Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:16
Kepenjek / hekaýa

KEPENJEK

Ene garnyndan geldik bazara,
Bir kepen aldyk, girdik mazara.
Ýunus Emre


Näçe aýdýan, almaly zatlar üçden geçse, sms ýaz diýip. Ýadymdan çykýar. Onsoň sermenip ýörmeli. Jaň etsem welin, öçük. Telefony çagalar oýnaýandyr, öýdäkiň habaram ýokdur. Sms ýazanda-da un bilen şekeriň arasynda burç diýip ýazyp bilýär. Bir ýerräkden alyp boljak zatlara görä ýazaýanok. Näme al diýdikä indi?
Birinji gün hemme bazarlar ýapyk bolsa-da, şula mydama açyk. Bu bazary pandemiýa döwrem hiç kim ýapyp bilmedi!
− Gel, inim! Edil daýyma meňzeýäň, seni bir arka ýakyn görenim üçin aýdýan, şu garpyzlaryň kilesini 1 manatdan alaý. Ile 3 manatdan berip otyryn.
− Üýtgeşik garpyzlar! Birini ogulhajat bilen külbikäňe, galan üçüsine ýene bir garpyz ildirip bolýar. Bir elde iki garpyz tutup bolýan eken, ine! Niräniň garpyzy bular?
− Tejeniň garpyzlary, inim! Hyrawa ekin. Täze sort.
− Tejeniňki gawundyr?! Garpyz Tally Merjen ýa-da Arkaçdyr. Birni al, agam!
− Şu garpyzy gör, men onýança bu müşderi bilen neme edeýin.
“Men menligimden geçdim!
Gözüň perdesin açdym,
Dost waslyna ulaşdym,
Gümanym talaň bolsun” (Ýunus Emre)

“Bäh, garpyz menligiňden geçen bolsaň sen gyzyl dälsiň, gyzylmykaň-dälmikäň diýip gümanam etjek däl?”
“Hawa, adam! Sen meni pitikläbem, urubam oturma, içi gyzyl garpyzlaryň nesli tükendi! Barymyzyň ýüregimiz ak. Tagamymyz hem ýympyk.”
“Ol näme üçin beýle?”
“Tebigat adama meňzemese şumluk. Hemme kişi ýüregim ak diýýär. Onda munça pyssy-pujurlyklary kim edýär? Içiňdäki sesiňi sessize geçir, daşaryny diňle!”
− Doo, karollama täzeje diskajyk goýdum...
− Agyy, 40 tw-de täze serial başlapdyr. Bar zady gyzyň gelnejesi bulaşdyryp ýör...
− Başlygy aldap gaýtdym, kelesaň, ynandy...
− Ežžeň, göräý-dä o jagazza zady...
“Düýnem beýle däl ýalydy-la adamlar, bir günde şeýle bolaýdymyka?”
− Nätdiň, inim, alýaňmy? Pitikläp gör, ine, tirsildäp durandyr. Gyzyl çykmasa öýüňde maňa sögünde otur. Şul erkek garpyzdyr. Çyzyklary dim-dik. Çyzyklary buýra-buýra, bäş sany çaga dogran aýal ýaly çişik garpyzlar bolsa urkaçy bolýar. Şu wagt ýanymda pyçak ýok, bolmasa kesip bererdim.
− Ýok, agam, men almaýyn. Gelnim bir zat sargady welin, aýlanyp göreýin hany!
− Bolýar, şu meň kelläm ýaly garpyzlary 50 teňňä alaý.

***

− Agam, gel, gawun al. Gyzyl injir gawuny diýilýändir, gaty datly! Her biri 20 manat.
− Jigi, ady nähili oň? Gawuna injiriň adyny dakyp, bir hili, “Gaplaň, Ýolbars” diýip itiň adyny pişige dakan ýaly.
− Agam, gaplaň, ýolbars aslynda pişikler maşgalasyna degişli. Gaýtam, ite pişikleň adyny goýýalar. Möjekler, syrtlanlar itler maşgalasyna degişli.
− Jigi, gawuny böwründen üçburç edip, garpyzy pelliginden dörtburç edip kesilmegine näme diýilýär bilýäňmi?
− Waý, hawa! Sümmüllemek diýilýär.
“Gögele oglan diýjeksiň welin, menden-senden akyl-laý.”
− Bu gawunlary iýseň, gulagyňy öz eliň bilenjik kesersiň, agam.
− Bu gawunlar nä her hili reňkde, biri ýaşyl, biri sary, biri gara, biri gök, biri gyzyl... gawun-gawundan reňk almal-a.
− Indi alanoklar. Hersi bir dünýä bularyňam.
− Siz näme üçin hatar-hatar bolup otyrsyňyz?
− Bölünsek söwda gowy bolýan ýaly. Ine, men gyzyl injir satýan, by waharman satýar, ol göktorly satýar, ondan aňyrdaky gülaby satýar, ondan aňyrdaky gürbek, ondanam aňyrdaky garrygyz, iň soňky kiçijek ýaşyl saraý gawun...
− Garrygyzlar eýýäm ýetişdimi?
− Indi garrygyzlar ir ýetişýär.
− Tire-taýpalara gaty bölünipsiňiz. Hemme gawuny bir adam satanda-da bolup duran zat. Birini okla, göreli.
“Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy,
Meniň terne wagtym, seniň ter wagtyň!”

− Bolýa, inim! Men bir aýlanyp göreýin.
“Bu gawunlary iýenem armanly, iýmedigem.”
− Dur agam, birini 50 teňňeden berjek.

***

Hol şetdaly satýan daýzaň ýanyna bir barmaýyn. Hyrrarlyp seredýär welin, içinden: “Ýüzüňden ýeňsäň owadan” diýýär öýdýän. Diýse diýibersin, mende nä, iç ýokmy? Menem diýsem ondan näme tapawudym galar? Etmelisi-hä daş bilen urany aş bilen urmaly welin, oň üçinem daş ýaryp duran iman gerek.
− Salawmaleýkim, daýza! Şol “o diýýäniň şetdalydyr” diýilýän şetdalymy şü, he-he?
− Waleýkim, balam! Ýok, oglum, ol däl, bir gözüň Aýa bakýarka kakylan şetdalylardyr bular.
− Gözüň gyparak diýýäňizmi, he-he!
− Al, oglum, şu bazarda menden başga şetdaly satýan tapmarsyň.
− Beýlekilere näme boldy, daýza, ýeke özüň satsaň gowumy ýa?
− Ýok-la, balam! Arzan berýänmi nämemi, beýlekiler başga bazarlara göçüp-göçüp gitdiler. Alyber, balam, türkmeniň şetdalysydyr bi. Suwjaryp durandyr. Edil balyň bar.
− Daýza, hol uluragyny uzadyň!
“Her bende şewed şad ki azad şewed
Men şad ez-anem ki tura bende şudem”
(Her gul begener ki azat edilende,
Men begenýän saňa gul bolanym üçin) (Jelaleddin Rumy)

“Eýranyň şetdalysy. Daýza aldaýan däldir, bilýänem däldir, oňa-da aldap satandyrlar.”
− Daýza, öýdäkiň näme sarganyny bilemok, sms ugradýança aýlanyp...
− “Öýdäki” bolanda, maşynmy, kirmaşynmy? Gelnim diýerler, oglum, gelnim!
− Daýza, Allatagala “Ýokardaky” diýýärkäler, käwagt “öýdaki” diýenimiz bilen heläk bolasymyz ýok-la.
− Wiý, Allatagala ýokarda dämi näme, obamyzyň ýaşulysy Sähetmyrat aga-ha şeý diýýär.
− Daýza, kim näme diýýänem bolsa, Allatagala diňe ýokarda däl, Ol hemme ýerde.
− Sähetmyrat aga parasatly adamdyr, aňyrsy öwlüýäde ýatyr!
− Daýza, men parasatlylygyna dil ýetirmedim, ýöne hiç kimiňem aňyrsy köçede ýatanok!
− Hii, toba-toba, Sähetmyrat aga beý diýme, ol Allanyň aýratyn ýaradan bendesidir.
− Bizem gyýkyndydan ýaradylmadyk. Allatagala her bir zady aýratyn edip ýaradýar.
− Oglum, sen şetdaly aljakmy ýa aljak däl?
− Almaýyn, daýza, ýöne “öýdäki” diýmek – öýümiň törüni bezäp...
“Adam bilen adamlaryň arasynda gülkünç hemem elhenç düşünişmezlik bar.”

***

− Haý, eşejik näme ýüzüňi sallap, gözüňi köneldip dursuň?! Daň bilen arabaňy süýräp, ýük getirdiňmi? Bir gün gamçy iýýänsiň, beýleki gün dürre. Iýýän zadyň ady üýtgese-de, ody üýtgeýän däldir. Sendäki gulak towşanda hem bar welin, arman sesiň bolanok-da. Öňüňe saman-ýorunja zadam oklamandyrlar. Wah, ýükçi janawar! Ýagyrnyň persala. Jylaw erniňdäki ýaralary jižžik edipdir. Tamdyryň külündenem sepäýmändirler kemteresinden. Toýnaklaryň hem byçgylanmadyk. Towlam-towlam. Öňüňe kelem ýaprak zat dökeýin. Adamzat takyrap galypdyr diýip pikir edäýme! Aslynda, jylaw diýip atyňka aýdylýar. Seňkä näme diýilýär, ýadyma düşenok. Ýöne atyň esbaplary dabaraly eşdilýär, näme diýseňem. Gaňňa. Mejbur bolmasaň aýdasyň gelenok. Ýaňagyňdan bir sypalaýyn, bugdaý sözümiň barlygy bolar-da. Çüş, titreme, janawar, titreme...
“Çoh söz haýwan ýüküdir, az söz äriň görküdir,
Bilene bir söz ýeter, janda göwher bar bolsa” (Ýunus Emre)

“Sen nähili dana! Biz ne är bolduk, ne şol bir söze düşündik, ne-de göwhere. Bilimiz gypjynanok diýip gep nokatlamakda şetdat ýaly. Gyzza-gyzza gelende assa gaçan namartdyr. El-Gazaly bir wagtlar: “Bir delil kyrk alyma ýeterlik boldy, kyrk delil bir nadana ýetmedi” diýipdir. Bize ol-a kyrk eken, kyrk müň delil görkezseňem girrik gedemlik edip, “men-men” diýýäs.”
− Taçka, taçkaaaaaa. Ýoool berrrrriň, ýoool! Aşdym ara, boldum diwana, dirirup-dirirup, ýüregim para, läläm, dirirup...
− Haýda, haýda, agam! Gaçara-kowara maý beräýme!
“Üstüňdenem ýörejek şul. Has, seň liňkildäp barýan kelläňe. Şulara nebsimem agyrýar welin, bor-da, haýsy bir zada gaharlanaýyn... Maňa özüňe egin-eşik al diýdi öýdýän. Ol taýda näme satylyp otyraý, satyjyň saçy düşüpdir, öýlenensoň bolandyr, görgüli.
− Bu harsaň-harsaň kesekler näme?
− Dost, hemmesi satlykdyr, soraber!
− Kesek kime gerek bold-aý?
− Kesegem köp ýerde ulanylýar. Meselem, çaga witamin ýetmese kesek iýýär.
− Ýa-eý, bu döwürde kesek iýýän çaga galdymy? Ýeri, iýýär diýeli, gapyňdan iki ädim süýşüp iki depiň depseň kesekdir-dä, hatda depmelem däl, zyňyşyp oýnasaňam bar.
− Dost, iller adam satýar, sen kesek satylmagyny geň görýäňmi?
− Hmmm, “Adamam kesekden” diýýäňmi?!
− Şol Homa Sapiensiň kellesine meňseş kesegi uzatsana!
“Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup.” (Magtymguly)
“Homo Sapiens diýenimi geňirgenmedi welin, ýönekeý satyjam bolsa, bilýär öýdýän?!”

