13:02 Kalbym – täze kitap... | |
KALBYM – TÄZE KITAP... Kalbym – täze kitap, Göwnümem goşgy, Okamaga okyjym ýok häzir-ä. Dilim – tüýdük, Dişlem – dürli notalar, Saz çalýaryn iň soňky gez däliräp. Ýürek – aýdylmaly ajaýyp aýdym, Sözleri ýazylan, sazy düzüksiz. Onun inçe, ynjyk-ynjyk tarlary, Ýary umyt edip üzük-üzükdir. Gözüm – sary reňki tapýan guraldyr, Göreçlerim – şöhle berýän düwmejik. Kirpiklem ýanypdyr yşkyň odundan Çirkizlensoň, gara gaşym nämejik?! Sag elim – sumrugyň gerlen ganaty, Sol elim – gumrynyň gyrlan ganaty. Gerilen ganatym ýary ynjytdy, Ýeleksiz halatym iller halady. Bir aýagym bagtyň ýoluna düşen, Bir aýagym wagtyň toruna düşen, Meni salgym tutan dünýä aýlansoň, Olar Haka barýan şo-ol ýola düşer. Maňlaýym Hudaýyň ýazan depderi, Jilt-jilt, bap-bap çap bolmadyk kitapdyr. Meni şu zeýilli bir adam edip, Bir halyçy dokuz aýda dokapdyr. © Gurbanmyrat SARYÝEW. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |