Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:28
Köne ýara / hekaýa


Men ýazmadym. Ýazylan ýazgylaryň üstüni açdym. Setir setir açdym. Müňlerçe gezek açylyp, ýene-de gömülen...

Aşyga gül-hanjara gan beren, merhemeti az – adalaty kän taňrynyň döwri.
Reňkimiz topragyň reňkine ýakyndy. Hiç toprak mukaddes däldi. Agylarymyz gurt sesine, gazabymyz arslan arlamasyna ýakyndy. At aýagy ýüwrükdi, awçy eli çäwikdi. Miweleriň hijisi gadagan däldi. Gadagan zat ýok – güýjüň ýetmejek zady bardy. Ýer ýüzüniň iň adalatly döwrüdi ki, taňrynyň sesini eşidýän döwürlerimiziň yz ýany. Bizden soň hat çykdy, taňry gürleşmegi goýup, hat ýazyp ugrady.

***

Otagyň çüňkünde maňa göwnüýetmezlik bilen seredip pallap oturan pişigi çykaryp kowdum. Öz dilinde gargyna-gargyna gitdi. Aýagymda ýakymsyz bir agyry duýýan. Pişigi depenimdenmikä? Pygamber arkasyny sypan eken. Men arkasyna-ha depmedim öýdýän …dirsinlaý.
Daýymyň ogly Po bilen gara we ak barada, Kabyl-Habyl hekaýaty, Platonuň arabasy barada jedel edýäs.
– Tertip düzgün iň zerur zat. Hiç dissiplina görmedik, maksadyna we pelsepesine düşünmäge akly çatmaýan adamlara ol diktatura ýaly görner – diýýär Po.
Ok weli, näme dahyly bar?
– Düzgüne-hä uýmadyk, indem jezasyna kaýyl bolmagymyz gerek.
– Özüňe gel, Po – diýýän. – Köp içdiňmi sen? Gel, men saňa Maks Şwabinskiň 1918-de çeken bir suratyny görkezeýin. Gadagan edilen miwe hekaýatynyň üýtgeşik teswiri. – Surata seredip gözlerini tegeleýär.
– Eý, toba gelen Po, sen düýnkiň sudda aýdan sözlerini eşitmediňmi?
– Ýok, näme diýdi?
– “Men özümi aklajak bolamok, özgeleri garalajak bolýan. Garalaýyn ki, deňlik bolsun. Kommunizm. Dünýäniň ähli jandarlary birleşiň. Bir arabyň bir ajamdan parhy ýokdur. No to raсism, gyzyňalaýynlar!” diýdi.
– Aklajak bolsak, hemmäni aklap bilmeris, ýöne garalajak bolsak – hemmäni garalap bileris diýýäňmi?
– Hawa, ilkinji daşy zyňmaga adam tapyp bolmaz diýýän.
– Hemmämiz şeýle-de gara... Aýagym agyrýar-aý – diýdi daýymyň ogly.
Meňkem agyrýa.
5 gün soň özüni asanynda oň stolundan şu haty tapdym:
“Men bu ömri adaty adamlar ýaly ýaşadym: Ogurlyk etdim, ýalan sözledim, şerap içdim. Birnäçe gyzyň birbada söýgülisi, şo wagtda birnäçe gelniň oýnaşy boldum.
Adaty gowy adamlar ýaly ýaşadym: Juma gitdim, gedaýa sadaka berdim, kä wagt Afrikadaky çagalar üçin, kä wagt özüm üçin agladym. Owganystandaky çagalardan habarym ýokdy. Köplenç ýylgyrdym. Meni söýenleri söýdüm. Her klasdan her hili adam bilen ne nazarym, ne sözümde kemsitmezden gürleşdim... Bir aýagymda tyg ýarasy, bir aýagymda diş yzy bilen, bu ömri adaty adamlar ýaly ýaşadym. Beýtmeli däldim”.

Setir açmagy dowam etdim.

Tohumga. Taýpamyň iň gowy awçylaryndan däl, ýöne menden daýaw hem çakgan. Sebäbi ýaş. Özi ýaly daýaw ejesi bar. Meniň endamymda onuň dişleriniň yzlary köp. Ah, Tohumga!
Aýy bize tarap gaýdanda ony ilki men gördüm. Keramatly daşa tarapam men ylgap başladym. Ýöne Tohumga gaty çalasyn. Meni ozup geçdi. Ylgap barşyma yzyndan naýzamy zyňdym. Aýagna sünjüldi. Garyň üstüne ýykylanda ol aýydan has elhenç arlady. Keramatly daşa çykyberemde, Tohumga aýagymdan aslyşyp ýetişdi, gorkunç dişlerini dabanymdan saldy. Öwrülip, ujy daşly taýagym bilen gözüne urdum. Aýynyň gujagyna düşdi.



© Nejep BAÝAT
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 137 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Nejep Baýat | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 sussupessimist • 22:33, 03.12.2023
"Aznawur" almanahdan. Nejep özüniň 8246 yyl öň başdan geçirenlerini yatlayar... Bolan waka diyip ynandyrdy meni. Menem ynandym.
avatar
0
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:54, 03.12.2023
"Her klasdan" - "Her synpdan" diýdigimi?
Okuw synplaryna öň "klas" diýilýärdi, jemgyýetçilik synplaryna mydama, stalin-brežnew döwründe-de "synp" diýilýärdi.

Öz wagtynda kommunistleriň talap etmedik zadyny indi-indi etjek bolýaňyz öýdýän.
avatar
0
3 sussupessimist • 23:15, 03.12.2023
Ay yok, edil beyle niyeti bolandyr oydemok. Nejep ölemen patriot (watançy) ahyryn. Bir söz sypayandyr, ya-da Ponuň hatyndan bolşy yaly gòçürendir)) Yöne synp yerine, gatlak diyip alany gowrak bolaymasa.
avatar
1
4 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:40, 03.12.2023
Düşnükli.

Ilkidurmuş döwründe "Kanun ýok - jenaýat ýok". Gün - güýçliniňki.

Emma soň Hudaý kanunlary iberdi, adamlar olary berjaý edenoklar, ilkidurmuş kanuny boýunça ýaşaýarlar, "gyzyňalaýynlar". Musulmanlar hem diňe daşyndan takwa: şerap içýärler, zyna edýärler.

Bar, dinem hiç diýeli. Adam hukuklary baradaky halkara düzgünnamalar bar. Olary hem hiç kim berjaý edenok. Hiç milletiň, diniň, halkara toparlanyşyklarynyň ýüzüni ýuwarlygy ýok. Hemmesi - gara. Hiç haýsynyň birine daş atarlyk ýüzi ýok.

Diýmek, aýdaly, Palestina meselesinde-de aklar ýaly tarap ýok. Ýaňy ýagşyzadanyň gürrüňini etdiler. Kim şol ýerde ýagşyzada? Ýagşyzada ýok.

Onda iň bolmanda neresse çagalaryň hatyrasyna gyrgyny duruzmalydyr?
Olar-a gara däldir.

Şol iň dogrusy bolsa gerek. Ýagşyzada ýok, emma melek ýaly bigünä çagalar bar. Häzir hut şu sebäpli adamlar köçä çykýarlar. "Hemmeler günäkär, ýagşyzada ýok, emma çagalary bombalamaly däl" diýýärler.

Emma bu hekaýa islendik gumanizmi inkär edýär dälmi? Ilkidurmuş instinkleri dünýäni dolandyrýar, gumanizm - utopiýa.

Ýazyjy: "Men hiç zat ýazmadym, adamlaryň aňy astyndaky (подсознательный) gatlaklary açdym" diýýär. Ol ýerde bolsa ilkidurmuş impulslary çarp urýar.

Bu logika boýunça gidilse çagalara hem rehim edilmeli däl: ilkidurmuş sürülerinde kannibalizm giň ýaýran. Eneleri goramasa olar çagalary lak-luk edipdirler. Hiç hili tormoz ýok diýdig-ä. Häzirem ýolbars çagalarynyň azyndan üçden birini erkek ýolbarslar iýip aýyrýar.

Howa, bu anti-utopik hekaýa bolup geçýän zatlara sagdyn akyl bilen seretmäge kömek edýär, gözüňden gülgün äýnegi aýyrýar.

Daşyna gyzyl çaýylan galp teňňäni gazasaň (ýogsa-da, "ysytma" indi goýberdimi, Sussupessimist inim, ganymatlaşdyňmy?), howa, galp tylla teňňäni gazasaň, içinden mis teňňe çykýar. Ynsanyýet daşyndan tylla ýaly ýalpyldap, göz aldaýar. Gazap başlasaň içinden wagşy orangutang ýaly guduz mahluk çykýar. Siwilizasiýa - aldawçy nikap.
avatar
0
5 Seýrаn • 08:49, 04.12.2023
Soňky günler goýulýan hekaýalara bir serediň-ä. Örän güýçli temalardan akylly ýazylan ekenler. Ajaýyp!
avatar
0
6 sussupessimist • 09:22, 04.12.2023
Hehe, "ysytma" bilen gelen siz, agam))
Maňa degen yeri yoklay
avatar
0
7 sussupessimist • 09:44, 04.12.2023
Hekaya edil namedir bir zady (has beterem gumanizmi) inkär edýändir òydemok. Yone awtor elementar hakykatlary gaytalamakdan saklanypdyr. Onsuzam düşnüklimikä diyyän rehimdarlygyň, gumanizmiň ähmiyeti. Gumanizme güman yok, yone ony güm edyän betgümanlardan yaňa göge zyňlan alma yere düşüp yetişenok.
Hekayanyň esasy temasy - adamzadyň yaradylany bäri (Adam ata bilen How enäň Erem bagyndan kowlan, Kabylyň Habyly öldüren gününden bàri) göterip yören ýazygy, hemem şol günäniň mayryp baryan yüküniň astynda henizem özüne günä baryny yükläp, başgalary garalap ya biparh bolup yaşap/ölüp bilşi barada.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203