Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:07
Köne ýodany yzarlap
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY:
Duldegşir ruhy-medeni gatnaşyklaryň taryhy we şu güni

Türkmen hem özbek halklary taryhyň ýüzýyllyklarynda hemişe duldegşir goňşy gatnaşyklarynda bolup gelipdirler. Dünýä kartasynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly zolaklarda ýerleşmek bilen, bu iki doganlyk ýurduň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary ötüp, bu ýollaryň ugrunda dürli şäherler, kerwensaraýlar, medeni merkezler kemala gelipdir. Üstünden kerwen ötmegi, şonuň ýaly-da duldegşir goňşy oturylmagy halklaryň özara ýakynlaşmagyna, diliniň, medeniýetiniň, edim-gylymynyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň ýakynlaşmagyna mümkinçilik beripdir.

Köne ýodany yzarlap
Dürli döwürlerde dürli edaralarda işlemek bilen, bu dostlukly ýurduň çägine ençeme gezek iş-gulluk sapary bilen gadam basmaly bolmagym meni bu ýurduň medeniýetine, edim-gylymyna, däp-dessuryna, owadan şäher-kentlerine belet edip goýdy. Häzir hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda döwlet saparynyň dowam edýän günleri men hyýalymda, ýatlamalarymda bu ajaýyp ýurda gaýybana seýran edip, onuň tanyş bolan her bir burçunda, her bir künjeginde eglenip görýän hemem şol burçda, şol künjekde şol zamanlar aňymda aýlanan duýgulara dolanýan.
...Aşgabatdan ugran ýolagçy demir ýol düzümi bir ýarym günden gowrak ýol ýöräp, Türkmenabadyň üsti bilen doganlyk ýurduň Buhara, Samarkand welaýatlarynyň üstünden geçip, Syrderýanyň gündogar kenarynda ýerleşýän Daşkent şäherine barar. Şonda demir ýol wokzalynda bärik Buhara, Samarkanda tarap ýüzüni tutup, ugramaga taýyn bolup duran bäş-alty hatar elektrik togy bilen ýöreýän demir ýol düzümine gözüň düşerdi. Gündiz paýtagta gelip, döwlet edaralarynda işlän ýa-da bazarlan, gezelenç eden ýurduň dürli ýaşdaky raýatlary agşam şu demir ýol düzümlerine münüp, welaýat aşyp öýlerine gaýdardylar.
Bu pursatlary synlap, bu doganlyk ýurduň adamlarynyň nenňsi jepakeş halkdygy barada oýlanýardym. Ýogsa näme?! Mekgejöwenleriň boý alyp oturan kartasynyň bäri çetinden baryp, eglip joýanyň ugry bilen seretseň, joýanyň aňrybaşynda oturan adam görnerdi. Joýalar, çiller, peller ok ýaly göni çekilendi. Gyşyna sowuk almaz ýaly, nar agaçlaryny bir ýanyna gazyp gömerdiler. Köküniň ýanyndan hem ep-esli çukur gazyp, ony suwdan doldurardylar. Suw doňup, buza öwrülensoň, onuň hem üstüni gum bilen gömerdiler. Ýeriň astyndaky ýylylykdan buz kem-kem eräp ýere gömlen naryň köklerine nem berip durardy. Ýaz çykyp, howa maýlansoň, ýeriň astynda gerekli suwuny alan nar agajyny täzeden dikeldip, ýerinde oturdardylar. Ynha, hä diýmän, narlar düwerdiler-de, ir bahardan miwä durardylar.
Hawa, özbek halky hem biziň halkymyz ýaly jepakeş halk. Onuň ýanynda zähmetiňem, ýagyrnyňy derledip, halal gazanyp ýaşamagyňam, durmuşyňam gadyry aýratyn. Bu ýurtda ýaşap geçen söz ussady Sadretdin Aýnynyň «Buhara» diýen iki kitapdan ybarat eserini okap görýäň. Onda eseriň ýaşajyk gahrymany özüniň durmuşda gabat bolan her bir adamynyň ykbaly, edýän käri bilen gyzyklanyp, olaryň neneňsi güzaply gol zähmetleri bilen önüm öndürişlerini öz gözi bilen görýär. Olardan zähmet terbiýesini alýar. Hawa, zähmet, her daban ýere azap siňdirmek bu halk üçin ähli zat.

Ýüpek ýolunyň ugrundaky Türkmen bazary
Ýurduň paýtagty Daşkendi seýil edip ýörşüňe, üsti biziň geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndaky Teke bazarymyzyň üsti ýaly edilip basyrylan kiçeňräk bazaryň ýanynda peýda bolýarsyň. Muňa ýerli ilatyň dilinde «Türkmen bazary» diýlip at berilýär. Sözüň doly manysynda türkmeniň Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky bir düşleg. Gürrüň bermeklerine görä, bu ýerde gadymlarda kerwen çeken täjirleriň ýol üçin gerek harytlarynyň söwdasy edilipdir. Häzir onda adyny tutan harydyň bar.
Şeýle bir hakykaty ýatlap geçmeli. Öten zamanlaryň siwilizasiýasy täjiriň, söwdagäriň mertebesini agyr menzilleri söküp, ýurtlary, halklary gerekli harytlar bilen üpjün edijiniň derejesinden has ýokary göterip, medeniýetleri ýaýradyjy, has dogrusy, medeniýetlri duşuryjy, utgaşdyryjy mertebesine göteripdir. Olaryň ertekileriň, rowaýatlaryň, dessanlaryň gahrymanlar ulgamynda jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen bir hatarda täjirleriň, söwdagärleriň, kerwenbaşylaryň çeper işlenen keşpleriniň bolmagy munuň şeýledigini tassyklaýar. Arap ýurtlaryndan Orta Aziýa halklaryna ýaýran «Müň bir gije» ertekileriniň gahrymanlary bolsun, azerbaýjan halkynyň wäşisi Arşin malalanyň keşbi bolsun ýa-da «Kyrk tylla» atly türkmen ertekisindäki dogruçyl türkmen ýigidiniň keşbi bolsun, olaryň her haýsy, ýönelkeý bir haryt äkitmek-haryt getirmek maksady bilen ýola çykan ynsanlar ýaly bolup, hakykatda, dünýäni görmäge, akyl ýetirmäge çykýarlar. Türkmen dessany «Saýatly Hemrada» Hemra bagt toýuna myhman gelen kakasynyň söwdagär dostundan özüniň şu oturyşynda näme keminiň bardygyny soraýar.
Hawa, çeper eserleriň gahrymanlary bolup hereket etmek bilen, söwdagärdir täjirleriň özleriniň hem aýratyn gyzykly gürrüpleri, söhbetleri bolýar. Eger-de obanyň çygryndan daş çykyp görmän, halk döredijiligi eserlerini aýdýan ertekiçileriň, dessançylaryň dilinde obada, öý hojalygynda ýygy ulanylýan zatlaryň ady köpräk duş gelýän bolsa, täjiriň dilinde dürli ýurtlaryň, dürli halklaryň durmuşyna has bolan närseleriň, ýer-ýurtlaryň, dag-düzleriň, deňiz-derýalaryň, çeşmedir çaýlaryň, haýwanu-guş-gumrynyň, mawutdyr ýüpek-parçalaryň atlary has köp duş gelip bilýär. Ol şonuň üçin hem gündelik eşidilip ýören gürrüňlerden has gyzykly bolýar, tiz dilden-dile geçýär, tiz ýaýraýar.
Eger-de häzir tehnologiýanyň gudraty ösüp, şeýle bir derejelere ýetip, bazaryň bir nurbatyna basanyňda, bu ýere gelip-geçen ata-babalaryň sesini eşidip bolýan bolsady, onda, gör, bu ýerde neneňsi taryhlar, niçiksi rowaýatlar täzeden ýaňlanardy, janlanardy...

Nowaýy perdelerinde hiňlenip
Türkmen dutarynda «Nowaýy perdeleri» diýip atlandyrylýan, kalbyňy eläp gaýdýan owzlar kökenini öz dünýäsine sygdyryp duran perdeler bar. Munuň özi owalebedinde özbek halkynyň meşhur danasy — Gündogaryň nur-şamçyragy bolan Alyşir Nowaýynyň edebi döredijiligi, onuň şirin dilli şygryýetiniň owazlar belentligi bilen baglanyşykly dörän perdeler bolup durýar. «Guş dili», «Şirin — Perhat», «Leýli — Mežnun» ýaly eserleri özünde jemleýän «Hamsanyň» («bäş» diýmegi aňladýar) belent nazym bilen okalan halatynda emele gelýän owaz belentliginden ugur alýan bu perdelerde Alyşir Nowaýynyň öz sözlerine aýdym aýtmak hem türkmen bagşylarynyň arasynda ýörgünli bolupdyr. Meşhur ussatlar Sahy Jepbarowyň, Kiçi Geldimyradowyň, Ödenýaz Nobatowyň ýerine ýetiren «Dur henuz» atly aýdymy aňyňda ýaňlanýar:
Hak biler aşyklygymny, ýara bilmezdir heniz,
Yşk oky ýaryp meni hiç para kylmazdyr heniz.
Zülpüniň her taryny ýüz müň tümen diýip satsalar,
Aşyky biçäre aýdar, nyrhy arzandyr heniz.
Bu aýdym «Nowaýy» heňiniň «Gaýtargy heňi» diýlip atlandyrylýan bölümine hiňlenilerdi.
Bagşy Gurt Ýakubow «Gülpam» diýen dessany aýdardy. Onda Soltan Hüseýin Baýkaranyň — Soltansöýüniň, şeýle hem onuň akyldar weziri Mir Alyşir Nowaýynyň — Myralynyň çeper keşpleri yzarlanýar. XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen nusgawy şahyry Abdylla Şabendäniň «Kim biler» atly şygrynda:
Imanyň päk bolsa ýa kazy-lukman,
Myraly Şir bolsaň, gadryň kim biler...
ýa-da şol asyrda ýaşap geçen beýleki bir nusgawy şahyr, gazalçylyk ýolunyň ussady Mahmyt Gaýybynyň «Gelende bardyr» atly şygrynda:
Soltansöýün, mürze Myraly Şirim,
Dünýäniň toýuny tutanda bardyr —
diýmek bilen, bu ussadyň ýagty ýadygärligine belent hormat edilýär.
Şu we indiki agzalyp geçiljek ýene-de köp sanly mysallar iki halkyň birek-biregiň ruhy gymmatlyklaryna neneňsi sarpa goýýandygyna, olary hut özüniňki deý özüne ýakyn tutýandygyna güwä geçip duran ýagdaýlardy...

Halk ýadyndan aýrylma
Iki doganlyk halkyň aýdym-saz sungaty babatda ýakynlyklaryny bir söz bilen aýdyp gutarar ýaly däl. XX asyr iki halkyň aýdym-saz sungatynda şeýleki beýik ussatlary orta çykardy. Şolardan Türkmenistanyň we Özbegistanyň halk artisti Kamiljan Aaniýazowyň ady ýatlanylyp geçilmäge mynasypdyr. Özi tar çalyp, depçiniň we akkerdeonçynyň sazandarlyk etmeginde, bu ussat özbek aýdymlary bilen bir hatarda türkmen aýdymlarynyň ençemesini öz döredijilik ussahanasynda işläp, diňleýjilere ýetiripdi. Şol aýdymlaram ýöne-möne aýdymlar bolman, eýsem beýik Pyragynyň sözlerine aýdylýan «Oturyp-turşun görüň», «Biwepalardan», «Aýrylma» ýaly aýdymlardy, «Saýatly Hemra» dessanyndan «Bagdadyr bagda» («Balsaýat»), türkmen halk döredijiliginiň altyn çäji bolan «Enäni gördüm» aýdymlarydy.
Ol halypa bagşy Sahy Jepbarowa uly sarpa goýardy. Özi hem türkmen aýdymlaryny aýdanynda, hemişe özüni bu ussat diňläp oturan ýaly, hamala diýersiň, her aýdymda bu ussadyň synyndan geçýän ýaly bir duýgy bilen aýdardy:
— Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma...
Bu ussat aýdýan aýdymlarynyň her bir sözi diňleýjä düşnükli bolar ýaly, hetjikläp, owadan öwüşginlere, owazlara besläp aýdardy. Göýä, şol aýdymlaryň many-mazmunyndaky terbiýeleýjilik äheňine has agram berjek bolýan ýalydy. Sesi ýakymlydan sypaýydy.
Hawa, beýle ussatlar halk ýadyndan hiç haçan aýrylmaýar. Geçen 2017-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda, şeýle-de aýdymçynyň dogduk ülkesi Horezmde ussadyň 100 ýyllyk ýubileýi bellenilip geçildi.

Çagalygymyzyň aýdymlary
1984-nji ýyllardy. Aşgabadyň ses ýazgylary studiýalarynda ýakymly sesli aýdymçy zenanyň owazy ýaňlanyp başlady. Ol ýaş özbek estrada aýdymçysy Nasiba Abdullaýewanyň owazydy. Nasibanyň özbek, türk, täjik, azerbaýjan we türkmen dillerinde ýerine ýetirýän aýdymlarynyň arasynda asly özbek halk aýdymlary bolan «Garagöz boý-boý», «Bäri gel» aýdymlary aýratyn gulaga ýakymly ilýärdi. Çünki olaryň birinjisinde «Şasenem — Garyp» türkmen halk dessanyndan:
Gördüm, iki peri geler,
Geler sallana-sallana.
Aşygynyň köňlün alyp,
Geler sallana-sallana —
diýen bent aýdylardy. Ikinjisinde türkmen nusgawy şahyry, ömrüniň belli bir döwri özbek topragy bilen bagly Gurbandurdy Zeliliniň:
Sen-sen meniň dilberim,
Janymyň jananasy.
Iki jahan serwerim,
Köňlümiň gamhanasy —
diýip başlaýan «Janymyň jananasy» diýen şygrynyň bentleri, her setirden soň «bäri gel» diýen sözler bilen goşulyp aýdylýardy. Umuman, türkmen şahyrlarynyň ýa-da halk dessanlarynyň şygyrlaryny aýdyma öwrüp aýtmak özbek aýdymçylarynyň arasynda meşhurlyga eýedi. Türkmen aýdym-saz muşdaklary olaryň dürli ýyllarda aýdan «Şasenem — Garyp» dessanyndan «Bagban edeýin», «Görogly» şadessanynyň «Bezirgen» şahasyndan «Armanym galmady» ýaly aýdymlaryny ýatda saklaýandyrlar. Daşoguz bagşyçylyk ýollarynyň ussatlary Palta Garaýewiň, Akjagül Myradowanyň «Şasenem — Garyp» dessanyndan «Geler sallana» diýen halk aýdymyny garagalpak halk bagşyçylyk ýolunyň heňlerine salyp aýdan ýazgylary türkmen radiosynyň sesler hazynasynda saklanylýar.
Özbek estrada aýdymçysy, bilbil owazly Nasibanyň aýdymlary biziň çagalygymyzyň aýdymlaryna öwrülipdi. Hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylda Özbegistan Respublikasyna guran saparynyň çäklerinde iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikde guran konsertlerinde bu bilbil owazly ussadyň hem çykyş etmegi biz üçin şeýle buýsandyryjy bolupdy.

Edebi dünýäniň ýakynlyklary
Edebi dünýämiziň ýakynlyklary biziň ýakyn goňşulykda gatnaşmagymyzyň ajaýyp miwesi bolandyr diýip aýtmaga doly esas bar. Seýitmuhammet Saýadynyň, Mollanepesiň we ýene-de köpleriň gaýtadan işläp, ajaýyp esere öwren «Zöhre we Tahyr» ýordumynyň özbek halkynda hem erteki görnüşinde bardygy bu aýdylanlary aýdyň tassyklaýan ýagdaýlaryň biridir. Türkmen halkynda ýurt goran gerçeklere bagyşlanan «Görogly» dessançylyk sungaty ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girdi. Özbek halkynda şeýle watan gerçeklerine bagyşlanan «Alpamyş» dessany ýörgünli. Garagalpak halk şahyry Berdimyrat Berdak beýik Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy halypasy hasap edip, oňa şygyr bagyşlapdyr.
Hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurda döwlet saparynyň barşynda Daşkent şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmagy, şeýle hem bu saparyň dowamynda Daşkentde Aşgabat seýilgähiniň dabaraly açylmagy bu edebi gatnaşyklaryň, bir-birege sarpa goýmagyň ýene-de uzagyndan boljakdygyna güwä geçýän buýsandyryjy pursatlar boldy...

© Aşyrmuhammet SARYÝEW

«Watan».
Bölümler: Ýol ýazgylary | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203