09:40 Kesgir sözler | |
Ýapragyň niýeti gaçmakdy, Güýzem oňa bahana boldy... * * * Käwagt gowy zatlaryň bolany üçin däl, erbet zatlaryň bolmaýanyna begenmeli... * * * Bir ýyl öňüni gören arpa-bugdaý eker. On ýyl öňüni gören bag eker. Ýüz ýyl öňüni gören okuw okar. * * * Düşünje - düşünilen durmuşdan başga zat däl. * * * Geçmiş - akylly hem biakyl ýaşalan günleriň mazarystanlygy. * * * Ölüm - dünýäniň geçirimsizligi. * * * Düýn işde adalat gözläp ýördüm, a bu gün iş gözläp ýörün. * * * Kim iýmek üçin ýaşaýar, kim ýaşamak üçin iýýär. * * * Biz gör näçe pyýalalarymyzy saglygyň şanyna göterdik, emma saglyk bizi götermedi. * * * Dünýäde artyk hem kem zat ýok. Seniň bir zadyň artsa, başga biriniň bir zady gowzaýar. * * * Perzi çykmana ymtylmaýan pyýadadan pyýada bolmaz. * * * Ahlagy bolmadyk ynsanyň eline näçe diplom berseňem, ol ýokary bilimli haýwan bolup galar. * * * Ýaşaýşy bolşy ýaly ýazmak - her bir şahyryň, ýazyjynyň ynsanlyk borjy. * * * Hiç bir adam ryskyny doly alýança ölmez. * * * Akyly açmak üçin köp okamaly, zehini açmak üçin köp oýlanmaly. * * * Bir zamanlar toprakdan Adam ýaradan Ýaradan, indi adamdan toprak ýaradýar. * * * Öňem bir patyşa "Näçe ýyl patyşa bolduň?" diýipdirler weli, "Ýedi ýyl" diýipdir. Ol özüniň çaga ýyllaryny aýdypdyr. * * * Ýürek ýadan wagty der gözden akar. * * * Adam puluny ýitirse garyp, erkinligini ýitirse ýesir, söýgülisini ýitirse şahyr bolýan eken. * * * Öwlüýä - hesretli durmuşdan dynan adamlaryň mesgeni. * * * Kakam maňa "Mekdepdäki bahalaryň ählisi bäşlik bolsa, saňa tigir alyp berjek" diýipdi, men hem dörtlik aldym. Çünki, kakamyň tigir almaga puly ýokdy. * * * Hudaý garyplary bolmanda gymmat düşjek günälerden gorap saklaýar. * * * Çaşy körleriň arasynda soltandyr. * * * Hemme hakykatlar hakykata öwrülmänkä ýönekeý bir hyýaldan ybaratdyr. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |