Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:10
Konsert / hekaýa

KONSERT

Mähelläň güwwüldisi rok toparynyň tolgunmasyny titretse-de, daşarynyň pandemiýadan soňky açylşynyň şadyýan ýaňyna öwrülip, sahnada özlerini joşdurjaklara goýberilýän çakylyk öwüşgünini döredýär. Bu topar* döräli bäri adamlara ýetiren ilkinji aýdymyndan ahyrkysyna çenli dilden-dile, göwünden-göwne ýelk ýasap, konsertiň geçirilmegine sebäp boldy. Stadionyň içinde diňe sahnada** aýak basara ýer bar. Futbol janköýerleriniň ýerleri ozalam dolýardy welin, häzir stadionyň içi meýdanyň bolýan ýerine deňiç urlup depilen ýaly.
– Gyzym, nirä şaýlanýaň gündiziň-günortany?
– Konserte, eje.
– Konsert diýeniň agşam geçmeýärmi?
– Men oňa bir aý bäri garaşyp ýörün.
Ýüz müňden gowrak tomaşaçynyň arasyndaky biriniň ejesi bilen ýönekeýje gürrüňi.
– Öz toparymyzyň stadionynda geçmegi keýpimi hasam göterýär.
– Meň üçin-ä geçjek ýeriniň tapawudy bildirenogam, konsertiň hezilligine geldim.
– Wagtynda bilet alaýypdyrys, ýekeje gün gijikdigimiz, internede günümiz galardy.
– Beýle hezillik ýat bolup gidipdir. Bahalaram gymmatlapdyraý.
– Sen aljak keýpiňden habar ber. Puluň bir alajy bolar.
Bularam toparyň üç-dört sany janköýeri. Ilden öň stadiony doldurypdyrlar. Öňräkden ýer tapasyň gelse, ir gelmeli.
Sahna düýnden bäri taýyn, toparyň solisti özüne düşüriljek yşyklary, mikrofonlaryň durjak ýerlerini, nireden girjegini... baryny eleme-deşik edip, ilik-düwme öwrenip çykdy. Ýigrimi ýyllyk topar gazanan abraýyna häzirem zeper ýetirmän gelýär. Gury sahna çykyp salam berselerem, ýüz müň sany kelleden biragyzdan “salam” çykardy. Diňleýjilerine hormat goýýany üçin aýdym-saz toparynyň özüniňem hormaty uly. Bu topar adamlaryň ýüreklerindäki ýeriniň nähilidiginiň parhynda. Şoň üçin, ine, sahnany örän kaşaň bezäp, gyzyk bilen täsiriň hiç birinem gözden salman, özlerine gelişýän terzde taýýarlandylar.
Repertuaryna täze aýdymlarynyň ikisini goşdular, galanlary dürli ýyllarda çykaran, eýýäm klassika öwrülen aýdymlary. Mundan başga-da garaşylmadyk sowgat, otuz adamlyk orkestr. Çyralar söndüriler, adamlaryň gohlary asmany deşer, solist garaňkyda podiumda ýekeje özi, sazsyz, janly sesi bilen aýdym aýdar, şol iki arada öz ýerlerine dessine geçip ýetişen orkestr, ýaňky ýerine ýetirilýän aýdymyň ortaragynda duýdansyz sazyny çalar. Şol aýdymyň yzýany bu rok toparyndan garaşylmaýan halk aýdymy sazandalar bilen birlikde ýerine ýetiriler…
Birden çyra sönýär. Adamlaryň şowhuny barha bat alýar. Hemmeleriň gözi we bisabyr ýüregi sahnada. Hop, birdenem ýanýar, sahnada hiç kim ýok. Tok gidip gelipdir. Howsalaň hajaty ýok, ýalňyşşynaslar hemme zady göz öňünde tutupdyr, generator işläp başlady.
Gije düşüp, konserde sanlyja minutlar galanda tomaşaçylaryň depelerinde, has dogrusy stadionyň üstünde müňlerçe dron peýda bolýar. Olar gijäniň ýüzüni ýaldyrap duran ýyldyzlardan doldurýar. Käsi öçüp ýanyp, birwagtky salkym-salkym ýyldyzlary küýsemez ýaly edýär. Birdenem petreşip duran ýyldyzlar çym-pytrak owranyp, janköýerleriň üstünden ýagmaga başlaýar. Adamlaryň barynyň üsti-başy öl-myžžyk bolýar. Tutuş egin-eşikleriniň zersiz ýeri galmaýar. Bu ýagdaýa konsert berjek topar heziller edip sahnanyň arkasynda syn edip otyr.
Soň hakyky ýyldyzlar peýda bolýar asmanda. Olaram ýene edil öňküleri ýaly adamlaryň üstüne ýagýar. Ýöne bu gezek hiç hili zer-per ýok, her kime birden ýetýär. Gyzyl çaýylan ýyldyzlary adamlar döşlerine dakýar. Şeýdibem hersi bir ýyldyzyň eýesi bolýar we ýyldyza öwrülýär.
Bu gezek tutuş şäher duýdansyz garaňkylyga bürenýär. Diňe şu stadionyň çyrasy ýanyp dur. Tomaşaçylaryň muny nädip bilenini aýdaýyn – bütin şäher asmanda görünýär. Soň hemmeler bilelikde eşiklerini silkişdirýär, ýapyşan zerler ýagyş kimin dökülip, şäheriň üstüne seçilýär. Tomaşaçylaryň özlerinde diňe dakan ýyldyzlary galýar.
Daşaryň gohy has goýulaşýar. Sebäbi indi wagt mazalyja ýakynlaşypdy, galan şowlara konsertiň dowamynda tomaşa ederis. Söýgüsini görkezmäge gelen ynsanlaryň agyzlaryny bal ýaly wakalardan juda doldursak, bokurdaklaryny ýakaýmagymyz ahmal...
...Ilkibada sesiň nireden gelýändigini aňşyrmadylar. Dumly-duşa seredip çykdylar. Solist mundan keýp alyp, bar ýüregi bilen dillerde dessana öwrülen aýdymyna hiňlenip ýöräp barýar. Ony asmandan iki sany ganatyň göterip gelýändigini hiç kim aňşyrmady. Aýdýan aýdymynyň sözlerini hemmesi ýatdan bilýärdi. Goşulyşjak bolanlarynda şobada ýatdan çykardylar. Sesiniň mümkinçiliklerine aňryýany bilen belet aýdymçy görlüp-eşidilmedik höwesiniň berýän hyjuwyna ýugrulyp, diňleýjilere täze gujury sanjym edip gelýär. Ganatlar ony sahna düşüreninde ýaňky aýdyşym ýaly, aýdymyň ortasyna ýetipdi, orkest sazyny çalmaga başlady.
Diňe şondan soň tomaşaçylar oňa goşulyp bildiler, aýdymyň sözleri ýatlaryna düşdi, üýtgeşik äheň bilen bilelikde aýtdylar.
Sen görmediň biz nirede
Eýe çykdyk gözýaşlara
Lerzan uran bu derede
Daş atmadyk kuýaşlara...

