22:16 Köne tanyşlaryñ duşuşygy - hekaýa | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR KÖNE TANYŞLARYÑ DUŞUŞYGY Oba geňeşligine gelen hususy maşyndan eli papkaly, başy şlýapaly, kyrk-elli ýaşlaryndaky, epeý adam düşdi. Ol şofýora bir zatlar aýdyp, arçynyň otagyna ýöneldi. Onuň bagtyna arçyn ýerinde ekeni. Ol gapyny kakanda içerden: “Giriberiň!” sesi eşidip, gapydan aýagyny ätländen doňup galdy. Ol arçyna egilip, çiňerilip seredip durşuna salam bermegi hem unutdy: —Oh-how, Hojadurdy, senmaý bi?! Arçyn stoluň arkasyndan çalasyn turup, gujagyny giňden açyp, myhmana tarap ýöneldi: —Asla kimdir öýdýäň?! Ed-dil özüm-dä! —diýip, epeý myhmany gujaklap, ony ýokary galdyryp, aýaklaryny ýerden üzýär. —Rejep, sen nire, bu ýerleri nire? Azaşyp düşdüňmi? Haý, sen: “Duýdyrman gelip dostumy begendireýin” diýensiň, seň şol öňkije henekçiligiň-dä. —Ýok how, men seň bu obaň arçynydygyňy bilen bolsam asla gelmezdim... —Hä, näme üçin? —diýip, arçyn geňirgenip, nägile äheňde sorady. —Aý neme-le... Dogrymy aýdaýaýyn-la. Meni şu oba duýdansyz barlag maksady bilen ugratdylar... Hususy eýeçilikdäki dükanlaryň iş ýagdaýyny barlamaly. —Sen haýsy edaradan? —Welaýat salgyt gullugyndan. —Hä-ä. Ynha-da dost, instituty gutaralymyz bäri biri-birimizden habarymyzam ýok. Meni hem obadaşlarym: “Sen bol-da, sen bol!” diýişip, “ýogumy” diňlemän, arçynlyga saýladylar. — “Il oňlasa, atyňy soý” diýipdirler. Her kimiň bir ykbaly bar, ony öňünden görüp bolanok. —Ýör, öýe gideli! Sen bu gün meniň myhmanym. Dükanlary ertir barlarys. —Ýok, dostum. Sylag-hormatyň üçin sag bol. Meň wagtym çäkli, hem ýanymda ýoldaşym bar. —Iş saparyň wagtyny uzaldaryn. Ýoldaşyňam al, gideli. —Sen göwnüňe alma dost, myhmançylyga ýörite geläýerin. Indi men gelenime görä işimi derrew dynyşdyryp, yzyma dolanaýyn, başga-da aýlanmaly obalarym bar. —Aý hawa-da, hökümet işgäri bolsaň, şahsy wagtyňa känbir zat hem galanok. Agşama çenli dynarys-a?! Öýdäkilere habar iberjek. —Sag bol dost, bereketiň artsyn, ýene bir gün. Arçyn til kakyp, gulluk maşynyny ibermeklerini sargap, dosty bilen daş çykdy. Salgyt edarasynyň barlagçysy baran dükanyna arak-çakyr we çilim almaga gelendigini aýdýar. Dükançylaryň hemmesi bu “müşderä” ol harytlary satmaga rugsatnamalarynyň ýokdugyny düşündirýärler. Soň barlagçy dükanyň sertifikatyny, güwänamasyny; harytlaryň hil sertifikatlaryny; girdeji-çykdajy depderini; harytlaryň saklanyş düzgünini barlaşdyrýar, hiç bir kemçilik tapmanam, eginlerini gysyp, bu dükandan çykyp indikä ýönelýär. Hemme dükanlarda şol bir jogap, şol bir hadysa. Barlag tamamlanansoň barlagçy: —Men-ä düşünýän däldirirn. Entek bular ýaly gülala-güllügiň üstünden barmasam näme! Hiç hili kemçilik we düzgünbozma ýok, beýany şeý diýip bolşy ýaly ýazsam, başlygym müňkür bolmagy mümkin—diýip, barlagçy ýylgyryp, arçynyň ýüzüne seredip durşuna müýnli ýaly gepledi. —Aý, bolmanda-da, şepe, eliň päpkeli1), boýnuň galstukly,başyň şilpäpeli2) baran ýeriňde kemçilik tapmarsyň. Sen obaň gyrasyndan gireniňden kesekiň gelenligi hakdaky habar ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Biziň obamyzyň çetiniň bir gapdalyny yralasaň, bütin oba sarsyp gidýär, ahyryn. Indiki gezek geleňde sadaja geýinip gel, onsoň dükanlarymyzdan guşuň süýdi gerek bolsa-da tapyp bererler. Bellikler: päpke1)—papka şilpäpe2)—şlýapa | |
|
Ähli teswirler: 22 | |
| |