00:20 Köne heň | |
KÖNE HEŇ Birden tanyş heň ýaňlandy radioda: “Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!” Oňa hiňlenerdi tanyş-bilişler Hökman, meni görerine mähetdel. Irkilen deý süýji düýşüň içinde, Gözüm ýumup, gönügerdim hyýala. Gadymy dessanda galan köne heň Özüm üçin ýazylan deý hamana. Senem hiňleneňde köpüň ugruna Öňkülerden has-da ünsli diňledim. “Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!” Ýöne, nämüçindir, gitdiň, gelmediň. Eliňden uçursaň arzyly guşuň, Nepi degmez asla ahmyr-ahlaryň. Köşeşdi:re Tahyry-da bolmansoň, Özi aglap, özi diňýär Mahymyň. ...Ýyllar soňra kalbym gozgan köne heň Giň pursat döretdi ýürek dökmäge. Oýuňa gelmesin ýazgarýar diýip, Aýby ýokdur duşan bolsaň “Zöhräňe”. © Mahym NURGELDIÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |