Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:01
“Kimse haýryň zary, kim şeriň zary…”

“KIMSE HAÝRYŇ ZARY, KIM ŞERIŇ ZARY…”

Surat: Tokar Tugurow. "Gapmagarşylyk"

Birki gün bäri Gurbannazaryň şu setiri kellämde aýlanyp dur: “Kimse haýryň zary, kim şeriň zary…” Haýryň zary nähili adamka? Şeriň zaram barmyka? O nähili adamka? Gurbannazar diri bolsady, sorardym. Indi özüm jogap gözleýän. Täsin sesi bilen, janyndan syzdyryp: “Ýagşylygy bolsa az etdim juda”diýýäni şu wagtam göz öňümde. Adatça ýagşylyk etmek diýilende horlanana maddy, ruhy kömek etmek diýip düşünilýä. Göwnüme ýagşylyk bu çäklendirmeden has giň, has çuň ýaly. Jübüňde, aňryňda bir zadyň bar bolsa horlanana eçileniňi berersiň, dagy bolmanda adama ýamanlyk etmezlige çalşarsyň — bolanymy? Her kimiň öz güzeran aladasy ýetikkä, beýle soraglar ýöntemem görünýä. Ýöne ýagşylyk etmezlik, ýamanlygyň edilmegine mümkinçilik döretmekdirem diýilýä. Haýyr dyman wagty, şer ýaýnaýa. Dostoýewskiý ýagşylyk etmegiň, bol zadyň ujundan bir azajyk uzatmak däl, ýoguňy bar edip bermekdigi barada aýdýa. Islendik kyn işiň bahasynyňam gymmat bolşy ýaly, kyn düşýän ýagşylygyňam sogaby uly bolarly. Aslynda sogap üçin ýa-da başga bir bähbit arap ýagşylyk etmek ýagşylyga-da az meňzeýä. Din alymlary “Diňe Allaň ryzasy üçin ýagşylyk edilmelidir” diýýäler. Ýöne biri ýagşylyk edýän diýip, özüni zordanrak oňarýan birini “äkit-getir” işinde ulanýa. Aýlygam berýä. Ýöne ol adam ýagşylyk edýäne bagly, onuň hemişelik “hyzmatkärine” öwrülýä. Bulam ýagşylykmy? Megerem, hakyky ýagşylyk birine çykaryp pul bermek däl-de, ol puly onuň özüniň gazanmagyny öwretmekdir. Birine bir zady öwretmek, ony bir gezegem bolsa ugrukdyrmak müň gezek nagt ýagşylykdan has gymmatmyka diýýän. Ol seň eden ýagşylygyňy bilsin, bilmesin, ýöne sen ony gaýdyp dilenip ýörmekden halas etseň, özüne gazanmany öwretseň iň haýyrly iş şol. Maddy ýagşylygyň gürrüňini edene meňzedim. Aslynda ruhy ýagşylygam edil şonuň ýaly bolsa gerek. Bir adamyň ruhy dünýäsini giňeldip, çuňaldyp bilseň, oňa ýetesem ýagşylyk bolarmy? Ýöne ruhy çuňluga onuň özi ýeter ýaly edip bilseň bu has gymmatly. Ýene bir zat aýdasym gelýä, öterägem geçýän bolmagym mümkin, adam haýryň zary bolmasa, şeriň şärigidir.

2022.ý

© Hydyr AMANGELDI.

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/kimse-ha%C3%BDry%C5%88-zary-kim-%C5%9Feri%C5%88-zary-6ad00f3fc6a

Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 67 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Мango • 21:25, 27.12.2022
"Gurbannazar diri bolsady, sorardym" diýýäňiz, Hydyr aga.
Bizem Siz dirikäňiz soraýsak bolmazmy: "adam haýryň zary bolmasa, şeriň şärigidir" - nähili düşünmeli?
düşünjek düşünjek ýalam bolýan welin....
adam haýyr islemelidir, haýyr etmelidir. şeýtmese şer etdigi bolar... ýalyrakmy?
biraz ynsana ultimatum goýan ýaly dälmi? ýa haýyr edersiň ýa-da şer. aralyk ýok - diýen ýaly...
avatar
1
2 Мango • 21:35, 27.12.2022
Maglumat üçin:
“Kimse haýryň zary, kim şeriň zary…”
Mätäjide-de bar "haýyr-şer / ýagşy-ýaman" setirleri:
"Ýalançyda ýagşy-ýaman deň bolar, Goja Mähtäjini goluňdan berme!"
"Turanyň" çykaran kitapçasynda "Ýalançyda ýagşy-ýaman kän bolur, Goja Mätäjini goluňdan berme" -diýip gidipdir.
avatar
1
3 Hydyr • 22:14, 27.12.2022
Öz pikirim ýagşylyk edip biljekkäň etmeseň, sen ol adamyň etjek şer işine şärik bolarsyň diýen manyda. Ýöne seň aýdýanlaryňam jany bar. Ultumatum bolýan bolsa-da bilmedim, düşünşimçe ynsan bu dünýä şer işler etmek üçin däl-de haýyr üçin gelýär Eneň seni haýyrly perzent bolarsyň diýip gije ýatman ulaldýar. Ynsan bu dünýäde haýyr etmäge brgidarmyka diýýän.
Mätäji ýagşy-ýaman geň bolar diýýä diýen pikirem bar. Ýagşylygam, ýamanlygam geň görner diýen manyda. Bilmedim beýle däl bolsa-da, anyk bilemok.
avatar
0
4 Pero • 09:31, 28.12.2022
Teswirleriñizi okap,araf ýadyma düşdi. Nähili ýerdigi henize çenli anyk belli bolmadyk ýer. Kitap,hadyslarda jennet we dowzah barada anyk maglumat berilýär,emma araf barada çaklamadan başga zat yok ýaly. Pikirimçe bilgeşleyin anyk maglumat aýdylmandyr. Emma sorag- näme üçinkä?! Araf...araf...bu nähili ýerkä?! Okan maglumatlarymyñ hiç biri şu soragymy kanagatlandyryp bilmedi...
avatar
0
5 Bagabat • 10:13, 28.12.2022
Araf (agraf) (arapça: الأعراف – diwar, haýat, bökdençlik) – bu yslamyýet ylahyýetinde jähennem bilen jennetiň arasyndaky bir ýer bolup, ol ýerde aýatda günäleri bilen sogaplary deň gelen bendeler Allatagalaň şepagatyna garaşyp we behişde düşmek nesibesi bolanlaryň-a eşretini synlap, olaryň gününi arzuw edip, dowzaha sezewar bolan günäkärleriňem ejirini synlap, Haktagaladan bu güzapdan özlerini gutarmagyny diläp durjaklar.

Kurany-Kerim, 7-nji süre: «Agraf» («Belent diwar»)

«Agraf» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 206 aýatdan ybaratdyr. Süräniň 46-48-nji aýatlarynda ady agzalýan «Agraf» diýen ýer jennet bilen dowzahyň arasynda ýerleşen belent bir diwar bolup, süre hem onuň ady bilen atlandyrylypdyr. Sürede Adam atadan başlap‚ Nuh‚ Hud‚ Salyh‚ Lut‚ Şugaýyp‚ Musa ýaly pygamberleriň hemmesiniň Allanyň birligini ykrar edýän dine uýandyklary we kyýamatda bolup geçjek wakalar barada aýdylýar.

46. Olaryň (jennetiler bilen dowzahylaryň) arasynda bir diwar (Agraf) bardyr. Diwaryň üstünde-de olaryň her haýsyny keşbinden tanaýan adamlar bardyr. Olar (Agrafdakylar) entek ol ýere (jennete) girmeseler-de, girmegi tama edip, jennetilere «Size salam bolsun!» diýip seslenerler.

47. Olaryň gözleri dowzahylara tarap öwrülende bolsa, olar: «Eý, Perwerdigärimiz‚ bizi bu zalymlar bilen bile goýma!» diýerler.

48, 49. Agrafdakylar keşplerinden tanan käbir kişilerine ýüzlenip: «Size ýygnan baýlyklaryňyzyňam‚ köp sanly tarapdarlaryňyzam‚ gedemligiňizem, hiç haýsy peýda bermedi!» diýerler. (Soň jennetileri görkezip): «Takyk, siziň: «Alla bulary hiç haçan merhemetine miýesser
etmez» diýip‚ kasam eden (kemsiden) kişileriňiz bular dälmidi? (Ine‚ olaryň nähili beýik mertebä ýetendiklerini indi gördüňiz dälmi?» diýerler we jennetilere öwrülip: «Baş üstüne), giriň jennete! Size hiç-hili howp ýokdur, siz gamgyn hem bolmarsyňyz» diýerler.
avatar
1
6 Pero • 00:00, 31.12.2022
Suraty diýseñizläñ: bir kişi dik duran ýerinden ellerini ýokary göterip mynajat edip dur. Bir goja(ata) bar. Bir zenan (ýar) bar. Suw,ýer,asman bar. Hemem deller bar,deller. Bu zatlar toslamam däl siñe seretseñ görünýän eken.
avatar
0
7 Hydyr • 00:22, 31.12.2022
Gün, Aý, tamdyr, kelle süňki,gara öý, burun, agyz, saç bar. Kartina dioganal ikä bölünen çep aşaky burçdan sag ýokarky burça. Çepi Gün tarap dirilik, sag Aý tarapy ölüm, mazar, o dünýe. Ikisany gapma-garşylyk.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203