Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:48
Kaka, ejem nirede? / hekaýa
KAKA, EJEM NIREDE?

Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady.
— Kaka, ejem gelenog-a.
Gyzynyň bu gezek gyryljygrak çykan sesi häzir höre-köşäniň ýeri däldigini aňdyrdy. Onuň sesindäki howsala Atdanyň çep gursagyna-da geçdi. Işe göterýän gaýyş bukjasyny gyzynyň eline tutduryp, başartdygyndan sep bildirmejek boldy.
— Ýeri, ol gelip-gelmän nirä gidipmiş?
— Ertirki düýe sürüp gidişi.
Atda ýantilindäki sagada seretdi. Içinden «Beh!» diýenini duýman galdy. Daşyndan başgarak hörpden gopdy.
— Gyzym, ejeňe näbeletmi? «Guba çägeleriň üstüne çyksam, Gyzyltakyrdyr Diňlide oturan ýaly bolýan» diýip, alaňlaryň biriniň depesinde oturandyr görseň — diýdi-de, ýoluny dowam ediberdi.
Şu ýere göçüp gelýänçäler kyrk dört ýaş ömründe çarwaçylykdan öwrenen zadynyň — yzçylygyň häzir onuň maňlaýyndan diremeli ýeri. Yz çykarmalydy. Anha, saga tarap bir ýolaýryt sowuldy. Ol obanyň içi bilen şähere çykýar. Yz bolsa geçenok. Çarwaçylykda ýa-da yzçylaryň dilinde muňa daşyndan yz çalmak diýilýär. Atda ýöräberdi. Saga tarap ýene bir ýolaýryt sowuldy. Ol şäheriň çetindäki uly keselhana eltýär. Bolsa-da yz geçenok. Ýol indi obanyň daşy bilen çepe öwrülip, günbatara gönükdi. Ol ýurduň demirgazyk welaýatyna gidýän uly ýola sapýardy. Ertirden soň, örä çykarylan çekene çygrynyň üstünden agaryp ýatan düýe yzyna hemem tanyş köwüş yzlaryna Atda begendi, bogazynyň ýumrusynda bolsa tokga bir zat dykyn alyp duran ýaly boldy. Bu onuň soňky döwürde tapynan zady. Sebäbini-de aňýar. Zybagözel atly özi adyndan owadan bir gelniň mertebesine tokunmasyndan soň, şeýle bolýan boldy. Häzir näme bolanda-da, görjek-eşitjek ýok. Obanyň daşy. Şonda-da özüňe basalyk beren ýagşy. Atda bogazynyň ýumrusynda tegek bolup duran zadyň öňi açylaýmaz ýaly, garşy-garşy ýuwdundy. Ol Nargözeliň öýde girip çykanda geýýänje köwşüniň yzyny tanady. Duran ýeri aklaňyň depesi bolany üçin oba tarap seretdi-seretdi-de, goluň içine tarap eňdi. Soňam ellerini agzyna tutdy-da, «Na-argöz-e-el! Aý, Na-argöz-e-el-o-ow!» diýip, ömür etmedigini edip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. «Ömür etmedigini edip» diýilmesiniň sebäbi bar. Aslynda Nargözeliň gyz ady — Ogulnar, ýöne toý gününiň ertesi gün Atdanyň ejesi pahyr oňa eýýäm « Nargözel!» diýen owadan at dakypdyr. Elbetde, munda gelin ady dessuryndan ugur alnanlygy belli zat. Ynha, Atda gelniniň özi ýaly owadan adyny säherleri ýaňlandyryp gygyrdy. Birinji gezek şeýtdi. Howanyň durulygyndan bolsa gerek, ol at ýaňlanyp , özüne öwrülip gelip duran ýaly boldy. Göwnüne bolmasa, gollaryň içi-de Nargözeliň adyndan ýaňa püre-pürlenene meňzeş. Atda umydygärlik bilen näçeler gygyrsa-da, Nargözeliň ýaglygyny bulap, «Men bärde» diýip gygyrýan sesini eşidip bilmedi. Gul-gula düşdi. Bolmajagyny bilip, öýlerine tarap ylgady. Albyraňňylykdandyr-da, beýik alaňdan eňip gelýärkä, serrelip gitdi. Üst-başyny kakyşdyryp, gapyda söýelgi duran «IŽ—PLANETA-3»-iň ýangyjyny barlady. Benzin berip, depip gördi. Gumda ýaşaýarkalar goýun ýanyna münmäge hezil beren janawar ýeke depüwde otlandy. Gazy birki gaýta towlanansoň, sesi durlandy. Atda bärik göçüp gelneni bäri, münüp ýörmeýän motoryna atlandy. Gazy gatyrak berdi-de, 1-nji tizlige geçirilen motoryň muftasyny sypdyryp goýberdi. Motor duran ýerinde 180˚öwrüldi. Ýene birki gaýta gaz berip, gündogarky ýapa tutdurdy. Ýapa dyrmaşdym-dyrmaşdymda 2-nji tizlige geçirilen « IŽ» dim-dik beýigiň ýüzünde inçejik tüsse galdyryp, atylyp gitdi. Goýny motorda barýarka yzlamaga endik eden Atda Nargözeli basym tapdy.Jan barlamak üçin habar gatyp gördi.
— Ýene öýkelediňmi?
Nargözel ne «Hawa» diýdi, ne-de «Ýok».
«Bolýa-laý!» diýen Atdanyň sesi müýnli çykdy. Bogsaklap sagylýan düýeleri bardy. Irden işe gitjek bolup durka Nargözel oňa «Bogsak çekişäý!» diýipdi. Göreniň Atda, öňem işe gyssanyp duransoň, «Sagybam bereýinmi?» diýäýmezmi. Ýeri, «Çagalaň bilen günüňi göraýsene!» diýse-hä allanäme boljak. Göwni synypdyr. Ber habary. Kakasy Esenmyrat aga pahyr «Göwün ýykmak Käbäni ýykmak bilen deňmiş»diýerdi. Synan göwnüň seýik tutmasy kyn bolýar. Atda edenini egni bilen däl-de, ýüregi bilen çekmeli ýeriniň gelendigini duýdy. Motoryny tümmege söýedi-de, gözüni bir nokada dikip oturan Nargözeliň edil gapdaljygyna baryp oturdy. Näme üçindir, owadan gelinleriň duýgur bolmaýanlygy hakdaky gürrüň ýadyna düşdi, göwnüne bolmasa, Nargözeliň häzirki bolup oturşy şony tassyklaýan ýalydy. Ol ş-şu wagt owadanlyga, görk-görmege guýlan heýkele çalymdaşdy. Indi şol heýkele jan bermekde iş bardy. Nämeden gürrüň açanda boljagynyň pikirine çümen Atda özi bilip-bilmän, ak çägäniň ýüzüne Nargözeliň adyny ýazyp-bozup, ýazyp-bozup oturypdyr.
— Näme edip oturanyňy bileňok öýdýän.
Atda gulaklaryna eşidilen sözleriň gapdalyndaky gözellik heýkeliniňkidigine ynanmajak boldumy, nämemi:
— Nä-äme-e? — diýäýipdir.
Gapdalyna dikanlap seretse, heýkeliň balkyldap duran gözlerinden gaýdýan dür monjugy ýaly gözýaşlar taýly ýaňagynyň ugry bilen boýnunyň ýüzünden emenjek çukuryna tarap syrykýardy. Atda galsa ol gözýaşlary kim näme diýse-de, sapaga düzüp, monjuk edinip, boýnundan asyp gezmejekmi?Häzir oňa maý ýok. Jübüsinden elýaglygyny çykardy, çykaryşy ýaly-da yzyna saldy-da, heýkeliň eýýäm gyzaran hem pökgeren gabaklarynyň aşak etegindäki gözýaş damjalaryny hamala, ele alaýasy gelýän ýaly, usullyk bilen elledi ,ol diýenem bolmansoň, barmaklarynyň ýerine dodaklary bardy. Şorja damjalar! Heýkeliň kellejigi gursagyna ýaplandy. Atdanyň ýüregi sersdi. Ýigrimi ýyl mundan öňki guşakçözdi ýadyna düşdi. Bir tapawudy şonda ikisiniň daşy adamdan ýaňa hümerdi. Häzir weli, saýraşýan guş-gumrular bolaýmasa, bu däli daňaýmaly diýilýän gollaryň içinde Ýer bilen Çögüň arasynda ýalňyz özleri. Heýkeliň sagrysyna düşüp ýatan saçlary çöşlenip, oňa gandym gülleriidir pürleri ilişen eken. Atda olary aýryşdyrdy.
Heýkeliň sesi eşidildi:
— Köýnegiň ýagyrnysy çintik-çintik gara-la, bir zad-a syçrapdyr?
— Motoryň tüsseçykarynyň işidir o. — Atdanyň sesi haýyşmy, sala salyjylykmy ýa teklipmi bir äheňde çykdy. — Gaýtmaýasmy? Çagalaryň gözi ýoldadyr.
— Gaýdaly, ýöne öňürti köşege gysym-penje ot alynsa gowy bordy.
Atda:
— Häzir — diýdi-de, sargylt, gyzgylt güllere basyrynyp oturan gandymly depä tarap dyrmaşdy. Pürli, güllän gandym şahalarynyň — çalynyň bir goltugyny ulagyň oturgyjynyň yzyndaky goş-kötele niyetlenen ýörite ýere daňdy. Motora benzin berdi. Suw yaly diýilýän ulag-a ýeke depüwe, Nargözelem motoryň otlanaryna garaşyp duran yaly, ugramaga hyýallandylar. Atda motory birinji tizlige geçirdi-de, muftany ýuwaşja goýberip, gazy şoňa görä köpeltdi. Şeýdip ugrasaň, sen özüňi motoryň üstünde däl-de, hamala, sallançagyň içinde ýaly rahat duýýarsyň. Atdanyň edil häzir beýtmesi dogrusy, Nargözeliň göwnüni görmek üçinem däl, onuň başga sebäpleri bar: birinjiden, öýden gaýdyşynky ýaly, batly ugrajak bolsa, ulagyň yzky tekeri gum peşäp, yzda oturan Nargözeliň arkasyna gum sowurjak, ýakasyndan-da girse girjek, ikinjiden, duran ýeri boş gum bolansoň, batsa batmagy-da mümkin. Owarram, garnyna çenli bataýanda-da motor maşyn däl, çekip çykaryp bolýar. Atdany çekindiren zat-birinji sebäp:öňem höre-köşe bilen seýiklenen göwün ýene ynjasa,ol aýna ýaly bir zat ahyry, çeňk tutmasa, tutmaz-da! Şeýle howatyrdan halas bolan Atda:
— Obanyň gündogarsyndan eňýän uly ýola düşüp ýöräýinmi ýa gönüläýinmi?
Nargözel ulagyň aýakbasaryna dikine galan bolarly, demi edil nika günündäki ýaly, çep gulagynyň düýbi bilen ýaňagyny çawlap gitdi.
— Aýlanyp-öwrülip ýörme-de, gönüläbersene!
— Onda atasy öýüňize gatnan ýyllaryňy ýatlarsyň-da!
Nargözel Atdanyň bu sözleriniň niräni tozadýandygyny aňdy. Ulag bökjek ýerinde iki aýagyňa diklenmelidi. Şeýtseň, bir-ä özüňe rahat, ikinjiden, ruldaky üçin sürmek ýeňil, galyberse-de, ulagyň ýüki ýeňlän ýaly bolýar.
Ol:
— Bolýa — diýdi.
Motor ilerden gaýralygyna uzalyp ýatan dim-dik depeleri gördüm-bildimem etmän, sähel salymda hälki ugran ýerine öwrülip geldi. Gapyda saklanan ulagyň sesine içerden bosup çykan çagalary Atdanyň gözüne bolmasa, eýýäm horugana meňzeşdi. Çüperäkligindenmi, nämemi ýa ene hamraklygyndanmy, anha, Nargözeliň giň gujagyna olaryň birbada üçüsi sygaýypdyr.Çagalarynyň ekabyrragy, ýer ýaly ýuwaş diýilýän gyzy:
— Kaka, ejemi nireden tapdyň-a! — dýdi.
— Mamaňlardan.
Hergiz, böwrüne sanjy, ünji bolýan zatlary oýunlyga salyp ýeňledegen kakasynyň jogabyna gyzy gülüp goýberdi. Gujagyndaky çülpelerini yzyna tirkäp, meýdandan getirilen gülli gandymy goltuklap, köşege bermek üçin eýýäm ýataga barýan ejesiniň yzyndan gygyrdy:
— Eje, kakamyň diýýänini eşidýäňmi?
Nargözel gidip barşyna sagynaýynam diýmän dillendi:
— Aý, kakaňdyr-da!

