Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:32
K.S. Stanislawskiý. Talant

K.S. Stanislawskiý
TALANT
(ýazgy depderçesinden)

Talanty adamdan bölüp aýryp hem onuň başlangyjyny, soňuny kesgitläp hem bolmaýar.

Talant duýulýar, emma söz bilen kesgitlenmeýär. Talantyň psihologiýasy örän çylşyrymly bolany üçin ylmyň meşgullanjak işi, ýöne ol hem talantyň dürli-dürli sypatlaryny, görnüşlerini jemläp, bir kesgitleme berip bilmeýär. Her bir ýagdaý, diňe bir talant däl, adamyň umumy psihologiýasy, onuň şertleri ýörite öwrenilmegi talap edýär. Şol sebäpli talantyň derejesini, ululygyny-kiçiligini, has-da entek ol doly ýüze çykmanka baha bermek, kesgitlemek şeýle müşgil iş. Kim ýaňy dürterip çykan şinä seredip, onuň nähili boý aljakdygyny, haçan, haýsy döwürlerde has-da pajarlajakdygyny öňünden aýdyp biler.

Mysal üçin, käbir talantlar köp wagtlap görünmeýärler ýa-da aýdyň bildirmeýärler. Bir bolgusyzja sebäp, säwlik olaryň ýüzüni açýar welin, olar pajarlap ösüp başlaýarlar. Käbir talantlar bolsa, çala aňdyrýan ýylpyldydan haýal, emma ýuwaş-ýuwaşdan durnukly ösýär. Käsi bolsa ýalpyldap çykýar-da, aňryçägine çalt çykyp, şol derejesinde-de doňup galýar. Dördünjisi-hä ösere amatly şert döremändigi üçin şine-de ýarman galýar.

Talantlaryň ýüze çykyş we ösüş häsiýetleri olaryň eýeleriniň aýratynlyklary we ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen berk baglanyşykly bolýar.

Ýaş artistleriň talantyny öňünden duýmaly, olara maslahat bermeli bolýan adamlara uly jogapkärçilik düşýär. Beýle ýagdaýda duýgurlygyňa we artistiň tebigy üşüginiň sazlaşygyna ynanmaly.

Teatryň aňrybaş derejesi diňe genilerden düzülen topardyr. Bu hiç wagt başa barmaýar, şonuň üçin talabyňy peseltmeli bolýar. Bir geniden hem-de ýokary talantly artistlerden jemlenen topar hem aňsat-aňsat döremeýär. Şonuň üçin diňe talantly aktýorlardan ybarat topary ýygnap bolsa-da kaýyl bolýarsyň.

Şeýdip talaplaryňy peseldip, kaýyllygyňy artdyryp tas talantyszlar bilenem oňşuk etmge çenli ýetip bolýar. Beýle günde saýlamakda bulaşyp başlaýarsyň. Mysal üçin, akylly ýöne talantsyz gowumy ýa-da barypýatan akylsyz emma az-owlak ýylpyldysy bolan gowumy? Kim bilýär, belki. birinjisi işleşmäge oňaýlyrakdyr.

Talantlar bolup, olaryň içinden saýlamaga mümkinçiligem dörese – bu uly bagt. Onda sungat kämillige ýetýär. Ýöne ýok bolan ýagdaýynda nätmeli? Teatrlary ýapmalymy? Ýok, olar bolmaly, bolaram. Aýratyn talantlara ýetmezçilik dörände artistleriň, kömekçileriň umumy derejesini galdyrmaly, sahna serişdeleriniň hilini ýokarlandyrmaly. Artistlerde janlylygy, tehnikany, duýgurlygy güýçlendirip, talantyň öwezini dolmaga çalyşmaly. Beýle teatrlar uly hormata mynasyp bolmasalar-da, az-owlak täsir gazanarlar. Olaryň ady ýaň salmaz, gapylary tomaşaçylardan hümer tutmaz, olar sungatda täze eýýamy açmazlar, muňa garamazdan, umumy aň-düşünjäni ösdürmekde sähelçe-de bolsa öz paýlary bolar.

Şeýle bir wakany gürrüň berýärler: bir rus tankytçysy meýningen toparynyň talantly režissýory Kronege: „Siz ajýyp gapylary, rysarlaryň owadan eşiklerini getiripsiňiz, ýöne talantly artistleri alyp gelmegi unudanyňyza gynanýan“ diýipdir. Kronek oňa: ”Şilleriň, Şekspiriň pýesalaryny hem getirdim, ýone eger sizde geniý bar bolsa, ony maňa beriň, ýerine göwnüňizden turan gapylary we eşikleri size bereýin“ diýipdir.

Ýalan hem bolsa, çyna berimsiz, jaýdar söz.

Kronek hak aýdýar, eger onuň bilen razylaşmasak, teatrlarymyzyň gapysyna „Talantlarymyzyň ýoklugy sebäpli näbelli wagtlara çenli ýapyk“ diýen ýazgyny asyp gaýaýmaly bolardyk.

Netijede, häzirki zaman sahna şertlerimze görä talanta baha bermeli hem-de toparyň düzümine laýyklykda güýjüniň ýetjek repertuary taýýarlamaly bolýarys. Genileriň asyrlar, talantlaryň ýyllar, orta taplaryň günüň, talantsyz çöňňeleriň bolsa bir sagadyň dowamynda döreýändigine kaýyl bolmaly bolýarys. Ine, maňa gündelik durmuşyň öwreden zady.

Teoriýa görä oýlanyp, aktýory çeperçilik talaplara görä ölçäp, şu aşakdaky düşünjelere geldim:

Talanty bolmasa, orta tap artisti hem ýetişdirip bolmaýar.

Sungatyň tehnikasy hiç haçan tebigy talantyň ýerini çalşyp bilmeýär. Ol diňe talantyň açylmagyna ýardam edýär.

Talanty bolmadyk artisti mazmunsyz forma, yssyz güle, jansyz jesede meňzederdim. Işine werziş, emma duýgurlygy kütek, talantsyz artist owadan daşlanan, iň gyzykly sahypalary bolsa goparylan gowy kitaba meňzär.
Manysy, maňzy joşgun bilen açylyp görkezilmeli esasy baş rollara gezek gelende ýokarky talaplarymdan el çekmeýärin. Talansyz artist Gamlet, Otello ýaly rollary oýnajagam bolmaly däldir, çünki akylly emma talantsyz ýerine ýetirilen bu rollar – boş ylalaşykdyr.

Haçan-da ruhy çylşyrymlylygy bolmadyk rollara gezek gelende, artistden talabyňy azaltmak bolar. Eger-de artistde ortarak talant, gowy paýhas, bilim, syratly keşp, laýyk ses bar bolsa, beýle artistiň teatra gerekdigini ynamly aýtmak bolar. Ýöne ol özüniň mümkinçiliklerinden çykmaly däldir. Talanlylar üçin hem (sönmezleri ýaly), talantsyzlar üçin hem (öserler ýaly) tehnika zerurdyr.

Terjime: © Hydyr AMANGELDI
Çeşme: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=posts&id=12
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Konstantin Stanislawskiý, Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 22:02, 14.02.2024
"Zehin" sözüni neçüýn ret etdikä Hydyr aga?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203