Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:50
Kölege

KÖLEGE

Ýagtylykdan gaçyp , yzda ýa öñde,
Garalyp gidipdir reñkiñem seniñ,
Bukulýañ, gizlenýäñ, käte kiçelýäñ,
Meni galkan edýäñ,
Hany edebiñ?
Haçan görseñ, meniñ yzyma düşüp,
Bolşuña görä-hä berýän peýdañ ýok.
Çar tarapyñ açyk, örtenip ýörme,
Git!
giñ çöle,
daga-düze, meýdana.
Tümlikde gijede daşymy gaplap,
Ulalyp-ulalyp giñeýär dünýäñ.
Mysgalça-da ýo:k, seniñ agramyñ,
Sorag bersem, sessiz, jogapsyz dymýañ.
Menden algyñ näme?
Näme niýetiñ?
Reñkiñden gorkmaly,
Açyk däl, ak däl.
Gürrüñdeş bolaly ikimiz bile,
Dymmaklygyñ meniñ üçin jogap däl!

Agras ýüzi bilen diýdi kelam söz,
Tisginip gitdim men sesiñ zarbyndan...
"Garaş! Entek wagt bar, howlukma heniz,
Señ daşyñ örterin,
Diñe gabryñda."

© Remezan MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 50 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Medicall • 21:18, 31.01.2023
Tümlikde gijede daşymy gaplap,
Ulalyp-ulalyp giñeýär dünýäñ."

Bee kölegäñizi gijä deñediñiz-ow. Bolubilýä.. Ösüś bar, Berekella.

Jemleme bolmayandan ýalymy, ýa men düşünmedimmi şu jümlä:

"Garaş! Entek wagt bar, howlukma heniz,
Señ daşyñ örterin,
Diñe gabryñda."
avatar
0
2 Medicall • 21:20, 31.01.2023
Haa, olam-a düşünmezçe däl eken. Goşga düşündigimçe kölegeden gorkdum..
avatar
0
3 Мango • 09:53, 01.02.2023
Remezan daýa, kölegäň daşynda pikir ýöretmäge synanyşanyna berekella diýýän.
pikiri çuňmy, ýüzleými... o-da başga mesele.
===
Ýagtylykdan gaçyp, yzda ýa öñde,
Garalyp gidipdir reñkiñem seniñ,
(aslynda-ha gara reňk ýok diýen ýaly... kölegedäki reňkler diňe goýy görünýän reňkler ýaly. kölegäniň barlygy - ýagtylykdan gaçany üçinmi, ýa ýagtylyk sebäplimi? kölege belki ýagtylygyň öňüni bir zadyň tutmagy (perdelemegi) bilen bolýandyr. ol perde aýrylsa kölege-de ýagtylyga garyşyp gitjekdir, belki maksady şodur...)

Git!
giñ çöle,
daga-düze, meýdana.
(mümkin däl. onuň gitmegi saňa bagly. :-))

Agras ýüzi bilen diýdi kelam söz,
Tisginip gitdim men sesiñ zarbyndan...
("kelam söz" ikisem bir manydaş. belki "Agras ýüzi bilen diýdi bir kelam")

"Garaş! Entek wagt bar, howlukma heniz,
Señ daşyñ örterin,
Diñe gabryñda."
(aý, ýok. gabrymyza kölege girip bilmez. ol ýerdäki tümlik kölege däl.
dlegim - ol tümligi ýagtyltjak ýagşy amallardan emele geljek nurymyz bolawersin. Kölegeler bizi jaýlap, gowy adamdy ýa-da "gowy adamdy" diýip yzyna garaman dargarlar.)
avatar
0
4 Мango • 10:00, 01.02.2023
menem bir uzyn kölege barada, garaşmak barada bir çygjarmany goýasym geldi. tema edip açaýyn.

ine: https://edebiyat.clan.su/news/yatyryn/2023-02-01-506
avatar

Старая форма входа
Total users: 203