir-birine gapma-garşy iki sany akym bolupdyr. Biri feodal-krelikal edebiýat, beýlekisi progressiw-demokratik edebiýat.
Şu jümläni aýdyp, ol gulaklarynyň üstündäki bölejik saçyny yzyna gaňtaryp goýberdi.
– Feodal-klerikal edebiýatyň iň görnükli wekili siziň ýaňky Omar han diýýäniňiz bolmaly. Onuň edebi lakamy Amiri. Häkimiýetiň çür depesinde oturanlygyna garamazdan, onuň eserleri ideologik nukdaýnazardan reaksion häsiýete eýe. Çeperçilik jähtden garasaň hem beýle edebiýatyň geljegi ýok. Yşky temalardaky köpsözlülik, kasydalardaky çendenaşa magtamaklyk, ideýasyzlyk, çeperçiliginiň gowşaklygy edebiýatyň hil derejesini peseldýär.
Lazizzade sözüne dyngy berip, ýene saçyny gaňtardy. Tussaglar bolsa ses-üýnüni çykarman, onuň indiki aýtjak sözlerine garaşyp otyrdylar.
– Edebiýatyň progressiw-demokratik akymynyň iň görnükli wekili Omar şanyň aýaly Nodiradyr. Öz döwrüniň we Şerigatyň çäkli şertlerine garamazdan, bu progressiw zenan şahyr eserlerinde esasan durmuş hakykatyny açyp görkezmeklige ýykgyn edipdir. Nodira jebri-jepa çekýän halk köpçüliginiň ahy-nalasyny, agyr durmuş şertlerini beýan edip, olara duýgudaşlyk bildiripdir. Halkyň erkin ýaşaýyş baradaky arzuwlaryny goşgularyna geçiripdir.
Lazizzade sakynman, säginmän gürläp otyr. Edil küýzeden suwuň akyşy ýaly, onuň perwaýsyzlyk bilen aýdýan sözleri dilinden endigan hem dyngysyz dökülip dur.
– Emir Omar hanyň reaksion durmuşyndan iki mysal getireýin. Ol mysallarda emiriň dini-dogmatiki tebigaty aýdyň ýüze çykýar. Buržuaz taryhçysy Ibratyň “Fergananyň taryhy” atly eserinde ýazmagyna görä, emir Omar han her bir işi feodal-klerikal ulamalaryň çözgüdine esaslanyp, amala aşyrypdyr. Bir gün ol hammamyň öňünden geçip barýarka hammamda ulanylan suwuň daşaryk akyp ýatanyny görüpdir. “Şerigat boýunça bu suw içmäge ýaramlymy?” diýip, ol ulamalardan sorapdyr. Ulamalar dini ynanja eýerip: “Bu halal we akar suw, ýöne tebigaty boýunça adamyň bu suwy içmäge keşdi çekenok” diýip jogap beripdirler. Şonda emir Omar han dini-mistik ynanç bilen: “Şerigatyň hökümine boýun egmeýän tebigylygy terk etmek gerek!” diýip, ýaňky suwdan bir owuç içipdir.
Ikinji mysalda bolsa, biz emir Omar hanyň köşk aristokratlygy tebigatyny görýäris. Din halk üçin tirýekdir. Onuň mesgeni bolsa – medrese. Bir gezek bir medresäniň düýbüni tutmakçy bolupdyrlar. Şonda emir Omar han ýygnanan adamlara ýüzlenip: “Medresäniň binýadyna daş goýmaga çagalygyndan bäri Şerigatyň düzgünlerini doly berjaý edip gelýän adam mynasypdyr!” diýipdir. Ýöne, geň galaýmaly, ýokary din gatlagynyň wekilleriniň içinden medresäniň binýadyna daş goýmak üçin bir adamam çykmandyr. Şu ýerde bütin ömrüni aýşy-eşretde we keýpi-sapada geçiren feodal hökümdaryň özi: “Diňe men şerigat kadalaryny bozmadym!” diýip, körlügiň hem betbagtlygyň alamaty bolan bu reaksion-feodal binanyň binýadyna daş goýupdyr...
Elbetde, Abdylla bu wakalardan habarlydy. Ýöne häzir bularyň aýdylyş äheňi-de, beýan ediliş usuly-da başgaçady. Abdyllany iki ýagdaý haýran galdyrdy. Birinjisi, partiýa işgäriniň şo döwür baradaky bilimi. Ikinjisi bolsa, Lazizzadäniň atdan düşse-de, eýerden düşmän oturanlygy. Ýeri, özüň-ä türmede ýatyrsyň. Partiýaň saňa edibilen hyýanatyny etdi, sen bolsa bu ýerde henizem partiýaň adyndan boş pöwhüldäp otyrsyň! Birine eziji gatlagyň wekili diýdiň, göwnüçökgün diýdiň, ýene birine progressiw demokrat diýdiň...
Hut şu pursat Lazizzade başyny silkip, Nodiranyň ynsanperwerligi barada gürrüň berip başlady:
– Ideologik nukdaýnazardan Nodiranyň goşgulary äri Omar hanyň reaksion dünýägaraýyşyna we feodal edebiýatynyň estetiki ýörelgelerine ters gelýär. Munuň esasy sebäbi, biziň pikirimizçe, bir döwürde, bir ýerde bile ýaşan adamlaryň durmuş wakalaryny, hadysalaryny dürlüçe seljermeginde we dürlüçe kabul etmegindedir. Omar hanyň hökmürowanlygy zorluga, jebir-zuluma daýanypdyr. Ol müňläp adamyň ganyny döküp, başyna ýetdi. Emma ol öz goşgularynda hiç zat bolmadyk ýaly, bular barada asla agzamaýar.
Nodira bolsa beýle däl. Han awa çykanda ýa-da at münüp, harby saparlara gidende (“Gör, sen nähili sözleri tapýaň, Partiýa! Aperin!” diýip, Abdylla öz ýanyndan oýlandy) Nodira köplenç Kokantda galyp, hanyň permanlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edipdir. Bigünä adamlara ölüm jezasyny berýän jellatlaryň wagşyýana hereketlerine şaýat bolupdyr. Dünýä akyl-parasat gözi bilen garapdyr. Her bir wakanyň, hadysanyň düýp özenine düşünmäge çalşypdyr. Oýa batypdyr, öz-özüne sowal berip, jogap agtarypdyr, gyýylypdyr, halkyň derdine ýanypdyr.

Gam-gussada ýanyp-köýdüm, hiç alajyn tapmadym,
Indi hasrat içinde geçsin meniň gyşym-ýazym –

diýip ýazypdyr. Alaçsyzlygy tebigy ýagdaý. Oktýabr rewolýusiýasyna çenli tas ýüz ýyl bar. Ylmy kommunizmiň esasyny goýan Karl Marks ýaňy doglupdy. Zähmetkeş halk feodal-klerikal zulmuň sütemini entek uzak wagtlap çekmelidi...
Şu ýerde Lazizzade öz wezipesini berjaý etdim diýip hasaplan bolarly, Oržonokidzäniňkä meňzeş kellesini soňky gezek silkip, sözüne dyngy berdi...
Näme diýjegini bilmän, her kim dymdy. Diňe gyzyl sakgal Jurat uludan dem alyp:
– Politinformasiýaň üçin sag bol, ýoldaş graždanin... bagyşla... graždanin ýoldaş... – diýdi. Soň sözüniň üstüni ýetirdi. – “Dannan dala uçrar, iki gözi – köre”...

***

Ara az wagtlyk dymyşlyk düşdi.
Täze ýyl baýramçylygynyň yzýany bolanlygy sebäpli türme ýolbaşçylary entek işe girişmändi. Tussaglara bolsa gep otarmakdan gaýry pişe-de ýokdy. Onsoň gürrüň bermek gezegini araky owganystanly molla aldy.
– Molla Şybyrgany – diýip, Jurat aksakal ony tanyşdyrdy. – Ýöne öňünden aýdyp goýaýyn, “Dälä ýel ber, eline pil ber” diýenleri bolmasyn. Başlaber, molla!
– Meniň aýtmakçy bolýan kyssam emir Nasrulla hanyň döwrüne degişli. Nasrulla han Buhara emiri bolupdyr. Kabulda bolsa owgan emiri Dostmuhammet Barakzai tagt üstünde oturypdyr. Ol iňlisleriň goldawyna daýanýan kandagarly şa Şuja Dürrany bilen tagt üstünde uruş edipdir.
Bir gün emir Dostmuhammediň huzuryna Ibragim bek diýilýän ors içalysy gelipdir. Ol iňlisleriň Hindistandan elli müň goşun bilen otuz müň düýäni emiriň üstüne iberýändigini habar beripdir. Emir Dostmuhammet Barakzainiň jemi kyrk bäş sany topy bilen iki ýarym müň goşuny bar eken. Bu ýagdaý Kandagar şasynyň rowaçlanyp, Kabulyň elden gidip barýandygyndan habar berýär. Onsoň emiriň Türküstandan kömek soramakdan başga alajy galmandyr. Ol Buhara garşy ýola düşüpdir.
Abdylla molla Şybyrganyny diňläp oturyşyna onuň özbek dili bilen pars dilini garym-gatym edip gepleýşine üns berdi. “Arassa öz dilinde geplese bolanokmyka? Bularyňky rus dili garylmadyk on dokuzynjy asyryň dili ahyryn!” diýip oýlandy. Molla bolsa garym-gatym dilde hekaýatyny dowam edip, emir Dostmuhammet hanyň maşgalasy bilen bar goşunyny ýanyna alyp, ilki Wahş derýasyndan, soňra Amyderýadan geçendigini, az ýöräp, köp ýöräp, ahyry Buhara baryp ýetendigini aýtdy. Şybyrganynyň gürrüň bermegine görä, Nasrulla han emir Dostmuhammediň gelenini eşidip, ony maşgalasy bilen köşge myhmançylyga çagyrypdyr. Dostmuhammet han çakylygy kabul edipdir. Köşge baryp, Nasrulla hanyň öňünde baş egipdir. Ýöne Buhara emiri ýerindenem gozganmandyr. Ol köşgüň mertebeli adamlarynyň öňünde oturan ýerinden myhmana elini beripdir. Bu ýagdaý emir Dostmuhammediň bar umydyny puja çykarypdyr. Şeýlelikde, halk arasynda iki emiriň mertebe derejesiniň deň däldigi barada gep-gybatlar peýda bolupdyr.
Abdylla töweregine göz aýlady. Mollanyň ýarym özbek, ýarym parsy diline düşünmän, käbirleri pallaşyp otyr, käbirleri bolsa, özara gürrüňe gyzyşypdyr. Abdyllanyň garaýyşyndan bu ýagdaýy duýan molla az pursat dymdy-da, başardygyndan dilini sadalaşdyryp, türkiçelemäge çalyşdy.
– Emir Nasrulla han “Hoş geldiňiz!” diýip, myhman bilen biraz söhbet edipdir. Soňra: “Indi ilki goş ýazdyran ýeriňize gaýdyberiň, nesibede bolsa, ýene görşeris” diýipdir. Emir Dostmuhammet Nasrulla handan hiç hili peýdanyň bolmajakdygyna göz ýetiripdir. Onsoň emir ygtyýar berse, ýola düşmekçidigini, Eýrana gitmekçidigini aýdypdyr. Nasrulla han ygtyýar beripdir. Özüniň iň ynamdar adamlarynyň birini olaryň ýanyna goşup, serhede çenli ugratmagy tabşyrypdyr. Olar Jeýhun derýasynyň kenaryna baranlarynda gaýykçy köne gaýygy görkezip, emire: “Muňa bir özüňiz münüň, derýadan her kim aýry-aýrylykda geçmeli” diýipdir. Bu gepiň düýbünde emiriň täk özüni köne gaýyga mündürip, orta ýolda gark edip öldürmek howpy ýatyr. Dostmuhammet Barakzai bu howpy şo bada aňypdyr. Ol Buhara emiriniň tabşyrygy bilen özlerini ugradýan adamyň elinden tutupdyr-da, pars dilinde: “Gel, gaýyga iki bolup bile müneli!” diýipdir. Gaýykçy bolsa, ugradyja ýüzlenip, türki dilde: “Sen kenarda gal, ýogsa, gark bolarsyň” diýipdir. Türki dile düşünýän Dostmuhammet han dessine gaýykdan böküp düşüpdir-de, yzyna, Buhara gaýdypdyr.
Şol wagt gyşyň iň gazaply sowuk günleri eken. Tüýküren tüýküligiň ýere buz bolup düşüpdir. Şeýlelikde, Dostmuhammet han Buhara gaýdyp gelipdir. Ýöne oňa derwezäni açmandyrlar. Nasrulla han: “Eger Dostmuhammet ähli goşunyna rugsat berip, dargatsa, Buhara girmäge ygtyýar bereris” diýip, habar ugradypdyr. Dostmuhammet goşunyna rugsat beripdir. Bu adalatsyzlyga çydam etmedik goşun ahy-nala bilen gözýaş döküpdir... Emma, haýp, Dostmuhammet han Buharada ýerlemändir. Öňküje mekanyna dolanypdyr. Köp kynçylyklara duçar gelipdir. Ezýet-horluk çekipdir. Maksadyna ýetmek üçin elinde harajady bolmandyr.
Ahyry, bir gün Dostmuhammet han öz ogullary bilen maslahat edip, Garşa çozmaklyk kararyna gelipdir. Ol ogullary bilen ýetmiş adamdan ybarat goşuna baş bolup, Şährisabz tarapa ýöräpdir. Emma Garşynyň hökümdary bularyň garşysyna Çyrakçy şäheriniň häkimini aýaga galdyrypdyr. Söweş başlanypdyr. Ýöne iki tarapyň güýji deň bolmandyr. Bir owganla otuz özbekden düşüpdir. Şeýle bolansoň, owgan goşuny asgyn gelip, tiz ýeňse beripdir. Dostmuhammet hanyň özi-de, onuň on alty özbek urşujysyny öldüren sekiz ogly-da ýesir düşüpdir. Hanyň ogullaryny aldajy aňzakda urup-ýenjip, el-aýagyny baglap, atasynyň gaşyna eltipdirler. Ogullaryny şeýle ýagdaýda görüp, Dostmuhammet Barakzai özünden gidipdir.
Görşümiz ýaly, emir Nasrulla hanyň betbagt Dostmuhammet Kabulynyň halyna birjigem ýüregi awamandyr, gaýtam, oňa edip bilse, zyýan edipdir, heşelle kakypdyr...
Şu ýerde Jurat aksakal elini galdyryp, molla Şybyrganynyň sözüni kesdi:
– “Hassa gutuljak bolsa, tebibi dogry geler!” diýipdirler.
Abdylla molla Şybyrganynyň hekaýatyna bu nakylyň näme dahylynyň bardygyna akyl ýetirip bilmän otyrka, Jurat aksakalyň özi öz sözüne düşündiriş berdi:
– Sagat on birde türmäň lukmany geljek. Baýak Winokurow aýdyp gitdi. Kimiň babasilden başga derdi-yzasy bar bolsa, aýtsyn. Derdi ýoklar öz ýatýan ýerini arassalasyn!

***

Bir ýagdaý Abdyllanyň ünsüni özüne çekdi. Erkinlikdedigine ýa türmededigine garamazdan, akylly-başly diýilýän dört erkek kişiniň başy çatylsa, olaryň başyna giden dört sany jahyldan tapawudy bolmaz eken. Ýaşy ýigrimimi, otuzmy ýa ellimi, parhy ýok, gep-gürrüň derrew kimiň has edenlidigine ýa-da gyz-gelne syrygýar. Daşyndan seredeniňde asylly görünýänem bolsalar, edýän gürrüňleri iň soňunda Mahmyt Kaşgarynyň sözlügindäki “Äriň güýji bilinde” diýen söze direýärdi.
Türmede bu ýagdaý has-da aýdyň duýulýar. Abdylla özüniň ýerli-rus mekdebinde, soňra Moskwadaky Žurnalistler mekdebinde okan günlerini ýatlady. Birinji gezek tussag edilişini hyýalyndan geçirdi, döredijilik toparyna goşulyp, Tatarystana – ýazyjylaryň gurultaýyna gidişini göz öňüne getirdi. Bularyň barynda häzirki görýän ýagdaýlaryna meňzeşlik bar. Elekden geçirip seljerseň, bu ýagdaýlara düşünse boljak.
Kamera türme lukmany gelip girdi. Şu ýerde-de her kim özüniň erkek “it janlylygyny” görkezmäge çalyşdy. Tussaglaryň hiç biri “Ine, meniň şu ýerim agyrýar” ýa-da “Meniň, ynha, şu ýerime şikes ýetdi” diýmedi.
Lukman geň adam eken. Garaýagyz, buýra saçly, burunlak bu adama özbek diýer ýaly däl. Sypatyna seredip, täjik diýseň, käbir alamatlary kawkazlylara çalym edýär. Hemmelere ýylgyryp seredişi jöhidi ýadyňa salýar. Garaz, her kimiň göwnüni awlap bilýän üýtgeşik adam!
Nobat Abdylla ýetende lukman:
– Seňem agyrýan ýeriň ýokmy? – diýip ýylgyrdy-da, ilki bilen onuň kellesini gözden geçirmäge başlady. Abdyllanyň sag ýaňagyndaky kiçijik ýaranyň yzyny görüp: “Mama dişäpdir” diýip belledi. Soň çep gulagyndaky gulakhalka ötüräýmeli deşijege seredip: “Bu näme?” diýip pyşyrdap sorady. Abdylla hem beýlekilerden utanjyna pyşyrdy bilen: “Ejemiň çagasy durmandyr, şoň üçin yrym edip deşipdir” diýdi. “He-he, adyňa Togtabaý ýa Tursun diýib-ä dakaýmandyr. Togtabaý Kadyry bolup ýaşar ýörerdiň-dä!” diýip lukman degişdi.
Abdylla kelte güldi. Ondan-mundan gürrüň edip, lukman ahyry Winokurowyň salan ýaralarynyň üstünden bardy. Ol “Bu ýaralar näme?” diýip çintgäp durmady. Dilindäki düwürtigi görüp, derman berdi. Döş kapasasynyň agyrýan ýerine maz çaldy. Tirsegindäki ýarany sargy bilen çekdirip daňansoň:
– Indiden beýläk dabyrdyklap duran at ýaly bolarsyň, Tursun Kadyry! – diýip, arkasyna kakyp goýberdi.
Şu pursat Abdyllanyň bu lukmana ýüregini açyp, içini dökesi geldi. Ýöne lukman eýýäm ýylgyryp, beýleki tussaglaryň ýarasyna em etmäge başlapdy. Abdyllanyň dile getirip bilmedik derdi ýene gursagynda galdy.
Türme durmuşynda bolup geçýän şular ýaly kiçijik üýtgeşiklikler, täzelikler, wakalar zerarly kameranyň içi edil balarysynyň öýjügi gorjalanan dek uzakly gün güwlär durardy.
Adamyň kellesine gelmejek hyýal barmy? Abdyllanyň adaty adam gatnaşyklary hakyndaky oýlary mähir-muhabbet baradaky pikirlere ýazyp gitdi. Öz kyssasynda ol söýginiň ýoklugy, has dogrusy, onuň basgylanyp öldürilenligi barada ýazmaga çemlenip ýördi.
Dogry, ýaş waglary Atabek bilen Kümüşiň yşky duýgulary hakynda ýazypdy, Anwar bilen Ranonyň söýgüsini wasp edipdi. Indiki ýazylmaly kyssada bolsa, başga bir söýgi barada söhbet açmaly. Ol gözden-dilden ýaşyryn ynam söýgüsi, sabyr söýgüsi bolmaly! Aýaly Rahbaryň sözsüz wepadarlygy, ýyly mähirliligi ýaly imrindiriji söýgi bolmaly!
Abdylla aýal bolup geleli bäri Rahbar görgi baryny görendir. Iki çagany dünýä inderip, üçünjisini göwresinde göterip ýörkä Abdylla ony ýalňyz goýup, Moskwa okuwa gidipdi. Birinji gezek tussag edilende hem biçäre aýal agyr aýakdy, çül-çaga bilen yzynda ýeke galypdy. Ýöne Abdylla nirä gitse-de, ol yzynda aladasyz ýatmady, habar tutdy. Ynha, indem çagalary ese-boýa galyp, olara guwanmaly wagt gelende Abdylla ýene türmede ýatyr. Rahbar bolsa, agyr günler bilen ýene tenha özi ýüzbe-ýüz galdy... Şular ýaly özüni mazamlamaýan söýgini, şular ýaly göze görünmeýän söýgini wasp etmeli!
Geçi sakgal Lazizzadäniň gepiniň hem jany bar. Mahlar aýymyň sözleý-sözleý soňuna çykyp bilmedik, aýdaý-aýdaý ahyryna ýetip bilmedik muhabbetini wasp etmeli!

Hijran ýeli öwüsdi, gözýaşym tutdy dünýäni,
Onuň her bir damjasy gark eder deňiz-derýany.

Yşk ähline ýaraşmaz bu dünýäniň gowgasy,
Gel, eý, däli-diwanalyk, sypyr başymdan bu gowgany.

Ýar yzynda ýortup men, boldum il şermendesi,
Eger görsem jemalyn, görersiň tomaşany.

Gowuşmadym wysala, yşk içre ryswa men,
Medet ber, bagta sary atar men ryswany.

Terse dönen, eý şum pelek, bu jebri-zulmuň nedir,
Aýra saldyň ýardan bu gün Nodira mejnun şeýdany...

Abdylla özüniň tramwaýdyr awtobusdaky oýnuny – görýän adamlaryny hyýalynda başga döwürlere äkidişini ýadyna saldy. Aňynda bir ýylpyldy peýda boldy. Mahlar aýymy şu pursatlarda Daşkendiň Samarkant derwezesi kwartalyndaky Kubiraryk köçesiniň 121-nji jaýynda oturan Rahbar hanymyň ornunda goýup gördi. Onuň ýokardaky gazalyny ýatlap, öz-özünden tisginip gitdi...

***

Lukman gidenden soň günorta naharyny getirdiler. Lukmanyň barlag geçirenligi üçinmi ýa başga sebäbe görämi, bu gezek tussaglara mäşewe berdiler. Daşyndan seredeniňde onçakly tagamlydyr öýtdürmeýän mäşewe beýleki günler berilýän naharlardan has oňat ekeni. Ony iýip bolup, içi ýellenen tussaglaryň çykaran oslugy kameranyň içini tutdy. Jurat aksakal osluk barada nakyla meňzeş bir zatlar aýdyşdyrdy-da:
– Ýene bir zatlara güýmenmesek boljak däl – diýdi.
Molla Şybyrgany burça geçip, öýle namazyny okaýardy. Mübärek Kohanow pursatdan peýdalanyp, öz hekaýatyny dowam etdirdi.
– Men otuzynjy ýylda Iňlisistana bardym. Olaryň London diýen uly şäheri bar. Onuňam Goldurs Giren diýen kwartaly bar. Ana, şo ýerde diňe biziňkiler, ýagny Musaň halky ýaşaýar. Menem şo ýerde ýaşadym. Öň Samarkantda gant zawodyny açan Abramowyň öýünde boldum. Meniň gelenimi eşidip, öň Buharadan göçüp baran musaýylaryň bary meni görmäge geldiler. Köp-köp ýahudy mollalary gelip, maňa tagzym etdiler. Bir gezegem asly buharaly däl-de, pereňli bolan bir ýahudy gelip: “Meniň atam Buhara syýahat edipdir, o barada kitabam ýazypdyr, adyna molla Ýusup Wulf diýer ekenler” diýdi. Ol maňa şo kitaby peşgeş berdi. Ony derrew okap çykdym.
Emir Nasrullanyň döwründe ors generaly Perowskiý Hywadyr Buharany basyp almak isläpdir. Munuň üçin iňlisler öz içalysyny Eýrandan Buhara iberipdirler. Içalynyň adyna polkownik Ştoddart diýipdirler. Iňlisleriň Tährandaky ilçisi Ştoddarta müň dukat pul berip, ony Meýmenäniň üsti bilen Buhara garşy ýola salypdyr. 1838-nji milady ýylynda, Remezan aýy başlanmazyndan iki gün öň Ştoddart Buhara barypdyr. Ol wezir Mahsumberdi Raisiň öýünde düşläpdir.
Polkownik Ştoddartyň ýanynda Hekim guşbegä gowşurylmaly bir hat hem bar eken. Ýöne Hekim guşbegi şo wagtlar eýýäm jezalandyrylyp öldürilipdi. Şoň üçin polkownik haty wezir Mahsumberdi Raisa tabşyrypdyr. Rais gahar-gazaba münüp: “Bilýäňmi, men kim? Emiriň ähli duşmanyny ýok eden men!” diýipdir. Muňa polkownik Ştoddart gülümsiräp: “Emiriň indi duşmanynyň ýokdugyna şatdyryn!” diýipdir.
Remezan aýynyň başlanan güni wezir oňa: “Emir seni görmekçidigini aýtdy, Arkyň öňi bilen Registana pyýadalap baryber” diýipdir. Şonda Ştoddart: “Men öz patyşamyň ýanyna pyýadalap gidemok, onsoň seniň patyşaň ýanyna nämüçin pyýada gideýin?!” diýipdir-de, atyny münüp Registana barypdyr. Emir metjitden çykyp seretse, Registanyň ortasynda, at üstünde bir pereňli ças berip dur eken.
Emir sesini çykarmandyr. Ýöne öz adamlaryndan birini iberip, bu ýewropalynyň nämüçin emiriň öňünde atly durandygynyň sebäbini sorapdyr. Ştoddart: “Bu iňlis dessury” diýip jogap beripdir. “Bolýar. Ony arz jaýyna eltiň!” diýip, emir buýrupdyr. Ştoddarty arz jaýyna alyp baryp: “Emiriň huzurynda baş egip, tagzym etmelisiň!” diýip öwredipdirler. Ştoddart bolsa gaharlanyp: “Men diňe Hudaýyň öňünde baş egýän!” diýipdir. Sakçylaryň iki sanysy gelip, Ştoddartyň goltugyndan tutanlarynda ol bularyň ikisinem itekläp goýberipdir. Muny gören köşk goragçysy polkownigiň niýeti düzüw däldir öýdüpdir-de, ony barlamakçy bolupdyr. Ştoddart köşk goragçysynyň äňine bir ýumrugy doňduryp, emiriň huzuryna ýeke özi giripdir.
Polkownik giren mahaly bosagada bir molla emir üçin doga-dileg edip oturan eken. Ştoddart hem ellerini göterip, pars dilinde doga okapdyr. Emir onuň doga-dilegine goşulyp, elini ýüzüne sylypdyr. Soňundan:
– Maňa nama getirdiňmi? – diýip sorapdyr.
Ştoddart iňlis ilçisiniň iberen namasyny uzadypdyr. Emir:
– Aýtjak-diýjek zadyň barmy? – diýipdir.
Ştoddart başyny ýaýkapdyr. Şeýlelikde, kabul edilşik tamam bolup, Ştoddart göwnühoş halda Raisiň öýüne gaýdypdyr.
Remezan aýynyň ikinji güni weziriň hyzmatçysy gelip: “Seni Rais çagyrýar” diýipdir. Ştoddart geýinmekçi bolsa, hyzmatkär: “Ýok, şu eşigiňde baryber” diýipdir. Ştoddart Raisiň howlusyna girende 12 sany esgeriň duranyny görüp, ynjalykdan gaçypdyr. Esgerler derhal onuň ellerini arkasyna gaňryp daňypdyrlar. Şol wagt Rais gelip: “Sen Ştoddart däl-de, hapysa içaly! Sen Kabuly satdyň!” diýip, hanjaryny onuň döşüne diräpdir. Ştoddart pars dilinde aman sorap, özelenipdir.
“Äkidiň!” diýip, Rais buýruk beripdir. Ştoddarty köçe bilen südenekledip äkidipdirler. Şol wagt ýagyş ýagyp duran eken. Ştoddart bu masgaraçylyga çydaman: “Gowusy, meni öldüriň!” diýip, gygyrypdyr. Ýöne ony eltip, köşgüň zyndanyna taşlapdyrlar...
Mübärek sözüne dyngy berdi. Diňläp oturan tussaglar uludan dem aldylar. Abdyllanyň bütin durkuny birgeňsi tolgunma gaplap aldy. Bu hekaýaty ozal eşitmänligi üçinmikä? Ýa Mübärek gyzykly, täsirli gürrüň berdimi? Ýok, ol owadan geplemäge-hä ökde däl, üssesine dilem çalgyrt. Ýöne Abdylla bu hekaýata özüni dahylly duýupdy, şo-da ony tolgundyrýardy. Erteki diňleýän ýaş çagalar deý tussaglaryň birnäçesi: “Yzy? Yzyny aýt!” diýşip, ilgezik boldular.
Emiriň haremhanasy baradaky kyssasyny ýazmaga taýýarlyk görüp ýörkä Abdylla Nasrulla hanyň köşgüne iki sany iňlis jansyzynyň iberilendigi, olaryň şo ýerde ele düşendigi, kellesiniň alnyp öldürilendigi barada rus çeşmelerinden tapyp okapdy. Mübäregiň okadym diýýän iňlisçe kitabyndaky anyk wakalar barada bolsa, ilkinji gezek eşidýärdi. Abdylla alasarmyk ýagdaýa düşdi. Ol-a “Şo döwür barada näme ýazylan bolsa, okadym” diýip ýör, bärde bolsa, ýaňky ýaly täsin hekaýat aýdyp otyrlar! O iňlisiň zyndana taşlanylyşyny diýsene!..
Abdylla bu hekaýatda özüne gymmatly bir zatlaryň bardygyny duýdy. “Bularyň bary barada Mübärekden ilik-düwme sorap, öwrenmegim gerek” diýip ol oýlandy. Şol wagt Jurat aksakal: “Gulan garçgaý guşuň edenini ederin diýip, batga batyp ölen ekeni-dä!” diýip, endigine görä aýlawly gepledi.

***

Buharaly Mübärekden soň hekaýat aýtmaga höwesek tapylmady. Günortanky mäşewe tussaglaryň süňňüni agraldan borly, olaryň birentegi baýramçylyk sebäpli dörän böwşeňlikden peýdalanyp, jenaýat kodeksini okamagyň ýerine oturan ýerlerinde uklap galdy. Abdylla bolsa, ýene öz hyýallary bilen gümra boldy. Ýene-de aýalyny, çagalaryny ýadyna saldy. Onuň oý-pikirleri Mahlar aýym bilen Aýhanpaşşa tarapa uçdy. Olar barada ýazyp gutarmanlygy hakydasyna geldi. Belki-de, ol Aýhanpaşşanyň seýit Kasyma bolan söýgüsi zerarly Mahlar aýyma geregiçe üns beren däldir, käbir zatlary gözden salandyr? Oýlanyp görseň, Mahlar aýym hem bagtsyz biçäre. Emir Omar hanyň başdaş aýaly! Bir döwür olar, gör, nähili bagtlydy! Bir jan, bir tendi! Öz şirin-şeker gazallary deý bir-birinden aýrylmaz bitewidi!

Taý geljek ýok görküňe gözelleriň içinde,
Açylan täze gül sen, men bilbiliň zary bar...

Ortadan pes boýly Omar han inçe billi, derek boýly Mahlar aýymy, Mahlar aýym bolsa Omar hany jandan eziz söýýärdi. Zenana mundan başga nähili bagt gerek? Kim onuň bagtyny baglady?

Eý, peri, bir gün bozuk külbäme girgil sallanyp,
Hiç haçan, çünki külbäniň saýaly diwary bar...

Kelläňe gelen ähli zady ýazybermeli däl eken. “Bozuk külbe” diýen sözüň ertir köňül weýrançylygyna öwrülse, “saýaly diwar” diýýäniň bolsa, ýagty gündiziňe garaňky salýan kölege bolup maňlaýyňdan çyksa, nädersiň! Ýazan zadyň bu gün bolmasa, ertir öz başyňa geler eken... Käşgä, muny öňünden bilen bolsady...
Abdylla bu pikirleri öz durmuşyna ýöňkedi. Başyna beýle agyr günler düşer ýaly näme ýazdyka? Aýhanpaşşanyň emir Omar hanyň haremhanasyndaky ýesirligi bu günki tussaglygyň alamaty bolmasyn? Eýse, ol: “Şu gyş basa oturyp işlesem, kyssany ýazyp gutararyn” diýip, şu güne düşdümi? Şeýle pikirlere bendi bolup, Abdylla ýanbaşlap ýatyşyna nädip irkilenini-de bilmedi. Düýşünde ejesi Josiýat bibini gördi. Ol Omar hanyň haremhanasynda aýallara baştutanlyk edip oturanmyş.
– Nirä ýitirim bolduň? Ady ýitmiş Kazana gideliň bäri teý garaň görünmedi! – diýip, igenýär.
Abdylla ejesini köşeşdirýär.
– Men, ine, geldim. Sen bu ýerde näme işleýäň? – diýip, gyzyklanýar.
– Aýhanpaşşany öz gyzym ýaly görýän, şoň üçin göz-gulak bolup otyryn. Ana, ol agzyndan süýt ysy gitmedik Mädaly hiç meniň gözüme gelenok, erkek kişidirin diýip, bolup ýörşüne seret!
– Men köp aýtdym oňa – diýip, Abdylla özüni aklaýar. – Ataňa duýduraryn diýdim. Şonda biraz çekindi...
– Belany çekiner. Indi ölüp giden atasyndan çekiner öýdýäňmi? Ýaňyja gelip, oňa: “Indi seň eliňden arkaýyn çaý içeris!” diýip gitdi. Azgyn deýýus...
Abdylla düýşünde Omar hanyň hakykatdan-da ölendigini, işan-ulamalaryň on ýedi ýaşly Mädalyny ak egin-eşiklere çolap, hanlyga göterişlerini ýatlady.
Abdylla bu ýerde Aýhanpaşşanyň bosagasyny alyp uzak durmaly däldigini duýýar, nirä gitjegini-de bilmän:
– Bolýar, men gideýin – diýip, ejesiniň ýanyndan gaýdýar.
– Ýene Kazan-pazan diýip, ýitirim bolaýmagyn-uw! – diýip, yzyndan ejesi ynjalyksyzlanyp gygyryp galýar...
Geň zat, köşkden çykansoň Abdylla ädimlerini sanap, Kubaryk köçesindäki öz öýüne tarap ýola düşýär. Dos-dogry 277 ädim sanap, öýüne gelýär. Görse, hiç kim ýok. Rahbaryň, çagalarynyň adyny tutup, gygyrýar. Jogap berýän ýokmuş. “Toý-tomga dagy gidendirler-dä” diýip, Abdylla bagyna çykýar, teläriň ýanyna barýar. Iňrik garalyp başlaýar. “Çagalar bimahal çag çykyp gidipdirler” diýip oýlanýar. Bir seretse, köşgüň esgerleri haýatyň düýbünde ot ýakyp, onuň öýüniň daşyny alşyp otyrlarmyş. “Bular kim?” diýip, Abdylla howsala düşýär. “Çagalaryň öýde ýoklugam bir gowy zat!” diýip begenýär. Birdenem: “Çagalary şular äkiden bolmasyn?” diýip müňkür bolýar. “Ýok, ýaňy öýe gaýdamda-da bular ýokdy, şu wagt gelendirler...” diýip oýlanýar.
“Hä, bular azgyn Mädaly hanyň nökerleri, Abdyllany göztussag eden adamlar. Aýhanpaşşa barada aýdan nesihatlary janyna ýakmandyr, ýokuş görüpdir, indi onuň öz eli, öz ýakasy, edesi gelenini eder...”
Abdylla töweregine garaýar. Nökerler öz-özleri bilen gümra, tohum taşlan gurbagalar ýaly wakyrdaşyp otyrlar. Köçäniň ortasyndaky demir ojagyň üstünde bolsa bygyrdap, çorba gaýnaýar.
Bular Kazana baranlarynda tatarlaryň suwuk naharyndan barynyň içi geçipdi. Şonda Gapur Gulamy dermanhana iberipdiler. Dermanhananyň gyzlaryny görüp kellesi göçdümi ýa serhoşlugyndanmy, ol goşawujyny dolduryp, sürgi dermanyny getiripdi. Yzyndanam kakabaşlygyny edip: “Zäheri zäher bilen, arwahy arwah bilen ýok edeliň!” diýipdi. Sokrat bol-a, zaňňar! Şo sürgi dermany hem “Bir gün derdiňe ýarar” diýip, çagalary ýaş bolany üçin Abdylla beripdiler...
“Ine, şo dermanyň gerek ýeri!” diýip, şeýtan onuň böwrüne dürtýär. Abdylla sürgi dermanyny hiç kime bildirmän gazana atýar, hiç zat bolmadyk ýaly teläre tarap gaýdýar.
Nökerleriň gurbaga ýaly wakyrdaşyp, gülüşýän sesleri entegem ýer ýarýar. “Soňky gülen çasly güler!” diýip Abdylla oýlanýar. Şondan soň nökerleriň arasynda başagaýlyk başlanýar, her kim içini tutup, bir tarapa ylgaýar, osluk sesleri eşidilýär...
Abdylla oýansa, şo tussaglyk, şo kamera! Ýöne oslugyň ysyndan durar ýaly däl. Baýramçylyk mäşewesini iýip, uka giden bendileriň içi ýellenipdir...

***

Abdylla ýap-ýaňy gören düýşi barada oýlandy. Ilki wakalary birme-bir ýatlady: ejesini, Aýhanpaşşanyň bosagasyny, azgyn Mädaly hany, ädim sanaýyşyny, teläri, çolaran howlusyny, öýüniň töweregindäki nökerleri, gaýnaýan gazany, oňa atan dermanyny... Ýüregi bir darykdy, bir giňedi. Düýşüni ýorup başlady. Ejesiniň ruhy ejir çekýärmikä? Soňky günler o pahyry ne ýadyna saldy, ne-de aýat-töwir etdi. Ol ejesine iki dünýe bergili. Ölenine iki gün diýlende, entek mazarynyň gyzyl gumy solmanka ýeňsesini tüňňerdip, Kazana gitdi. Şonda ejesiniň ruhy yzynda “Göbegiň gömüldimi o ýerde? Ýazyjymyşyn-a! Ýazyjylygyň gursun seniň! Çagakaň bir gulagyňy deşipdim, şo wagt ikisinem deşip, ysyrga asan bolsam, agzyňy öweldip, öýüňde oturardyň...” diýip galandyr.
Ýöne ejesiniň ýanynda Aýhanpaşşa näme işläp ýörkä? Ýa Rahbardan bir alamat barmyka? Abdylla saryýagyz Rahbary Mahlar aýyma kybapdaşyrak görüp ýördi. Üssesine eserlerindäki gahrymanlary Kümüşiň, Zeýnebiň, Ranonyň Rahbar üçin günüden tapawudy ýok... Bir gün dalbaryň astynda horkuldap aglap otyrka ogly Habybylla: “Kakam aglap otyr” diýip, Josiýat bibi bilen Rahbary alyp gelipdi. Ejesi ýuwaşlyk bilen: “Hä, oglum, eýgilikmi? Näme gözüňi sykyp otyrsyň-la?” diýip sorapdy. Abdylla agysyny saklap bilmän: “Öldürdim! Ýap-ýaňyja öldürdim! Öz elim bilen Kümüşi öldürdim...” diýipdi. Ejesi: “Bi çaga däliräpdir!” diýip, doga okapdy, gelni bilen agtygyny alyp öýe ýumlugypdy. “Sen meni gowy göreňok, Kümüş bilen Zeýnebi halaýaň!” diýip, şo gije Rahbaram aglapdy. “Eý, adam, olar toslama ahyryn!” diýse-de, “Heý-de, erkek kişi toslama üçin aglarmy?!” diýipdi.
Ynha, indi bularyň üstüne Aýhanpaşşa-da goşuldy. Eger häzir kumlakly Sünnet bularyň öýüne baryp, Abdyllanyň ýazan hatyny gowşursa, Rahbar hem golýazmany tapyp, oňa göz gezdirip çyksa, ýene ýüregi para-para bolar! Onda-da başyna şular ýaly külpet düşen güni! Indi “Goýaweri, gelin, meň şu oglum çagalygyndan kelesaň, deň bolmaweri!” – diýip, Rahbary köşeşdirip oturan ejesem ýok. Golýazma barada aýalyna hat ýazyp ýalňyşaýdymyka? Rahbar: “Türmede ýatsa-da, golýazmasyndan başga gözüne görünýän zat ýok!” diýip pikir etmezmi?
Abdyllanyň kalbyna howsala aralaşdy. Ol Aýhanpaşşa barada oýlandy. Seýit Kasymyň keşbine girip, öz eserinde özi Aýhanpaşşany söýüp ýören bolmasyn? Ýa tersine, seýit Kasymyň elinden gelýän zat ýok diýip, Aýhanpaşşanyň şekiline giräýdimikä?
Onuň üstüne güni getirip, emir Omar han soňky alan ýaş aýaly bilen sähel wagt ömür sürdi-de, panydan baka göçdi. Şonda Aýhanpaşşa zulmatdan gutulandyryn öýtdi. Boý ýigit seýit Kasym öň bir äre çykan Aýhanpaşşa öýlenermikä? Omar handan perzent dogurman, özüni seýit Kasym üçin aýap saklandygyna o ýigit düşünermikä? Aýhanpaşşa köp oýlanyp, atasynyň ynanyşýan adamlarynyň biri, Omar hanyň janpenasy, öz ildeşi Muhammet Şarife ýüz tutmagy ýüregine düwdi.
Aýat-töwir bahanasy bilen ol gyzyl sakgal pälwany ýanyna çagyrdy, edil agasyna ynanyşy dek oňa ynandy, ýüregini açdy. Muhammet Şarif: “Bikäm, Baýguş ogly Kulankyr soltandan gorkaýmalydyr! “Ker eşidenini biler, kör – tutanyny” diýipdirler” diýip duýdurdy-da, seýit Kasym bilen habarlaşmagy öz üstüne aldy.
O günler Aýhanpaşşa üçin hem ýaslydy, hem umytlydy. Gara geýnenligi sebäpli ýüzi öňküdenem ak görünýärdi. Inçejik umyt bolsa, köňlüne aram, ýüzüne ýagty berýärdi.
Hyýalyň allowarralara uçup gitmegi üçin uly zat gerek däl, dalbara söýelen merdiwan, jygyldap barýan araba, ýyly hem ösgün şemal ýeterlik.
Aýhanpaşşa geljekki bagtly durmuşy barada arzuwa çümerdi. Jigilerini görmek bahanasy bilen Şährihana barar. Ol ýerden seýit Kasym bilen Alaý daglaryna – gyrgyzlaryň arasyna ýa-da Karategine – täjikleriň ýanyna gaçyp gider. Şeýdip, durmuşy täzeden başlar...
Soňra Aýhanpaşşa gaýgy-ünjä giderdi. Seýit Kasym öýlenmedik boý ýigit. Aýhanpaşşa miwesiz gül bolsa-da, dul gelin halyna haýsy ýüz bilen onuň goýnuna girer? Onuňam ene-atasynyň arzuw-höwesi bardyr, ogullaryna boý gyz niýetläp ýörendirler. Olaryň aşyna zäher gatmalymy?
Şunça oýlansa-da, Aýhanpaşşa pikir ýumagyny çözläp gutaryp bilmezdi.
Bolýa, hany entek girim-çykymy gowy bilýän agasy Muhammet Şarif seýit Kasymyň ýanyna baryp gelsin bakaly...
Abdylla öz howsalasynyň düýp sebäbine şu ýerde düşünip galdy: özi kumlakly Sünnetden öýüne habar ugradypdy ahyryn. Indem onuň hoş habaryna garaşyp otyr.
Ol pikir derýasyny gulaçlap ugrandan Jurat aksakal gödeňsi ses bilen:
– Turuň, hany! Näme çaga dogran heleý ýaly ýazlyşyp ýatyrsyňyz?! – diýip gygyrdy...
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 71 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Hamid Ismoilow, Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 12:36, 26.08.2024
– Sen näme... – diýip, esger paýyş sögündi. – Näme maňa kürüşgäňi somlap gelýäň? Çaý gerek bolsa, ondan sora. Töňňe!

rus esgeriň söwünjini öz dilinde okamak has dogry, Awtor ekäň edişi ýaly şo durşuna goýmaly eken....

- Ты что, ё...тый?! – деб сўкинди аскар. – Чего ты мне кружку протягиваешь. Если хочешь чай, то чай у него, чурка ты,
неотесанный!

---
«Чýрка», «чурба́н» — этнофолизм (этническая кличка), расистское, пренебрежительное, уничижительное обозначение представителя народов Кавказа или Средней Азии, «нерусского», один из терминов языка вражды, социокультурный конструкт. В стереотипных представлениях — мигранты, плохо говорящие по-русски и ведущие себя не по местным «понятиям». Чаще в них, чем в «жидомасонах», массы видят главный источник сегодняшних и будущих угроз. Слово часто фигурирует как оскорбление, подчёркивающее иноэтническое происхождение оскорбляемого. По созвучию с этими словами сближается «чурек» — этнофолизм с тем же значением, производный от названия пищи. Оскорбительное «чурка» близко к понятию «нерусь».
Прозвище производно от обозначения короткого обрубка дерева. Этнофолизм появился в советский период и претерпел изменения в связи с глобальными миграционными процессами, имеющие часто ярко выраженный конфликтогенный характер. В советское время «чуркестаном» именовалась любая среднеазиатская республика Советского Союза через название Туркестан — исторический регион Центральной Азии; «чуркой» — недалёкий советский человек, который плохо знал русский язык. В дальнейшем произошло устойчивое закрепление слова за выходцами из Средней Азии, а позднее также за уроженцами Северного Кавказа и Закавказья. Это стигматизированное значение предположительно происходит из среды уголовных элементов и изначально присутствовало только в тюремном жаргоне, а также, возможно, в армейском сленге...

(Материал из Википедии)
avatar
0
2 Мango • 12:46, 26.08.2024
"Partiýanyň wagyz-nesihat bölüminde işlän bolmagy ahmal Oržonokidzäni ýatladyp duran Lazizzadeniň" aýdyp beren gürrüňiniň aýdylyş stili häli-häzirem diri we ulanyşda.... :-)

...Edil küýzeden suwuň akyşy ýaly, onuň perwaýsyzlyk bilen aýdýan sözleri dilinden endigan hem dyngysyz dökülip dur.
– Emir Omar hanyň reaksion durmuşyndan iki mysal getireýin. Ol mysallarda emiriň dini-dogmatiki tebigaty aýdyň ýüze çykýar. Buržuaz taryhçysy Ibratyň “Fergananyň taryhy” atly eserinde ýazmagyna görä, emir Omar han her bir işi feodal-klerikal ulamalaryň çözgüdine esaslanyp, amala aşyrypdyr...
avatar
0
3 Мango • 14:34, 26.08.2024
...Ony iýip bolup, içi ýellenen tussaglaryň çykaran oslugy kameranyň içini tutdy. Jurat aksakal osluk barada nakyla meňzeş bir zatlar aýdyşdyrdy-da:
– Ýene bir zatlara güýmenmesek boljak däl – diýdi...

---
terjime edilmedik "uruşly ýerini" originalda okaň :-)

...Уни еб бўлиб, Журъат оқсоқол: “Жарт ўсириқ - мард ўсириқ, пис ўсириқ - пес ўсириқ!”- деб жартиллатиб ўсириб берди. Ким кекирди, ким ўсирди, овқат мазасини сассиқ ҳаво босди. “Яна чалғимасак бўлмайди!” – деб хитобланди қизилсоқол Журъат...
avatar
0
4 Мango • 15:47, 26.08.2024
gabanjaňlygyň ajaýyp sypatlandyrylmasy...
ýazyjy öz gahrymanyny aýaly gabanýa diýip "öldürip" oty... :-)

...Bir gün dalbaryň astynda horkuldap aglap otyrka ogly Habybylla: “Kakam aglap otyr” diýip, Josiýat bibi bilen Rahbary alyp gelipdi. Ejesi ýuwaşlyk bilen: “Hä, oglum, eýgilikmi? Näme gözüňi sykyp otyrsyň-la?” diýip sorapdy. Abdylla agysyny saklap bilmän: “Öldürdim! Ýap-ýaňyja öldürdim! Öz elim bilen Kümüşi öldürdim...” diýipdi. Ejesi: “Bi çaga däliräpdir!” diýip, doga okapdy, gelni bilen agtygyny alyp öýe ýumlugypdy. “Sen meni gowy göreňok, Kümüş bilen Zeýnebi halaýaň!” diýip, şo gije Rahbaram aglapdy. “Eý, adam, olar toslama ahyryn!” diýse-de, “Heý-de, erkek kişi toslama üçin aglarmy?!” diýipdi...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203