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW

Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/kaka-ejem-nirede-2/. 29.11.2022ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 82 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Gurbanmämmet Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Мango • 14:45, 30.11.2022
Gowja hekaýa.
edeplerine gözüm gitdi.

…«Na-argöz-e-el! Aý, Na-argöz-e-el-o-ow!» diýip, ömür etmedigini edip… gygyrdy.

Çypbakaýym, gygyrýan ýerini okamda Atda üçin gygyrmagyň kyn bolandygyny duýdum. Awtoryň onuň “ömür etmedigi”-ni aýtmagy wakany hasam ynandyryjy edýär.

Nargözeli tapyşy, onuň öýkesini ýazyşy… bet. Atda ýaly medeniýetli türkmenler entek bardyrlaý.
Zybagözelli ýerinem ýeke sözlemde agzap geçmegi hem gyzykly.

Ogulnaryň toýdan soň adynyň Nargözele üýtgedilmegi hem bet.
Atdaň ejesiniň elinden öpmeli. Beýle eneler entek bar eken-a.
jemgyýetçilik signalyny berýär. Gyz çagalaryň adyna “ogul” ýanamaň, bu gowy däl diýýän ýaly. Ogulbäbek, Ogulgerek… bu atlar at däl-de isleg ýaly bir zat. Gowy edipdir Ogulnary Nargözele öwrüp (gijem bolsa düzedilen ýalňyş).
Ogulnaryň häsiýetem gowy eken, öýkelek diýmeseň.
şerraýlap äriniň meýdini ýakyp ýörenlerden däl eken.
gowy maşgala, gowy çagalar, gowy hekaýa, gowy awtor.
üstünlikler.
avatar
1
2 Мango • 14:55, 30.11.2022
Näme üçindir, owadan gelinleriň duýgur bolmaýanlygy hakdaky gürrüň ýadyna düşdi, göwnüne bolmasa, Nargözeliň häzirki bolup oturşy şony tassyklaýan ýalydy. Ol ş-şu wagt owadanlyga, görk-görmege guýlan heýkele çalymdaşdy. 

bir hili ýalňyş bar ýaly.
owadanlar - duýgur däl.
Nargözel - owadan.
onda, Nargözel - duýgur däl bolýar.
emma, Nargözel duýgur ahyryn.

onda teks şeýle bolmalymyka: 
Näme üçindir, owadan gelinleriň duýgur bolýanlygy hakdaky gürrüň ýadyna düşdi…

Gysgaça, owadanlar duýgurmy ýa duýgur däl?
avatar
1
3 Мango • 14:58, 30.11.2022
(Bagabat) Serdar kaka.
O suratdaky Atda däl-de traktorist дядя Антон ýalyla? :-)
avatar
1
4 Bagabat • 15:36, 30.11.2022
Atda tyraktyrçyň şomat selfleşmäge wagty ýok ken. Onsoň: "Anton kärdeşiňkini alaýyň! Tyraktyrçy tyraktyrçyň gurbanymy?" diýipdir :-).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203