Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:38
Käte görünmeýär her bakýan ýeriň


Käte görünmeýär her bakýan ýeriň
Gözýetime el ýetmeýär, göz bilen
Ertire umytly garan günleriň
Aňsat ýaly taryp etseň söz bilen

Könelen kitap deý dörüler ömrüň
Az bolsun tozanly sahypaň sany
Aşagy çyzylan jümleler görner
Aklyň gamaşdyrýan umman mysaly

Seredersiň gögüň çuňluklaryna
Gözüň ýuman wagtyň görüner asman
Böwsersiň ýyldyzly umytlaryňa
Käte görüp bilýäň hiç ýere bakman

Açylar gözleriň, bakarsyň kämil
Ters garasaň ak görersiň garany
Eýsem gara gözüň garasy dälmi
Yza tesip, dörjek bolýan ýarany

Durmuş görülmeýär, duýulýar diňe
Geçýär göz salymda, ýakynam ýadam,
Her görýän elbetde bakýandyr siňe,
Görüp bilmez ýöne her bakýan adam.

© Seyran_OTUZOW

Çeşme: https://interesnoe.me/source-....5998587
Bölümler: Goşgular | Görülen: 168 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 11:51, 20.07.2023
ýunus däde şeýleräk diýýär:
"Göz odur ki Haky görer, gündiz gören göz däldir..."
ýagny, adaty görýän göze göz diýip bolmaz, göz boljak bolsa, hakyky göz boljak bolsa Haky görer (belki bu gözüň missiýasydyr).

ýunus dädeden ýokarky setirler, seýran kakaň aşaky setrilerinden soň kellä geldi:
"Her görýän elbetde bakýandyr siňe,
Görüp bilmez ýöne her bakýan adam."

manylary ýakyn, aýdyşlary tapawutly.
avatar
0
2 Kyyas • 12:12, 20.07.2023
Käte görünmeýär her bakýan ýeriň
Gözýetime el ýetmeýär, göz bilen
(Analiz berip bilýäniñiz düşündiriñ meniñ añyma ýetmedi, ýa-da añym almajak bolýar)
Ertire umytly garan günleriň
Aňsat ýaly taryp etseň söz bilen (Ertire umytly garan gözleriñ , adamyn geljegini gowy zat bn beýan etýär optimist bolsañ onda-da)

Könelen kitap deý dörüler ömrüň
Az bolsun tozanly sahypaň sany
Aşagy çyzylan jümleler görner
Aklyň gamaşdyrýan umman mysaly
Şu bent has gowy diýesim gelmek bilen çäklenmän

Super!!! Diýýän.

Eýsem gara gözüň garasy dälmi
Yza tesip, dörjek bolýan ýarany
Göni manysynada göçme manysynada akylym almady...
Ýöne goşgy akgynly gidişi gowy.

Durmuş görülmeýär, duýulýar diňe
Geçýär göz salymda, ýakynam ýadam, (bu setirler hakyky)

Her görýän elbetde bakýandyr siňe, ( Her görýän siñe seretýär, ünsli seretýär. Ýagny nämä seretýär?)
Görüp bilmez ýöne her bakýan adam.(???)

Gowy meniñ pikirimçe galypa salynan kapyýa, akgyn gowy...
(Meniñkidenä has gowy, aýyplaşmañ diñe pikirimi bilmeýän, düşunmedik ýerlerimi soradym)

Mango daýynyñ aýdanyndan öñ yazypdym. Galanlarynam düşündiräý
avatar
0
3 aygull • 12:57, 12.03.2024
"Bir dagym bolsady" diýen goşgusam bardy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203