***

− Her köwüş 200 manatdan, alyber, agam, çisti gaýyşdan, toýda-da tozanok!
− Maxstar, bir wagtlar geýilýärdi şul, arginalmy?
− Alyber agam, türküňkidir!
− Ýok, men niräňki diýip soramok, arginalmy?
− Özümem şundan geýýän, agam!
“Lu manman qı xiu yuan xı,
Shangxia er qiusuo”
(Ýol kyn, soňsuz, ýokdur çäk,
Durman ýöräris ýetýänçäk.)(Qu Yuan)

“Türküňki diýende, türki diýjek bolandyr. Hytaýdaky uýgurlar öndürýändir. Urumçide ýa-da Taklamekanda. Beýle akyllysyramak – bidereklik. Ýalanyň üstüni örtsem, dogryň hakyny iýerin. Göz-görtele jypdyrýar! Nalajedeýiniň sähnesi, adam baryny aldap gönenersiňmi, saňsar! Ýedi puştuňa sögseň-dä, arman, gördäkileň günäsi ýok, hälden bäri çydap otyrdym... Ýüzüňi padoş ýaly edip!”
− Oňuşarys agam, 50 teňňeden berjek, her taýyny.

***

5-nji dükan. Tapdym. Ýaňy iki sany adam şu magazynda arzandan gowy zatlar bar diýip gürleşip barýan eken, gulagyma gyltyzrak degdi.
− Salawmaleýkim, dost!
− Waleýkim, gel, gardaş! Gowy harytlarymyz bardyr, täze gelenlerem bar. Näme almaly?
− Bäh, gowy aýdym gidip dur, her sapar diňlämde inim jümşüldeýär!
“Yşkyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,”

− Gowy jalbarlarymyz geldi, geýip görjekmi, gardaş? Özem islän harydyň elli teňňedendir. Göwnüňe ýaramasa, goýup gidäý. Öýüňe baraňsoň göwnüňe ýaramasa-da, yzyna getiräý, alýan. Bäş gün dünýe hak iýeniňe degenok.
− Bäh, munyň gaty oňat! Bolsun-a sen ýaly söwdagärem, tüweleme! Ýöne elli gepden belli gep, näme almalydygymam bilemok, şol ortarada bezegli duran üýtgeşik...
− Moda şol… Hemme kişi şundan geýýär. Barlap görjekmi, gardaş!
“Ýatma, Magtymguly aşretiň söýüp,
Munça ýatajak sen kepeniň geýip...”

− How diýdim, bagşy! Bagşyň sesem içiňden geçip gelýär... Kalonkalaňam gowy. Radioda täzeden gaýtaladyp bolanok, arman.
− Radio däl, irdenden agşama çenli diňe şul aýdymy göýberýän.
− Beýtseň, nebir aýdymy ýigrenersiň-dä... Ana, ahyry sms geldi, göreýin. Wiý, minudyň gutardy diýip gelipdir!
− He-he, sanaglyň doldy diýen ýalymy?
− Aýtma, şonam bir gün diýerler. Hany, geýip göreli, dost, ýaňky näme diýdiň adyna?
− Kepenjek.
“Terki dunýa, terki ukba, terki hesti, terki terk.”

17.07.2023

© Musa ÝUSUP
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Musa Ýusup | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 sussupessimist • 00:19, 16.12.2023
Musa Ýusubyň "Hyrawa" ýetişdiren hekaýasy
avatar
0
2 Kyyas • 08:04, 16.12.2023
Bet, betinden ýazypdyr
avatar
0
3 Kerep • 11:23, 16.12.2023
- Dost, iller adam satýar, sen kesek satylmagyny geň görýäňmi?
− Hmmm, “Adamam kesekden” diýýäňmi?!
avatar
0
4 Pero • 21:05, 16.12.2023
Aleýt,edebiýata berlen adam eken-aý. Bazarda söwda edip ýörkäde Ýunus Emre,Rumy,Magtymguly dagylar bilen bile aýlanyp,olañ goşgularyny diñläp,pelsepe otaryp ýörse nätjek.

"Düýnem beýle däl ýalydy-la adamlar, bir günde şeýle bolaýdymyka?” diýýämi?! :))))
avatar
0
5 sussupessimist • 21:20, 16.12.2023
Howwalay, goltugyna gysdyrtmaga derek, garpyzlar bilen gepleşip yör, dirirup-dirirup...
Olam Eflatun yaly pelsepe otaryar: "Tebigat adama meňzemese şumluk. Hemme kişi ýüregim ak diýýär. Onda munça pyssy-pujurlyklary kim edýär? Içiňdäki sesiňi sessize geçir, daşaryny diňle!" diyip
avatar

Старая форма входа
Total users: 203