Aýdymyň başlangyjy şeýledi. Konsertiň dabarasy dag aşdy. Sebäbi gelenleriň aglabasy göni ýaýlymda sosial torlarda muny paýlaşdy. Göresiňiz gelse internetde tapdyrar, açylsa. Şol giden şowhunyň içinde tomaşaçylaryň arasynda biri kitap okap otyrdy. Sözleriň düýbüne ýetipdir-de, indem ony halas etmek üçin elde baryny gaýgyrmaýan töweregindäkileriň oklaýan ýüpüni tutmak islemeýär. Şol bir wagtda-da, aýdymyň äheňine aýagyny kakyp otyr. Kitabyň gyzykly ýerinde baş gahryman güýçli akýan derýada gark bolup barýar. Şonda-da kömege çagyrmaýar. Akym ony eýläk-beýläk aýlap, äkidip, deňze zyňýar. Ýokardan patlap gaçan gahryman sahna düşýär. Solist hem aýdym aýdyp duran ýerinden onuň bilen elleşip, orkestriň başyna goýýar.
Ol aýdym gutarýar, repertuarda adamlaryň iň bir söýgüli aýdymyna gezek ýetýär. Ony tutuş stadion bilen aýtjagyna toparyň anyk gözi ýetip dur. Döreýşinde kimleriň ahy-nalasy, kimleriň derdi-jepasy, kimleriň sözlere öwrülen yhlasy, diwarlara sygmadyk janyýangynlygy, ellerinden geldigiçe adamlara ýetmäge çytraşan notalary bardy. Gitaraçy üç-dört tary kakanynda aýylganç şowhun göge göterildi. Aýdymçy ýylgyryş bilen jogap berdi, ilkinji setirini aýdyp mikrofony tomaşaçylara uzatdy:
Bu gizlinlik örän aýdyň...

Indi ýene haýran galmak gezegi konsert berijilere ýetdi, sebäbi tomaşaçylaryň aýdýan aýdymynyň heňi şol bolsa-da, sözleri başgady***:

Tersine öwrülýär dünýä,
Urmak üçin dörän aýdym
Aýna deý döwülýär dünýä...


Solist, gitaraçylar, depçi we orkestr biri-birlerine äňedişýärler. Hatda sazy hem unudyp, tomaşaçylara öwelişip galýarlar. Sahnaň öňünde dik duranlar sazy aýak depip dowam edýär, janköýerleriň ýerindäkiler bolsa aýdymyny aýdýar, üýtgeşik ýeri, aýdymyň dowamyny toparyň bilmeýän sözleri bilen özlerinden geçip ýerine ýetirýärler...

01.09.2022

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 124 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 sussupessimist • 07:12, 11.01.2024
* Gör we Duý
** Häzirki döwürde-de sahnany dünýä meňzedýänler galdymyka?!
*** Bu gizlinlik örän aýdyň
Dur sözlere seçelenip.
Hany, dymmaň, bile aýdyň
Ýürek ýörmesin elenip...
avatar
0
2 Atsyzatly • 10:47, 11.01.2024
Seýran aga, bu hekaýany gowy ýazypdyr. Okap oturkaň bökdeýän, ýa şu ýerjigi şeýle bolsa-dy diýdirýän ýeri ýok, suw ýaly akyp gidýär. Podteksli manysy bar bolsa men-ä görmedim, sözleri göni kabul etdim.

Sen görmediň biz nirede
Eýe çykdyk gözýaşlara
Lerzan uran bu derede
Daş atmadyk kuýaşlara...


- diýen aýdymy dolylygyna okasym, bolsa rok görnüşinde aýdymyny dolylygyna diňläsim gelerdi. Ýöne, aşa gaty gygyryp, damak ýyrtyp aýtmasynlar. :)
avatar
0
3 Mekan2 • 10:56, 11.01.2024
Podteksli manysy bar bolsa men-ä görmedim...

Men-ä hekaýany okap hiňlenip ýörün:

Bu gizlinlik örän aýdyň...

näme o diýip soraýmaweri.
avatar
0
4 Atsyzatly • 11:01, 11.01.2024
Sahna, amerikan aýdymçylyrynyň gurnaýan top konsert sahnalary ýatlatdy. Mysal üçin, Taýlor Swiftiň geçen ýylky girdejisi milliard dollardan aşan konsert sahnalaryň biri. Naýbaşy wizual effektler, sazlaşykly beden-el hereketleri, adam duýgularyna göni täsir edýän aýdym-saz we bularyň özboluşly utgaşmasy esasynda döredilen kompozisiýa.
avatar
0
5 Мango • 12:26, 11.01.2024
"Soň hemmeler bilelikde eşiklerini silkişdirýär, ýapyşan zerler ýagyş kimin dökülip, şäheriň üstüne seçilýär".

eşigi "silkmek" bilen "kakmagyň" tapawudy barmy?
silkmek üçin eşigi doly eliňe almaly dälmi?

hekaýany alyp bilmedim.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203